Tenasüh (ruhlaryň bir bedenden başga bir bedene geçme düşünjesi, pikiri) näme we yslam ynanjyna görä bu dogrumydyr?

"Tenasüh" sözi, "Nesh" söz kökünden gelmek bilen ruhlaryň bir bedenden başga bir bedene geçmegi manysyndadyr. Fransuzlar muňa "metempycose" diýýärler. Bu pikire ynanýanlara görä, jesetler ruhlaryň galyplary ýalydyr, ruhlar jaýlary bolan bu galyplaryň içine girip ýaşarlar we hoşwagt bolarlar. Giren jesetleri ölensoň, bolsa başga birine geçer. Şeýdip, bu beden çalyşmalar dowamly öwrülmek, geçmek, aýlanmak esasynda dowam eder gider...

Hatda iň gadymy ilkidurmuş adamlarynyň arasynda-da tenasüh ynanjyna duş gelmek mümkindir. Ýöne ol ynanç, milli medeniýet we ýurt aýratynlyklaryna görä dürli şekillerde bolandyr. Bir müsürliniň tenasüh düşünjesi bilen Gangyň ebedilik bilen jadylanan adamynyň tenasüh düşünjesiniň arasynda uly tapawutlar bardyr. Afinaly filosoflaryň, baý we parlak beýanlarynda bolsa, bu has başga görnüşe eýedir.

Tenasüh dürli metempsihiki tejribeleriň ýaýbaňlandyrylan häzirki günümizde günsaýyn meşhurlyk gazanýar. Ýöne ol bu günki gün ruhlaryň göçmegini ynanç sistemasy halyna getiren mezheb ýalydyr. Aýratyn-da häzirki döwrüň özlerini medeniýetli hasaplaýan adamlarynyň arasynda materializmiň ýetmezçiligine garşy jogap hökmünde bu hili hadysalara şeýle bir çynlakaý meýil bardyr welin, nirede bolsa bolsun, birnäçe adamyň başy birigse, şol ruhlary çagyrmakdan, olaryň ýol görkezijiliginden, anti-fizigiň fizika we onuň kanunlaryna täsirinden, hatda bir bölek ruhlaryň duýduryş we irşadlaryndan ýa-da tersine, ýoldan çykarmalaryndan we azdyrmalaryndan söz açylar we gürrüň ediler. Sowal-jogap görnüşindäki bu gürrüňdeşligimiz ne-hä bütin tenasüh taryhyny ne-de häzirki günümiziň metempsihiki we parampsihiki wakalaryny aňlatmaga we agtarmaga ýetmez. Şonuň üçin berlen sowaldaky asyl mesele bolan tenasüh ynanjynyň çeşmelerine degip geçmek isleýärin... Käbir kişiler tenasüh ynanjynyň gaty düýpden gaýdýanlygyna, ýagny gadym zamandan bäri barlygyna ynanýarlar. Hatda bu meselede bir topar taryhy mifologiýany hem delil edinýärler. Gerodotyň bize ýetiren, aglaba bölegi ýalan ugur-utgasyz hekaýalaryna bir hakykat hökmünde seredýärler. Hatda "Owidiniň" eserlerindäki gyzykly we çeper ertekilere çenli muňa delil edilip görkezilmäge çalşylýar. Şunuň bilen birlikde, başga bir topar kişiler bolsa, bu ruhlaryň göçüp-gonmagynyň diňe ynsanlaryň arasynda bolman, eýsem, haýwanlarda, hatda ot-çöplerde-de bardygyny öňe sürýärler. "Jamkitinüma" eserine düşündiriş beren kişiniň aýtmagyna görä, tenasühçiler ruhlaryň tutuş barlyk älemini öz içine aljak şekilde ondan oňa göç edip ýörendigine ynanýarlar. Bir topar ruh ynsanlaryň bedeninden haýwanlara, ondan-da ösümlik älemine, jansyzlara we magdanlara, gury ýerlerden deňizlere, deňizlerden bolsa gury ýerlere geçip, şol gutarnyksyz aýlanar durarmyş. Olar Ruhuň hamala bir ynsanyň bedeninden beýleki ynsanyň bedenine geçmegine "nesh", özüne mynasyp bir haýwan bedenine geçmegine "mesh", ot we agaçlara girmesine "resh", magdanlara geçmegine bolsa "fesh" diýýärler.

Tenasüh ynanjynyň ýaýramasynda umumy manyda tutuş adamzat tarapyndan kabul edilen, ýörgünli we ýaýran ruh düşünjesiniň täsiri barmyka? Hulul (birikme) we ittihad (birleşme) ynanjy bilen aragatnaşygy nähiliräkkä? Hulul (birikme) we ittihad (birleşme) ynanjy hamala Uluhiýetiň dürli-dürli formalarda ýaradylan mahluklara geçýändigini we olara birleşýändigini kabul eden batyl ynanyşdyr. Meseläni köpe ýaýratmazdan, şuny aýdaýyn, ýagny bu iki batyl düşünjäniň tenasühe esas bolup durýandygyny kabul etmezlik diýseň kyndyr. Hatda Teýler hem tenasüh düşünjesiniň ruhuň özbaşdak bakylygy bilen örän baglanyşyklydygyny aýdýar. Bu düşünjä görä-de, asyrlar boýy, ogul we agtyklarynyň atalaryna meňzemegini-de tenasüh bilen düşündirmäge synanyşypdylar, emma bu günki gün bolsa bu genetikanyň kanunlarynyň üsti bilen düşündirilip bilinýändir.

Tenasühiň başda Nil derýasynyň boýunda ýüze çykandygy hakynda aýdylýar. Mumiýada saklanyp galan öli adamlaryň elhenç keşplerinde, piramidalaryň syrly bina edilişlerinde-de, bu ýagadý azda-kände duýulýar. Müsürden Hindistana we ol ýerden hem Gresiýa getirilen bu düşünje, bir tarapda filosoflaryň jadylaýjy beýanlary, beýleki tarapda-da Gang we Sind derýa boýunyň soňsuzlyk pikiri bilen jadylanan ynsanyň namalarynyň arasynda ebedilik isleýän ynsan köňlüniň umyt we tesellisi halyna getirilipdi. Bu düşünje Kabbalistler[1] tarapyndan jöhitlige, jöhitler pişesi bilen-de az-da bolsa hristianlyga we iň soňunda-da kelamçylaryň[2] ret ediji gaýratlaryna garamazdan, bir topar mutasawwiflere çenli geçipdir. Şunuň bilen birlikde bu barada her bir adam orta atan pikirini subut etmek üçin, bir topar delilleri-de getirýärdi. Mysal üçin: Kabbalistleriň Töwratdaky Niobeniň mermere öwrülendigini we Hezreti Lutuň aýalynyň tozandan heýkel halyna gelendigini, ondan soňrakylaryň bolsa, jöhitleriň bir toparynyň maýmyna, bir toparynyň-da doňza öwrülendigini öňe sürüşleri ýaly... Bu pikirleriň beýanyndan, hatda haýwanlardaky sewki ilähiýeýi (içki duýgyny, instinkti) we ösümlikler älemindäki akylyňy haýran ediji nyzam we sazlaşygyň, hamala agaçlaşan ýa-da haýwanlaşan aýry-aýry ynsan ruhlary tarapyndan dolandyrylýandyklaryny kabul etmek derejede düşünje garyplygyna düşenleri-de görmek mümkindir.

Aslynda, howulhara çykarylan beýle bir netijäni jansyzlar we ösümlikler älemine degişli etmeg-ä beýle-de dursun, eýsem ynsanyýet älemi babatda agzalmagynyň özi hem diýseň çylşyrymly we çüýrük pikirdir. Çünki onuň beýle az bir düşünje bilen beýle bolmajaklygy derrew orta çykar.

Jansyzlar we ösümlikler üçin-de aýratyn bir programma we ýazgydyň barlygynda hiç hili şübhe ýokdur. Ýöne olardaky nyzam we ölçegi olaryň içinde ozaldan ýaşan tejribeli ruhlardan gözlemek örän gülkünç we şonça-da esassyzdyr. Ähli agaçlaryň we otlaryň özboluşly ýaşaýyşlary bardyr, emma bu hiç wagt kemsidilen bir ynsan ruhy bolmaýşy ýaly, beýgelmäge taýynlanýan we ynsan bolmaga ukyply bir ruh hem däldir.

Şunça umumy gözleglere garamazdan, hiç bir ösümlikden, öz-özüni dolandyrýan tejribeli ynsan ruhunyň barlygyna degişli hiç bir maglumaty anyklamagyň mümkin bolmaýşy ýaly, häzirki wagtda ynsan bolup ýaşaýan hiç bir ruhuň hem ozal ösümlik we haýwan bolup ýaşandygyna degişli hiç bir ýatlamany görkezmek mümkin däldir. Aslynda bu meseledäki orta atylan pikirleriň arasynda köne maglumatlaryň we toplanylan ýygyndylaryň häzirki günümize çenli gelip ýetmegi möhüm bir esas hökmünde üstünde durulan meselelerdendir. Ýogsa-da bu mesele boýunça şu wagta çenli bir iki sany akyl hassasynyň samahyllamasy ýa-da bir-iki "sensasion habar" bolaýmasa, başga bir düýpli tassyklanan ylmy maglumat ýokdur.

"Töwratda" agzalýan Niobeniň mermere öwrülmegi, Hezreti Lutuň aýaly Etidhäniň bolsa tozandan heýkel halyna gelmegi hem hiç wagt tenasühe delil bolmaz. Geçirimlilik bilen muny kabul etsek hem, ruhy giden jeset we onuň duçar bolan belasynyň görnüşine görä, ýa-ha ýakyp-ýandyryp barýan howada tozana öwrülendir, ýa-da lawalaryň astynda galan jansyz jesetler ýaly daşa öwrülendir diýmek bolar. Eýsem-de, dünýäniň her ýerinde duş gelinýän şeýle tapyndylar sanardan köpdür. Pompeýde, Wezüwide lawalaryň çogup çykmagy bilen ýanyp, eräp bir depe kül halyna geleninden ençe asyr soňra ol ýerde geçirilen gazuw-agtaryş işleri birtopar "mermerleşen Niobäniň" üstüni açdy. Bu günki gün bu haraba galyndylaryny sahypa-sahypa agdaryp durkak hem ybrat bilen görýän utançsyz we haýasyzlykdan doly bir durmuşyň ynsany nähili azdyrandygyny we ylahy gazabyň netijelerine - eserlerine göz ýetirýärsiň. "Goý, sapak alynsyn" diýip, geljegiň dykgaty üçin saklanan bu etnografik materialy tenasüh bilen tefsir etmek, hiç bir delile esaslanmazdan orta atylan bir pikirden we äsgermezlikden başga bir zat däldir.

Tenasüh, bu, olaryň aýdyşy ýaly aradan çykan ynsanlaryň ruhlarynyň başga jesetlere girmek bilen, olaryň seýr-u syýahatyndan ybarat bolýan bolsa, onda bu ýerde haýsy ruh, haýsy jesede girenmiş? Belki, köplenç ýagdaýda azgyn jemagatlaryň ruhlary gidensoň, soňky nesillere sapak we ybrat bolsun diýip, olaryň jesetleri daşa öwrülendir.

Müsürde, Gresiýada we Gang boýunda tenasüh ynanjy erbet niýetler bilen ahyret ynanjyna we ruhuň bakylyk arzuwyna baglylykda ösdürilendir. Ýoýulmak esasynda ýüze çykan tenasühi ne Ahen-Ateniň Müsürinde bilýän bar, ne-de Pifagoryň Gresiýasynda. Atenleriň pikirine görä, ynsanyň ýerdäki ömrüniň tamamlanmagy bilen asman durmuşy başlanýar. Şonuň üçin-de ynsan ölüp-ölmänkä, onuň ruhy belentliklerdäki Uly hasaplaşyk gününe barmak üçin ýola düşer we beýgelip-beýgelip ahyry Osirusyň huzuryna ýeter. Osirus huzuryna baryp ýeten her bir ruh, oňa şu şekilde hasap berer: "Huzuryňyza günäsiz geldim we durmuşymda rabbanileri (Özüni doly Jenaby Haka bagyşlan aryf, hakşynas kişiler, ylmy bilen amal eden alymlar) hoşnut etjek her işi etdim. Gan dökmedim, ogurlyk etmedim, pitne çykarmadym we edepsizlik etmedim. Zyna baş goşmadym..." Bulary aýdýan Osirusyň jemagatyna goşular. Muny aýdyp bilmedikler bolsa, dowzaha atylar we ol ýerde "zebaniler” (Dowzahda wezipelendirilen perişdeler) tarapyndan bölek-bölek ediler.

Şeýle-de aten dinine degişli gadymdan galan ýazgy ýagdygärliklerinde imany hakykatlary şöhlelendirýän şeýle sap we dup-dury ynançlar-da bar: "Seniň edýänleriň gaty köp we köpüsini-de gözümiz görmeýär. Eý, ýeke-täk yllah, seniň güýç-kuwwatyňa taý geljek güýç ýokdur. Sen bu jahany isleýşiň ýaly ýaratdyň we Sen ýalňyzsyň, ýekesiň. Ynsanlar, ýer ýüzünde aýaklary bilen ýöreýän uly-kiçi ähli haýwanlar we al-asmanda ganatlaryny ýaýyp uçýan ähli guşlar, bularyň baryna laýyk ýeri Sen saýlaýarsyň. Olaryň rysgyny-da Sen ýetirip dursuň. Bütin gözellikler Seniň saýaňda görk alýar we bütin gözler Seni olaryň üsti bilen görýär. Sen meniň kalbymdasyň…»

Hiç bir zat goşmazdan, asyl bolşy ýaly alnan bu ýazgylar, takmynan mundan dört mün ýyl ozal Müsürde beýik hakykat hökmünde kabul edilen zatlardy.

Gresiýada-da haşr we ruhuň bakylygyna ynanç diýseň berkdi. Beýik filosof Pifagor, jesetden çykan ruhuň özüne mahsus durmuşynyň boljakdygyny, esasan, ruh ýere inmezden ozal hem özboluşly bir durmuşa eýe bolýandygyny we ýer ýüzüne bir topar wezipeler bilen gelýändigini, bu ýerde etjek ýamanlyklary üçin dowzaha atyljakdygyny we zebaniler tarapyndan böleklenjekdigini, emma gowulyklar eden wagty bolsa, belent mertebelere we bagtly durmuşa eýe boljakdygyny beýan edýär. Şonuň üçin-de terjime bilen baglanşykly garjaşdyrylan birtopar nogsanlyklaryň bolup biljekdigini öňünden kabul edip, soňraky düşündirişlere salgylansak, onda haşr ynanjynyň hakykata diýseň ýakyn bir şekilde üstünde durlup geçilendigini göreris. Eflatunyn, "Jumhurýet" kitabyndaky beýanaty-da mundan tapawutly däldir.

Eflatunyň pikiriçe, "Bedenden çykan ruh, bedene degişli durmuşy düýbünden unudar we diňe hakykat baradaky oý-pikirler bilen meşgul bolar. Ol bu haly bilen özüne mynasyp bir äleme, hikmet we ebedilik bilen ganan ruhy bir äleme beýgelip, ol ýerde nogsanlyklardan, hatalardan, gorkulardan, hatda maddy durmuşda ony azaba goýan "kölegeli" muhabbetlerden, yşklardan, sözüň gysgasy, adamzat tebigatyna mahsus bolan bütin erbetliklerden azat bolup, belent bir bagtyýarlyga we rabbaniler derejesindäki durmuşa ýeter".

Aslynda, düşünje ülüňleri beýle bolan milletleriň ynançlarynda tenasühe meňzeş bir zatlar göze ilýän bolsa, eýýäm munuň ýoýulmalar netijesinde ýüze çykandygy şübhesizdir.

Hudaý tarapyndan iberlen dinleriň biri bolan hristianlyk dini, Hezreti Isany (a.s.) hut asyl hakykaty ýoýmak bilen, uluhiýet tagtyna oturtmaga synanyşdy. Eger "Kuranyň" şöhle saçyjy, aýdyňlyk getiriji beýany bolmasady, onda hristianlyga bolan garaýşyň-da atenizm we brahmanizmden tapawudy galmazdy. Şeýle hem gadymy müsür dinleri, hindi dinleri we grek dinleri başlaryndan geçiren birgiden özgerişliklerden soňra tanalmaz ýaly hala geldiler. Ynha, tenasüh ynanjy hem şeýde-şeýde ýoýulmalaryň üsti bilen bu dinleriň we mezhepleriň içine soň goşulandyr.

Müsürde kök uran tenasüh ynanjy tutuş Nil boýunda dillerde dessan bolanyndan soňra, tanymal grek filosoflarynyň üsti bilen has üýtgeşik, fantastiki görnüşe girip, ertekilere girdi we ýer ýüzüniň mifologiýasyny döretdi.

Bu düşünjäniň ýesiri bolan hindiler maddany Brahmanyň soňky tejellisi saýýarlar we ruh bilen jesediň birleşmesini bolsa, hamala pese gaçyş we şer hasaplaýarlar. Onuň tersine, ölümi adamzat nogsanlyklaryndan saplanmak, ylahy yşka beýgelmelere sebäp we hakykata gowuşmak saýýarlar. Hinduizmiň... iň möhüm kitaby bolan "Wedantada" ruh Brahmanyň bir bölegi, bir uçguny hasaplanýar we munuň galypdan-galyba geçip, aslyna gaýdyp geljek pursadyna çenli, gaýgy-gamdan gutulyp bilmejekdigi düşündirilýär. Ruh "Magrifeti Mukaddese" (iň dury Allah düşünjesi) bolan maksadyna men-menlikden we oňa degişli bütin erbetliklerden saplanyp, bir derýanyň deňze eňişi ýaly, mabudu mutlak bolan Allaha tarap eňmek bilen ýetip biler. Wysala ýetilende Buddizmiň Nirwanasy ýaly umumy asudalyk we rahatlyk hasyl bolar. Ynha, Buddizmde sussupeslik, hereketsizlik höküm sürse, Brahmanizmde bolsa ruh hemişe hereket edip durýandyr.

Tenasüh ynanjy has soň ýewreýler tarapyndan hem kabul edilip başlanandyr. Durmuşa örän açgöz, ruhuň bakylygynyň yşkynda ýaşaýan ýewreýiň, haşr ynanjyny bir gyra zyňanyndan soňra, tenasüh ynanjyny kabul etmesi onuň üçin adaty ýagdaýdyr. Has soňra bolsa kabbalistler tarapyndan Iskendriýe ybadathanasy ýaly bir topar monastyrlaryň içine giren tenasüh düşünjesi "Gulaty Şiga" (Şaýylaryň hetdinden aşyp, Hezreti Alyny Hudaý derejesine çykaran akymy) tarapyndan musulmanlaryň arasyna hem azda-kände ýaýrapdyr. Tenasühe ynanýan köne, täze milletleriň ählisinde bir-birine meňzeş şol bir düşünje göze ilip durýar. Ol hem Hulul we Ittihad. Atenizmde Ahen-Aten, brahmanizmde Brahman, ýahudylykda Uzeýr (a.s.), hristianlykda Hezreti Isa (a.s.) we Gulaty şigada bolsa Hezreti Aly (r.a.) bularyň bary şol bir zat hökmünde kabul edilmek bilen, ýer ýüzünde ýörgünli bolan bir hata we azgynlykdyr. Mundan başga-da, bir topar mutasawwifäniň beýanlaryndaky tenasühy aňdyrýan sözler bolsa, erbet niýetli kişileriň ýörite bulaşdyrmalary, ýa-da düşündirilişi zerur bolan yşaratlardyr. Ähli sünnet alymlary bolsa hadysçylaryndan başlap fykyhçysyna, ondan tefsir we kelamçysyna çenli tenasüh düşünjesiniň yslamyň ruhuna ters gelýändiginde pikirdeşdirler. Her şahsyň öz ýazgyt-takdyryna görä ýaşamagy, öz takdyryna görä ölmegi we öleninden soňra özüniň amal ýagdaýyna görä dirilmesi, soňra synag hakykatynyň anyk bir şahsa degişli bolmasy, şol şahsyň öz sogap ýa-da günäsi bilen hasaba çekilmegi... ýaly meselelere esaslanyp, tenasüh ynanjyny ret edipdirler, akyla sygmaýan zat hasaplapdyrlar.

Şu meseläni has aýdyň şekilde düşündirip bilmek üçin, aşakdaky meseleleriň-de üstünde durlup geçilmegi peýdaly bolar diýip pikir edýäris!

Çünki aşakdaky düşündiriljek esaslar nukdaý nazaryndan çemeleşilende tenasüh ynanjyny kabul etmek mümkin däldir.

1. Haşyr akydasy taýdan, her bir şahsyň hasaby, öz durmuşynyň iniş we çykyşlaryna, günä we sogaplaryna görä boljakdyr. Şoňa görä-de müňlerçe jesede girip-çykan bir ruh, öleninden soňra haýsy şahsyýet bolup diriljekmiş we haýsy ýagdaýyna görä jeza beriljekmiş ýa-da sylag-hormat ediljekmiş?!

2. Bu dünýä synag üçin ýaradylandyr. Synag hem gaýyba iman etmek esasynda bolup geçýändir. Eger-de tenasühçileriň aýdyşy ýaly, eden erbetlikleriniň jezasyny iň bir pes mahluk şeklinde ýaşajak ruh, ikinji bir jesede girmek pursadyna ýetende,şol wagt bu mesele gaýbylykdan çykar, üstesine-de görüp, dadan dert- azarlaryndan ötri hemişe o bedenden bu bedene göç edip aýlanyp ýörmek möwrüti tamamlanmaýan bir ýola girjekdir, bu bolsa tenasüh düşünjesiniň öz-özüni ýalana çykarmasy diýmekdir.

3. Her şahsyň baky sagadata ýetmegi üçin dertli ruhlaryň beýle köp göç etmegine zerurlyk duýulýan bolsa, onda Allahyň zalymlara jeza, ýagşy kişilere-de sylag-serpaý bermek barada eden wadasy hebes bolar. Bu bolsa Zaty Uluhiýete şek ýetirmekdir.

4. Kuran we Allah tarapyndan iberilen beýleki semawi kitaplarda gunäleriň bagyşlanjakdygyna degişli beýanlar, bagyşlanyp bilmek uçin ruhlaryň kynçylykly we uzak syýahatlaryny dereksiz we manysyz görkezýär. Rahmeti soňsuza ýaraşýany-da şudur.

Budda ümsümlik we sussypeslik bolan "nirwanasyny" bu muşakkatly ýolçulykdan has rahatlandyryjy göreni üçin brahmanizmiň dertli biçärelerini bagta ýetirjek bu ýola çagyrýar.

Biziň dinimizde bolsa, bagyşlanmajak günä ýokdur. Şeýle-de Allah (j.j.) toba eden her kişiň günäsiniň bagyşlanjakdygyny wada edýändir. Bu meselede gunäniň azlygyna-köplügine seredilmeýşi ýaly, ol şahsyň soňky minutlara çenli günäniň içinde bolmagyna-da seredilmeýar. Bütin ömri ysýan bilen geçen bir günäkär puşman edenden soň bir sagatlyk arassa durmuşy bilen Allahyň rahmetine gowşup biler...

5. Onsoňam, tenasüh ynanjyndaky dowamly aýlanyp ýörmegiň üsti bilen beýgelmek üçin uzak we ýadadyjy bir syýahat etmek, Allahutagalanyň hususy keremine we rahmetine düýbünden tersdir. Çünki Ol islese batgalygyň içinde ýatan iň pes hilli zatlary hem sap altyn halyna getirip biler we iň gymmatly zada öwürer. Bu-da onuň hususy ataýasy (peşgeşi), hususy yhsanlarydyr.

6. Pygamberlere uýanlaryň arasynda ozal günäkär bolup ýaşanlar-da bardy. Olaryň uzak dowam eden päk bolmadyk geçmişinden soňra, welileri hem yzda galdyrjak belent derejelere ýetendikleri hakykatdyr, muny inkär etmek mümkin däldir. Hut şunuň ýaly, sähel salymda belent mertebelere ýetmek, Allahyň çäksiz lutfuny, keremini görkezişi ýaly, şeýle mertebelere ýetmek üçin, ruhuň göçüp-gonup ýörmeginiň manysyzdygyny aňladýar.

7. Her bir jeset üçin aýratyn bir ruhuň bardygyny kabul etmek Gudraty soňsuz bolan Allahyň, soňsuz ýaradyjylygyna imanyň bir alamatydyr. Munuň ýerine bir topar ruhy ähli jesetlere gonduryp-göçürip ýörmek bolsa, Gudraty soňsoz Allaha ejizlik ýöňkemek bolar. Bu nukdaýnazardan hem tenasüh ynanjynyň akyla makul däldigi aýan we aýdyňdyr.

8. Mundan başga-da ýer ýüzünde ýaşaýan bäş milliard ynsanyň, iň bolmanda birnäçe millionynda olaryň başga jesetlerde başdan geçiren durmuşlaryna degişli birtopar alamatlar bolmaly dälmidir? Iň bolmanda, käbir kişilerde, ozal birnäçe gezek dünýä gelip gidenliginden emele gelen umumy bir medeniýet bolmazmydy? Dünýä ilatynyň iň bolmanda müňüsinden biri şeýle bolaýanda-da, olar gör nähili uly sanlara ýeterdi. Onsaňam her ýerde onuň ýaly birnäçe adam bilen sataşylyp durlaýjak ýaly? Beýle bolsa, onda olar nirede?!

9. Onsoňam, jemgyýetiň her bir gatlagynda diýen ýaly, özünde köne ruhy göterýän şahslar heniz 3-4 ýaşyna girip-girmänkäler, bütin öňki durmuş ýollary, tejribeleri bilen görünmezmi näme? Munuň bilen baglanyşykly häzire çenli hasaba alnan ýekeje waka barmyka beri? Käbir dana we ylhama açyk kişilerde bir topar täsinlikler görülse-de, bu taýýar, birigen tejribeleriň, maglumatlaryň netijesi däl-de, ol zatlar semawy goldaw (Allah tarapyndan gollanmak) ýa-da beýik fetanetiň (zehinliligiň) närselere we hadysalara ýiti akyl ýetirmeginden ybaratdyr.

Häzire çenli bir-iki sany akyl hassasynyň samahyllamasy bilen ýene-de bir-iki sany gazetiň neşir eden düýpli esasy bolmadyk sensasion habaryndan başga, haýsydyr bir jesediň başgasyna degişli bir ruh bilen ýaşaýandygyny görkezýän, özi-de faktlara esaslanan we subut edilen bir ahwalat babatda gürrüň etmek mümkin däldir.

10. Beýleki janly-jandarlaryň hiç birisinde ynsan häsiýetlerini görkezýän haýsydyr bir alamat ýüze çykarylan däldir. Eýsem, has ozalky jesetlerinde gazanan bir topar sypatlaryny özünde saklaýan ruh, nähili pes durmuşda ýaşasa ýaşasyn, tebigy ýaradylyşynyň çäklerinden çykjak hereketleri görünerdi. Botaniki gözlegleriň örän öňe gitmegine garamazdan, tenasühi delillendirýän fakt bolup biljek haýsydyr bir zada duş gelnen däldir.

Netije hökmünde şuny diýip bileris, tenasüh ynanjyny gadymy jemgyýetleriň arasynda bozuk ynanç hökmünde ýaşaýşy ýaly, häzirki günümiziň käbir ynsanlarynda-da käte duşýan gümürtik ahwallar hem habys ruhlaryň hilelerinden we şeýtanlaryň käbir göwrelere girip, olara eýe bolmagyndan başga hakykat däldir. Hawa, Iň Dogry Sözliniň – Älemleriň Serweriniň beýany bilen aýtsak, şeýtanyň gan damarlaryň içinde aýlanýandygyny, kalp we beýnini täsir astyna alýandygyny bilýäris. Bu bolsa bize tenasüh diýilýän samahyllamanyň bolup geçişi barada habar berýär.

Aslynda, hiç bir tejribä daýanmaýan we akyl tarapdan delilleri, faktlary bolmadyk, aýratyn-da wahýe esaslanmaýan, soň dörän batyl ynanja, ýaradylyş taýdan diýseň eziz, abraýly ynsanyň ynanmagy asla bolup biljek zat däldir.

Her bir zadyň dogrusyny, diňe Ol (Allah) biler.

[1] Töwratdaky içgin we syrly manylary açmak bilen meşgullanýan ýewreý mezhebi.
[2] Ygtykat bilen baglanyşykly iş alyp barýan yslam alymlary.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr