Biziň salawat getirmegimiz bilen Hak Tagala Pygamberimize rahmetini we salamyny indirermi? Şeýle-de Hak Tagala onuň üstüne rahmetini indirýär. Biziň salawat getirmegimiziň hikmeti nedir?

Resuly Ekrem (s.a.w.) beýik haýyrlaryň, peýdalaryň, bereketleriň esasyny emele getirýän özen ýalydyr. Ol size dogry ýoly görkezen, dos-dogry çygry açan, syrat-y mustakime delalat eden, ýalňyşmaýan, ýalňyşdyrmaýan bir ýol görkeziji, hemme taraplaýyn boýun egilen bir baştutandyr.

Bu nurly ýolda, ynsanlaryň garaňkylykdan nura çykmaklaryna wesile bolan Serwerimize (s.a.w.) bu nurly ýolda ýöreýän her kesiň sogabyndan bir paý beriljekdir, «essebebu kel fail» (sebäp bolan, eden ýalydyr) syryna laýyklykda ymmatynyň eden haýyr işiniň bir bölegi Onuň depderine belleniljekdir.

Makam-y Mahmudyň sahyby bolan Resuly Ekremiň (s.a.w.) wepat etmegi bilen depderi ýapylmajak, ýygyn-ýygyn haýyrly, sogap işler, salyh amallar yzygider Onuň depderine ýazyljak, derejesi beýgeldikçe beýgeljek, at-abraýynyň çägi giňedikçe giňejek – we inşallah – her gün ymmatyndan şepagat etjekleriň sany öz-özünden köpelip gitjekdir. Şonuň üçin bu meselä iki ugurdan garamak gerek.

Birinjisi, biz Resuly Ekreme (s.a.w.) salatu-salam okamak bilen ähdu-peýmanymyzy täzeleýäris, ymmat bolmak islegi bilen oňa ýüzlenýäris. Ýagny, «Seni ýatladyk, saňa düşündik, Hakyň seniň mertebäňi beýgeltmegi üçin doga we dilegde bolduk» diýýäris we sygynýarys. Bu tarapdan biziň dogalarymyz Makam-y Mahmudyň sahibiniň (s.a.w.) makamyny beýgeltmek niýeti bilen edilensoň, Onuň (s.a.w.) şepagatynyň çägi has giňeýär. Şeýdibem has köp adam onuň şepagatyndan peýdalanyp bilýär.

Ikinjisi, bir kişiniň Pygamberimiz (s.a.w.) hakynda, Onuň mertebesiniň we at-abraýynyň has-da ýokarlanmagy istikamatynda etjek dogasy özüniň Onuň hemaýaty astyna girmesine wesile bolmagy üçindir. Şeýdip ol kişi babatda şepagatyň çägi has-da giňeýär. Diýmek, salatu salama Serwerimizden (s.a.w.) has köp biz mätäçdiris. Sygynmagymyz bilen barlygyny, beýikligini kabul edip, kiçiligimizi, hiç zatdygymyzy yglan edýäris. Döwletiniň beýikdigini tanap, ýardam üçin oňa sygynan kimseler ýaly biz hem ejizligimiz we pakyrlygymyz bilen birlikde howp-hatary örän uly bolan bir günüň endişesini edip häzirden sarsgyn içinde gaçybatalga we halasgär hökmünde Resuly Ekreme (s.a.w.) sygynýarys we zerurymyzy, hal-ýagdaýymyzy oňa duýdurýarys.

Hak Tagala Şepagat-y Uzma sahyby Muhammediň (s.a.w.) şepagatyna bizi mynasyp eýlesin.

Isleseňiz bu baradaky buşlugy hem ýatladaýyn. Her pygamberiň öz ummatyna beren bir zady bardyr diýilýär. Serwerimiz (s.a.w.) buýurýar: «Men ymmatyma berjegimi ahyrete sakladym. O-da şepagatymdyr».