Dünýäge gelen pygamberleriň sany näçedir? Hemmesi erkekmidir? Näme üçin?

Dünýäge gelen pygamberleriň sany näçedir? Hemmesi erkekmidir? Näme üçin?

Dünýäniň her ýerine pygamber gönderilipdir. Pygamberleriň sanyny bilmeýäris. Diňe hadys kitaplaryndaky bir rowaýatda 124 müň, başga bir rowaýatda bolsa 224 müň pygamberiň iberlendigi habar berilýär. Hadys nukdaý nazaryndan bu rowaýatlaryň hemmesi tankyt edilip bilner. Emma isle 124 müň bolsun, isle 224 müň bolsun, san bu ýerde möhüm däldir. Esasy möhüm mesele şudur. Allah hiç bir döwri boş goýmandyr, her döwre hökman, bir pygamberi gönderipdir.

Pygamberler belli bir sebite, belli-belli halklara däl, dünýäniň dürli ülkelerine, dürli-dürli illere iberilipdir. Kuranyň açyk beýanynda: «Olary egri ýoldan gorap, dogry ýola gönükdiren nebi barmadyk hiç bir millet ýokdur » (Fatyr, 24) buýrulýar. Kuranyň bu anyk aýaty ýer ýüzünde umuman her bir millete pygamber gönderilendigini görkezýär. Munuň beýle bolandygy jedelsizdir.

Başga bir aýatda Allah şeýle perman edýär: «Pygamber ibermedik bolsak (hiç bir millete) azap görkezjek däldiris» (Isra, 15). Ýagny, Allahyň pygamber göndermedik halkyny hasaba, soraga çekmegi we jeza bermegi Onuň giň rahmetine gelişmeýär. Çünki, Ol: «Kim zerre ýaly haýyr iş etse onuň gaýtargysyny görer, kim zerre ýaly şer iş etse onuň hem gaýtargysyny görer» (Zilzal, 7-8) anyk permany bilen haýryň, şeriň jogapsyz galmajakdygyny beýan edýär. Şonuň üçin pygamber iberilmedik kimseler haýry-şeri bilmeýändikleri sebäpli azaba çekiljekdiklerini aýdyp bolmaz. Hawa, Allah haýryň-şeriň hasabyny sorajakdygyna görä, diýmek, her kese pygamber gönderilendir. Her kese pygamber gönderen Allah (j.j.) bu hökümi: « Olary egri ýoldan gorap dogry ýola gönükdiren nebi barmadyk hiç bir millet ýokdur» (Fatyr, 24) diýip buýurýar.

Şu biri-birine bagly mantyk aýlawynyň içindäki üç kanuna dykatyňyzy çekenimizden soňra, indi esasy meseläni düşündirmäge çalşaýyn. Ýer ýüzüniň ähli künjegine Allah dürli-dürli döwürlerde aýry-aýry pygamberleri iberipdir. Bu pygamberler bir topar ynsanlaryň pikir edişleri ýaly diňe Arap ýarym adasyndan çykanlar däldir. Hiç bir delile daýanmazdan ähli pygamberler Arap ýarym adasyndan çykypdyr diýip kesgitli aýtmak Kuranda aýdylanlara tersdir. Aslynda biz ne Arap ýarym adasynda dörän pygamberleriň ählisini, ne-de dünýäniň başga ýerlerinde dörän pygamberleri bilýäris. Isle pygamberleriň sany 224 müň, isle-de 124 müň bolsun biz bularyň içinde diňe üçüsi şübheli bolmak bilen 28-isini bilýäris.

Hawa, Kurany Kerimde habar berlişine görä, Hezreti Adamdan (s.a.w.) başlap 28 sanysyny bilýändigimizi aýdyp bileris. Bularyň-da nirelerde dörändigini görkezmek mümkin däldir. Hezret Adamyň türbesiniň Jiddededigi barada edilýän çaklama has güýçlüdir. Emma, aýdylýanlaryň hiç biri anyk subut edilen däldir. Hezreti How ene bilen Hezreti Adam atanyň Jiddede duşuşandyklaryna degişli rowaýatlar hem anyk däldir. Şonuň üçin biz ilki başda Hezreti Adamyň nirede pygamberlik edendigini hem bilmeýäris. Hezreti Ybraýym barada biraz bilýändigimizi aýdyp bileris. Hawa, ol Babyl we Anadoly töwereklerinde ýaşapdyr, Siriýa gidipdir. Lut pygamberiň hem Sodom, Gomora we Lut kölüniň töwereginde pygamberlik edendigini çak edýäris. Medýende ýaşan Şuaýby, Müsürde dörän Hezreti Musany bilýändigimizi aýdyp bileris. Hezreti Ýahýa we Hezreti Zekeriýanyň Akdeňiziň töwereklerinde ýaşap geçendiklerini kabul edip bileris. Olaryň Anadoluda ýaşap geçen bolmaklary hem ahmal... Meselem, Efsusyň Hezreti Isa we Hezreti Merýem bilen baglanşygynyň bardygy aýdylýar, emma, bu aýdylýanlary subut edýän anyk delil ýokdur.

Bu ýigrimi sekiz nebiden başga pygamberleriň aglabasynyň nirede dörändigini bolsa asla bilmeýäris. Şoňa görä-de biz bu meselede belli bir anyk netijä gelip bilmeýäris. Üstesine-de bu dinleriň asly ýitip gidipdir, pygamberligiň yzlary, döreden zatlary galmandyr. Şeýle bolansoň pygamberler bolupdyrlarmy, bolmandyrlarmy belli bir zat aýtmak hem mümkin däldir.

Meselem, hristianlygy alyp göreliň. Ilkinji hristianlyk düşünjesine ters bolan soň Iznik mejlisinde meselä başga bir şekil berildi. Tewhit düşünjesi bütünligine terk edilip, onuň ýerine «ekanim-i selase» (hudaý-ata, hudaý-ene we hudaý-ogul) düşünjesi girizildi we hristianlyga öz agzalary tarapyndan iň uly hyýanat edildi. Hawa, onuň gökden inen kitaby dogrudan-dogry Hezreti Ysanyň yzyny ýöredenler tarapyndan ýoýuldy. Ylahy sözler beşerileşdirildi. Tewhit bilen gelenler üçlüge uýgunlaşdyryldy. Käbirleri pygamberlerine Allahyň ogly diýdi we ol mübärek Zatyň mübärek enesine-de – Allah gorasyn, uluhyýet hakykatynyň (Taňrylyk düşünjesiniň) bir parçasy ýaly seretdiler. Käbirleri bolsa Allahy jisimler bilen birleşdirdi. Jisimlere hulul etdirdiler, ýagny Allah käbir zatlarda görnüp başlady, onuň ruhuna geçdi diýdiler we azaşmagyň iň elhenjine uçradylar. Ine şu üçleşdirilen hristianlyk ynanjy bilen grekleriň Zewse we Afroditä bakyşlarynyň arasynda aslyna seredeniňde hiç bir tapawut ýokdur. Kitaplaryny ýoýanlar-da, edil grekler ýaly ulularyny ylah kabul etdiler we şirke girdiler.

Adamzat taryhyndaky ähli gyşarmalar, ýoldan azaşmalar mydam şeýdip başlanypdyr, soňundan bolsa ýalňyşmalar, ýoýulmalar dowam edip gidipdir. Eger Kurany Kerim Hezreti Ysanyň Allahyň pygamberi bolandygyny, Hezreti Merýemiň hem päkize bir aýal bolandygyny habar bermesedi, biz Hezreti Mesihe-de, Hezreti Merýeme-de Zews bilen Afroditä seredişimiz ýaly serederdik...

Diýmek, şeýle bir köp dinler bar, olar ynsanlar tarapyndan ýoýula-ýoýula ylahylyk taraplary-da ýitip gidipdir. Şonuň üçin, bu gün şu ülkä, şu ýurda, şu ile bir pygamber indirilmändir diýip anyk aýtmak örän çetin. Kim bilýär, anyk bir zat aýtmak kyn hem bolsa, belki Konfusi bir pygamberdir. Dinler taryhynyň bu meseledäki beýany kanagatlandyryjy däldir. Ol barada ýazylyp-çyzylanlar-da soň ýygnalan maglumatlardan ybaratdyr. Emma, biz taryhda bir Konfusiň, bir Buddanyň ýaşap geçendigini we olaryň hersiniň bir dininiň bolandygyny, bu dinleriň hem örän köp halklaryň içinde hökmirowan bolandygyny häzirki mazmunlaryna görä ylahy, tebigy däldigini, içlerinde ýalňyşlyklaryň, ýoýulmalaryň bardygyny bilýäris. Şol sebäpli hem sygyra çokunmak, öz jesediňi ýakdyrmak, alty aýlap hiç zat iýmän gowaga girip berhiz saklamak ýaly geň taraplary sebäpli biz olary din diýip kabul etmeýäris. Belki bu hereketleriň aňyrsynda-da, bir hak dine degişlilik bolup biler, emma, has soňra hristianlygyň bozulşy ýaly olar hem bozulandyrlar.

Eger musulmanlar dini çeşmelerini şeýle berk goramadyk bolsadylar, şeýle akybatyň musulmanlaryň hem başyndan geçmegi islenipdi. Aslynda, düýnden bu güne çenli şeýle niýetiň ýokdugyny aýdyp bolmaz. Bir tarapdan erbet niýetli adamlar, beýleki tarapdan-da gapyl musulmanlar asyl manyny ýoýup, şol bir niýete gulluk edýärler. Meselem, bir kişi içgi içmekden, zyna işden gaýtmaýarka özüni doly musulman bolup ýaşaýan ýaly görmegi, amal babatda ýoýulmanyň alamatydyr. Ogrulygy, humar oýnamagy, süýthorlugy kesp edinenler hem edil şunuň ýalydyr.

Konfusä pygamber diýip bilmeris, çünki pygamber bolmadyga pygamberdir diýmek küfür bolşy ýaly, pygamberlik berlene-de pygamber däl diýmek küfürdir. Konfusiý we onuň ülkesi hakyndaky pikirlerimiz ýaly düşünjeler Ýewropa hakynda-da aýdylyp bilinjek meseledir. Emma, anyk bir zat aýtmak kyn. Çünki bu ugurda hiç zat bilmeýäris.

Sokrat hakynda-da pygamber diýip aýdýanlar bar. Emma, Sokratyň ömür beýany hem bize doly gelip ýetmändir. Ýahudylygyň täsirine giden bir filosofmy, ýa başga bir pikir adamsymy, doly bilmeýäris. Käbir alymlar onuň ýahudylygyň täsirindäki bir filosotdygyny aýdýarlar. Emma taryhy maglumatlar Sokratyň şeýle adam bolandygyny görkezýär. Eflatunyň habar bermegine görä Sokrat şeýle diýýär: «Meniň gözüme käbir zatlar görünýärdi. (Gallýusianasiýa bolup biler). Maňa adamzady dogry ýola gönükdirmek üçin käbir zatlar aýdylýardy. Çagalygymdan bäri ähli ynsanlaryň aňyna Allah pikirini guýmak, olary Allaha tarap ugrukdyrmak üçin wezipelendirilen bir ynsan boljagymy bilýärdim...» Sokratyň şu aýdanlaryna esaslansak, eger olar dogry bolsa akyly, pelsepäni has öňde tutýan Ýewropa halky üçin iberlen bir pygamberdigini aýdyp bolar. Üns beriň Sokrata pygamberdir diýmeýärin. Çünki, däl bolsa küfüre girerin. Emma, ähtimallyk bilen diňe «bolup biler» diýýäris.

Hadisde beýan edilşine görä 124 müň ýa-da 224 müň pygamber gelip geçipdir. Biz bularyň nirelerde dörändigini bilmeýäris. Emma, dört sanysynyň ýaşap geçen ýerini anyk bileris. Muhbir-i sadyk Hezreti Muhammet (s.a.w.) her ýerde bularyň döräp biljekdigini aýdýar. Onuň bu irşadyna esaslanyp dünýäniň dürli ýerlerinde ady-sany bilinmeýän bu pygamberleriň döremegine degişli bir topar alamatlary aýdyp geçmekçi:

Bulardan birisi, bu gün Riýad uniwersitetinde matematikadan professor, Kerkuk türkmenlerinden Adil beýden söz açmakçy. Professor şeýle gürrüň berýär: «Amerikada doktorlyk derejämi alan döwürlerimde mahal-mahal ýerli amerikanlar we negrler bilen söhbetdeş bolardym. Bu kowumlaryň arasynda kä halatlarda şeýle dini ýörelgeler bilen garşylaşdym, bu ýörelgeler bizdäki dini ynançlara deň gelýärdi. Meselem: «Allahyň meňzeşi, deň-taýy ýokdur. Çünki iki ylah bolsa dolandyryş bulaşar...» diýýärler. Bu edil «Eger ýerde-gökde Allahdan başga taňrylar bolsady, ikisi-de (ýer hem, gök hem) ýumrulyp giderdi» (Enbiýa, 22) aýatynyň manysyny berýär. Eger bu hakykaty negrlere bir pygamber düşündirmesedi, muny öz-özleri bilmekleri mümkin däldi. Ýene-de bu negrler «Allah dogmaz, dogurmaz» diýýärler. Bu-da diňe dury bir zehiniň beýany bolmaly. Çünki dogmak, dogurmak ynsana mahsus aýratynlykdyr we zerurlykdyr. Allah bular ýaly zatlara mätäç däldir. Eger bir pygamber olaryň gulaklaryna bu meseläni ýetirmesedi, muny nireden bilsinler? Şonuň üçin häli-häzir hem ataş tanslary, garrylaryň öldürilip iýilmegi we şuňa meňzeş düşünjeleri bolan bu ilkidurmuş jemagatlarynda bular ýaly çuňdan gaýdýan we diňe ösen milletlerde rast gelip bilinjek uluhyýet akydasynyň – Taňry ynanjynyň bolmagy mümkin däl. Herniçik bolanam bolsa bu olara daşyndan bir nebiň dili bilen ýetirilen, öwredilen bolmagy dogry bolup biler».

Asyrymyzyň pikir adamlaryndan professor Mustafa Mahmut: «Trablusgarbly bolsa gerek, ateizmden ýüz öwüren bu ynsan has owal şu günümiziň modasy bolan materializmiň haýrany eken. Kurany Kerimi öwrenip, yslamyýeti çuňdan öwrenenden soňra, 180 dereje yzynyna öwrülip, küfürden uzaklaşypdyr we atylan ok ýaly mesjide barypdyr» diýip gürrüň berýär. Doktor Mustafa bir syýahaty barada şeýle gürrüň berýär: «Afrikada Niýam-niýam we Maw-maw taýpalaryna sataşdym. Nämä ynanýandyklaryny soradym. «Biz şeýle bir taňra ynanýarys, gökde durup ýerdäkileri dolandyrýar» diýdiler. Allah gökde durmaýar, ýöne gadymdan bäri «Ol Rahman Arşa istiwa etdi (ýerleşdi)» (Taha, 5) aýatynda aýdylşy ýaly ylahy emr we hökümler gökden gelýär. Şonuň üçin nazarlar we eller göklere galdyrylýar. Şeýle hem Yhlas süresiniň manysyny sözleýärler. «Allah ähli zat özüne daýanan we özi bolsa hiç zada daýanmaýan bir barlykdyr. Ol ene-atadan doglan däldir. Onuň taýy we meňzeşi ýokdur...» Başga bir kowma gitdim. Häzirem garrylaryny we hassalaryny öldürip iýýändiklerine garamazdan, bu wagşylar Allaha edil biz ýaly ynanýardylar. Kuranda aňladylýanlara ýakyn tewhit düşünjeleri bardy. Eger bu hususlar olaryň gulaklaryna bir nebi tarapyndan ýetirilen bolmasady bulary bilmekleri mümkin däl. Hawa, bu hakykatlary olara nebiler pyşyrdan bolmaly. Soňra bolsa ata-babalaryndan biziň asyrymyza çenli gelip ýetipdir».

Hawa, isle Kurany Kerim, isle akyl, isle taryhy hakykatlar bize, sanyny doly bilmesek hem dünýäniň çar ýanyna örän köp pygamberleriň gelendigini görkezýär.

Bu ýerde aýal pygamberem gelip ýa-da gelmändirmi bilmegimizde peýda bar. Ähli sünnet wel-jemagatdan alymlar, fykhçylar we hadys alymlary aýaldan pygamber gelmändir diýýärler. Başgalardan tapawutlanan Hezreti Merýemiň we Hezreti Asyýanyň pygamberligi baradaky rowaýatlar o diýen güýçli däldir. Netijede şeýle karara gelnipdir. Aýallardan pygamberiň gelendigine degişli anyk, kesgitli maglumat ýokdur. Dogrusy, aýaldan pygamberiň bolany-bolmany hiç hili kemçiligem däldir. Hak Tagala ähli barlyklary ýaradanda položitel (+) we otresatel (-) esasda ýaradypdyr. Bir meňzeş esasly maddalar biri-birini itýärler. Maddanyň bölekleri hatda bölejikleri hem eger syrly bir izolýasiýa bolmasady, şol bir ýükleri daşaýanlar biri-birini iterdi we ýadro dargar giderdi. Partlama hadysasy-da esasan şu ýagdaý sebäpli bolup geçýär. Bular şeýle bir hasaply ýaradylypdyr, kimi otresatel, kimi položitel bu gapma-garşylyklar bir kiçijik älem bolan atomlardan başlap, tä ýyldyzlar dumanyna çenli hemmesinde şol bir kanun saklanýar. Atomlardan düzülen ynsan bolsa mikro älem bilen, makro älemiň arasynda deňagramlylygy saklaýan biçuwdedir hem-de normo (görnen) älemiň soltanydyr. Şeýle hem ynsanda-da şol bir kanunlar hökmirowandyr. Ýagny ynsanda-da jynsy ysnyşyklygyň bolmagy üçin ol položitel we otrisatel ýaradylypdyr. Biriniň mähri, duýguçyllygy, beýlekisiniň güýji, kuwwaty olary bir ýere jemleýär, şeýdibem edil atomlardaky, ýyldyzlar dumanyndaky bitewilik ýaly, bir maşgala bütewiligi emele gelýär.

Aýaly erkeklere deň etjek bolup olary kemsidiji derejä getirmek döwrümiziň iň gynandyryjy meseleleriniň birine öwrülendir. Döwrümizde aýal aýallykdan çykarylyp ählisi erkeleşdigiçe erkege garşy hereket etmäge başlady, maşgalada baştutan galmansoň ondaky abadançylyk ýitdi, çagalar ene-atalaryndan aýrylyp ýetimler öýlerine taşlanyp başlandy, ene-atalar aýrylşyp täze durmuşa baş goýdular.

Allahyň aýal meselesindäki bu umumy kanuny bir aýalyň pygamber bolup bolmandygy meselesinde-de üstünde duranyňa degýän ähmiýetli aýratynlykdyr.

Şeýle hem aýal çaga dogurýar. Bu çagany erkegem dogursady, her halda erkekden pygamber gelmezdi. Çünki ol pygamberlik wezipesini her aýda on bäş gün aýbaşysy sebäpli berjaý edip bilmezdi. Ymam bolup bilmezdi, orazasyny doly tutup bilmezdi. Aýalyň çile döwri hem bar. Üstesine hamyla bolanda aýala işleri dolandyrmak has hem kynlaşar. Çünki çagasyny garnynda ýa gujagynda göterýärkä goşuna serkerde bolmak, ynsanlara ýolbaşçylyk etmek, maksatnamalary, meýilnamalary düzmek, şeýle hem gerek bolanda iliň öňüne düşüp dogumly, batyrgaý hereketleri etmek... Bularyň hemmesi aýalyň pygamber bolmagyny mümkin däl eden ýagdaýlardyr. Hawa, bularyň aýallar tarapyndan, aýallara mahsus ýagdaýda ýöredilmegi mümkin däldir. Serwerleriň serweri (s.a.w.) hem bu ýagdaýa dykgaty çekipdir we olary: «Ýagny diňe özlerine degişli meseleleri hem doly ýerine ýetirip bilmeýänler we käbir zatlara bolmalysy ýaly akyl ýetirip bilmeýänler» diýip düşündiripdir. Hawa, aýdyp geçişimiz ýaly, her aýyň ýarpysy diýen ýaly ýarawsyz... Gepiň keltesi çaga sebäpli ybadaty ýarym halda pygamberlik bolup bilmejek zat. Emma, pygamber, nusgalyk, ýol görkeziji we kemçiliksiz bir baştutandyr. Çünki herkes onuň özüni alyp barşyny görelde edinip hal-hereketini tertibe salýar. Herkes aýallara degişli ýagdaýlary-da pygamberiň sagadat ojagyndaky aýallardan öwrenýär.