Hak Tagala bir aýatynda «Men islän gulumy hidaýete ýetirerin» diýýär. Beýle bolsa, Hak Tagala gullaryny deň tutmadygy bolýarmy?

Ilki bilen Allah deň tutmanam biler, kim Oňa «Näme üçin deň tutmaýarsyň?» diýsin. Allah mülk eýesidir. Ählimizi belli bir zatlar içinde aýlandyryp-dolandyryp ýör, emma, hiç kimiň öz hakyndan nägilelik bildirmäge-de haky ýokdur. «Ol mülk sahyby, mülkünde isleýşi ýaly hereket eder» hakykatyň eýesidir. Şonuň üçin, Onuň bilen baglanşykly sorag soralanda örän dykgatly, edepli soramak gerek. Allah (j.j.) her bir zady gudrat elinde saklaýan Mälik-ül Mülkdür. Hiç kimiň beýle taryzda sorag soramaga haky ýokdur we beýle etmek edebe gelişýän däldir.

Emma, şeýle diýlip bilner. «Hak Tagala meni hidaýete (dogry ýola, yslama) ýa-da zalalata (dinsizlige) gönükdirse, soňra meni haýsy esasa, haýsy ýörelgä we haýsy hikmete daýanyp hasaba çekerkä? Çünki Ol mutlak Hakimdir. Bu hususda hikmeti nähilikä?»

Hawa, Allah islänini hidaýete, islänini zalalata gönükdirer. Bu husus Kurany Kerimiň birnäçe ýerlerinde gaýta-gaýta şunuň ýaly zikr edilýär. Esasy zat Allahyň islegidir. Bu meselede dykgat edilmegi gerek husus hem şudur. Hidaýet we zalalat Allah tarapyndan ýaradylandyr. Emma, sebäbiýet guluň meýli, gatnaşygydyr. Guluň hereketi şeýle bir ejizdir, misli hiç bir hasaba alynmajak ýalydyr we gönüden-göni ähli älemleriň ýaradylmagy özüne degişli bolan Allahyň (j.j.) gudraty zikr ediler.

Bir mysal bilen meseläni düşündireliň. Meselem, biz nahar iýýäris, suw içýäris. Bu iýip-içmegiň netijesinde içimize giren dürli proteýinler, witaminler, demirler, misler öz ýerlerini alýar we bedende özlerine mahsus wezipeleri berjaý edýärler. Bularyň ählisi şeýle inçe hasaplar bilen edilýär, ynsanyň bir ýuwdum zady agzyna almagy bu işleriň amala aşmagy üçin ýeterlik däldir. Ýeterlik ýaly görünse-de, ynsanyň ýuwutjagyny agzyna almagy üçin gerekli bolan elindäki kuwwat, aňyndaky düşünje owal başda Allahdan berlendir. Ynsan iýjegini agzyna alyp-almanka, Allah tüýkülik mäzlerini işe girizýär, agzyny suwlandyrýar we iýmit heniz agyzda çeýnelýärkä beýnä habar gidýär. Ol ýerdenem aşgazana duýduryş barýar we oňa «Dykgatly bol!» diýilýär. «Haýsy görnüşli suwuklyk we aşgar bölüp çykarjak bolsaň çykar, çünki şu görnüşde, şu hili iýmit gelýär» diýilenden aşgazandaky ähli bölümler öz işine başlaýar. Diňe şu ýere çenlisinem ynsan aňy bilen düşünmäge çalyşsa, bularyň sähel birinem ýerine ýetirip bilmez. Galyberse-de, ol käte çeýnände-de ýalňyşyp bilýär.

Aşgazan özüne degişli wezipäni berjaý edýär. Öz eredip biljek zatlaryny, meselem, krahmally, gulýukozaly zatlary eredýär, emma iş munuň bilen tamamlanmaýar. Içege boşlugyna-da «şular barýar» diýlip bir habar berilýär. Ýagny, gaty we diňe aşgar bilen eredilip bilinjek zatlar. Ynsanyň mundan soňraky tapgyra-da hiç bir dahyly ýokdur. Soňra selulozly zatlar içegelere geçýär. Şol ýerde olar herekete gelýärler. Bularyň bir kysmy, mysal üçin, almaň gabygy ýaly zatlar – ynsan bedeninde olary eredip biljek fermentleriň ýoklugy sebäpli – eremeýär we daşyna çykarylýar. Bularyň ählisi haýran galdyryjy anyklyk içinde we habarly bolnyp akyp geçýär. Hawa, aşgazanda näme ereýär, näme eremeýär mundan degişli agzalaryň hemmesi habarly bolýar. Soňra gezek bagyra gelýär we bagyr hem özüne degişli ýüzlerçe ýezipäni berjaý edýär...

Görüşimiz ýaly, bir lukma ynsanyň aşgazanyna girenden soň onuň bedeninde peýdaly hala gelýänçä müň üýtgeşmäni görüp geçýär we bularyň hiç birine-de ynsanyň dahyly bolmaýar.

Indi bu mugthor ynsan ýerinden turup: «Men lukmany agzyma saldym. Bedenime demiri, kömüri gönderdim, ätiýaçlyk zapas aýryp goýdum. Haýsy öýjük nämä mätäç bolsa olara şony iberdim. Witamin gereklilere witamin, proteýin gereklilere proteýin iberdim. Gyzgynlyklaryny-da sazlap hemmesini işe girizdim» diýse, Allahyň bu işine şärikligini öňe sürdügi bolmazmy?

Belki bu meselede düşünilmesi we sözlenilmesi gerekli bolan zat şudur: «Bu syrly mehanizm gaýyby bir el tarapyndan işledilýär. Men lukmany agzyma goýan badyma bada-bat syrly hadysalar bolmaga başlaýar. Şol sebäplem bu lukmanyň işlenilmegi meselesinde meniň hiç bir dahylym ýokdur. Bu işi ýaradan Allahdyr (j.j.) Iýmiti siňdiren we ondan soňuny hem ýaradan Oldur.» Şeýle diýmek bilen ynsana degişli iş, Allaha ýöňkelmez. Elbetde, Allahyň işi Allaha degişli ediler. Ynsanyň bu meselede sähelçe gatnaşygy bardyr, munça işi özüne dahylly etmäge bolsa asla haky ýokdur.

Geleliň hidaýete. Hidaýet şeýle bir möhüm meseledir ynsanyň ony gazanmakdaky eradasy, örän kiçi bir meýil we hereketden ybaratdyr. Meselem, birnäçe gezek kalbymy açyp, ýüregimi giňeltmegi, ähli duýgularymy jemagata dökmegi isledim. Emma «We ma teşaune illa en ýeşaallah», ýagny «Allah dilemese, siz hiç bir zat diläp bilmersiňiz» (Ynsan, 30) diýlensoň ähli içimdäkileri, duýgularymy beýan edip bilmeýärin, emma, takdyryň berýän mümkinçiliginiň çäginde bir zatlary aýdyp bilýärin. Sözümiň täsirli bolanyny isleýärin. Bolup bildigimçe çyn ýürekden yhlas bilen Ylahi hökümleri, Kuranyň hökümlerini beýan etsem diýýärin. Emma, her zat bir nokada ilişip galýar. Näçe gezek arzuw edendirin, namaza duramda serden geçeýin, ylahy yşka düşüp, joşa-joşa özümi unudaýyn, dünýä we içimdäki zatlardan büs-bütin syrylaýyn diýip. Emma bu arzuwymyň müňde birine-de ýetip bilmeýärin. Diýmek, elimde çyn ýürekden islemek we päk bir isleg bar. Mundan galanlary tutuşlygyna Allaha degişli... Eý Rabb, göz açyp ýumasy salymda-da bizi bize goýma!..

Dykgat buýrulsyn! Iman hyjuwy, iman yşky, iman hoşwagtlygy, jennet islegi we Hak Tagaladan gelen her bir zady almaga, kabul etmäge teşnelik, bularyň bary ylahy peşgeşdir, bulary ynsanyň synasyna diňe Allah ýerleşdirip biler. Ynsan diňe meýil eder. Şonuň üçin Saduddin-i Taftazani bu meselede «Iman ynsanyň jüz-i eradasyny ulanmak bilen Allahyň onuň ruhunda ýakan bir çyragydyr» diýýär. Şol çyragy ýakana ruhlar pida bolsun! Şeýle beýik netije üçin seniň jüz-i eradaňy ulanmakdan başga goşandyň ýokdur. Misli, sen diňe elektrik düwmesine basýarsyň, şol bada ýaşaýyşyň ýagtylyp gidýär. Müňlerçe çyralaryň ýeke düwmä basylmagy bilen töweregi ýagtyldyşy ýaly, imana tarap jüz-i eradanyň şojagaz mukdarda ýönelişi hidaýet nurunyň ýakylmagyna wesile bolýar.

Hawa, bu meselä hem agyzdaky lukma ýaly düşünmegimiz gerek. «Ulema teşaune illa enýeşallah» ýagny, «Allah dilemese, siz hiç bir zat diläp bilmersiňiz» (Insan, 30) «Allah islänini azaşaşdyrar, islänini-de dogry ýola düşürer» (Müdessir, 31) hökümine görä hiç kim Onuň islediginden başgasyny diläp bilmez... Onuň azaşdyranlaryny hiç kim hidaýete ýetirip bilmez, Onuň hidaýete ýetirenlerini hem hiç kim azaşdyryp bilmez.

Netije hökmünde şuny aýdaýyn. Işiň köpüsi Oňa degişlidir. Bize degişli bolany şeýle sähelçedir, şeýle kiçidir, bulary görmedik bolup, gelibem bolan zatlaryň ählisine sahyp çykmagymyz Allaha garşy biedeplik, hetdiňi tanamazlykdan başga zat däldir.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr