Ryzky Allahyň kepillendirýändigi aýdylýar. Emma, biz käbir ülkelerde elli, altmyş gün açlyk çekip ölenleri bilýäris. Bu ýagdaýy düşündirermisiňiz?

Ryzkyň Allahyň beren wadasyna baglydygy Kuranda birnäçe ýerde aýdylýar. Meselem, «Ýer ýüzünde ýöreýän, hereket edýän her bir janly-jandaryň ryzky Allahyň kepilligindedir» (Hüd, 6). «Güýç-gudratyň eýesi Hezreti Allah Rezzak-i älem Odur. Hawa, ryzky beren Oldur» (Zaryýat, 58). Kurany Kerimde şu manyda örän kän aýat bar. Bularyň hemmesi-de ryzkyň Allahyň kepilligindedigini görkezýär. Hiç kim açlygyndan ölýän däldir. Ähli ynsan muny bilmelidir, bedenleriniň zerurlygy bolan ryzklary kepillendirilendir, emma zeruryndan daşgary ryzk wada edilen däldir. Ýagny, ysryp, ters ulanmak, bet niýet, ýaramaz endik ýaly ryzk saýylmaýan bir topar zatlar onuň üçin zerury ryzk halyna gelen bolsa we ynsan oňa meňzeş ryzksyzlykdan ölýän bolsa, beýle ryzk wada edilen däldir, bu sebäpli ölen ynsanlara-da açlykdan ölýärler diýilmesin...

Häzir birnäçe ýönekeý mysallara ýüzleneliň. Meselem, bir neşekeş neşä endik edýär. Ony neşeden kesseň dälireýär. Neşebentliginiň derejesine görä ölmegem mümkin. Bu adam, neşe berilmänliginden ölýär. Ölýär, ýagny, ol ilki bilen neşekeş bolandygy üçin, soňra bolsa ýaramaz endigini taşlamaga laýyk gelmeýän şekilde neşeden kesilendigi sebäpli ölýär. Ýa-da başga biri çilim öwrenipdir, çilimkeş bolupdyr. Çilimi talaba laýyk taşlamasa bir topar dert-azarlara ýolugýar. Hatda käbir ýagdaýlarda eli, aýagy çişýär we doktorlar oňa: «Sen muny bu şekilde terk edip bilmersiň. Beýle oýlanşyksyz hereketiň sende bir topar ýetmezçilikleri emele getirýär» diýip maslahat beripdirler. Bu sebäpden köneler «Öwrenilen endik örkleseňem durmaz» diýipdirler... Başga-da birnäçe şuňa meňzeş erbet endikler bolup biler. Bir ynsanyň bedeniniň bir günlük zerurýeti elli gram proteýin bolmagyna garamazdan, ol bir-iki kilogramlap iýmäge öwrenen bolsa, hatda bir oturşyna bir kilo miwe, bir kilo gatlama, bir kilo et iýýän bolsa bu endigini goýsa onuň kesellemegi we ýerinden galyp bilmezligi mümkin. Emma, ynsana bir gününe 50-100 gram miwe, şonçaragam proteýin ýeterlik. Belki ol adamyň bir oturşuna iýenleri birnäçe gününe ýeterlik bolardy. Öýjükler ätiýaçlyk zapaslaryny ýygnamaga we iýmit gelmedik wagtlary şol zapaslaryny özleşdirmäge ukyplydyrlar, şeýdibem beden ýaşamgyny dowam etdirip bilýär.

Bu gün iýmit ýetmezçiligi sebäpli o ýerde, bu ýerde ölýänler bar. Olar eger Hak Tagalanyň özlerine lutf eden ryzkyny düzgüne laýyk alsalar, meselem, aýdalyň Hak Tagala bir ynsana bir çuwal bugdaý berýär. Ol bolsa bu bir çuwal bugdaýy iki aýa ýetirmän iýýär, soňam on aýlap aç galýar we bir müddet yz ýany ölýär. Emma ol ynsan bir çuwal bugdaýy tygşytly harçlap, her gün bir owuç iýsedi bir ýyla ýetjekdi, açlykdanam öljek däldi...

Diýmek, ynsanlar ölýän bolsa ryzksyzlykdan, açlykdan däl, belki Allahyň beren ryzky bir ýyllaryna ýetejekkä hasapsyz harçlandyklary üçin we bedenlerinde-de ýaramaz endigik döränsoň ony terk edibem ýaradylyşyň kanunlaryna garşy gidendikleri üçin ölýärler. Ryzksyzlykdan ölmeýärler...