Dogry ýollardan peýdalanmak

Dogry ýollardan peýdalanmak

Dini wagyz edýän adam wagyzçylykda özüniň peýdalanýan ähli ýollarynyň dogry bolmagyna aňrybaşy bilen ähmiýet bermelidir. Dogry maksada diňe dogry ýoldan baryp bolýar. Nädogry ýollar bilen dogry maksada ýetip bolmaz. Biziň maksadymyz hakdyr. Biz hak bolmaýana duşmandyrys. Diýmek, şu hak maksada ýetmek üçin, öz duşmanymyzdan – hak bolmaýandan peýdalanyp bilmeris. Ýogsam, edýän işimizi özümiz inkär etdigimiz bolar. Hiç bir idealyň esasynda ýalançylyk bolmaly däldir. Düýbünde ýalançylyk bar bolan göreşler uzak ýol alyp bilmez. Galyberse-de, Allatagala hemişe, Yslama hyzmat etmek üçin hak bolmaýan ýoldan gidenleriň eden işinden bereketi sogrup aýrypdyr. Beýle adamlar, ýeri geleninde, müňlerçe adamy ýygnap, nutuk okap bilýärler. Emma, olaryň - daşyndan ummasyz bolup görünýän adamlaryň bitiren işi, Allahyň üç sany yhlasly bendesiniň edýän irşad we tebliginiň bereketiçe bolmaz. Sebäbi, biri müňe deger, biri bardyr müňüsi bire degmez.

Ýürekler Allahyň (j.j) elindedir. Biziň aýdan zatlarymyzy hem-de aýtjaklarymyza adamlary ynandyrmak, biziň sözlerimiziň üsti bilen olary Hak ýoluna salmak diňe Allatagalanyň elindedir. Şonuň üçinem, eger-de biziň maksadymyz adamlara Hak ýoluny görkezmek bolýan bolsa, ýalançylygyň şu maksady amala aşyrmakda, peýdasy däl-de, zyýany deger. Biz öz borjumyzy Yslam dininiň bize çyzyp beren çäginiň içinde ýerine ýetirmäge borçludyrys. Biz Yslama hyzmat etjek diýip, hiç haçan ýalňyş ýoldan ýöremeli däldiris. Ylaýta-da, çyn bilen ýalanyň bir dükanda satylyp duran döwründe biz dogry sözlemelidiris, dogry hereket etmelidiris, Haka mynasyp wekilçilik etmelidiris.