Iman-teblig-amal gatnaşygy

Iman-teblig-amal gatnaşygy

a) Teblig we durmuş

„Aýdan sözüň bilen edýän zadyň bir bolmaly”. Ine, teblig we irşad wezipesini ýerine ýetirýän adam şu sözleri boýnuna tumar edinip dakynmalydyr. Sebäbi, dini düşündirýän musulman adam hakyky mömin bolmagy maksat edinmelidir. Hakyky mömin – içi hem daşy bir bolan adam diýmekdir. Möminiň içi bir başga, daşy bir başga bolup bilmez. Iki hili ýaşamak – münapyk häsiýetidir. Teblig we irşad wezipesini ýerine ýetirýän adamyň häsiýetinde beýle zat ýokdur. Yslam dini musulmanlardan, hemişe we her ýerde öz etmeýän zadyňy aýtmazlygy talap edýär.

Galyberse-de, dini wagyz edýän adam özüniň etmeýän zadyny ündemek bilen adamyň wyždanynda hiç hili täsir oýaryp bilmejegini ýatdan çykarmaly däldir. Hawa, ak ýürekden aýdylmaýan sözler adama täsir etmeýär. Käbir ýagdaýlarda, wezipesini ak ýürekden berjaý etmeýän adamlaram öz işlerinde üstünlik gazanyp bilýär. Bu ýagdaý wagtlaýynça şeýledir. Sebäbi, şol ýagdaýda ol wezipäni berjaý etjek başga bir adam ýokdur. Käýarym şeýle ýagdaýlaryň döremegi, ýa şol pursatda işine has jür adamlaryň ýoklugy sebäplidir ýa-da akýürekli adamlaryň entek halka sesini eşitdirip bilmeýşi zerarlydyr. Yhlas bilen zähmet çekmeýänler ahyry bir gün ýitip gidýärler. Düýnden şu güne çenli şu ylahy kanun üýtgemän gelýär. Şonuň üçinem, parasatly möminler yhlassyz adamlaryň az salymlyk üstünligine aldanmaly däldir.

Adamyň aýdýan zady edýän hereketine ters gelmezligi üçin, ol öz-özüni soraga çekip durmaly we özüniň kimligini tanamalydyr. Nebsine erk edip bilmedik adam ikiýüzli ýaşamakdan halas bolup bilmez. Hawa, kämillige ýetip bilmedik adam ile bolşy ýaly görünmeýär. Ol ile görnüşi ýalam bolup bilenok. Jemgyýetde olar özlerini arkaýyn, giňgöwrüm, paýhasly alyp barsalar-da, göze görünmek üçin şeýdýändikleri sebäpli, halkyň ýüreginde orun tapyp bilmändirler. Hawa, olar ýeke özleri wagty etjegini edýärler, goýjagyny goýýarlar. Bu bolsa, olaryň gögeledigini görkezýär. Elbetde, şeýle durumsyzlykdan halas bolmagyň ýoly – Allaha çyn ýürekden iman etmekdir we ygtykadyňa mäkäm ýapyşmakdyr.

Hawa, teblig we irşad wezipesini ýerine ýetirýän adam şu madda aýratyn üns bermelidir. Ol halkyň içinde özüni nähili alyp barýan bolsa, ýeke wagtam şonuň ýaly bolmalydyr. Ol her bir meselede akýürekli bolmaga çalyşmalydyr. Onuň jemgyýetçilik gatnaşyklary bilen şahsy durmuşy asla biri-biri bilen çapraz gelmeli däldir. Hawa, onuň gijesi gündiz ýaly ýagty, gündizi bolsa Gündenem ýagty bolmalydyr. Akýürekli din wagyzçysy atanlykda ýalňyşlyk goýbereni üçinem gözýaş döküp aglamalydyr. Gijesini tehejjüt (gije ukudan oýanyp okalýan nepil namazy) bilen nurlandyrmadyk bolsa, ertesi gün namazdan söz açmaga onuň dili barmaly däldir. Ol gözüne ilen haramyň kirini gözýaşy bilen ýuwup aýyrýança, aglamasyny bes etmeli däldir. Eger-de onuň bogazyndan bir haram lukma geçäýse, onda onuň garny ençeme günläp syzlap agyrmalydyr. Eger-de ol Hak ýolundan sähelçe sowlaýsa, onda öz ruhunyň dowzah odunda ýanýanyny duýmalydyr.

Adamyň şahsy durmuşynda orny bolmadyk pikirdir garaýyşlary hernäçe üýtgeşik hem-de ýaşaýyş üçin möhüm bolsa-da, köpçülik tarapyndan asla makullanmaz. Sebäbi, aýdylýan sözler diňleýjiniň wyždanyna doly siňmeýär. Bir adamyň wyždanyna siňmedik düşünjäni umumy adamlaryň wyždanyna siňdirjek bolmak, salgyma kowalaşmakdan başga zat däldir.

b) Teblig we ölçeg

Yslam jemgyýetinde teblig we irşad wezipesine diňe bir borç hökmünde däl-de, eýsem ölçeg daşy hökmünde-de garalypdyr. Musulman jemgyýetinde her bir adam özüniň edýän ähli işleriniň agramyny şol ölçeg daşy bilen ölçäp görmelidir. Olar öz günlerini şu ölçeg esasynda meýilleşdirmelidir. Gijelerine bolsa, olar şu wezipäniň jogapkärçiligini duýmak üçin özlerini soraga çekmeli. Jemgyýeti nadanlaşdyryp, onuň maddy hem ruhy sütünlerini ýykýan esasy sebäpleriň biri-de, „Emri bil magruf we nehýi anil münker“ wezipesine sowuk-sala garalmagydyr.

Häzirki gün, şu mukaddes wezipe ýekeme-ýeke, her bir adamyň borjy hasaplanmalydyr. Sebäbi, pitnäň ýowuz tolkunlary adamzadyň ejiz ýerinden içerik syzyp, başda birnäçe adamy, soň bolsa tutuş halky öz holtumyna dartyp alýar we olary düýpsüz uçutlara alyp gidýär.

Hawa, çintgäp-çintgäp aýtmalydyrys, bu wezipe bar zatdan öň iman bilen baglanyşykly meseledir. Häzire deňiç şu meselä çynlakaý çemeleşenler, imany güýçli adamlar bolupdyr. Bu düýnem şeýledi, şu günem şeýle. Ertirem şeýle bolar. Giden halkyň içinde akýürekli hem-de imany güýçli birki adamyň başladan teblig hereketiniň gysga wagtda halk tarapyndan goldanyp, ýüz müňlerçe adamyň esasy aladasyna öwrülmegini, eýsem, näme bilen düşündirjek? Elbetde, şeýle hereketiň iň göze ilýän tarapy, onuň ýasamalykdan hem-de gözboýagçylykdan daşda bolmagydyr. Gaýgy-alada we kynçylyga ýanaşmaýan hiç bir hereket ýasamalykdan hem a:mlykdan halas bolup bilmez. Onsoňam, gözboýagçylyga ten beren hereketleriň hiç biriniň başlangyjynda kynçylyk, güzap, düýbinde bolsa akýüreklilik, mähir-muhabbet ýokdur.

Garaz, gepiň gysgasy, teblig we irşad wezipesini ýerine ýetirýän adam özüniň her bir hereketini hem-de häsiýetini şu wezipäniň jogapkärçiligine görä sazlamalydyr. Mysal üçin, bir ýere gitmeli bolsa, ol hökman irşady göz öňünde tutmaly we şu düşünje asla onuň ýadyndan çykmaly däldir. Sebäbi, onuň durmuşynda elpe-şelpelik ýokdur. Ol özüniň hajatydyr zerurlyklaryny hem öz idealyna ters gelmeýän ýollardan üpjün edýär. Hawa, ol öýkene sorulan her bir dem üçin hökman bir gün hasap soralar diýen düşünje bilen ýaşaýar. Ine, şu ýol nebileriň, syddyklaryň, welileriň, şehitleriň ýoludyr. Olar diňe özleriniň durmuşa geçiren zatlaryny wagyz edipdirler. Olar wagyz eden hakykatlaryny durmuşa geçirmegem başarypdylar. Münapyklar bolsa, diňe gep owadanlapdyrlar. Münapyklar etmeýän zatlaryny aýdypdyrlar. Şeýdip, olar günsaýyn çarkandak ýoluň girdabyna gark bolup, hem özlerini hem-de yzlaryna düşeni azdyryp, heläkläpdirler.

Allatagala (j.j) ýol görkeziji edip adamlara iberen pygamberi Hezreti Isa (a.s) ýüzlenip şeýle diýýär: „Eý, Merýemogly! Başda öz nebsiňe nesihat et! Ol ybrat alanyndan soň, başgalara nesihat et! Eger şeýtmeseň, menden utan!“

Aslyýetinde, şu sözler diňe bir pygamber hökmünde hezreti Isa (a.s) aýdylan däldir. Şu ýerde, Allatagala teblig we irşad mertebesindäki hezreti Isa (a.s) ýüzlenip, „Ýa, Isa!“ diýipdir. Diýmek, isle nebi, isle başga biri, kim bolsaň bol, adamlara nesihat edeniňde, öz aýdýan, ündeýän zadyňy başda özüňden süzüp geçirip, soň aýtmaly. Ana, şonda aýdýan sözüň adamlara täsir edýär. Kurany Kerimde bu barada şeýle düşündiriş berilýär: „Siz adamlara gowy boluň diýip, özüňizi ýatdan çykarýaňyzmy? Eýsem, siz kitap okaýarsyňyz. Siz akyl ýetirip bileňzokmy?“ (Bakara, 2/44). Kurany Kerim size, başda özüňize nesihat ediň, şeýtmek bilen işe girişiň diýýär. Şu aýatlary okabam, öz ýalňyşyňyza düşünjek dälmi?!

Hawa, şu aýat gönüden-göni Ysraýylogullarynyň ýüregine wehim salýar, musulmanlara bolsa aýlawly: „Asla, beýdäýmäň!“ diýip, duýduryş berýär. Öňem belläp geçişim ýaly, aýdýan zadyň bilen edýän zadyň ters gelmegi – aldawçylykdyr, münapyk häsiýetidir. Biz tutuş halk hökmünde, esasan durgunlyk döwürlerinde, şeýle häsiýetli adamlaryň köpelenine şaýat bolduk. Hawa, Yslamyň düşünjesini öňe sürýän, has dogrusy akademiki derejede Yslam dinini düşündirýän, hatda şu meselede yzygiderli täze pikirleriň üstünde işleýän nijeme adamlar aýdýan zatlaryny öz durmuşlarynda görkezip bilmändikleri üçin, taryhda yz galdyrman, ýitip gidipdirler. Sebäbi, olaryň joşup aýdýan sözleri ýürekdäki imandan gaýtmaýardy. Muňa garamazdan, olar adamlary Hak ýoluna çagyrýandyklaryny aýdýardylar. Şeýlelikde, sähel ýel öwsüp, ýoňsuzja sarsgyn döredem welin, olar ýer bilen ýegsan bolaýdylar. Şonda, olar aýdanlarynam, näme aýtjaklarynam ýatdan çykardylar. Diňe munuň bilen çäklenmän, olar halka ýüzlenip aýdan sözlerinem ýalana çykardylar we garşydaş garaýşyň otly janköýerlerine öwrüldiler. Ahyrynda bolsa, olar heläk bolup, ýitip gitdiler. Ýöne gynansak-da, olar özleri bilen bile, giden medeniýetem derbi-dagan edip gitdiler.

ç) Teblig we güzap

Teblig we irşad wezipesinde kynçylyk, görgi görmek – ylahy takdyrdyr. Sebäbi, diňe kynçylyk bilen ýetilen zada çyn ýürekden eýe çykyp bolýar. Görgi görmän, der dökmän gazanylan baýlygyň soňy puç bolýar. Eger-de biz adamlara Allatagalany düşündirmek maksadyndan daşlaşsak, onda adamzat özüniň iň esasy maksadyny ýitirdigi bolýar. Bu bolsa, ýer ýüzünde adamyň ýaşadygam bir – ýaşamadygam diýmekdir. Diýmek, adam Ýer togalagynda özüniň barlygyna many çaýjak bolsa, şu mukaddes wezipäniň ähmiýetine düşünmelidir.

Düýnki gün, Türkiýede köp adamy zyndandan zyndana süýräp heläk etdiler. Ýurduň tussaghanalary, göýä, olaryň öýüne döndi. Olaryň gününe it aglaýardy. Olaryň arasynda žandarmeriýa eltilip, soň gaýdyp gelmediklerem bardy. Her gün ertir bilen öýlerinden çykyp gaýdanlarynda, maşgalasy bilen hoşlaşman çykmaýanlaryň sanam az däldi. Sebäbi, olaryň yzlaryna gaýdyp geljegi gümanady. Ine, şu adamlaryň bary, şular ýaly kynçylyklara döz gelip, öz maksatlarynyň ugrunda göreşipdirler. Şeýlelikde, gysga wagtyň dowamynda, şeýle päk zähmet hasyl getirip başlapdyr. Şu gün ýetilen sepgitlere, ine, şol akýürekli, görgi baryny gören adamlaryň hem-de Beýik Biribaryň ýardamy bilen ýetilendir. Diýmek, hiç kimiň şu mukaddes hazynany harlamaga haky ýokdur. Yslam dinine ynanýan adamlar, görgi görüp, ezýet çekip düýbi tutulan hem-de belli bir sepgide eltilen şu iman hyzmatyna, şol bir jogapkärçilik bilen eýe çykmalydyr. Öňem, bu wezipäniň iman bilen baglanyşykly meseledigini belläpdik. Ýüreginde iman göterýän her bir adam öz imanyny ýaşatmak üçin göreşmelidir. Biz hojalygymyzyň güzeranyny aýlamak üçin zähmet çekýäris, maşgalamyzyň aladasyny edýäris, öz kärimizi jogapkärli alyp barmak üçin jan edýäris. Ine, iman hyzmatyna-da, bolmanda, şu derejede eýe çykmalydyrys we ony gorap saklamalydyrys. Ýogsam, bizem Ysraýylogullarynyň gününe düşüp bileris.

Teblig we irşad wezipesini ýerine ýetirýän adam islendik kynçylyga döz geljekdigini, döz gelmelidigini öz-özüne yzygiderli ýatladyp durmalydyr. Ol bir zady berk bellemelidir. Öňküleriň dini wagyz etmek üçin gören görgülerini özem görmese, ol asla üstünlige ýetip bilmez. Başgaça aýdanyňda, ol hemişe kynçylyga taýýar bolmaly. Eger-de aňsatlyk bilen maksadyna ýetäýse, onda ol Allaha şükür edip, tutanýerlilik bilen öňe gitmelidir.

Mömin – akgöwünli adamdyr. Aýdýan zadyňy öz durmuşyňa siňdirmek ýa-da diňe edýän zadyňy aýtmak – akgöwünliligiň alamatydyr. Eger munuň tersine bolanda, Kuran beýle adamlary ýalançy we münapyk diýip häsiýetlendiripdir. Din, iman, Kuran hakda gürrüň edýän we wagt tapsa, töweregindäkilere Yslam dinini düşündirýän adamyň durmuşy, özüniň wagyz edýän zatlarynyň ölçeg hem ýörelgeleri esasynda gurnalgy bolmalydyr. Ol öz durmuşyna günä işi, haramçylygy sygdyryp bilmeli däldir. Eger-de ol günä iş eden bolsa, onda ol ömrüniň ahyryna çenli ahmyr edip geçmelidir. Gepiň gysgasy, hiç bir haramylyk, hiç bir günä iş onuň ruhunda uzak wagtlap goş ýazdyrmaly däldir.

Teblig we irşad wezipesindäki adam harama seretmez, harama el uzatmaz, haram ýerden geçmez! Onuň gijesi gündiz ýaly ýagtydyr. Namazlygy onuň gijeki sejdelerine aşykdyr. Ol ömründe bir gezegem: „Ertir namazyny sypdyrdym“ diýen däldir. Eger-de säwlik bilen ertir namazyny sypdyran bolsa, onda ol uzakly gün gan aglar we öz etini özi iýer. Şol gün ol hiç zadyň başyna baryp bilmez we onuň hiç zat bilen weji bolmaz. Kim bilýär, ol, gör, nähili puşman bolýandyr.

d) Teblig we ikiýüzlülik

Öz-özüňi göz astynda saklamak we öz-özüňden hasap soramak – teblig we irşad wezipesini ýerine ýetirýän adamyny hemişe ýola getirýän zatlaryň biridir. Hak wagyzçysy kalbyny yzygiderli arçap durmalydyr. Ol duýgy hem hyýallaryny göz astynda saklamalydyr. Ol başda, wagyz edýän zatlaryny özüne siňdirjek bolmaly. Hak wagyzçysy özünden süzüp geçirmeýän zatlaryny halka düşündirmekden gaça durmalydyr. Gaça durmak oňa dini wagyz etmäge päsgel bermez. Gaýtam, şeýtmek bilen, ol öz-özüni törpülär. Münapyga meňzemekden, arabozarlykdan gaçmak bilen, ol yhlasa hem akgöwünlilige ymtylar.

Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) irşady hem-de nesihat etmegi diňe söz owadanlamak ýa-da dialektika diýip düşünýänlere şeýle diýýär: „Ymmatymy alada edip, iň kän gorkýan zadym – agzy owadan sözleýän münapyklardyr “ Şu sözi eşiden ýürek nädip lerzana gelmesin?! Çünki, adam jemgyýetiň haýsy gatlagynda bolsa bolubersin, ol hökman wagtal-wagtal beýleki adamlara nämedir bir zady düşündirmän durup bilmeýär. Şonuň üçinem, şu we şuňa meňzeş ündewler teblig we irşad wezipesiniň galplyga ýazmagynyň öňüni alýar.

Bu mesele her näçe ündelse-de, şonda-da ikiýüzli adamlara duş gelse bolýar. Şeýle şahsyýetli adamlar gazetde özleriniň makalalary bilen, telewizorda bolsa gepleşikleri bilen yzygiderli çykyş edip durýarlar. Emma, olar özleriniň şeýle tutumy bilen dinsiz adamlara çalym edýärler. Olar Kuran, din, iman hakda gürrüň berýärler. Ýöne, olaryň maňlaýy bir gezegem namazlyga degmändir. Olar akgöwünli däldir. Görgüliler! Olar bir zady ýatdan çykarýarlar. Diniň ýüzden togsan dokuz göterimi şahsyň hut özi bilen baglanyşyklydyr. Eger-de şolara ähmiýet bermeseň, onda sen gep owadanlaýançy ýa-da dialektik bolarsyň.

Kurany Kerimde irşad wezipesini ýerine ýetirýän adamyň esasy häsiýetleri sanalmak bilen birlikde, münapygyň häsiýeti hem agzalyp geçilýär. Sebäbi, hakyky Hak wagyzçysynyň berjaý etmeli, eýe bolmaly zatlary nähili ähmiýetli bolsa, onuň etmeli däl, daşlaşmaly zatlaram edil şonuň ýaly ähmiýetlidir. Kurany Kerimde münapyklar häsiýetlendirilende, möminleri münapyk häsiýetinden çekindiriji usul ulanylýar. Kuran bu barada şeýle jikme-jik agzap geçýär welin, münapyklaryň garaýşyna, olaryň duýgularyna hem niýetlerine çenli erbetlikleriniň baryny paş edip, gözüň öňüňe getirip goýýar. Hatda käbir aýatlarda olaryň boý-syraty, käbir aýatlarda olaryň ahlaksyzlygy, häsiýetleri agzalyp, suratlandyrylýar. Mysal üçin, şu aýaty okap görüň: „Sen olara seredeňde, olaryň syratyny halarsyň. Gürlänlerinde, sözlerine gulak asarsyň. Emma, olar edil içi çüýrän töňňeler ýalydyr. Goh eşitseler, özlerine gygyrylýandyr öýderler. Olar duşmandyr. Olardan ägä boluň! Allah olaryň janyny alsyn! Olar, gör, nähili aldanýarlar?!“ (Münafikun, 63/4). Görşüňiz ýaly, şu aýatda münapyklaryň umumy keşpleri agzalyp geçilýär.

Kurany Kerim olary oturyp-turşundan, daş keşbinden, özlerini alyp barşyndan şeýle bir ussatlyk bilen ele salýar welin, asyl başga hili mümkin däl. Olar hereketler hem mimikalar bilen, owadan nutuklar bilen halky jadylap bilýärler we giden adamy süri mysaly, yzyna düşürip bilýärler. Muňa garamazdan, olaryň daşy jäjek içi möjekdir. Has dogrusy, olar duşmandyr.

Hawa, münapyklyk alamaty hökmünde agzalyp geçilen şu häsiýetler Hak ýolunda hyzmat edýän adamyň ruhy-ahlak ýagdaýyna asla gelişmejek zatlardyr. Her kimem atanlykda şeýle gorplaryň birine gaçyp bilýär. Şonuň üçinem, teblig we irşad wezipesindäki adamlar ätiýajy elden bermeli däldir we olar juda ünsli bolmalydyrlar.

e) Teblig we Allaha ýakynlyk

Teblig we irşad wezipesini ýerine ýetirýän adam näçe akgöwünli bolup bilse, onuň aýdýan sözem, häsiýetem şonçarak täsirli bolar. Akgöwünliligiň ýok ýerinde sözüňem güýji ýokdur. Şeýle diýse-de bolar, kimdir biriniň Allaha iman etmegi oňa hakykatyň düşündirilmegine onçakly bagly däldir. Ýüreklere iman saljak – Allahdyr (j.j). Allatagala islemese, sen hiç kimi Hak ýoluna salyp bilmersiň. Kurany Kerimde: „Sen isläniňi dogry ýola salyp bilmersiň. Emma, Allah islänini dogry ýola salar” (Kasas 28/56) diýip aýdylýar.

Diýmek, esasy mesele Allatagala bilen ýakyn gatnaşyk saklamakdyr. Sebäbi, belli-näbelli ähli hazynalaryň açary Allahyň elindedir. Adamyň Allaha iman etmegi bolsa – iň uly hazynadyr. Elbetde, şu hazynanyň açaram Allatagalaň dergähindedir. Hak wagyzçysy adamlara çyn ýürekden bir zady düşündirýän wagty gudraty güýçli beýik Biribara arka daýanmalydyr. Şu topraklarda nijeme zehinli adamlar ýaşap geçipdir. Olar ýokary derejeli beýan ediş ukyplary bilenem, üç-dört adama-da ibaly gep düşündirip bilmändirler. Sebäbi, olaryň käbir hereketlerinde akgöwünlilik ýokdy. Olar her bir haýryň özlerinden gözbaş alyp gaýdýanyna ynanýardylar. Olaryň arasynda söz ussatlaram bardy. Olar müňlerçe adamy yzyna düşürip bilýärdiler. Ýöne olaryň alan galasy bolmandyr. Hawa, namaz okaman, namaz hakda gürrüň berýänler bardy. Yslamy öz durmuşlaryna siňdirmän, Yslam dininden söz açýardylar. Olar bilbil kimin saýraýardylar, emma, olaryň gursagy göriplikden, ýigrençden, gahar-gazapdan ýaňa ýarylara gelýärdi. Belkem, şonuň üçin olar Kurany Kerimde barypýatan ikiýüzli adamlar hasaplanandyr. Teblig we irşad wezipesini akýürekden ýerine ýetirýän her bir adam günde elli gezek Allahyň öňünde baş egmelidir we Allahdan akgöwünli bolmagy dilemelidir. Hawa, ýüreklere iman saljak – Allahdyr (j.j). Adamyň bedenine gujur-gaýrat berýän Allatagaladyr. Edil şunuň ýaly, adamyň kalbyna akgöwünlilik guýjagam ýene-de Allahdyr. Diýmek, teblig we irşad wezipesindäki adam hiç bir zady öz emlägi saýyp, „Men etdim, men goýdum...” diýmeli däldir.

Iman – söz bilen amalyň bitewiligini saklamakdyr. Kurany Kerimiň ýörelgesi boýunça, bu – mömin üçin kämilligiň çürbaşydyr. Şu bitewlik saklanan ýagdaýynda adamlara täsir edip bolýar. „ Hak wagyzçysy amal etmese-de bolýar. Haramdan gaça durmak hökman däldir. Esasy zat, gowulygyň, halallygyň düşündirilmegidir.” diýen ýaly düşünjeler şeýtany düşünjelerdir. Hakyky musulman adam beýle düşünjä asla gulluk etmez.

Şu döwürde juda köp hyýalbent, modernist düşünjeler hem-de garaýyşlar peýda boldy. Galyberse-de, olar şeýle bir dilewar welin, agy gara edip görkezibem bilýärler. Olar her ýerde Yslam dinini düşündirýärler. Ýöne, görüp otursaň, welin olaryň arasynda ýekeje-de akýürekli mömin ýok. Sebäbi, olar imany ýaýmak wezipesini ak ýürekden ýerine ýetirenoklar. Olar köp zady gürrüň berýärler, köp zady düşündirýärler. Hatda, gerek ýerinde göreşýärlerem. Ýöne olar gürrüň berişleriçe, imany hem Yslamy özlerine siňdirip bilmändirler. Gören terbiýeleri babatda, Günbataryň dogry zatlaryna däl-de ýalan sistemalaryna ugrukdyrylan şol adamlar halka dogry ýoly görkezjek bolup, gaýtam, halky saýrylaşdyrýarlar. Şunuň bilen birlikde, jemgyýetde olaryň özlerem saýry bolup galýarlar. Şeýle bidüzgünçilikleriň esasy sebäbi – Yslam dininiň düýpli öwrenilmezligidir. Ýalňyş usullary ulanmak bilen, olar özleriniň gulluk etjek bolýan idealyna dönüklik edýärler... Ine, Kurany Kerim hezreti Şuaýby (a.s) şeýle gürledýär: „ Men, gadagan edýän zadym bilen siziň garşyňyza gidesim gelenok” (Hud 11/88). Bu „Size erbetlik etmäň diýip, özüm şol erbetlikden peýda görjek bolamok. Süýthorlyk haramdyr diýýän bolsam, özüm süýthorlykdan gazanç etmerin. Parahorlyk haram diýýän bolsam, özümem hiç kimden para almaryn” diýmekdir. Hezreti Şuaýb (a.s) döwürdeşlerini Haka çagyranda, öz sözüniň haklygyny görkezmek üçin şeýle diýipdir. Her bir nebiniň sözüniň haklygynyň kepili şu sözler dälmi eýsem? Ymmatyna aýdýan zadyny özi etmedik pygamber barmydyr?

Elbetde, teblig we irşad wezipesini ýerine ýetirýän her bir adam şu aýdylanlara mukyt bolmalydyr. Hawa, hezreti Şuaýb (a.s) öz halkyny düzetjek bolup urnupdyr. Emma, ol özüniň ýaşan ömri bilen bize-de bir zatlar düşündirjek bolýar. Ol bize adamlary Haka çagyrmagyň esaslary barada söz açýar. Kurany Kerim bolsa özüniň ölmez-ýitmez beýany bilen, şu esaslary ýene bir gez äşgär edýär.

Allahyň Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) aýdýanlaryny artykmajy bilen durmuşyna geçiren beýik ynsandy. Allaha gulluk etmekde Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) öňüne geçip biljek ýokdy. Oňa pygamberlik berlipdi. Bu mertebäniň beýikligini hiç zat bilen deňäp bolmaz. Kurany Kerimde Oňa (sallallahu aleýhi wesellem) şeýtmek buýrulýar: „Ýakyn (ölüm) saňa gelýänçä, gullugyňa dowam et. Rebbiňe ybadat et!“ (Hijr, 15/99) Pygamberimizem (sallallahu aleýhi wesellem) ömrüniň ahyryna çenli Kuranyň şu buýrugyna boýun boldy we göz açyp-ýumasy salymam ybadatlaryny goýmady. Şonuň üçinem, Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) aýdýan her bir sözi halkyň ýüregine barýardy. Ol (sallallahu aleýhi wesellem) özüniň etmeýän zadyny halka „Ediň!“ diýip aýdanokdy. Ine, bir mysal. Hezreti Aýşa (r.anha) enemiz gürrüň berýär: Bir gün Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) maňa: „Ýa, Aýşa! Maňa şu gün Allah bilen ikiçäk galmaga rugsat berjekmi?“ diýdi. Menem: „Eý, Allahyň Resuly! Seniň bilen bolanymy gowy görýärin. Emma, seniň halaýan zadyň meniň hasam hoşuma gelýär“ diýdim. Şondan soň, ol ýerinden turdy, täret alyp, namaza durdy. Şol gün daň atýança gözýaş döküp, namaz okady“. Şübhesiz, ol Pygamberdi. Ol Hak wagyzçysydy. Hiç bir ynsan balasy, Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) Allaha gulluk edişi ýaly, Allaha gul bolup bilmez. Ol (sallallahu aleýhi wesellem) ömrüniň gaýgy-hasratly geçýän, gün-günden gaýralaýan soňky döwürlerinde-de, öňden bäri dowam edip gelýän ybadatlarynyň birinem sypdyrasy gelenokdy. Ýöne, ol kynlyk bilen oturyp-turýardy. Ömründe kösenen ýeri juda köpdi. Aýallaryndan çagalaryna deňiç onuň şahsy aladalaram ýetikdi. Galyberse-de, tutuş ymmatyň maddy hem ruhy meseleleri-de Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) boýnunady. Ine, şu zatlaryň bary, elbetde, Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) bilini bükäýmelidi. Onsoňam, başga biri Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) gören ýekeje gününe-de çydam edip bilmez. Şu kynçylyklara garamazdan, Pygamber Serwerimiz (sallallahu aleýhi wesellem) nepil namazlarynam sypdyrman okapdyr. Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) okaýan namazy şeýle namazdy welin, käwagtlar o namazyň bir rekatynyň özem birnäçe sagada çekip bilýärdi. Ýerinden turmaga mejaly bolmansoň, Ol (sallallahu aleýhi wesellem) oturan ýerinde namaz okamaly bolýardy. Şonda-da, namazlaryny goýmady. Beýle-de bir agraslyk bolar oguşýa?! Beýle-de bir wepalylyk, akýüreklilik bolup biljek eken?! Hawa, ajaly ýetýänçä, magşara çenli, bakylyga çenli dowam etjek agraslygyň hem wepalylygyň nusgasydy Ol (sallallahu aleýhi wesellem).

Hawa, teblig we irşad wezipesiniň esasy sütünleriniň biri-de – Allaha ýakyn durmakdyr. Allaha golaý durmadyk adam manysyz ömürde ýaşaýandyr. Manysyz ömürde ýaşaýan adamam, diňe özüniň hoşnutlygy üçin görgä galýandyr.

Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) Allaha ýakyn bolmak düşünjesini teblig wezipesi bilen ölçeripdir. Pygamberimiz (s.aw) teblig we irşad wezipesinde hiç hili kemçilik goýbermändir. Edil şonuň ýalam, ol Allaha ýakynlaşmakda-da hiç hili säwlik goýbermändir. Köplenç namaza duranda, ol şeýle bir namaz okardy welin, yzynda namaza duranlar onuň namazy gutarmaz öýdýärdiler. Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) dileg hem sena edişem başgaçady. Pygamber Serwerimiz (sallallahu aleýhi wesellem) şeýle bir uzak wagtlap dileg edýärdi welin, onuň dileg üçin açylan elleri gaýdyp ýumulmajak ýalydy.

Bir gezek Ibni Mesud (r.a) Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) namaz okap durka üstünden barypdyr. Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) okaýan namazynyň bereketinden peýdalanmak üçin, şobada olam Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) yzynda namaza durupdyr. Wakanyň yzyny Ibni Mesudyň (r.a) hut öz agzyndan eşideliň. „Namaza durdum. Jemi iki rekagat namazdy. Ýöne, Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) okap gidip otyr. Bakara süresini okap gutardy. Men „Ind-ä rukuga egilse gerek“ diýdim. Ýöne, ol Ali Imrany okap başlady. Şol süränäm okap gutardy, ýene rukuga egler öýtdüm welin, ol Nisa süresini okamaga durdy. Şonam okap gutardy. Ind-ä rukuga egler diýsem, Maide süresini okap başlady. Şonam okap gutardy. Birinji rekatda, şu dört süräniň baryny okap çykdy. Men hatda erbet pikire-de gitdim“ Ýanyndakylar Ibni Mesuddan (r.a) soradylar. „Ol nähili erbet pikir?!“ Ol: „Namazdan aýrylaýsammykam diýip pikir etdim. Sebäbi, çydar ýaly däldi“ diýip jogap berdi.

Görşüňiz ýaly, adamlara „Allaha gulluk ediň diýýän“ Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem), başda, Allaha bolan gullugy her kimden öň özi aňrybaş berjaý edýär. Hawa, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) deňi-taýsyz adamdy. Ibni Mesud (r.a) ýaly öňde durýan sahaba-da Onuň iki rekat namazyna döz gelip bilenokdy.

Ol (sallallahu aleýhi wesellem) ömrüniň soňky günlerinde batyp barýan gün mysaly, başyny hezreti Aýşanyň (r.anha) dyzynyň üstüne goýup, perişdeler älemine gözüni dikip ýatýardy. Ony (sallallahu aleýhi wesellem) erbet ýadawlyk basýardy. Käwagtlar, Ol (sallallahu aleýhi wesellem) özünden gidýärdi. Şonda, Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) başyna bedre bilen suw serpýärdiler, ol ýene-de özüne gelip, gözlerini açýardy. Gözüni açyp-açmanka-da, „Jemagat namaz okadymy?“ diýip soraýardy. Hawa, Ol „Namaz, namaz“ diýip ýaşapdyr we „Namaz, namaz“ diýibem bakyga göç edipdir. Pygamber Serwerimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) ymmatam „Namaz, namaz“ diýýärdi. Olar hemişe namazyň pikirini edip, namazly durmuşda ýaşapdyrlar.

Ine, haýsy tarapdan alyp göreniňde-de, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) iň ajaýyp ymamdyr, iň paýhasly ýolbaşçydyr we iň adyl hem sabyrly baştutandyr.

Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) sadalyga ýugrulan durmuşy we Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) hemişe sahabalar bilen bile bolmagy, teblig we irşad wezipesiniň agramyny duýmakda ähmiýetli zatlardyr. Mesjit salynmaly bolanda, ol il bilen deňine kerpiç daşapdyr. Garym gazylmaly bolanda, ol eline külüň alyp, daş owradypdyr we öz egindeşlerine kömek edipdir. Hawa, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) „Halkyň adamsy boluň“ diýipdir. Diýeninem durmuşa geçiripdir.

Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) adamlary takwalyga çagyrypdyr. Takwalykda-da özi her kimden ozdurypdyr. Käwagtlar Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) öýünde ençeme aýlap nahar-şor etmek üçin ot ýanmazdy. Kä günlerem Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) öýünde uzanyp ýatar ýaly, düşekçe-de tapylmazdy.

Pygamber Serwerimiz (sallallahu aleýhi wesellem) haramdanam, her kimden kän gaça durýardy. Hezreti Hasan (r.a) sadaka üçin goýlan hurmalaryň birini agzyna salanda, Ol alňasap baryp, onuň agzyndaky hurmany çykarypdyr. Hezreti Hasan (r.a) şol wagtlar bäş-alty ýaşly oglanjykdy. Hernäme bolsa-da, sadaka Allah Resulyna (sallallahu aleýhi wesellem) we Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) neslini dowam edijilere haramdy.

Ýene bir gije Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) daň agarýança ýatyp bilmändir. Hezreti Aýşa (r.anha) säher bilen: „Ýa, Resulallah! Bu gije bir zatdan biynjalyk bolduňyzmy? Hiç ýatyp bilmediňiz-le?“ diýip sorapdyr. Onuň bu soragyna Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem): „Otagyň içinde bir hurma tapdym-da, agzyma saldym. Soňam, birdenkä şol hurma sadaka üçin goýlan bolaýmasyn diýip pikir etdim. Ine, şonuň üçin biynjalyk bolup otyryn“ diýip jogap beripdir. Şol hurma olaryň öz hurmalary bolmalydy. Sebäbi, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) sadaka hurmalaryny aýratyn ýerde goýýardy. Hawa, kämil musulmanyň, kämil Hak wagyzçysynyň ahlagyny düzmekde Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) şu inçeligi juda ähmiýetli mysal bolup durýar.

ä) Teblig we dileg

Ýeri gelende, Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) doga-dileg edişi barada-da agzap geçesim gelýär. Ol (sallallahu aleýhi wesellem) sahabalaryna, tutuş ymmatyna doga-dileg bilen bitewileşmegi ündeýärdi. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) „Dilegiňiz bolmasa, näme ähmiýetiňiz bar“ (Furkan 25/77) diýen aýaty adamlara ýygy-ýygydan ýatladýardy. Ol (sallallahu aleýhi wesellem) ýatanda-turanda, iýip-içende, geýinende, hajathana girmänkä we çykandan soň täret alanda... juda köp ýerde dileg edýärdi welin, dünýäde düýrmegi bilen özüni doga-dilege beren ikinji adamyny görkezmek mümkin däldi. Hawa, äden her ädiminde-de Allahy (j.j) ýatlaýan, Allaha sena edýän, her işde Allahyň (j.j) razylygyna seredýän Oňa (sallallahu aleýhi wesellem) taý gelip biljek ikinji adam ýokdur.

Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) ömri – juda seýrek gabat gelýän hem-de ybrat-nemagadan doly ömürdir. On dört asyr bäri Yslam dünýäsiniň her gatlakdaky adamsy Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) ömür ýoly bilen gyzyklanyp gelýär. Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) durmuşy uly gyzyklanma bilen häzirem öwrenilýär. Ýer togalagynda hiç kime şeýle uly abraý-mertebe nesip etmändir. Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) iýip-içişine çenli, geýnip, oturyp-turşuna çenli, gepleýiş äheňinden gep düşündiriş usulyna çenli, jemgyýetçilik hem-de syýasy tutumlaryndan döwletler arasyndaky protokol işlerine çenli – ömrüniň her bir pursaty kino lentasyna geçirilen ýaly, halkyň hakydasynda galypdyr. Bu ajaýyp ömür mömin jemgyýetiniň dowamatynyň girewi bolupdyr.

Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) ömür zynjyrynyň her bir halkasy Allatagala bilen baglanylgydyr. Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) ömründe Allah bilen baglanmaýan, Allahdan üzňe ýekeje-de boş halka ýokdur. Şonuň üçinem, Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) ahlagy sahabalara biçak täsir edipdir.

Hawa, dini durmuşda ýaşamagyň inçe syrlaryny sahabalar Pygamberimizden (sallallahu aleýhi wesellem) öwrenipdirler. Sebäbi, olar öz halypalary – Pygamber Serwerimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) ýoluna uýupdyrlar.

„Eý, iman edenler! Allahdan gorkmalysy ýaly gorkuň-da, günä işlerden gaça duruň” diýen aýat inensoň, sahabalar iýmekden-içmekden kesilipdirler. Allahyň beýikliginiň ýanynda Allahdan nädip gorkmalyka?! Edil şu aýatyň yzyndan şeýle diýilýär: „Siz diňe musulman bolup ölüp gidiň!” (Ali Imran 3/102). Bu aýat bolsa, Allahdan gorkman, musulman bolup dünýeden gaýdyp bolmajakdygyna yşarat edýär. Şol sebäpden, sahabalar öýden çykman başlapdyrlar. Olar diňe namaz wagtlary mesjide barypdyrlar. Namaz okalyp bolnansoňam, derrew her kim öýüne ýumlugyp, özüni ybadata beripdir. Sahabalar şeýdip uzakly gün ybadat edip geçiripdirler. Bäş-on gün geçensoň, olaryň ýüzünde gan-pet galmandyr, olar horlanyp, çöp ýaly bolupdyr. Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) hem bu zatlardan habary bar eken. Emma, ol sahabalaryň näme sebäpden beýle üýtgänine düşünip bilmändir. Sahabalaram Pygamberimize (sallallahu aleýhi wesellem) hiç zat aýtmandyrlar. Olar aýatdaky buýruga garşy gitmekden gorkýardylar. Ahyry ýene bir aýat inipdir. Şol aýatda: „Allahdan güýjüňiz ýetişiçe gorkuň!” (Tegabun, 64/16) diýilýärdi. Şu aýat inensoň, sahabalaryň ýüregi birneme düşüşipdir. Ine, sahabalar Allahyň aýatlarynyň öňünde şeýle berk durýardylar. Olar göýä Kuranyň aýatlary bilen ýugrulan ýalydylar. Sebäbi, olaryň halypasy – Pygamberimizdi (sallallahu aleýhi wesellem). Aslynda, şu gözel ahlak has soňlaram, iküç asyrlap öz güýjüni ýitirmändir.

Şunam berk bellemek gerek! Sahabalar Yslam dininiň iň inçe taraplarynam durmuşa geçiripdirler. Yslam dinine düşünmegiň hem-de ony durmuşa geçirmegiň ýollary sahaba duýgurlygy bilen öwrenilmese, onda teblig we irşad wezipesini gyşarnyksyz, anjaýyn ýerine ýetirip bolmaz.

Edil beýleki meseleler ýaly, teblig wezipesi hem aýratyn bir mesele hökmünde öwrenilip bilner. Ýöne beýleki meselelerden tapawutlylykda, teblig meselesinde şerte baglylyk bardyr. Bu wezipäni durmuş bilen ugtaşyklykda ýöretmeli. Başda şu wezipä laýyk ahlaga eýe bolmaly. Soň, wezipäniň jogapkärçiligi duýulmaly. Düşündirilýän hakykatlary hyýaly pikirler bilen bulaşdyrmaly däldir. Galyberse-de, şuňa meňzeş köp meselelerde, on dört asyr bäri öz ýaşan durmuşlary bilen biziň ýolumyza ýagty saçýan nurly şahsyýetlerem şol bir ýoly yzarlapdyrlar. Allatagala-da olary, ak ýürekden yhlas edendikleri üçin, üstünlige eltipdir. Biziňem edil eždatlarymyz ýaly, üstünlige ýetesimiz gelýän bolsa, onda hökman olaryň ýoluna eýermelidiris. Ine, hezreti Omardan (r.a) bir mysal. Ol gursagyndan hanjar urlup, düşekde özüni bilmän ýatyrdy. Elbetde, ol hiç zat iýip-içenokdy. Oňa hyzmat edýän sahabalaryň biri: „Ýa, Omar! Iýesiň gelýän zadyň barmy?” diýip soranda, hezreti Omar (r.a) gözüni ümläp: „Ýok” diýýärdi. Onuň dodagyny gymyldatmaga-da ysgyny ýokdy. Soň, ýaňky sahaba hezreti Omaryň (r.a) gulagyna eglip: „Omar! Namaz wagty boldy” diýende, özüni bilmän ýatan adam birdenkä dikelipdir we „Namazym” diýipdir. Sebäbi, ol Pygamberimizden (sallallahu aleýhi wesellem) görenini edýärdi. Hawa, şol beýik ynsan namaz okap durka pyçaklanypdy we ol „Namaz, namaz” diýibem bakyga göçüpdir.

Bu mesele barada möminleriň enesi hezreti Aýşadan (r.anha) ýene bir mysal getiresim gelýär. Bir gün ol aglap durka, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) ondan näme üçin aglaýanyny sorapdyr. Hezreti Aýşa „Dowzah ýadyma düşdi. Şonuň üçin agladym” diýip jogap beripdir. Ol zenan näme üçin aglaýardy? Sebäbi, ol her gije Pygamberimiziňem (sallallahu aleýhi wesellem) şeýdip aglanyny görüpdi. Hawa, Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) ony şeýle ahlaga ýugrupdyr. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) ony şeýdip terbiýeläpdir.

Bu ýerde, esasy mesele diňe namazyň ähmiýetini düşündirmek däl. Olar namaza nähili ähmiýet beren bolsalar, diniň beýleki buýruklaryna-da şeýdip ähmiýet beripdirler. Sebäbi, olaram edil Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) ýaly, teblig wezipesini ýöredýärdiler. Diýmek, biz dini edil Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) ýaly, sahabalar ýaly özümize siňdirmelidiris. Şonda, teblig has täsirli bolar.

Onsoňam, teblig we irşad wezipesiniň kynçylygy bizi hiç haçan beýleki amallary berjaý etmekden alyp galmaly däldir. Gaýtam, tersine, şu wezipe bizi has ruhlandyrmaly we biz adamlara gürrüň berýän zatlarymyzy öňürti bilen özümiz durmuşa geçirmäge höwesek bolmalydyrys. Ýüregimiz şu wezipe diýip atygsap durmalydyr. Hawa, adamyň edýäni bilen aýdýany ters gelýän bolsa, onda ol gaty ýalňyşýar. Bu – adamyň öz abraýyny özi weýran etdigi bolýar. Ine, Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) durmuşyna ser salyp görüň. Aladasy känem bolsa, Ol (sallallahu aleýhi wesellem) diniň buýruklaryny berjaý etmekde hiç hili kemçilik goýbermändir. Ol (sallallahu aleýhi wesellem ) ýigrimi üç ýyla barabar gysga wagtda ägirt uly döwleti esaslandyrypdyr. Şol bir wagtyň özünde ymmatynyň her bir adamsy bilen ýakyndan gatnaşyk saklapdyr. Şu işleriň ýanyndan öz maşgalasynam ýatdan çykarman, maşgala agzalarynyň hersiniň meseleleri bilen gyzyklanypdyr. Şunça işi bolanam bolsa, Ol (sallallahu aleýhi wesellem) amallarynda ýekeje gezegem ýöwsellemändir. Hatda, üstünlige eýe bolanda ýa-da ýeňiş gazananynda-da, Allatagala Oňa (sallallahu aleýhi wesellem) öňküsindenem köp istigfar hem dileg etmegi buýrupdyr. Olam (sallallahu aleýhi wesellem) asla Rebbiniň diýeninden çykmandyr.

Hezreti Ebu Bekir (r.a) Irtidat (yslam dininden çykmak) wakalaryna garşy aldym-berdimli söweş alyp baranynda-da, gije-gündiz gaýgy-endişeden ýaňa kellesi ýarylara gelende-de, asla gijeki namazlaryny goýmandyr. Ol gözýaş döküp Kuran okamagy asla taşlamandyr.

Hezreti Omar (r.a) Wizantiýa hem-de Sasani imperatorlygyny syndyrypdy. Ýöne, ol öz nebsini syndyrmakdanam gaýdan däldir.

Hezreti Osman (r.a) pitneçileriň garşysyna göreşýän wagtam, nepil orazalaryny tutýardy. Teşnelik bilen Kuran okaýardy. Ol Kuran okap durka, şehit bolupdy. Şol gün onuň agzam bekli eken. Çekgesinden syrygyp akýan gan onuň okap oturan Kuranynyň syhypalarynda edebilik möhür bolup galypdy. Onsoňam, ganyň üstüne daman aýaty hem juda geň. Şol aýat hezreti Omara (r.a): „Allah saňa ýeter” diýýän ýalydy.

Hezreti Aly (r.a) söweş meýdanlarynyň Haýdary Kerrarydy. Bu diýmek – gaç-kowdy tilsimi bilen söweşýän ýolbars diýmekdir. Ýöne, ol bütin gijäni diýen ýaly, namazlykda geçirýärdi. Azanyň sesini eşidende, onuň ýüzi saralyp-solardy we ol ysytma tutan ýaly titrärdi. Ine, şu beýik adamlaryň bary hiç hili kemçilik goýbermezden, irşad wezipesini ýerine ýetirýärdiler.

Hawa, teblig we irşad wezipesini ýerine ýetirýän adam, haýsy ýaşda, haýsy kärde bolanda-da, hökman diliniň gürleýänini etmelidir we akýürekli bolmalydyr. Bu adam mesjidiň ymamam ýa-da wagyzçysam, mekdebiň mugallymam, uniwersitetiň bilim işgärem bolup biler. Edil şonuň ýaly, ol adam fabrigiň işgärem ýa-da mekdebiň okuwçysam bolup biler. Her kim jemgyýetdäki ornuna görä, öz jogapkärçiligini duýmalydyr. Her kim şu borjy birkemsiz berjaý etmelidir.

Irşad we teblig wezipesini ýerine ýetirmek nähili wajyp bolsa, Hak wagyzçysynyň akýürekli, päk adam bolmagam edil şonuň ýaly wajypdyr. Akýürekliligiň iň aýdyň alamaty – Hak wagyzçysynyň agzyndan çykýan her bir sözüni öz wyždanynyň çuňluklarynda eşidip bilmegidir we şol sözleri ussatlyk bilen durmuşyna siňdirmegidir. Yhlasa hem-de amala ten bermeýän teblig, nähili belent sepgitlere ýetse-de, kemter gaýdýandyr. Şeýle tebligiň ýa hiç hili täsiri ýokdur, bolsa-da, wagtlaýyndyr.

Ýene-de, şu wezipäniň ahyrete degişli tarapam bardyr. Olam – Allatagalanyň gazabydyr. Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) bu barada bize şeýle diýýär: „Magraç gijesi bir jemagata duşdum. Olaryň dodaklary otly gaýçylar bilen gyrkylýardy. Olardan „Kim bolarsyňyz? ” diýip soradym. Maňa şeýle jogap berdiler: „Biz dünýädekäk, adamlary ýagşylyga çagyryp, özümiz ýagşy işler etmezdik. Ýamanlyga garşy durubam, özümiz ýaman işler ederdik”. Hawa, görşüňiz ýaly, bar zat gözümiziň alnynda. Adamlara hakykaty düşündirip, özüni ýatdan çykaran hem-de halka wagyz edýänlerini özi etmeýän adamyň gözgyny haly şudur. Häzirki gün biz dialektiki pikir ýöredýänlere däl-de, bilýänini hem-de aýdýanyny özi edýän adamlara mätäçdiris. Hawa, ýagty ertirimizi diňe şular dikeldip biler. Kitaplary ýük edinip göterýänler ýa-da gije-gündiz agzynda aş gatykladýanlar halka bähbitli işleriň başyna baryp bilmezler. Osmanly döwleti agdarylanda, ýurduň kitaphanalarynda ýüz müňlerçe kitap bardy. Emma, şol kitaplar döwletiň agdarylmagynyň öňüni alyp bilmedi. Şol kitaphanalardaky kitaplar bilen, bir adamyň beýnisine ýazylan maglumatlaryň agramynyň arasynda hiç hili tapawut ýokdur. Esasy zat, adamyň bilýäni bilen amal etmegidir.

Ýene bir hadysda bu barada Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) şeýle diýýär: „ Ymmatym üçin iň gorkýan zadym alymlaryň ýoldan çykmagydyr, münapyklaryňam gozgalaň turuzmagydyr” Hawa, alym adam ikiýüzli bolsa, münapygam aldaw-hile hem-de dialektika bilen daşyndakylary aldasa, ana, şonda iş-işden geçdigi bolar.

Hak wagyzçysy bu sanalyp geçilen maddalara juda ähmiýet bermelidir. Gynansak-da, irşad wezipesinde muny gözden salýarys. Allatagalanyň (j.j) bize nähili ýakynlygy barada oýlanmak üçin, şu zatlary ýatlap geçmegiň peýdasy örän uludyr.