Teblig dowamly bolmaly

Teblig dowamly bolmaly

„Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesi tutanýerliligi we dowamlylygy talap edýär. Aýatda şeýle diýilýär: „Siz adamlar üçin döredilen, ýagşylygy ýaýýan, ýamanlyga garşy durýan, Allaha ynanýan haýyrly ymmatsyňyz.” (Ali Imran, 3/110)

Şu aýatdaky geçýän sözleriň üstünde durup geçeliň. „Küntüm” diýen aňlatma „Bolduňyz” diýen manyny aňladýar. Aýatda „Şeýlediňiz” diýilmän, „Bolduňyz” diýen manyny aňladýan sözüň gelmegi ýöne ýerden däldir. Diýmek, bu ýerde „Keýnunetden” (soň şu ýagdaýa gelmek) söz açylýar. Ýagny, bu „Siz öň beýle däldiňiz, soň şu ýagdaýa geldiňiz” diýmekdir. Galyberse-de, ezeli bar bolan bir zat ýitmeýär. Emma, soň ornaşan zatlar ýitip bilýär. Diýmek, şeýle ýagdaýyň saklanmagy şu ýagdaýy dörediji şertlere bagly bolup durýar.

„Siz ymmatlaryň iň haýyrlysy bolduňyz”. Şu ýerdäki „bolşuň” soň dörändigi mese-mälimdir. Şol sebäpden, soň gazanylan zadyň elden gitmegem ahmaldyr. Haýyrly bolmak biziň zannymyzda, aslyýetimizde ýokdur. Biziň aslyýetmiz bilen Moskwada ýa-da dünýäniň islendik ýerinde ýaşaýan adamyň aslyýetiniň arasynda hiç hili tapawut ýokdur. Biziň barymyz bir damja suwdan ýaradylypdyrys. Emma, biziň ruhy ýaşaýşymyza täsir edýän wagtlaýyn bir faktor bardyr. Anha, şol faktoram bizi beýleki ynsanlardan tapawutlandyrýar. Biz diýenimde, tutuş musulman ymmatyny göz öňünde tutýaryn. Bu ymmata haýyrly bolmak ezelde berilmändir. Haýyrly bolmaklyga şu ymmat soňundan ýetipdir we şu gözel ahlak ondan aýrylybam bilýär. Käbir şertler bolupdyr. Musulman ymmaty şol şertleri berjaý edipdir we haýyrly ymmata öwrülipdir. Bu ymmatyň edil şu wagt haýyrly bolmagy, onuň gelejekde-de haýyrly boljagyny görkezmeýär. Eger-de şu ymmat özüni haýyrly ymmata öwürýän şertlerden daşlaşsa, onda ol özüniň ýeten derejesini elden giderer.

Allatagala bir ymmaty haýyrly etjek bolsa, birinjiden, „Siz „Emri bil magruf, nehýi anil münkerdir” wezipesini berjaý etseňiz, haýyrly bolarsyňyz” diýipdir. Ine, ýokarda agzalan aýatyň manysynyň tersini alyp göreliň. Şu ýerde „Eger-de siz „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini berjaý etmeseňiz, adamlaryň iň erbedi bolarsyňyz” diýen manynam getirip çykarsa bolýar. Pygamberimizden (sallallahu aleýhi wesellem) rowaýat edilen birnäçe hadyslar hem-de sahabalar bilen baglanyşykly bolup geçen wakalar şu pikiriň dogrulygyny tassyklaýar. Mysal üçin, biziň milletimiziň atynyň üzeňňisini ogşamagy beýleki halklar özüne abraý-mertebe saýypdyrlar. Biz şu mertebä „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini dowam etmek bilen ýetipdiris. Haçan-da biz şu wezipäni terk edenimizde bolsa, beýleki halklaryň arasynda abraýdan gaçypdyrys.

Hawa, şu wezipe berjaý edilmäni üçin, wahýyň bereketi kesilýär, pikirler ýerliksiz, zehinler kemter bolýar... aýdylan her bir söz gury owaz bolýar. Owadan sözler aýdylýar. Emma, şol sözleriň arasynda tejribä geçirip boljak ýekeje-de söz tapmarsyň. Ine, bularyň bary wahýyň bereketiniň kesilmeginiň alamatlarydyr. Onsoňam, oý-pikirlerde we düşünjelerde ylham ýok bolsa, islendik tehniki hem medeniýet ugurlarda-da çökgünlik başlaýar. Aslynda, şu gün her ugurda özgä mätäç hem-de hemişe kimdir birine elgarama bolmak – wahýyň bereketinden mahrum bolan musulmanlaryň takdyrydyr. Çökgünligiň başlamagy bilen, biziň içki, ruhy dünýämizdäki ýumrulyşlaryň başlamagy şol bir wagta gabat gelýär.

Biz meseläniň şu tarapyny kitapyň soňky bölümlerinde has içgin öwreneris. Dürli mysallar bilen bu barada aýdylyp geçiler. Häzir bolsa, aýatda agzalýan hakykatlary birin-birin ýatlap geçeliň. „Siz adamlar üçin döredilen, ýagşylygy ýaýýan, ýamanlyga garşy durýan haýyrly ymmatsyňyz” diýen aýat „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesiniň dowamly alnyp barylmalydygyny nygtaýar. Ýene bir hadysda şeýle diýilýär: „Sizden kimdir biri münker görse, şony eli bilen düzetsin. Güýji ýetmese, dili bilen düzetsin. Oňa-da güýji ýetmese, çyn ýüregi bilen ony ýekirsin. Şeýtmek imanyň iň aşaky mertebesidir”

Münker – Yslam dininde erbet hasaplanýan zatlardyr. Şonuň üçin, bir musulman adamyň Yslam dininde erbet hasaplanýan zatlara gabat gelende, birinji etmeli işi, şol münkeri düzetmek ýa-da üýtgetmekdir. Düzetmek işiniň netijesi münkeriň ululygyna-kiçiligine baglylykda üýtgäp bilýär. Bu ýerde esasy zat, musulman adamyň şol münkeri düzetjek bolup yhlas etmegidir. Musulman adam juda ýanbermezek bolmalydyr. Onuň etmeli işi – ilkibaşdan mümkingadar şol münkeri eli bilen düzetmäge çalyşmakdyr. Eger-de onuň eli bilen düzetmäge güýji-gurbaty ýetmese, onda ýa-ha söz bilen ýa galam bilen, dili bilen göreşmelidir. Muňa-da mümkinçilik ýok bolsa, çyn ýüregi bilen şol münkeri ýekirmelidir. Imanyň iň pes derejesi-de soňky amaldyr. Şol iň soňkuja göreşem ýerine ýetirilmeýän bolsa, onda iman hakda asla söz açmagam gerek däldir. Sebäbi, bir münkere ýol berýän adam, imandan binesip hasaplanypdyr.

Ýürekden ýekirmeklik diýlende, şeýle düşünmelidir: Bir adam kimdir birini ýürekden ýigrenýän bolsa, ol adam bilen bir ýerde oturmajak bolup, elinde baryny edýär. Adam özüniň halamaýan adamsy bilen hiç hili pikir alyşmaz ýa-da sözleşmez. Sebäbi, söýgi bilen ýigrenç islendik ýürekde-de birwagtda ornap bilmeýär. Adam ýekirýän adamsyny özüne golaý hasaplamaýar. Ine, münkeri ýekirýän musulman adam şeýtmek bilen, özüniň ruhy dünýäsini erbetlikden goraýar. Emma, diňe şunuň bilen çäklenmek – musulman adamdan garaşylýan hyjuwyň ählisi däldir. Ýürekden ýekirlenden soň, hökman el hem-de dil bilen ediljek işler amala aşyrylmalydyr. Ýürekde zerre ýalyjak ýigrenjiň bolmagy-da, münkeriň münkerdigine ynanmaklygyň alamatydyr.

Yslam dininde halanmaýan zady hiç bir musulman adamam halap bilmez. Mömin adam münkeriň deňinden ümsüm geçip bilmez. Şonuň üçin, musulman adam hemişe ruhy joşgunlylygyny aýap saklamalydyr. Aýatda hem-de agzap geçilen hadysda-da şeýtmek maslahat berilýär.

Netijede, şeýle diýse bolar: Mömin kimdir biri bilen gatnaşygyny hem-de ýakynlygyny, ol adamyň Allatagala bilen gatnaşygy esasynda düzýär. Ol Allahdan daş düşen adamlar bilen çyn dost bolup bilmez. Munuň iň ýönekeý alamaty – münkeri ýürekden ýekirmekdir. Ine, ýürekdäki şol ýigrenç dowamly bolmalydyr.

Tereziniň bir gapdalynda Allaha hem-de Resulallaha (sallallahu aleýhi wesellem) bolan söýgi, beýleki gapdalynda, bize ýakynam bolsa, Allahdan daş adamlara bolan söýgi bar bolsa, hiç hili ikirjiňlenmän, Allaha hem-de Resulallaha (sallallahu aleýhi wesellem) bolan söýginiň agramyny kalbymyzda duýmalydyrys. Sahabalaram şeýdipdir. Bu ýerde mesele diňe söýgi bilen çäklenmeýär. „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini berjaý edip, hakykat bar zatdan ýokarda goýulmaly we eliň ýeten ýerinde eliňden, diliň ýeten ýerlerinde-de diliňden peýdalanmalydyr. Bularyň ýok ýerinde, bolmanda, münkeri ýürekden ýigrenmek gerek. Eger-de kimdir birine bolan söýgi, Allah hem-de Resulallaha (sallallahu aleýhi wesellem) bolan söýgä ters gelýän bolsa, onda ol söýgi ynsany hemişe ýamanlygyň üstünden elter.

Meseläniň başga tarapy bolsa, „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini dowamly ýöretmek şol bir wagtyň özünde döwletiň-de jogapkärçilikleriniň biridir.

Döwlet – ýamanlygy eli bilen düzetmäge mümkinçiligi bolan häkimiýetdir. Döwletiň zynany, alkogolizmi, humar oýunlaryny, süýthorlygy we dürli münker işleri el bilen düzetmäge güýji ýetýär. Adamyň eliniň ýetmeýän ýa-da ýetip bilmeýän ýerlerine, döwletiň eli kynçylyksyz ýetip bilýär. Bir adam zyna edýän, alkogolly içgileri içýän ýa-da humar oýnuny oýnaýan adama jeza berip bilmez. Şeýle wezipe döwlet tarapyndan ýerine ýetirilmelidir. Adam öz eli bilen kimdir birini münkerden daşlaşdyryp bilmez. Adamyň eliniň ýetip biljek örüsi ýokarda agzalyp geçildi.

Bu ýerden şeýle netije çykarsa bolar: „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesiniň döwlete degişli çägi bardyr. Anha, şol çäkde diňe döwletiň sözi ýöreýär. Adam ol ýere aralaşyp bilmeýär. Adamlaryň başga-da özlerine degişli çägi bardyr. Olam – adamyň şu wezipäni dil bilen ýerine ýetirýän hem-de münkeri ýürekden ýekirýän çägidir. Mysal üçin, zynanyň, ogrulygyň, süýthorlygyň, parahorlygyň erbetdigini düşündirip, şeýle zyýanly endikleriň jemgyýetde ýaýramagynyň öňüni almak üçin yhlas etmek – her kimiň jemgyýetçilik borjudyr.

Diýmek, el bilen göreşmäge, esasan, döwlet adamsy üns bermelidir. Dil bilen göreşmäge-de musulmanlaryň bary ähmiýet bermelidir. Emma, şu wezipe beýlekilere garanyňda, esasan, halkyň sowatly gatlagyna degişli bolup durýar. Üçünji derejedäkiler bolsa, ýürekden ýigrenip oňýanlardyr.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr