Teblig iň gymmatly sowgatdyr

Teblig iň gymmatly sowgatdyr

Teblig wezipesini sowgada meňzedesim gelýär. Siz ýakyn garyndaşlaryňyza toýdur-baýramlarda ýa-da olaryň doglan günlerinde sowgat eltýärsiňiz. Sowgat eltmezden ozal, „Nähili sowgat eltsemkäm?” diýip kelle döwmeli bolýar. Her kimem sowgat eltip bilýär. Beýtmek, gowy endikdir. Sebäbi, siz kimdir birine sowgat eltmek bilen, ol adamyň gerek zadyny alyp berýärsiňiz. Biz jemgyýetçilik durmuşynda adamlar bilen bile ýaşap, bir ýoly bileje geçýäris. Olar bilen nähili gürleşmeli diýlen meselede, bolmanda, sowgat saýlananda kelle döwlüşi ýaly, ünsli bolmaly. Şonda, siz olara iň mätäç bolan zatlaryny hödürläp bilersiňiz.

Bir zady berk bellemek gerek! Häzirki döwrüň adamsy iki agyz hoş söze we nesihata mätäçdir. Häzirki döwrüň iň gymmatly sowgady bolsa „Emri bil magruf, nehýi anil münkerdir”. Şol sebäpden, şu wezipäni birkemsiz berjaý etmek üçin, başdan gürrüňdeş bolýan adamymyzy ýa-da adamlarymyzy has oňat tanamak gerek. Biz, başdan, olaryň nämä mätäçlik çekýänini bilmeli. Ýogsam, kimdir birine göwresine laýyk gelmäýän hem-de oňa hoş ýakmaýan eginbaş geýdiren ýaly bolar. Şol eginbaş ýüpekden don bolanynda näme, eger-de ol şony halamasa? Şeýle halda, edilýän iş ýagşylygam bolsa, ýaman netije berip bilýär. Dürli ideologiki hem-de düşünje çaknyşyklaryna sezewar bolan bir adamyň pikirlerini arçaman, ony göge çykarmagyň peýdasy bolmaz. Ýüregi gurum baglan adamyň köňül aýnasynda ýyldyzlar nädip öwşün atyp bilsin?! Şu sebäpden, islendik bir adamyň dünýäsine golaýlaşmak üçin, ol adamyň gowzan ýerlerini anyklamaly. Ine, şonda aýdylan her bir söz oňa täsir edip, ony heýjana salar we ol özüni tapar.

Kä pursatlarda, ýürekden gaýdýan duýguly sözler ol adamyň özüne gelmegine sebäp bolup bilýär. Elbetde, bir adamy özüne getirip biljek şol agydan, şol güzaply pygandan ýa-da birki agyz sözden has gymmatly sowgat bolup bilermi? Bu şeýle bir agy ýa-da sözdür welin, adamy ýalňyş ýoldan saklap, dogry ýola salyp bilýär. Erbetlikden gowulyga iteren, adama ýagşylyga barýan ýoly açyp beren şol sowgat „Emri bil magruf, nehýi anil münkeriň” hut özüdir. Meniň pikirimçe sowgatlaryň iň gymmatlysy şudur.

Buhary hem Müslim, ikisem şu hadysy rowaýat edýärler:

Haýber gabawy ençeme günläp dowam edýär. Ýagdaý öwerlik däl. Haýberiň ýahudylary bar güýçleri bilen gaýtawul berýärdiler. Bir gün Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem): „Ertir baýdagy bir adama berjek! Ol adam Allahy hem-de Resulyny, Allah hem-de Resuly bolsa ony söýýändir” diýdi. Bu sözler sahabalar üçin söýünjileriň iň ulusydy. Her kim şu derejä eýe bolmagy arzuw edýärdi. Hawa, olar musulman doganlaryny islendik ýagdaýda özünden ileri tutup bilýärdiler. Mysal üçin, olar soňky demde hem-de suwsuz ölüp barýan wagtlary, bir owurt suwy içjek bolup durkalar, ýanynda ýatan musulman dogany „Suw” diýip gygyrsa, suwy içmän oňa berip bilýärler. Olar malyny, mülküni, bar zadyny musulman doganyna gözüni gyrpman bagş edip bilýär. Emma, şol gün aýdylan söz Allahyň hem-de Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) söýgüsini gazanyp bolýanyny görkezýärdi. Elbetde, her kim şu derejäni diňe özüne rowa görerdi.

Gepiň gysgasy, her kim şol derejäniň özüne nesip etmegini isleýärdi. Hatda hezreti Omar (r.a) ýaly beýik şahsyýet bu barada şeýle diýipdir: „Hiç hili wezipä kowalaşan ýerim bolmady. Meni şeýle wezipä bellesediler diýip öz ýanymdan pikir öwren ýerimem bolan däldir. Emma, diňe şol gije, o baýdagyň maňa berilmegini çyn ýüregimden isläpdim. Sebäbi, ol baýdaga eýe bolan adam Allahyň hem Resulynyň söýgüsine mynasyp boljakdy” Sahabalar gijesi bilen çirim etmän çykypdyr. Her kim baýdak hakda oýlanypdyr. Ertesi gün, ertir namazyndan soň şol baýdak eýesine gowşurylýany üçin, bar kişi öňki hatarda durmaga çalşypdyr. Namazdan soň, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) jemagata tarap ýüzüni öwreninde, sahabalaryň bary Iki jahan serwerine (sallallahu aleýhi wesellem) seredipdir. Olar Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) diýjek sözüne garaşypdyrlar. Hawa, sähel salymdan şol mübärek dodaklar gymyldap, şol jennet ysly agyzdan ýekeje at çykmalydy. Bar kişi ol ada garaşýardy. Sähel salymdan dünýäniň iň bagtly adamsynyň ady eşidilmelidi. Adamlar tolgunyşyp durdular. Ahyry Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) pessaý sesi bilen: „Aly nirede?” diýdi.

Indi, her kim bilýärdi. Şol bagtly adam hezreti Alydy (r.a). Emma, ýene bir çykalga bolup bilmezmidi?! Gözünde erbet agyry bar bolany üçin hezreti Aly (r.a) kesel ýatyr ahyry. Adamlaryň ýüregi umytdan püre-pür doldy. „Hanha, ol şol taýda kesel ýatyr, eý, Allahyň Resuly” diýişdiler. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) bolsa hezreti Alyny (r.a) ýanyna çagyrdy. Ol mübärek barmaklaryny agzyna degrip, hezreti Alynyň (r.a) gözüne ýapdy. Hezreti Alynyň (r.a) gözündäki agyry zym uçan ýaly boldy. Soň, ol galan ömrüne şeýle agyryny görmedi.

Hawa, ahyry baýdak özüniň bagtly eýesine gowşupdy. Hezreti Aly (r.a) baýdagy eline alyp, Haýbere bakan ýöräp başlady. Birdenkä, ol durdy-da, Allahyň Resulyna (r.a): „Eý, Allahyň Resuly! Olar bilen nädip söweşeýin? Olara näme diýeýin?” diýdi. Iki jahan Serweri (sallallahu aleýhi wesellem) oňa şeýle jogap berdi: „Araçäkden geçýänçäň, ätiýajy elden berme (derrew söweşe girişme). Soň, olary musulman dinine çagyr. Eger-de musulman dinine geçseler, olaryň öz mallaryny hem-de janlaryny goradygy bolar. Ahyrete degişli hak-hukulary bolsa, Allahyň öz işidir. Ýa, Aly! Allahdan ant içýärin. Sen sebäpli kimdir biriniň dogry ýola girmegi, ýer ýüzini dolduryp duran, ýüňi gyzyl öwüsýän düýeleri Allah ýolunda bagş edeniňden has haýyrlydyr.”

Şol günden soň, Yslam goşuny haçan hem nirede çozuşa geçjek bolaýanynda-da, her bir esger Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) şu sözlerini eşiden ýaly bolýar-da, şu buýruk boýunça hereket etmegi özüne borç hasaplapdyr.

Öňki döwürlerde, bir tarapdan şu we şuňa meňzeş hadyslar, beýleki tarapdanam, Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) tälimleri göz öňünde tutulyp „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesiniň nähili alnyp barylmalydygy meýilleşdirlipdir. Başgaça aýdanyňda, islendik bir ýeriň halky irşad ediljek (hak, dogry ýoly görkezmek) bolsa, ol ýere goşundan öň irşad topary girýär. Irşad toparlary hakykaty düşündirip, jemgyýetde musulmançylyga garşy ýakymly howany döredýärler. Eger-de şu ýol bilen Yslam dinini ýaýmaga mümkinçilik bar bolsa, ol taýy basyp alynmazdan Yslam ýurdy hasaplanypdyr. Eger-de garşydaşlar aýak diräp, Yslam dininiň ýaýylmagyna päsgel berjek bolsalar, onda söweşmeli bolýar. Söweşilende-de, ýokarda agzalyp geçilen ygtyýarlardan öte geçilmeýär. Başda olara Yslam dini düşündirilýär. Sebäbi, olar kimdir birine dogry ýoly görkezmegiň ýer ýüzüni dolduryp duran ýüňi gyzyl öwüsýän düýeleri Allahyň ýoluna bagş etmekden has haýyrlydygyny bilýärdiler.

Hawa, netijede bir musulmanyň adamzada berip biljek iň gymmat sowgady, ýokarda-da agzap geçişim ýaly, „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini ýerine ýetirmegidir. Hawa, islendik şert ýa-da ýer bolanda-da hoşniýetliligi elden bärmän, deňagramlylygy saklap, arman-irmän şu wezipäni ýerine ýetirmek – sowgatlaryň iň ulusy hem-de iň gymmatlysydyr.