Dürli meseleler

1. Wyždan we fytrat (ýaradylyş) asla ýalan sözlemez. Fytraty bozulmadyk bir kişiniň wyždany Rabbyny tapar we tanar:

Barlygyň tebigatynda bolan wasp we aýratynlyklar ynsany aldatmaz. Meselem, dünýä “Aýlanýaryn” diýýän bolsa, aýlanýandyr. Tohum: “Meni topraga atyň, şertler dörände ülüş çykaryp, agaç bolaryn, miwe bererin” diýýän bolsa, aýdyşy ýaly eder. “Suw sowuk maňa ursa, doňaryn, buz bolaryn” diýse, diýeni bolar. Ot “ýakaryn”, dartyş güýji “howada galma, ýere pylçap uraryn”, bilbil “saýraryn”, ýylan “çakaryn” diýse, gylyny gyşartman eder. Hawa, hiç bir fytrat özüne ters zady aýtmaz.

Borjy we wyždany bilmeýän jansyz maddalar, ösümlikler we haýwanat fytratlaryna görä ýalan sözlemeýärkä, wyždany, aň-düşünjesi bolan ynsanyň fytraty ýalan sözläp bilermi? Nyzam berýän aň-düşünje öz işini ýerine ýetirse, wyždanam fytratyna laýyk funksiýasyny berjaý eder. Zehine, aň-düşünjä, duýgulara many gazandyrýan gudratly bir hazyna bolan wyždanyň möhüm elementi – kalp we ruhdur. Hawa, fytraty bozulmadyk bir kişiniň aň-düşünjesem öz wezipesini eda edýän bolsa, onda ol ynsan kitaplary we älem-jahanyň sahypalaryna ýazylan delilleri okamasa-da, bir uly akyldaryň aýdyşy ýaly, onuň wyždany syzyp-duýmak arkaly Rabbyny taparam, tanaram. Ruhy hasaba alman, wyždany näbelli bir güýçdür öýtmek wyždansyzlyk we ruhsuzlyk bolar.

2. Ynsany haýwanlardan tapawutlandyrýan aýratynlyklardan birem ruhuň wagta akyl ýetirmegidir:

Ynsany haýwanlardan tapawutlandyrýan birgiden aýratynlyklardan birem onuň wakalary geçmiş hem gelejek bilen baglanyşdyrmagydyr. Haýwan diňe häzirki zamanyň, şu pursatyň lezzeti bilen ýaşar we keýplener. Ol geçmişe degişli zatlardan täsirlenmeýşi ýaly, geljegiňem gaýgysyny etmez. Alada galmak, endişelenmek, begenmek, umyt etmek we planlaşdyrmak ýaly aýratynlyklaram onda ýokdur. Birini urmak niýeti bilenem, eger ony aldamasaňyz bir gyra çykaryp bilmersiňiz. Haýwanlar bolsa, burnunyň öňündäki ölümem duýmaz. Eger damagynyň çalynjagyny bilsedi, heý, gassabyň agylynda mal durarmydy? Haýwana hiç zat buýrulmandygy üçin, ahyretde toprak bolar gider. Diýmek, ynsan maddy öýjükleri tarapdan haýwana meňzese-de, bu iki barlygyň arasynda wyždan, akyl, aň-düşünje we paýhas ýaly ähmiýetli parh bardyr. Şonuň ýaly-da bakylyk düşünjesi, ebedilik arzuwy, ýok bolup gitmek endişesi we zamanlara akyl ýetirmegi, geçmişden täsirlenip, geljege bolan begenç we şübheleriň döremegi ynsana mahsus, haýwanlara ýat aýratynlykdyr.

3. Ebedilik duýgusy we arzuwy ebede laýyk ruha degişlidir:

Pany bolan madda hiç haçan bakylyk düşünjesiniň döräp biljek ýeri, gözbaşy bolmaz. Inçe simler ýokary kuwwatly elektrik akymyna çydap bilermi? Maddy älemde ynsanyň içki aýnasynda we düşünjesinde ebedi ýaşamak arzuwyny oýaryp we onda şeýle duýgynyň gönezligini atyp biljek, “şondan geldi” diýer ýaly nusga ýokdur. Onda, soňy bolan beden öýjükleriniň we älem atomlarynyň aňyrsynda başga älemleri isleýän “Pany men, pany bolany islemen,ejiz men ejiz bolany islemen; islärin, bir Ýary Baky islärin, ebedi bir älem islärin” diýen bakylyga kalby bagly we ebediligiň aşygy ruhdur.

4. Öleniňden soň bedeniň öz funksiýasyny dowam etdirmezligi ruhuň bedeni terk etmesindendir:

Ölüniň gözleri açygam bolup biler, emma görmez. Size jogap bermez. Näme üçin? Bedeniň esgerleri öýjükler nirä dargap gitdi, näme üçin beden işlemez ýagdaýa düşdi? Jogap diýseň ýönekeý. Serkerdäniň taşlap gideni, ruh güneşiniň batany we ol guşuň ten kapasasyndan halas bolup, sonsuz älemlere uçany, et-süňk öýüniň ol wagtlaýyn myhmany, zatlaryny jemläp, ötelere ýolagçylygyny dowam edeni üçin. Ruh! Ýene ruh! Bedene bakyň! Ol 60 ýyl ýaşap, soň 60 güne-de çekmän bakteriýalaryň öňünde ýeňilip, çüýräp gidýär. Aýdyň, ýyllar boýy baş gözegçilerim bolan gözlerim! Sanlyja minut bolsa-da maňa dostlarymy, kitaplarymy we güllerimi näme üçin görkezmeýärsiňiz?

5. Ölüme çäre ýokdur:

Ölüme wagtlaýyn bir dirilik reňki berilip bilner, ýagny, ölen bir adamyň ýüregini massaj etmek, elektroşok ösen tehnologiýa we täze tapylan täsirli dermanlar arkaly az salym ýaşadyp bileris. Emma bu asla ölen adamy gaýtadan diriltmek däldir. Beýle ýagdaýlarda beden ölen ýaly görünse-de, ruh ten bilen baglanşygynyň doly üzülmändigi üçin muňa ölüm bilen diriligiň arasy diýip bolar. Mysal üçin, kassetaňyzy wagz ýa-da Kur’an diňlemek üçin magnitofona goýduňyz diýeliň. Magnitofon işläp dursa-da, onuň sesini açmanyňyz üçin hiç zat eşitmeýärsiňiz. Bu ýagdaýda siz magnitofon işlemeýändir öýdersiňiz. Edil şonuň ýaly, Serwerimiziň (s.a.w.) medet beren we anyk beýanyna laýyklykda “Her hassanyň derdine çäre tapylar”, emma ruhuň ten eşigini doly çykarmagy, baglaryň doly üzülmesini aňladýan “ölüme çäre ýokdur”.

6. Ölä yzyndan goýulýan hormat çüýräp giden ten üçin edilýän däldir.

Meselä fykyh taýyndan seretjek bolsak, ruhuň mekany terk eden pursatyndan başlap, yzly-yzyna edilýän işler, ýuwmak, kepenlemek, depin etmek ýaly amallar, ukudan galmak, ylgamak, aglamak, töwerege habar bermek, dogan-garyndaşlaryň bir ýere jemlenmegi, jynaza namazynyň okalmagy, tabydyň egine mündürilip äkidilmegi... hawa, bularyň ählisi çüýräp topraga garyljak bir jeset üçin edilýärmi? Gonamçylyga zyýarat etmek, Kur’an okamak, doga-dileg etmek, möwlid okamak, yzynda galan käbir zatlaryň ýadygärlik hökmünde saklanmagy, diwara asylan suratlar, ýatladygyňça ah çekmek... bular topraga garylyp giden öýjükler üçinmi? Ynançsyzlaryň dünýälerinde-de ölenleriň mumýalanmagy, mazar daşlaryna gül goýup, baş egilmegi, bil büküp, dyza çökmek, ony wasplandyrmak... çüýräp, porsap giden beden galyndylary üçinmi?

Her dirini ähli aýratynlyklary bilen özünde jemleýän genetiki şifriň işlemegi üçin emr nireden gelýär? DNK-sy, RNK-sy bilen öýjükleriň diriligini we atomlaryň işini sazlap, tertipleşdirýän näme? Maddy sebäpler taýýarka, näme üçin şonça derňemelerden soň “Öýjüge dirilik-ruh berilmez” diýilip garşy gidilýär? Allahyň (j.j.) barlygy, öleniňden soňky diriliş we ony ýaşatjak ruh – hemmesi biri-birine bagly hakykatlar dälmi? Ruh hakykaty, dirilmek we hasap bermek düşünjesi, zalymyň jeza, mazlumyň sogap görjekdigine bolan ynanjy, şu durmuşda çagalaryň, ýaşlaryň, garrylaryň, hassalaryň we sagatlaryň, gysgaça iman getiren her ynsanyň jylawyndan çekýän, tertip-düzgüne salýan, deňagramlylyk we sagadat sebäbi dälmidir, eýsem?

Inkär edýäne ruh we hasap güni ýok bolsa, ynanjymyz üçin näme ýitirýäris, inkär edip seniň gazanjagyň näme? Imanly adamyň entek şu dünýedekä gazanany fazyletler, adamkärçilik we begenç. Seniň ol ýürek awadyjy halyňa näme diýmeli? Üstesine, hasap güni bar bolsa, onda biziň ýagdaýymyzy, öz düşjek halyňy göz öňüňe getir” diýmäge hakymyz bar dälmi?

7. Ruh näme üçin görnüp, bilinip duran edilmändir:

a. Allahyň (j.j.) Haýý adyna daýanýan, şonuň üçinem diriligiň we ýaşaýşyň esasy bolan ruh hiç bir sebäbe bagly däldir. Ol “Kün!” emri we ilahi üflenmek bilen Emr Äleminden sebäpleriň häkimlik edýän ýaly görünýän Şehadet Älemine göç eder. Ruhuň melekut jäheti bilen barlygynyň esasynda we owalynda maddy sebäp ýokdur.

b. Sebäpler we şu maddy älem owalyndaky we soňundaky bakylyk kenary arasynda bugarmaga mejbur bir damja suw hökmündedir. Wagt nukdaýnazaryndan bu älemiň gadyr-gymmaty diňe kölege, akyp duran derýadaky bir ýylpyldy we çöl üstündäki bir halkadyr. Bilip bolýan tendir. Bilinmeýäne bolsa, diňe bilinmeýän wekilçilik edip biler.

c. Görülmeýän we bilinmeýän älemlerden gelen ynsan üçin şu maddy älemde kämillik gazanmak we ýene bilinmeýäne tarap seýr-u sapar (ýolagçylyk) haly häkimdir. Onuň ýoly bilinmeýän ýöne mälim bolan bir näbellä tarapdyr. Demir ýokary gyzgynlykda eredilen wagty akyp duran, maýyşgak hala geler. Odun ýakylsa, ot we köz bolar. Suw akyp durandyr. Ol kiçijik bölek hökmünde doňup gatamagyndan başga, bugaryp görülmeýäne tarap göterler. Atomlara gelsek, maddy bölejiklerden aňyrda öňüňizden ýene energiýa çykar. Duýup, görüp bolmaýan, emma “Men bardyryn” diýýän elektrik akymyndan peýdalanmak üçin elektrik stansiýalary gurular, merkezler dörediler we sütünler dikip, simler çekiler. Ýa-da görünmeýän ruh ölümden soň, ebedi görnüp bar boljak ýeri, görünmeýän äleme gider.

8. Ruh özüniň bardygyny subut edýän deliller bilen Ýaradanyna-da delillik edip, Onuň bardygyny jar eder:

a. Beden özündäki mehanizmleri herekete getirjek we dolandyrjak bir ruha mätäç bolşy ýaly, älem-jahandaky her bir zat hem ähli barlyk älemini we ruhy ýaradyp dolandyrjak Allaha (j.j.) mätäçdir. Ynsanda bolan ähli zat älemde-de bardyr.

b. Bedende iki däl-de ýeke ruhuň bolşy ýaly, Rabbymyzam birdir, şärigi ýokdur.

c. Ruh bedeniň şu ýerinde diýip görkezip bilmeris. Ýogsa, ol bedeniň her bir ýerinde häkimdir. Ol et-süňk we wagt ölçeglerine bagly bolmany üçin bedeni terk edip islän ýerine gidip biler. Eger şeýle meňzetmek dogry bolsa, Allah Tagala-da her ýerde bardyr , emma, wagta, mekana bagly däldir.

d. Irade we gudrat taýyndan bir bilen müňüň, uzak bilen ýakynyň arasynda tapawut ýokdur. Günüň bir tegelek jam şekilinde-de, müňlerçe jam bolubam özüni görkezişi oňa mysaldyr. Jam bölekleri özünden näçe uzak bolsa-da, ol her birine özündenem has ýakyndyr. Edil şonuň ýaly, ruhuňam bir öýjük bilen trilionlarça öýjüge bir organ bilen ähli organlara ýakynlygy meňzeşdir. Edil şonuň ýaly, Rabbymyzam her bir zady edil bir zat ýaly dolandyrýar. Biz Ondan çäksiz uzakda bolsagam, Ol bize şa damarymyzdanam ýakyndyr. Üstesine ol bizi özümizden has gowy tanar.

e. Ruh bedende bolýan her bir zatdan habarlydyr we hiç bir zat ondan gizlin däldir. Edil şonuň ýaly, laýyk meňzetme bolmasa-da, her bir zat Allahyň (j.j.) ylmynda aýandyr.

f. Ýagşylyk we ýamanlyk etmekde, adam öldürmek we kalplary iman bilen dikeltmekde, haýyr we şer iş etmekde gural bolan beýniniň we organlaryň baştutanynyň ruh bolşy ýaly, haýryň we şeriň ýaradyjysy hem Allahdyr (j.j.).

Ruh ezeli we ebedidigini görkezmek bilen Baky Hak tagala delilillik eder.

g. Ruh göz bilen görülmez we onuň asyl durkam bilinmez. Edil şonuň ýaly, Allah (j.j.) hem her bir zadyň aňyrsynyň aňyrsynyň aňyrsynyň aňyrsyndadyr.

h. Ruha degişli başarnyklaryň aňyrbaş kämilligi we Şehadet Älemindäki ýüze çykmalary Hak tagalanyň at, sypat, şan we Rububiýeini (hemişe we her bir ýerde mahluga mätäç bolan zadyny bermegi, ösdürip ýetişdirmegi) akylyňa getirer.

i. Görülmegi we asyl durkuna düşünilmegi mümkin bolmany üçin, ruhuň bardygyny edýän işleri bilen tanaýarys we kabul edýäris.

9. Ölümden soň ruhuň geçjek ýollary:

a. Ynsanyň we haýwanyň ýaradylyşy, asly we aýratynlyklary taýyndan tapawutly bolany üçin ölümlerem parhlydyr. Adamzadyň ruhuny hut hezreti Ezraýylyň (a.s.) özi ýa-da onuň kömekçileri gelip alar. Haýwanlaryň ruhuny tabşyrlan perişdeler däl, Hak tagalanyň hut özi alar. Adamlaryň arasynda pygamberlere Ezraýylyň (a.s.) özi geler we köplenjem gelendigini habar berer. Meselem, hezreti Adama-da (a.s.), Musa-da (a.s.) we Serwerimize-de (s.a.w.) şeýle bolupdyr. Hatda sahyh hadysda aýdylyşyna görä, huzuryna gelip, ruhuny almak üçin Ezraýyl (a.s.) Pygamberimizden (s.a.w.) rugsat sorapdyr.

Her adama aýratyn bir perişdäniň iberilmegi hormat goýmak we mertebesini beýgeltmek üçindir. Çünki ynsan mahlukatyň içinde iň belent mertebelisi, iň kerimi we iň kämilidir. Beýle bolmagy ynsanyň keramatynyň islenmegidir. Ynsandan ýeke biri beýleki janly-jandarlaryň bir görnüşiniň ählisine deň görüler. Her bir ynsan öz takdyry bilen ýaşar. Onuň hususy depderi we 360 sany wekil bellenen perişdesi bardyr. Ynsan ähli berlen zatlary bilen birlikde bakylyga gitjek beýik ruhy hem ýanynda göterýär. Şol sebäpden öňünde uzalyp ýatan baky ýaşaýyş üçin ölýändir. Bu hususy gadyr-gymmat we netije hökmünde ruh hem Ezraýyl (a.s) ýa-da kömekçileri tarapyndan alynar.

Haýwanlar hakynda bolsa, ýokarda aýdyp geçişimiz ýaly, ýönekeý we umumy bir höküm beriler we olaryň janyny Allahyň (j.j.) özi alar. Çünki, haýwanlar ynsan ýaly kämil, akyly, aň-düşünjesi we bakylyk islegi bolan ruha eýe däldir. Olar ahyretde-de baky ýaşamazlar we ilahy adalatyň zerurlygy bilen wagtlaýyn haşr edilseler-de, jennete, jähenneme iberilmez. Diňe Ashaby Kehfiň (r.a.) kytmyry (köpegi), Salyh pygamberiň (a.s.) düýesi, Süleýmanyň (a.s.) hüthüti we Serwerimiziň (s.a.w.) direnen hurma sütüni we şuňa meňzeşler ýaly jennete girjekleri şol ýerde öz görnüşlerine wekillik eder.

Ynsan bilen haýwanyň arasyndaky bu parh şuňa meňzär: Bir ýurtda gozgalaň turuzyp, döwleti agdarmaga synanşalardan ýokary wezipelileri we derejelileri Ýokary Kazyýetde höküm çykarylyp öldürilse, ýönekeý esgerleriň diňe elinden ýaragy alynar. Haýwanat we ösümlikler üçinem ine, şunuň ýaly ýeňil we umumy höküm beriler. Emma ynsanda şeref, dereje we jogapkärçilik bolany üçin ýeke-ýeke hasaba çagyrlar.

10. Ruhlar nädip alynar?

Ynsan özüniň çäkli irade güýji bilen perişdäniň dolandyrylyşyna düşünmez. Perişdeler ruhy barlyklar bolmak bilen birlikde, wagt we mekan ölçegine girmän, şol bir wagtda müňlerçe ýerde temessül edip bilerler. Bu ýüzlerçe aýnasy bolan bir otaga giren bir kişiniň şol bir wagtda ýüzlerçe aýnada birden temessül edişi ýalydyr. Ezraýylyň (a.s.) bir wagtyň içinde köp ruhy alyp bilmegi hem şonuň ýalydyr.

Hakykatda adamy öldürýän Hak tagalanyň hut özüdir. Emma ölümiň daş görnüşindäki ýakymsyzlyk sebäpli ynsan Allah (j.j.) barada ýaramaz pikir etmesin diýip, Hak tagala Ezraýyly (a.s.) perde edipdir.

Dünýeden gidýän her adam Ezraýyl (a.s.) bilen gatnaşyga girer. Elektrik togunyň düwmesine basmak bilen müňlerçe çyranyň birden sönüşi, bir buýruk bilen müňlerçe esgeriň herekete geçişi, Günüň bir wagtda ençeme ýerde görnüşi... mysaly, ölüm pursaty gelen müňlerçe adamam bir wagtda Ezraýyla (a.s.) ruhuny tabşyrar.

11. Perişde ölüm pursatynda nähili görünýär?

Her adamyň özüne laýyk mertebesi we derejesi bardyr. Sogaby we günäsine görä, gazanan mertebesi nähili bolsa, Ezraýyl (a.s.) hem şol mertebede-de ýüzbe-ýüz bolar. Gowy adam dünýeden ötende birgiden perişde gülerýüz bilen, umytlandyryp, onuň daşyny gurşarlar. Soňra bu perişdeleriň iň hormatlysy hezreti Ezraýyl (a.s.) görüner. Ol Allahyň (j.j.) salamyny gowşurar we oňa ruhuny aljakdygyny aýdar. Gowy ruh, gowy alynar. Sahyh hadyslarda aýdylşyna görä, Ezraýyl (a.s.) ýanyndakylar bilen o kişiniň ýaşan ömrüne görä, aýratyn bir şekilde geler. Meselem, Kur’an ähline birhili, jihad eden ruha başga hili, başgalaryna has başgaça görnüşde geler.

Pis, erbet, ýaramaz kişiler ölende bolsa, melekler ýakymsyz, tisgindiriji we eýmendirji halda gelerler. Ol kişiniň olary görüp, gorkudan zähresi ýarylar. Yzyndan Ezraýyl (a.s.) eýmenç sypatda geler-de, onuň başujunda oturar we ony içki dünýäsine görä, garşylar.

12. Ruh jesetden nähili sogrulyp alynar?

Her kim ölende üýtgeşik duýgyny başdan geçirer. Hiç kimiňem ol duýgulary gürrüň bermäge mümkinçiligi bolmany üçin, kimiň nämäni başyndan geçirenini bilmegem mümkin däldir. Emma umumy, käbir zatlary aýdyp bileris.

Ýagşylykda ýaşanlar gowy duýgylary, erbetlerem erbedi görerler. Ýagşy adam ýylgyryp, süýji duýgular bilen gider. Ol tenini terk edip gidende, jesedi ýylgyryp galar. Agzyna süýji berlen çaganyň sünnet edilenini duýman galyşy ýaly. Pygamberleriň we şehitleriň ruhy alynanda jennetiň penjireleri açylar we Serwerimiziň (s.a.w.) aýdyşy ýaly, olaryň ruhy küýzeden suwuň rahat akyp gidişi ýaly çykar. Olaryň ruhy çykyp gidende bedenleri-de barjak ýerini görýäni üçin şatdyr. Gowy adam üçin ölüm aýdylşy ýaly gorkunç däl, tersine, süýji hem lezzetlidir.

Uhudda şehit bolan Abdullah ibn Amr (r.a.) barada onuň ogly Jabire (r.a.) Serwerimiz (s.a.w.) şeýle diýýär: “Bilýärmiň, Allah kakaňy nähili garşylady? Muny ne göz görendir, ne gulak eşidendir, ne-de başga biri başyndan geçirendir. Şeýle bir garşylady welin, taryp edip bolmaz. Kakaň şeýle diýdi: “Eý, Rabbym, meni dünýä iber, bu süýji ölümiň lezzetini yzymda galanlara gürrüň bereýin.” Allah: “Indi yzyňa dolanmak ýok. Ýöne men seniň ýagdaýyňy olara habar bererin” diýip jogap berdi.” Soňra şu aýat inýär:

“Allahyň ýolunda ölenleri hergiz öldi hasaplama, ýok (olar) diridir, Rabblarynyň öňünde ryzklanýandyrlar.” (Al-i Imran, 3/169). Bu Allahyň ýolunda şehit bolan ähli kişä degişlidir.

Serwerimiz (s.a.w) dünýeden ötjek wagty her gezek özüne gelende “Namaz, namaz” diýýärdi. Hezreti Omaram (r.a.) edil Serweri ýaly “Namaz, namaz” diýip dünýeden gitdi. Hezreti Halid b. Welidem (r.a.) ölüm pursatynda “Atym, gylyjym. Getiriň olary, iň soňky gezek göreýin” diýýärdi. Hanzala (r.a.), Saad b. Muaz dünýeden ötende asman aglaýar, perişdeler ýuwup, depin etmäge goşulýardy. Hezreti Osman (r.a.) Kur’an okaýarka, hezreti Aly mesjide barýarka şehit edilýär. Bularyň tersine, köp kişi aragyň, humaryň başynda, oýnaşynyň düşeginde amanadyny tabşyrýar. Hawa, nähili ýaşan bolsalar, şonuň ýalam ölýärler...

Fraunlaşan ruhlar tikenlere ilişen ýüň ýaly çekiler. Ruhlary yzynda ejirli, ajan ýüzleri goýup gider. Perişdeler olaryň ruhuny erbet edip alar. Olaryň jany tikenlere ilişen pagta süýmleri ýaly, kynlyk bilen çykar.

13. Haýwanlar ölende näme duýar?

Haýwanlar ynsalar ýaly jogapkär bolmanlary üçin, öldürilenlerinde, belki, asla agyry duýmazlar. Depirjiklemeleri bize näbelli başga bir hal we ýagdaýyň beýanydyr. Kim bilýär, olar çabalanýarka, öz älemlerine mahsus bir lezzet duýýandyrlar. Ýeri gelende Ýewropa ýurtlaryndaky bir düşünjäni gürrüň bereýin:

Bilişimiz ýaly, günbatarlylar haýwanlary musulmanlar ýaly öldürmez. Ýa elektrik togy bilen ýa-da bogazyna çiş sokup öldürerler. Beýle etmekleri musulmanlara meňzemejek bolmak kesirligindenmi – bilmeýäris. Emma olar bu hereketlerini şeýle aklaýarlar: “Siz haýwanyň damagyny çalanyňyzda, depirjikläp horlanýar. Biz bolsa ony horlaman öldürýäris. Emma bir hakykaty olar aňmaýarlar. Ilki bilen gan damarlarynyň kesilmegi netijesinde, alymlar tarapyndan hapadygy subut edilen gan gowy akyp çykýar. Elektrik togy bilen ýa-da seňseledip öldürilen haýwanyň gany etiň içinde galýar we ony iýeiniň organizmine geçýär. Bizde gan damjasyny içmek, gan degen eşikde namaz okamak bolmaýar.

Ikinjiden: olar “Malyň damagyny çalyp, 15-20 min. ejir çekdirýärsiňiz” diýýärler. Olar nireden bilýärler haýwanyň ejir çekýändigini? Her depirjiklän ejir çekmez. Haýwanyň näme çekýändigini haýwan bolmadyk bilmez. Her bir zat gözüň görýäninden ybarat däldir.

Üçünjiden: älem-jahandaky her barlykda hemişe has ýokary mertebä çykmak meýli bardyr. Ösümlikler: “Adamlar we haýwanlar bizi iýsin, ýaşaýyş derejämiz beýgelsin” diýip, ýaryşa giren ýalydyr. Haýwanlaram ynsan bedenine geçip, ýaşaýyşlaryny aň-düşünjeli, bakylyga barýan bedende dowam etdirmek isleýän kimin ýaryşýandyrlar. Hawa, haýwanlarda akyl, aň-düşünje ýokdur, emma olaram Ýaradanyň kanunyna boýun egerler. Şonuň üçin, goý, haýwanlar ynsana myhmançylyga barýas diýip howlugsynlar.

Dördünjiden belki-de, haýwan öz älemine mahsus bir lezzetini görkezip depirjikleýändir. Bu ýerde bir zadyň üstünde durup geçeliň. Musulman Haka boýun bolan adam hökmünde ähli zadyny, janynam Allahyň ýolunda pida edip, şehit bolar. Şehit bolmagam gurban bolmagyň bir görnüşidir. Ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, şehitler gurban bolmakdan üýtgeşik lezzet alarlar. Emma daşyndan görmäge olaram ejir çekip wepat bolýan ýalydyr. Emma hakykat düýbünden başgadyr. Perişdäniň eli bilen getirlip, hezreti Ysmaýyla, kerim guluna, pygamberine ogluň ýerine gurban bolsun diýlip berlen haýwan (meňzetmek dogry bolsa) haýwanlar äleminiň şehidi üçin “Ýok, ejir çekenok, belki, özüme mahsus lezzet alýar” diýsek, hakykata has ýakyn düşündiriş berdigimiz bolar.

14. Dünýeden ötenden soň ruha näme bolýar?

Dünýeden gidenden soň, ruh Allahyň (j.j.) huzuryna tarap göterler. Serwerimiziň (s.a.w.) aýtmagyna görä, ruh çykanyndan soň, perişdeler ony bir atlaza sarar we perişdeler älemine tarap äkiderler. Baran her menzilinde, üýşmeleňde “Bu nähili gözel ruh, kimiň ruhy?” diýip sorarlar. Perişdeler ony ýeriň ýüzünde tutulan iň gözel atlary, derejeleri bilen tanadyp: “Bu namazyny okan, din ugrunda ençeme kynçylyga döz gelen pylanynyň ruhy” diýerler we her kim oňa ýagşy dileg eder. Ahyry asmanyň iň ýokarsynda Rabbyl Äleminiň huzuryna çykarylar. Hak tagala ony gowy garşylar we: “Muny gabryna äkidiň. Münkür-Nekiriň sowalyna taýýar bolmagy üçin jesediniň başujunda goýuň. Mundan soň, ony sowal-jogap üçin, yzyna getirerler. Ol ýerde “Men rabbüke we men Nebiýýüke we ma dinüke?” sowallaryna jogap berer.

Erbet adamyň ruhy bolsa, her ýerde erbet garşylanar. Ýedi gat asmanda ýigrenç bilen ýatlanar. Allahy tagalanyňam (j.j.) huzuryndan kowular. Münkir-Nekire jogap berere ýagdaýy bolmaz, jogabam berip bilmez. Çünki, ol dünýäde ýaramaz işler bilen meşgul bolup, derdine ýarajak iş etmändi. Netijede, ol kyýamata çenli dürli azaplary çeker.

Gabyrda sowal bardyr, gysylmak bardyr, emma esasy hasap Hak tagalanyň öňündedir. Hadysda aýdylşyna görä, gabyr gysar we daralar. Hasap bolsa haşrdan soň beriler. Hawa Mizan gurular, depderler açylar, Syratdan geçiler, soňra jennete ýa-da jähenneme – begendiren we eýmendiren ýere ýetiler. ( Bu meseleleriň beýany köp kitaplarda ýazylyp, hadyslarda ýeterlik aýdylandyr).

Gabyr şol bir wagtda dünýäde tämizlenmedik käbir günäleriň hasabynyň berilýän we tämizlenilýän ýerdir. Asyl hasap gününe goýlan uly günäleriň ýanynda ähmiýetsiz hasaplanylyp bilinen günäleriň we tegmilleriň bir bölegi Allah (j.j.) tarapyndan gabyrda aýrylybam ýa-da uly günäleriň hasaby we jezasy beriljek uly kazyýetlere goýulybam biliner. Edil dünýäde kiçijik hadysa sebäpli bir kişiniň polisiýa edaralarynda birnäçe gün saklanyp boşadylşy ýaly, gabyrda-da “lemem” diýilýän kiçi günädir hatalaryň hasaby sylynyp biliner. Netijede, jeza soňa goýulmaz.

Ähli hakykatlary delilleri bilen bilýän alymlar Kur’an we Sünnete daýanyp şeýle diýýärler: Uly günäleriň ýanynda kiçi günälerem bolan adamlaryň bir toparynyň aýyplary, dünýäde çeken horluklary, kynçylyklary we hassalyklary bilen tämizlense, käbiriem ölüm pursatynda bozular. Ondan soňa galanlary-da, Hasap Gününe galmasyn diýlip gabyrda üçünji tämizlemeden geçer. Gabryň tämizlemejek derejesindäki tegimller we günäler bolsa, soňra Haşr Meýdanynda Tereziniň başynda, Syratda we halys aýrylmasa jähennemde arassalanjakdyr. (Allah bizi şu ýerde tämiz ýaşatsyn we kirlerimiziň o ýerlere çenli gitmegine ýol bermesin.)

Birnäçe hadyslardan öwrenenimize görä, hezreti Abbas (r.a.) şeýle çyn ýürekden arzuw etmegine garamazdan, hezreti Omary (r.a.) diňe ol dünýeden ötenden soň düýşünde görüp bilipdir. Düýşünde ondan: “Niredesiň?” diýip sorapdyr. Hezreti Omar: “Sen sorama, hasaby ýaňy berip bildim” diýip jogap beripdir. Belki, o ýerde üstünde sähelçe-de yz galmasyn diýip, Hak tagala ony beýle hasapdan geçirendir. Hawa, günädir, tegmilleriň tämizlenmegi üçin gabryň gysmagy we daralmagy uly rol oýnar. Ajy derman, emma yzynda jennetiň şypasy bardyr.

Gabryň gysmagyny Sa’d b. Muaz (r.a.) ýaly ýokary mertebeli sahabada-da görýäris. Sahyh hadys çeşmelerine görä, Muazy (r.a.) gabyra salanlarynda Serwerimiz (s.a.w.): “Subhanallah, gabyr Sa’d b. Muazam gysaýma bilsedi” diýipdir. Diýmek, gabyryň gysmajak ynsany ýokdur. Sa’d (r.a.) dünýeden ötende Jebraýyl (a.s.) gelip: “Sa’dyň ölüminden Arş elendi, eý, Resulullah!” diýipdir. Jynaza namazyny okatmaga gelen Pygamber Serwerimiz (s.a.w.) aýagynyň burnuna basyp ýöräpdir. Sebäbi soralanda: “Onuň jynazasyna şeýle bir köp perişde ýygnandy “ diýip jogap beripdir. Hawa, Sa’d şeýle adamdy...

15. Berzah äleminde ruh näme eder?

Ruhlar jesetleriň salynan ýeri gabyrlara magnawy bir baglanşyk goýup, özleri üçin garaşma mekany bolan berzah älemine giderler. Gabra baglylyklary bilen birlikde, ruhlar birnäçe temessül we penjirelere duçar bolarlar. Dünýädäki amallary o dünýäde olara belli bir hil we asyl gazandyrar. Namazlary, Kur’anlary, Allahyň (j.j.) ýolundaky hyzmatlary, tesbihleri o taýda köňüllerine giňlik we begenç beriji dosta öwrüler. Jennetiň penjireleri açylar. Olar şol penjireden iň täsin, haýran galdyryjy görnüşi synlarlar. Dünýäde pis ýaşanlaryň temessülleri hem erbet bolar. Olara jähennem görkeziler. Biri kyýamatyň bahymrak gopmagyny arzuw etse, beýlekisi asla gopmazlygyny islär. Berzah äleminde kyýamat gopandan soň, näçe wagt galynjakdygyny bir Allah (j.j.) biler.

Berzah älemine giden ruhlar bizi duýup bilerler, emma biz olary duýmarys. Allah (j.j.) islemese, olaryňam duýup bilmejekdikleri ýaly, eger Hak tagala islese, bärdäkilere-de özlerini duýduryp bilerler. Käbirlerini görüp oturan weliler bardyr. Serwerimiz (s.a.w.) Bedirde müşrikleriň jesedi atylan guýynyň başyna baryp: “Allahyň size wada beren zatlaryny gördüňizmi?” diýipdir...

Beýik we ýokary ruhlaryň arasynda Berzah Älemindäki ruhlar bilen aragatnaşyk guranlar bardyr. Muhiddin Araby (r.a.) beýik ruhlar bilen ýygy-ýygy gatnaşyk edýändigini aýdypdyr. Ymam Süýuty Serwerimiz bilen 70 gezek görüşendigini we Ahmed Rufai hezretleri hem Aleýhissalatü we’s-Selamyň ruhy bilen şereflenendigini gürrüň beripdir. Ymam Buharynyň (r.a.) abdest alyp, namaz okanyndan soňra, hadyslary gürrüň berenleriň aýdanlarynyň dogrydygyny ý-da ýalňyşdygyny Resulullahdan (s.a.w.) sorap görendigini aýdypdyr. Düýşüň üsti bilen görüşmek, has-da mümkindir. Erbet ruhlar hakynda aýtsam, bu ýerdäki gowular olar bilen näme üçin görüşsin?!

Kyýamata çenli aýaklaryna özboluşly bir zynjyr urulany üçin, erbet ruhlar gaýdyp bu dünýä gelip bilmezler. Ruh çagyrmak seansynda “geldi” diýilýänler ruh däl-de, jyn ýa-da şeýtandyr. Erbet ruhlar aýaklary zynjyrly bolansoň, asla gelip bilmezler, gowy ruhlaram şeýle gelmek islemezler. Beýik ruhlar hemişe dünýäni gezip bilerler, iman üçin täze şekillere girip bilerler we mazarlary bilen gatnaşykda bolarlar.

Hadysy Şerifler Muhammet ymmatyny mazarlara we olaryň içindäkilere üns bermege çagyrýar. Her bir ruh öz mazarynda ýatan jesetleriň atomlary bilen soňuna çenli gatnaşykda bolup, mahal-mahal görüşmek üçin mazara girip-çykyp bilerler. Muny häzirki döwürde parapsihologiýa hünärmenleri hem tassyklaýar. Şonuň üçin, mazaryň üstünde bina salmak, ol binada-da günä işlemek ruhy rahatsyz eder. Häzirki döwürde muny görkezýän hadysalara dürli ýerlerde, köp şaýat bolandyrys. Meselem, Ankaranyň merkezinde bir mazary buldozerler bilen düzläp bilmändirler. Buldozerleriň ýarpy ýolda döwülip galyşyna ýüzlerçe adam şaýat bolupdyr. Günbatarly ýazyjylaram bu temada köp zatlar aýdypdyrlar. Öňler şeýle hadysalary mesjit ymamlarymyz gürrüň berende “rowaýat, erteki” diýýärdiler. Indi bolsa bulary alymlar ylyma esaslanyp aýdýarlar.

16. Ruh bedenden gidenden soň, käbir organlar janly galyp bilermi?

Ruh bedenden aýrylansoň hem birnäçe öýjükler ömürlerini az wagtlyk dowam etdirip bilerler. Eger käbir beýni öýjükleri 50-150 sagatlap ölmän, üýtgemän galyp bilýän bolsa, onda şol wagtyň içinde beýniden özüne mahsus käbir signallary, habarlary we maglumatlary almak mümkin bolup biler. Ençeme ýyllar, aýratynam üsti açylmadyk jenaýatlary anyklamak üçin, bu meseläniň üstünde işler geçirilýär. Beýnide ölmän galýan öýjükleriň diline düşünip biljek elektron beýni mysalynda gurallar ýasalyp bilinse, şu ýol bilen gizlin galan syrlaryň üsti açylyp, ganhorlary kesgitläp bolar. Netijede, hezreti Musa (a.s.) döwründe jenaýatkäriň kimdigini öldürilen adama jan gelip, habar berişi baradaky hadysadan söz açýan aýatyň (Bakara, 2/73) syryna ýakynlaşarys.

17. Ruhlar bilen birlikde tenem haşr edilermi?

Ilki bilen şu aýratynlygy belläliň, teniň ruh bilen gatnaşygynyň derejesi älemlere görä dürli-dürlüdir. Bu älemde birhili, gabyrda başga, berzahda başga we ahyretde-de başga-başgadyr. Bu dünýäde biz maddy jismaniýetimiziň täsirindäki ruh bilen teniň gatnaşygyna şaýatdyrys.

“Zerraty asliýe” diýip at berilýän, ynsanyň asylyny we esasyny düzýän zerreler barada gaty köp ähli takyk ( hakykaty delilleri bilen bilýän alymlar ähli) gürrüň berýär. Ynsandaky ilkinji, ýagny ynsan bedenine edil binýat ýaly bolup, hadysda “ajbüz-zenep”, ýagny çüýjüklik süňki bilen beýan edilen bu asyl zerräniň anyk nirededigini kesgitlemek mümkin däldir. Allah (j.j.) ynsany bu binýat zerreleriň üstünde gurupdyr we ahyretde-de şolar arkaly haşr eder. Adama degişli aýratynlyklaryň jemi bolan bu zerreler, kim bilýär, belki, genlerdir. Eger şeýle bolsa, bir adamdaky genler bir oýmagy doldurmaz. Emma şeýle azajyk zat ruh bilen gatnaşyga giren wagty agyryny duýup bilýän bolsa, elbetde, lezzetem duýar. Ähtimal, haşr wagtynda we has soňky älemlerde ynsanyň ähli zerreleri däl-de, bu asyl zerreler ruh bilen gatnaşyk eder. Köpleriň tassyklaýşy ýaly, Allahyň (j.j.) lutfy netijesinde, beýleki zerreler bilen birlikde miweleriň, zeminiň zerreleri ýaly, şu dünýäde hyzmat eden başga zerreler jismaniýeti emele getirer. Munuň şeýle bolmagyna päsgel berip biljek zat bolmansoň, makuly hem şudur diýip hasaplaýaryn. Beýleki zerreler bolsa, ol äleme laýyk görnüşde asyl zerreleriň daşynda jemlenip, ynsan bedenini emele getirip bilerler.

18. Jähennem azabyny ruh çekermi ýa-da jeset?

Käbir pelsepeçiler, bir topar Mutasawwife we hristianlar diňe ruh azap görer diýseler-de, biz Ähli Sünnet we’l-Jemagat jesediň ruh bilen birlikde haşr ediljegine, bedeniň ruh bilen birlikde azap çekjekdigine ynanýarys. Çünki, ruh bilen teniň ýagdaýy agsak bilen körüň ýagdaýy ýalydyr. Kör agsagy arkasyna alar, agsagam köre ýol görkezer, şedip ikisem ýol alar. Ruh bilen jeset dünýäde bolşy ýaly, ahyretde-de hem azapda, hem lezzetde deňşärik bolarlar. Aýatdyr hadislerde jesediň we organlaryň çekjek azaby barada-da, datjak nygmatlary hakynda-da aç-açan aýdylýar. Ahyret durmuşyna laýyk görlen bir beden duýman-düşünmän nygmatlardan nähili peýdalansyn? Ruh bilen birlikde jesedimiziň atomlaryny hem ýaradan Allah (j.j.) bedeni hem direlder we ýa azap berer, ýa-da nygmatlar bilen begendirer. Gudrat we ylym Onuňkydyr – islese eýle eder, islese beýle. Ynsan her meseläniň hakykatyny kör halda o äleme gidip, o älemiň surprizleri bilen ýüzbe-ýüz bolanda düşünip galar. Çünki olary ne göz görendir, ne gulak eşdendir we ne-de ýadyňa-hyýalyňa geljek zatlardyr...

19. Dünýeden ötenleriň ruhlaryna iberip biljek iň uly sowgatlarymyz nämedir?

Her bir zatdan owal dünýeden göçen ruh ol älemlerde özüne gerek boljak azyklary we peýdasy degjek her bir zady diýen ýaly, ýany bilen alyp gider. Ilahy kada hökmünde her jan bu ýerde gazananlaryny o taýda gaşynda görer. Edil bir ýurtdan başga ýurda gidilende pasport we wiza talap edilşi kimin, gabyrdan başlap, tä jennetiň gapysyna çenli uzaýan durmuşynda-da görnüş we galyp däl, iman we salyh amal talap ediler. Mundan başga-da, şepagat halkasyna girip bilmek üçinem salgy goýmak, alynda, ýüzde nur, yşarat we alamat bolmagy zerurdyr. Şonuň üçin, giden nähili we näme bilen giden bolsa, o taýda-da şonuň ýaly garşylanar. Diňe üç sany geçelge we penjire bardyr, olardanam peýdalanmak mümkinir. Ine, olar:

a. “Sadaka-i jariýe” diýilýän ynsan üçin ýol, köpri, mesjit, guýy, gazna edaralaryny, mekdepleri, okuw jaýlaryny gurmak ýaly salyh amallary etmekdir. Yzyňda bu eden amallaryň haýyr berdigiçe, Serwerimiziň (s.a.w.) beýan edişine görä, kyýamata çenli şol ýerde ýetişenleriň gazanan sogaplary ýaly sogap, olary guranlaryň amal depderine-de ýazyljakdyr.

b. Ylym adamlarynyň yzynda goýan işleri hem sadaka-y jariýedir. Alym öz derejesine, ukybyna görä bulardan aljak peýdasyny alar. Mundan başga-da, alymlara goldaw bermek, eýe çykmak, hakyky ylym ýolunda ýöreýän we aýaklarynyň aşagyna perişdeleriň ganatyny ýazýan nesli penalamak we olary kitap, depder, iýmek-içmek, geýim-gejim bilen üpjün etmek üçin edilen işlerem bir girelge, penjire we sadaka-y jariýe hasaplanyp biliner.

c. Giden ruh yzynda haýyrly işleri etjek we ýagşylykda ýatlajak nesil islär. Diňe şeýle nesil size ahyret hasabyny bereniňizde peýdaly bolar. Ýogsa giden ruh ne halwa, ne nahar iýer. Ne kyrkynjy, ne ellinji, ne ýüzünji gije, ne pul döküp edilen hatym, ne döwre, ni diwara kakylan köne suratyna zardyr. Olaryň guburyny zyýarat et, salam ber, diliňde doga we istigfar, gözüňde damja-damja ýaş bolsun!