Tebigat, tebigatyň kanunlary we sebäpler näme üçin ýaradylypdyr?

1- Kanunlar we sebäpler bir arabaglaşdyryjy perdedir. Ýokardan gelen emr we taglymat bu araçylaryň üsti bilen ýze çykýandyr.

Hak Tagala maddy älemi ýaradanda tebigatyň aýrylmaz bölegi, sypaty we aýratynlygy hökmünde tebigatyň kanunlarydyr sebäpleri hem birlikde ýaradypdyr. Ilkinji ýaradylyşda berlen “Bol!” emri bilen barlyk arasyna goşulanlar şol bir wagtda bu aýratynlyk bilen üsti ýetirlip ýaradylýar. “We oňa her zatdan bir sebäp berdik” (Kehf, 18/84) aýaty bilen hem bu hakykaty beýan edýär.

Emma bu sebäpdir kanunlaryň ählisi Hak Tagalanyň yzzat we azamatyna (beýikligine) perde bolup, olaryň aňyrsynda hakyky işi edýän, barlyga sebäpleri goşup ýaradan ýene Allahdyr (j.j.). Kanundyr sebäplere ol Gudratdan gelen hakyky eýeçiligi we täsirleri ýaýmak we yglan etmek wezpesi berlendir. Şeýle hem olar Ýaradanyň güýji barada akylyň özbaşdak netije çykarmagyndan goraýan ýukajyk perde hökmündedir.

Ýokary derejeli, mertebeli adamlaryň arasynda-da güýçli, beýik häsiýete eýeleri bardyr. Hatda şolaram araçylaryň üsti bilen perdäniň aňyrsyndan iş edýändir. Her ugurda edilýän işlere hut özleri gözegçilik etseler-de, görünmezler we başga kişileri ulanarlar. Mysal üçin, hökümet başlygy bir etrabyň bazarynyň hasap-hesibine özi gözegçilik etmez, çünki oturan uly wezipesine gelişmez. Bir general kazarmalaryň arassaçylygy, başga bir ýere göçürilmegi we ýarag paýlanmagy ýaly işleri kiçi çinli serekerdelere tabşyrar. Belki, meňzetmämizde hata bolmasyn, edil şonuň ýaly, älem-jahanyň we ähli ýaradylanlaryň ýeke-täk eýesi we häkimi bolan Allah (j.j.) hem bolup geçýän ähli hadysalary kanundyr sebäpleri perde edinip iş eder, dolandyrar. Çünki, yzzaty we azamaty muny şeýle etdirer. Bir tapawut bardyr, ol hem Allahyň (j.j.) perde edinýän zatlarynda hiç hili güýç ýokdur.

Diýmek, kanun we sebäpler hökümetiň bir ýerine ýetiririji edarasy hökmünde bolup, ýokardan gelen emrler we taglymatlar şol edaradan araçylardyr sebäpler arkaly baglanyşdyrylýar. Hakykatda ähli işleri edýän we etdirýän Allahdyr (j.j.).

2- Tebigatyň kanunlary we sebäpler nägileliklere perde bolsun diýlip ýaradylandyr

Barlygyň we hadysalaryň iki tarapy bardyr: Mülk we Melekut – başgaça aýtsak, içi we daşy, edil aýna mysaly. Onuň bir ýüzi dury, arassa, tämiz, ajaýyp we nogsansyz; beýleki ýüzi bolsa, bulanyk, hapa, betnyşan we nogsanlydyr. Şonuň ýaly, barlygyň we hadysalaryň iç ýüzünde kanundyr sebäpleriň ýokdugy üçin, hapa, kir-kimir we kemçilik ýokdur. Onda ähli zat dup-dury, tämizdir. Dirilik, nur, rahmet – bu içki ýüzden diňe üç mysaldyr. Mülk tarapy diýýänimiz daş ýüzünde bolsa, Hak Tagalanyň yzzatyna (güýç-kuwwatyna, gudratyna) we azamatyna (beýikligine, ululygyna), kemalyna we jemalyna ters gelýän, göze, gulaga we buruna, hatda hyýal we düşünjä-de ýaramaýan bir giden ýagdaýlar bardyr. Şeýle ýagdaýlaryň öňüne perde, käte maksada öwrülsin diýlip kanundyr sebäpler ýaradylypdyr. Hak Tagala işini şol sebäpdir perdeleriň aňyrsyndan ýöredýär. Aýratynam, nähak we ýerliksiz nägilelikleriň gönüden-göni Allah Tagala edilmezligi hikmeti hem sebäpdir kanunlaryň ýaradylmagyna zerurlyk döredipdir. Çünki, gapyl we jahyl adamlar barlykdaky we hadysalardaky inçeden çuň hikmetleri, netijede gizlenen ajaýyplyklary görmeýändikleri üçin hut Allahy Tagalanyň edeninden närza bolýarlar, nägilelik bildirýärler. Emma beýle nägilelik närza bolunýan işden has agyr beladyr. Hawa, şikaýata sebäp bolan betbatçylyk, özünden has uly belany getirer. Rahman we Rahym bolan Beýik Ýaradan (j.j.) çäksiz rahmeti bilen işini sebäplerdir perdeleriň aňyrsynda gizläp gullaryny hakyky agyr beladan halas etmek isläpdir.

Şonuň üçin, köňül miwesini ýitiren, ýüregi dagly enäniň perýadynda gizlenen närazylyk kesel we betbagtçylygyň perdesine saralandyr. Şeýlelikde, ol ene perzendini ýitirmekden has agyr bela bolan Hak Tagala garşy gödeklik, nägilelik görkezmekden halas edilýär. Gullaryna şunuň ýaly mähremlilik edýän Rabbymyz nähili beýikdir, hatda beýik sözem Onuň beýikliginiň ýanynda nähili kiçijikdir!

3- Tebigatyň kanunlary we sebäpler Ilahy sungatyň çäksizligini görkezmek üçin ýaradylandyr:

Senetkäriň beýikligi eseriniň gymmatyna görädir. Saýrak guşlar, reňbe-reň güller iň kiçijik barlykda-da görülýän haýran galdyryjy sungat nepisligi we ençeme, ençeme görýän-görmeýänlerimiz, bilýän-bilmeýänlerimiz Allahyň adyny we sypatlaryny tebigat dili bilen bize görkezýär. Ol adynyň we sypatlarynyň tejellisini sebäpleriň arkasyndan görkezip, manyly barlyklaryny synladýar. Özi hem olaryň haýran galmalaryna tomaşa edýär.

Her bir gözelligiň we kämilligiň eýesi özüniň gözelligini, kämilligini görmek we görkezmek islär. Dünýäde kemçilikden püre-pür sungat işgärlerine-de mahsus bu islegiň yşgyndan dörän nijeme eserler galareýalarda we sergilerde görkezilýär. Ol sergileriň günde näçesi açylyp, ençemesi ýapylýar. Adamzatdaky gözellik we kämillik Mutlak Gözelligiň we Kämilligiň Eýesine düşünmekde iň äşgär ölçegdir. Şuu nukdaýnazardan baksak, Mutlak Gözellik we Kämillik Eýesi Hak Tagalanyň gözelligini görmek we görkezmek islegi bilen tebigaty sergi zalyna öwürmegindäki beýik erk we matlabyna düşünmek mümkindir. Muňa düşünmek ynsany Oňa tesbih aýdyp, şükür etmäge höweslendirer. Bu höwes hem ynsandaky gul bolmak düşünjesiniň gözbaşydyr. Allaha gul bolmak ynsanyň, hatda ähli barlygyň ýaradylyş maksadydyr. Ine, sebäpler merdiwany bizi şeýle maksada tarap alyp gidip, Allaha ýakynlaşdyrmagy taýyndan hem ähmiýetlidir.

4- Tebigatyň kanuny we sebäplerde tedrijilik (ýuwaş-ýuwaş ösmek):

Tebigatyň kanuny we sebäplerde tedrijilik esas bolup durýar. Bu hem ilahi sungatyň beýikligini subut edýän iň syrly delillerden biridir. Onuň her derejede we her sahypada başga-başga atlaryň tejellilerini görkezmegi, diňe Hak Tagalanyň eserine mahsus bolan aýratynlykdyr. Bu aýratynlygy başga hiç bir sungat eserinde görmegem, görkezmegem mümkin däldir.

5- Tebigatyň kanunlarydyr sebäpler hikmet ýurdunda bolmagymyzyň zerurlygy we netijesidir:

Ahyret – darü’l-kudret (gudrat meýdany), dünýä bolsa darü’l hikmetdir (hikmet meýdany). Ýagny, ahyretde gudrat hökümini ýöretse, dünýäde hikmet häkimdir. Şol sebäpden, ahyretde kanun we sebäpler çyzygyň daşynda galar, emma dünýäde welin, hikmetiň zerurlygy bolany üçin kanunlar we sebäpler her işiň içinde bolar.

Hak Tagalanyň Halyk, Rezzak, Şafi, Mukaddir, Musawwir... ýaly atlarynyň ýanynda Hakim ady hem bardyr. Bu mübärek at bilen Ol hikmetli iş eder, hikmetli ýaradar, hikmet arkaly sebäpleri we kanunlary işine wesile eder. Allah hikmet bilen illet-malül – sebäp-netije arasynda guran baglanşygynyň çäginde barlyk dokmasyny dokar.

Ahyretde welin, gudrat häkim bolany üçin, Hak Tagala gudraty bilen amal etjek. Pany we geçegçi dünýäni içinde hereket edýän kanunlary we sebäpleri bilen ýykyp, täze we düýpgöter başga manylaryň esasynda öňkä asla meňzemeýän mesgen eder. Ol älemde şu dünýä mahsus näçe ölçegler bar bolsa, ählisi bozulyp aýrylar. Barlyk üýtgeşik bir gymmatlyga eýe bolup, gudrat dergahyna çykarylar.

Gudratyň häkimlik edýän bu ebedi äleminde jennetiň miwelerini iýmek üçin topragy sürmegiň, tohum sepmegiň geregi ýokdur. Jennetiň eşiklerem tikinçiniň iňňesi, gaýçysy ulanylman tikilen ýagdaýda eýesiniň bedenini örter. Ol ýerde könelmek, çüýremek, garramak we ölmek bolmany üçin bu ýagdaýlara eltýän sebäplerem bolmaz. Dünýä hyzmat ýeri, ahyret bolsa, rehnet ýeridir. Şonuň üçin, ondaky nygmatlara mynasyp bolar ýaly, bärde işlemek we sebäplere ýapyşmak gerek. Ýöne ahyretde bu sebäbem beýleki sebäpler ýaly tamamlanar, aradan aýrylar, elbetde, işlemek diýlen zerurlygam galmaz.

6- Tebigatyň kanuny hem sebäpler synag üçin ýaradylandyr

Sebäpler we kanunlar bir perdedir. Gözümiz bilen gaýybyň arasyna çekilen perdeler gaýyba iman getirenler bilen getirmedikleri biri-birinden seçip-saýlamak, mü’mini kapyrdan tapawutlanmak üçun ýardam eder. Gaýyba iman mü’miniň iň tapawutlandyryjy sypatydyr. Bu ýerde şu aýratynlyga-da üns bermek gerek:

Hak Tagala islese, kanunlary ýaratmanam bilerdi. Gepiň gerdişine görä, mysal üçin, dünýäni bize-de görnüp duran bir perişdäniň arkasyna ýükläp, Ýeriň dartyş güýji diýlen kanuny boldurmanam bilerdi. Ýa-da çaganyň dünýä inmegi üçin, diňe bir gije doga okamagy ýeterlik kylardy-da, çagany işiginde goýubam bilerdi. Ýenede Allah islesedi, ýyldyzlardan harp edip, şolar bilenem asman gümmezinde adyny ýazardy, bizem ony arkaýyn okap bilerdik. Şeýdibem Ony tanardyk, bilerdik. Ýa-da Hak Tagala her adam bilen ýeke-ýeke gürleşerdi we ony başdan şeýle ukyp bilen ýaradardy. Bu sananlarymyzam, sanamadyklarymyzam bolup bilerdi. Emma beýle bolan ýagdaýynda esasy maksatdan çykardyk. Çünki, ynsanyň ýaradylmagynyň maksady synagdyr. Eger-de, ýaňky aýdanlarymyz bolsa, ne akylyň berilmeginiň hikmeti, ne-de gul bolmak teklibiniň manysy galmazdy. Bu adamzadyň erk-isleginiň elinden alynyp, islese-islemese ynanmaga mejbur edilmegi bolardy. Beýle ýagdaýda jogapkärçilik hem bolmazdy. Hawa, eger şeýle bolsady, almaz ruhly Ebu Bekirler bilen kömür ruhly Ebu Jehiller biri-birinden tapawut etmezdi. Synag syry bolmany üçin, perişdelerdenem ozduryp biljek adamzadyň derejesi ösmän, bir duran ýerinde durardy we ynsanyň ýaradylmagynyň manysam galmazdy. Çünki, ynsan ýaradylmanka-da derejesi üýtgemeýän perişdeler bardy.

7- Tebigatyň kanunlary we sebäpler pikir-düşünjäniň ösmegi, ylym we medeniýetleriň ýüze çykmagy üçin ýaradylypdyr:

Adamogly ýaradylan gününden bäri ähli gyzyklanmalaryny we gözleglerini Hak Tagalanyň ýaradan zatlarynyň üstünde edipdir. Munuň netijesinde, syrly ýaradylan barlygy we hadysalary öwenip başlapdyr. Ylym we tehnologiýa-da onuň bu yhlasy bilen häzirki zaman ösen derejesine ýetipdir. Eger, owal başdan her zat eliň aýasynda ýaly, aç-açan bolsady, gyzyklanmak we gözlegler bolmazdy. Her bir zat äşgär görnüp dursa, ynsan haýran galmak, açyş etmek duýgularyndan uzakda, bu dünýä bihuda geler-geçiredi. Dogan gününden başlap öljek gününe garaşmakdan başga işi bolmadyk beýle biçäräniň gözgyny halyny göz öňüne getirmek kyn däldir. Ählimiziň birmeňzeş ykbaly boljak bu durmuşyň ady hem başga bolardy. Şeýle ýaşaýşymyz bolmany üçin, ýok zada at hem gözlemäliň.

8- Tebigatyň kanunlary we sebäpler belli bir ýakynlyk, baglylyk we adatlary döredip, durmuşymyzy ýakymly eder:

Ifrat we tefritden tämiz birsydyrgynlyk we endikler ömrümizi höwes bilen ýaşar ýaly ýagdaýa getirýän zatlardyr. Bu sypatlaryny ýitiren ýaşaýş islenip, söýülmez. Çünki, ertir nämeleriň garaşýanyny bilmeýän bir adamyň durmuşyny tertip-düzgüne salmagy mümkin däldir. Bu täsinlikleriň jümmüşiniň ortasynda ömrüniň her pursatyny bir haýran galdyryjy hadysa bilen geçirýän adamyň aljyrap ýörmegi, munuňam soňunyň gelmezligi arzuw ediljek zat däldir. Üstesine, ynsanyň hut özüniň dünýä gelmeginiň esasy gymmaty ütgese nähili bolardy? Şu günüň gymmaty bilen düýnüň, ertiriň arasynda hiç hili ýakynlyk, baglanşyk bolmasa, muňa ölümiň gymmatam goşulsa, ynsan ne hala düşerdi? Hawa, dünýäde sebäpdir kanunlar bilen dolandyrmak bolmasady, deňagramlyk we düzgün ýaly, ýaşaýyşy ýaşaýyş edýän ähli sarsmaz gymmatlyklar ýykylardy. Olarsyz durmuşam bolmazdy, ýaşaýyşam.

Birsydyrgynlygyň we endigiň orta ýoly oýlanşykly, paýhasly ýaşamakdyr. Munuň ifraty paýhasy öldürer, tefriti bolsa, durmuşyňy zähere öwürer. Mü’min her işde bolşy ýaly, bu meselede-de orta ýoly saýlar.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr