Jenaby Hak biziň bu dünýäde nähili hereket etjegimizi bilýär. Emrlerine uýup uýmajagymyzam bilýär. Ýene-de synag etmegi zerur hasaplap bizi näme üçin bu dünýä iberýär?

Hawa, Allah nähili hereket etjekdigimizi bilýär, munuň bilen birlikde synagdan geçirmek üçin dünýä indirýär, tä arkamyza ýüklenen jogapkärçilige başarjaňlygymyzy we ukybymyzy kemala getirýänçäk. Hawa Ol bizi ýaradanda edil magdanlar ýaly ýaradypdyr. Mis magdany, kömür magdany, demir magdany, altyn magdany, kümüş magdany.

Muny her zady bar edip emele getiren Rabbimiz bolup edipdir. Edil bir senetkäriň ussatlyk we estetik ukyplarynyň bu senet eseri bilen görülmegini-bilinmegini arzuw edişi ýaly. Şonuň ýaly-da Jenaby Hakyň hem birnäçe isimleri we olaryň tejellesi bolan senetleri bardyr. Ine dürli-dürli senetlerini ynsanlaryň nazaryna hödürlemek üçin bu sergi jaýyny açyp gizlin gözelliklerini ýüze çykarypdyr.

Has açyk beýan edilse, kömür magdanynda isimler nähili ýüze çykarylýar, demirde, altynda, kümüşde nähili özüni tanadýar, soňra ynsanyň goşulyşmagy bilen sap altynda, sap kümüşde, demirde nähili ýüze çykýar... Bir ädim ätmek bilen kömrüň almaz bolmagynda nähili özüni görkezjegini dykgatymyza hödürlemek üçin dürli derejelerde we basgançaklarda isimleriniň talaplaryny, jilwelerini görkezýär we şeýdip özüni doly tanamagymyza, pikir öwürmegimize mümkinçilik berýär. Hawa ähli zady ýaradan Oldur. Hem-de her zatda müňlerçe miwe berdirenem Oldur.

Netijede Onuň bu amaly bilen ynsanlar arassalanýarlar, päklenip-tämizleşýärler we jennete mynasyp halda girýärler. Ýagny magdanlar altyn bolýar, almaz bolýar, kümüş bolýar. Bu barada Serwerimiz (s.a.w.) hadysy şerifinde şeýle buýrýar: «Ynsanlar edil magdanlar ýalydyr Jahylyýetde haýyrly bolany, yslamyýete-de haýyrlydyr». Ýagny jahylyýet döwründe yzzatly, edermen Omar yslamyýetde-de salyhatly, hemmeleriň göwnüni tapýan, azamatly we edermen Omar!.. Birinde örän ýowuz, örän gödek we islänini etdirdip bilen, beýlekisinde päli pes, ganatlary ýerden süýrenen, ynsanlaryň aýagynyň astynda, käfirlere, ýalançylara garşy azym, beýik bir Omar!.. Jahylyýet döwründe nähili magdan bolan bolsa, yslamyýetde-de şeýle... Şonuň üçin gaýduwsyz, dogumly, gany dyňzap duran adamlary göremizde musulman bolsun diýip arzuw edýäris... Çünki jahylýetde eziz bolan yslamyýetde-de eziz bolar.

Yslam ynsan elementi bolan bu magdany eline alar. Ýugurar, bişirer, sap altyn halyna getirer. Sahaba şeýle sap altyn halyna gelipdi. Soňra bolsa gymmaty we saplygy pese düşmäge başlady. Saplygy 22, gymmaty 21, 20, 18, 17, 15... Ýigriminji asyrda musulmanlaryň arasynda saplygy 1-e çenli aşak düşmeler boldy. Hawa, bu asyr şeýle bir hapasy köp çykýan, ýasama altyny kän bir asyr!..

Diýmek biz dünýäde synagdan geçirilýäris, päklenjek bolalyň... Bu arada Allah (j.j.) nähili ýol bilen päklenjegimizi bilýär hem bizi synaga laýyk tutýar. Alla saklasyn! Bilmedigini bizden öwrenmek üçin däl. Ýagny Ol bizi biziň bilen synaýar. Has dogrusy, biz öz özümize synagda bolýarys.

Hawa, biz gaýrat we yhlas etdigimiz saplanmak ýolundadyrys, demir magdany bolsak demir bolmak, altyn magdany bolsak altyn bolmak ýoluna düşendiris. Hawa, şeýdibem gaýratymyzyň çatyşyna görä Rabbimiziň ezelde takdyr eden zadynyň orta çykmagyna wesile boljakdyrys. Ine şeýdip biz öz özümizi synagdan geçirip Onuň beýik huzuryna öz bolşumyzda çykjakdyrys. Kuranyň beýan edişi ýaly: «Ol gün olaryň elleri aýaklary – goşup aýdalyň – gözleri, gulaklary, dilleri, dodaklary garşylaryna şaýatlyk etjek». Sen hem muny bilýän bolsaň öz-özüňe synag edilendiňi aňarsyň. Allah (j.j.) seniň ýagdaýyňy – Allah saklasyn! – öwrenmek üçin synag etmeýär. Tersine, seni saňa görkezýär we seni seniň bilen synag edýär.

Her zadyň gowusyny Ol biler.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr