Adamy tanamak we oňa düşünmek

Adamy tanamak we oňa düşünmek

a) Adamyny tanamak

Din wagyzçysy dini kime düşündirjek bolsa, şol adam bilen ýakyndan gyzyklanmaly we onuň kemçiliklerini bagyşlamagy başarmalydyr. Musulman musulmana hemişe ýagşylyk etmelidir. Musulman kapyrlara, azgynlara garşy göreşende, öňdengörüjilige, aň-zehine, ukypdyr başarnyga eýe bolmalydyr. Ol, ine, şulary ulanyp, adamlaryň köňül tagtyny eýeläp biler. Şonda, adamlar olaryň düşündirjek bolýan meselelerini kabul ederler.

Hawa, irşad bilen teblig wezipesini ýerine ýetirýän adam hakykaty kime düşündirýän bolsa, ol adamy ýakyndan tanamalydyr. Ol adamlary daşlaşdyryjy, ýigrendiriji gylyk-häsiýetlerden mümkingadar ägä bolmalydyr. Tebligçi halka mukaddes düşünjeleri wagyz edýär. Allaha, Pygamberimize (sallallahu aleýhi wesellem), Kurany Kerime we ahyrete bolan söýgini ynsanlaryň ýüregine guýýan adam, elbetde, öz wezipesiniň mukaddesligini bilmelidir we gylyk-häsiýetine serenjam bermelidir. Allah saklasyn! Diniňi düşündirjek bolup, kimdir biriniň degnasyna degäýseň, ol diňe bir seni däl, ýokarda agzalan mukaddeslikleri-de ýigrener. Ine, muňa sebäp bolmak ýitgileriň iň ulusydyr. Eger-de biz şeýle ýitgä sebäp bolsak, o dünýäde munuň hasabyny bermeli bolarys.

Serediň! Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) adamlary günäkärlik derdeserine itermejek bolup, nähili teblig edipdir?! Hawa, ol kapyr bilenem, günä iş eden bilenem, jenaýatkär bilen gürleşýän ýaly gürleşmändir. Ol sözleýän sözüni, bar kişä diýýän ýaly edip aýdýardy. Jemagatyň arasynda kimdir biriniň aýbyny görse, derhal münbere çykyp, tutuş mähelle wagyz edýärdi. Indi bolsa, şuňa degişli bir-iki mysaly belläp geçesim gelýär.

Sahabalaryň biri Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) golaýynda bir ýerde dileg edýärdi. Ol elini ýokaryk galdyryp, batly sesi bilen dileg edip oturan eken. Beýle dileg etmek, dilegiň edebine ters gelýärdi. Emma, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) diňe oňa wagyz-nesihat etmegiň ýerine, o ýerdäkileriň ählisine ýüzlenip, şeýle diýipdir: „Adamlar! Siz ker hem kör birinden dileg edeňzok. Özüňize rehmiňiz insin! Dileg edeňizde, orta ýoldan gidiň! Size bar zatdan ýakyn bolan we dilegleri kabul edýän beýik Biribara dileg edýärsiňiz. Ol siziň dilegleriňizi (nähili bolanda-da ) eşider hem-de jogap berer“

Ýene bir gezegem, „Ymam namazy uzak okadýar“ diýip, jemagat Pygamber Serwerimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) ýanyna barypdyr. Olaryň arasynda: „Ýa Resulallah! Tasdanam namazy taşlap gidýärdik“ diýenlerem bolupdyr. Ymam bolan adamyny her kim tanaýardy. Bu waka Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) ynjalygyny gaçyrypdy. Şonda-da, ol namazy okadan ymamy öwüt-ündew etmek üçin, ýanyna çagyrmandyr. Ol tutuş halka ýüzlenip, şeýle diýipdir: „Adamlar! Size näme bolýar, beýle? Adamlary näme üçin ýigrendirýäňiz? Sizden kim ymam bolsa, namazy ýeňil okatsyn! Sebäbi, olaryň arasynda garrysy, ejizi we kömege mätäçleri bardyr “

Ine, Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) kemçilikleri şeýdip düzedipdir. Sebäbi, ol adamlaryň halas bolaryny isleýärdi. Ol her bir meseläni aňsat usulda hem-de aňsat durmuşa geçirip bolar ýaly edip düşündirýärdi.

„Adamlar! „Lä ilähe illallah“ diýiň we halas boluň!“ diýýärdi. Ol şunuň üçin iberilipdi.

Hawa, irşad bilen teblig wezipesinde, adamlary aýyplamak bilen hiç haçan ýol alyp bolmaz. Näme aýtsaňam, umumy adamlara ýüzlenip aýtmaly. Günüň şöhlesinden her kim özüçe peýdalanyşy ýaly, aby-köwser sözlerdenem her kim başardygyça peýdalanyp bilýär. Ýogsam, soň dörän ýarany bejermek gaty kyn bolar.

b) Çekişmeden gaçmak

Eger-de dini düşündirmek üçin ikiçäk gürrüňdeşlik zerur bolsa, onda şeýle ýagdaýda gürrüňdeşligiň çekişmä ýazmazlygyna üns bermelidir. Sebäbi, çekişmäniň bar ýerinde Hakyň däl-de, men-menligiň sesi batly çykýandyr. Şonuň üçinem, çekişmä goşulmak – şeýtana boýun bolmak diýmekdir. Şondan soň nähili täsirli gürleseňem, nähili edebi söz aýtsaňam, garşyňdaky adamda hiç hili täsir görüp bilmersiň. Bu meselä psihologiki taýdan çemeleşenimizde-de, çekişmäniň manysyzlygy ýüze çykýar. Biz garşydaşymyzyň sözüniň aşagynda galmazlyk üçin öňünden nähili taýýarlyk görýän bolsak, garşydaşymyzam şonçarak taýýarlyklydyr. Biz delil getirýäris, olam öz delillerini oklaýar. Şeýdip, iki tarapam biri-birine manysyz söz atyşyp başlaýar we netijede hiç bir mesele-de çözülmeýär.

Sagadat asyrynda Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) iki gezek çekişmä goşulmaly bolupdyr. Ol (sallallahu aleýhi wesellem) şeýdip, garşydaky adama gep düşündirjek bolupdyr. Emma, bir zady bellemek gerek. Çekişmäni garşydaşyň özi isläpdir. Şu ýagdaýda, elbetde Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) ümsüm oturyp bilmezdi. Şeýdäýse, Oňa (sallallahu aleýhi wesellem) ynanýanlaryň ynanjy gowşap bilerdi. Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) çekişme maksady bilen gelen adamlaryň soraglaryny doly jogaplapdyr. Olar diýere söz tapyp bilmän, dymypdyrlar. Sözde tutulmaklyk – Hak ýoluna girmek diýmek däldir. Olar pygamberimiziň aýdanlaryna iman getirmändirler.

Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) ençeme ýyllap käbir Ysraýylogullarynyň ulamalary bilen duşuşyp, olar bilen çekeleşikli sorag-jogap alşypdyr. Ýöne, şunuň netijesinde olaryň arasynda Hak ýoluna giren bolmandyr. Älem onuň üçin ýaradylypdyr. Ol – Pygamberdi. Onuň mugjyzalary bardy. Has dogrusy, täsinlikler hemişe onuň daşyny gallap durdy. Şonda-da, çekişme meýdanyna çykanlary asla Hak ýoluna eltip bolmaýardy. Çekişme meýdanyna çykanlary diňe sözde tutup bolýardy. Abdullah bin Selam (r.a) hem gaty kesir adamdy. Ol hakykaty kabul etmek üçin Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) huzuryna barypdyr. Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) ýanyna baranynda, içini gepledip: „Eger-de Töwratda ýüz keşbi agzalýan adam şol bolsa, şobada oňa iman getirjek“ diýýärdi. Şeýlelikde, ol Pygamberimizi (sallallahu aleýhi wesellem) görüp-görmänkä, Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) dünýäsinde ýalanyň ýoklugyna göz ýetiripdir we oňa iman edipdir.

Galyberse-de, çekişme meýdanynda teblig wezipesi ýerine ýetirilse, Allatagalanyň razylygy ýatdan çykarylyp bilinýär. Sebäbi, dini wagyz edýän adam bilen wagzy diňleýän adam, olaryň ikisem çekişme meýdanynda özleriniň men-menligini öňe sürüp, aňsatlyk bilen birek-birege per bermejek bolýar. Allatagalanyň razylygy gözden salynýan bolsa, diýmek, o taýda näme hakda gürrüň edilse-de, Allatagala olardan razy däldir. Adamy Hak ýoluna salmak Allahyň elinde bolany üçin, Allahyň razylygynyň ýok ýerinde hakykatam ýokdur.

ç) Men-menlikden päklenmek

Men-menlik we egoizm adamyň iman taýdan kämilleşmeginiň öňüne böwet bolýar. Şonuň üçinem, mürşit bilen mübellig şeýle zyýanly duýgulardan päklenmelidir. Ol diýjek zadyny pespällik bilen diýmelidir. Onuň pespälligi, garşysyndaky adamy oýlanmaga iterip bilýär. Aslynda, hiç kimiň men-menlik etmäge haky ýokdur. Din wagyzçysynyň öz zehinini, akylyny, paýhasyny ulanyp aýdýan sözleri hiç kime täsir etmän bilýär. Käbir ýagdaýlarda-da, din wagyzçysy öz wezipesiniň jogapkärçiligini duýup, iki sözüň başyny çatyp bilmän kösenip durka-da, ony diňleýänler Hak ýoluna girip bilýär. Bular ýaly ýagdaýlara köp duş gelse bolýar. Şeýdip, ol adamlaryň Hak ýoluna girmegine sebäp bolýar.

d) Adamyň aň-düşünjesiniň gurluşyny bilmek

Bu ýerde örän ähmiýetli hasaplaýan ýene bir meselämi agzaman geçip bilmerin. Olam şudur: din wagyzçylary garşydaky adamyň aň-düşünjesiniň gurluşyny doly öwrenmelidir. Meselä has içgin seretmeli bolsa, häzir yslamy toparlaryň barlygy hakykatdyr. Bu hakykaty makullamak başgadyr, onuň barlygyny kabul etmek bir başgadyr. Bar bolan bir zady kabul etmän, görmezlige salmak – çözgüt däldir. Diýmek, Hak wagyzçylary daşyndaky özlerine gulak asýan adamlaryň haýsydyr bir toparyň agzasydygyny ýa-da haýsydyr bir jemagata degişli bolup biljekdiklerini ýatdan çykarmaly däldir. Ol kim bilen gürrüňdeş bolanynda-da, şu hakykaty unutmaly däldir. Elbetde, ol islendik bir jemagata kemsidiji, aýyplaýjy sözler aýtmaly däldir. Has dogrusy, ol islendik bir jemagatyň, toparyň gybatyny etmeli däldir. Her bir topar, her bir jemagat özüniň alyp barýan ýoluny dogry hasaplamak bilen birlikde, beýlekiler bilenem hoşniýetli gatnaşyklary saklamalydyr. Bolmasa, Allatagala olardan razy bolmaz. Allatagalanyň halamaýan gylyk-häsiýetlerini özüne ýaran edinenler dini wagyzçylykda asla üstünlige ýetip bilmez. Hawa, her bir Hak wagyzçysy ähli toparlara hormat goýmalydyr . Onuň aýdýan her bir sözi, her jemagatda dogry hasaplanýan sözler bolmalydyr. Sebäbi, Allatagala „Allah“ diýýänleri äsgermeýänleri, möminleri taňkytlap aýyplaýanlary, kelimeýi töwhidi aýdyp, Allahyň birligine iman getirenler bilen gatnaşyklary kesýänleri halaýan däldir we olardan razy däldir.

Kim bolanynda-da, Allah bilen arabaglanyşygy bar adam bilen gatnaşmak – bir tarapdan, her adamyň Allaha bolan ýakynlygynyň derejesini görkezýändir. Hak wagyzçysy hakykaty düşündirýän adamsynyň Allaha ýakynlyk derejesini bilmelidir. Ol şu ölçege görä, adamlara hakykaty düşündirmelidir. Mürşit we mübelligler şu ölçege beýleki adamlardan kän ähmiýet bermelidir. Olar adamlary öz tarapyna çekjek bolman, gaýtam, olary gönüden-göni Yslama çagyrmalydyr. Jemagatlary hem-de toparlary birleşdirjek, olary jebisleşdirjek iň ähmiýetli faktor, ine, şu aňyýetiň ösmegidir.

Söhbetdeş bolýan adamyňa düşünmek üçin, onuň jemgyýetdäki ornuny, medeni gurluşyny doly bilmeli hem-de öwrenmelidir. Bu, teblig etmegiň usullarynyň biri bolup durýar. Hawa, teblig we irşad – borçdur. Onuň berjaý ediliş usulyny bilmegem ýene bir borçdur. Mysal üçin, siziň garşyňyza topdur ýarag bilen çykan duşmana eliňizdäki taýak bilen gaýtawul berjek bolsaňyz, nähili bolar? Hawa, siz söweşersiňiz. Emma, söweş tärini bilmän söweşýäniňiz üçin, ýeňlişe sezewar bolarsyňyz. Ine, şu zeýilli emelsizlik tutuş Yslam araçägine howp salýan bolsa, onda näme etmeli?! Ýokarda-da gaýta-gaýta belläp geçişimiz ýaly, teblig etmegiň usulyny bilmek biziň üçin gaýragoýulmasyz, hökmanydyr. Teblig etmek biziň üçin nähili ähmiýetli bolsa, teblig etmegiň usullaryny bilmegem edil şonuň ýaly ähmiýetlidir. Biziň diýýän sözlerimiz söhbetdeş bolýan adamymyzyň aň derejesinden juda bärde ýa-da aňyrda bolsa, onda biz teblig etmegiň tärini bilemzok. Şonuň üçinem, biziň tebligimiz täsirsiz galýar. Düýrmegi bilen ateist ýa-da küfür derýasynda ýüzýän adama, elbetde, sözüň başynda tehejjüt namazynyň sogaby hakda gürrüň berip bolmaz. Oňa imanyň esaslaryny düşündirmeli, düşüner ýaly edip aýtmaly. Häzirki günde, küfür tebigy bilimlerden hem-de ylym-bilimden gelýär. Şol sebäpden, teblig etmegiň usuly hem ylmy bolmalydyr. Emma, ýalňyş usul bilen adamy düzetjek bolýanlaram bar... Hawa, şu günüň ýaş nesliniň ýüregi bejerilmeli wagty, olaryň eginbaşlaryna, geýimlerine, içki gözellikden öň daşky gözelligine üns beripdirler. Şeýdip, olar bizden daşlaşypdyr. Teblig edilende şeýle ýalňyşlyga ýol bermek – adamlaryň ebedi durmuşynyň weýran bolmagyna eltýär. Şonuň üçin, şu meseläniň üstünde näçe dursaňam azdyr.

Hawa, garşyňdaky adam saňa ylym, bilim barada gürrüň berip durka, sen oňa ýönekeýje ylmyhal kitabyny okap berseň, nähili bolar? Men bu ýerde ylmyhal kitabyny kemsitjek bolamok, diňe geleňsizlik etmäliň diýjek bolýaryn. Garşyňdaky adam “ahyret ýok” diýip durka, sen oňa weliler hakda rowaýat gürrüň berseň, bolmaz. Adam diňe duýgudan ybarat barlyk däldir. Diňe duýguly hekaýalar gürrüň berip, adama täsir edip bilmersiň. Adamda duýgynyň ýany bilen akylam bardyr. Şonuň üçin, adamy akyl taýdanam ynandyrmaly. Sadeddin Taftazani imany şeýdip düşündirýär: “Sen imany delilleri bilen düşündir. Allatagala-da onuň gursagynda iman nuruny tutaşdyrar. Ine, iman budur.” Galyberse-de, diňe şular ýaly iman adamy haýyr işlere hem-de dini durmuşyň bitewi ýaşalmagyna iterip biler. Duýgy ýelgini bilen dine goşulan adam ýene bir ýerde daşky güýçlerden asgyn gelip, dindenem çykyp bilýär.

Kurany Kerim özüniň ýüzlerçe aýaty bilen tebigy bilimlere we tehnologiýa yşarat edýär. Kuran fizika ýa-da himiýa kitaby däldir. Emma, tutuş adamzady haka çagyrmak üçin şu bilimler hökman zerurdyr. Şonuň üçinem, Kurany Kerim musulmanlary şol bilimleri öwrenmäge çagyrýar. Astronomiýa biliminiň nämeligini bilmeýän, biologiýa biliminden ýüzleýem bolsa habarly bolmadyk adam Kurany Kerimiň köp aýatlaryna doly düşünip bilmez. Çünki, Kurany Kerimdäki köp aýata düşünmek üçin, tebigy bilimlerden habarly bolmalydyr. Bu ýerde ähli bilimleriň atlaryny agzap, sözi uzaldyp oturman, diňe şulary ýatladyp geçesim gelýär. Häzirki döwrüň Hak wagyzçylary asyrymyzyň bilim we tehnologiýasyndan habarly bolmalydyr. Ýogsam, olaryň irşady, tutuş adamzady öz içine alyp bilmän, diňe çäkli gürrüňligine galar.

e) Döwre düşünmek

Häzirki gün, adamzadyň ruhy ýagdaýy öwerlik däldir. Döwrümiziň adamsynyň şeýle gözgyny ýagdaýy, esasanam, irşad babatda ýüze çykan çöküşler zerarlydyr. Sebäbi, döwre düşünmeýän, döwür bilen aýakdaş gitmeýän adam şol döwrüň adamlaryna hiç zat düşündirip bilmez. “Meniň bilmeýän zadym juda kän. Men onça zady bilmän, nädip adamlara Haky düşündireýin?! Diýmek, „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini berjaý etmek meniň borjuma girmeýär” diýmeli däl. Eger-de ynsanlara Haky düşündirmek üçin ýyldyzlara baryp gaýtmalam bolsa, dini düşündirmek üçin ýyldyzlardan maglumat getirmelem bolsa, şol ýere baryp gaýdyp, o taýdan getirlenleri mätäçlere paýlamak – parzlaryň hem parzydyr.

Adamzady fizika bilen dyza çökerdiler. Şu döwrüň adamsyny himiýa bilen oka tutdular. Astronomiýa bilen olaryň depesine ýyldyz ýagdyrdylar. Beýle bolsa, bular ýaly ýagdaýda senem eliňi gowşuryp oturyp bilmersiň. Hawa, senem şol „ýaraglary“ ulanmalysyň. Sen adamzadyň elinden tutup galdyrmalysyň. Olaryň maddy-ruhy ýaralaryna melhem ýapmalysyň. Bu seniň borjuňdyr. Sen olaryň elinden tutup galdyr. Goý, olar gaýdyp hiç haçan ýykylmasyn, sürçmesin! Goý, olar ýaman niýetli güýçleriň aýagynyň astynda basgylanmasyn! Älemdäki her bir hadysanyň, her bir barlygyň öz dili bardyr. Allaha iman edýänler şol dile düşünmelidir. Ýogsam, tekwini aýatlara – tebigy bilimlere asla düşünip bolmaz. Tekwini aýatlara düşünmeýän adam ýa-da halklar zelillige duçar bolar. Eýsem-de, Kurany Kerim öz aýatlary bilen tekwini aýatlaryň üstünde durup, olara düşündiriş berýär. Ine, şu hakykatlary eşitmejek bolup gulagyna barmagyny dykýan adam her gün Kurany başdan-aýak okasa-da, Kuranyň hakyky manysyna asla düşünip bilmez. Kuran – ondaky aýatlaryň ählisine bitewilikde akyl ýetirilsin diýip iberilipdir. Kim Kurana eýe çykýan diýýän bolsa, muny berk bellemelidir.

Hawa, biziň düşündirýän hakykatlarymyz hernäçe mukaddes, sogaply bolsa bolubersin, eger-de biz döwrüň düşünjesine, aňyýetine hem-de nazaryna görä iş alyp barmaýan bolsak, onda edýän işimiz netijesiz bolar. Sebäbi, dini, Kurany Kerimi akyl, zehin hem-de pikir süzgüçlerinden geçirip bolmaýan syrly meseleler ýaly edip düşündirseň, adamlaryň kellesi garjaşýar.

Sahabalar öz döwrüniň medeni derejesinden has ýokardady. Olar söhbetdeş bolýan adamlaryna dine degişli meseleleri şol döwrüň medeni derejesine laýyk düşündirip bilýärdiler. Olardan soň ýaşap geçen beýik şahsyýetlerem şeýdipdirler. Mysal üçin, öz asyrynyň iň beýik din alymy hasaplanýan Ymam Gazalynyň wagyzlaryny şol döwrüň adamlary haýran galyp diňläpdirler. Ine, şol haýranlyk asyrlarboýy dowam edipdir. Gibb, Renan ýaly günbatarlylaryň Ymam Gazaly barada aýdanlaryna ünsüňizi çekesim gelýär: “Biz Gazaly ýaly, öz döwrüniň medeniýetine akyl ýetiren ikinji bir adama duşmadyk.”. Ymam Rabbaniler, Möwlana Halidi Bagdadylar we olar ýaly, öz asyrynyň depesinde güller mysaly açylan beýik şahsyýetleriň barynyň, şol döwrürdäki ylym hem medeniýetden ýüki ýetikdi. Olar öz döwürleriniň öňünde ýöreýärdiler. Olaryň mertebelerini bilmek üçin, olaryň adamlary nädip dine çagyrýanyna seretmelidir. Şonuň üçinem, olaryň dilinden çykýan sözleriň bary adamlaryň kalbyna siňýärdi hem-de halk tarapyndan goldaw tapýardy.

f) Mürşit ugurtapyjy bolmaly

Mürşit özüni nirede, nähili alyp barmalydygyny bilmelidir. Ol kä ýerde uçudyň düýbüne barmalam bolýar. Kä ýerde bolsa, ol minaranyň çür başyna-da çykmaly bolýar. Sebäbi, ol her hili adamlar bilen söhbetdeş bolýar. Bu onuň “medeniýet” çarhynyň uly bolmalydygyny görkezýär. Beýle däller mürşit däldir. Gaýtam tersine, olar irşad ýolunda böwet bolýarlar. Beýle adamlar ýoldan aýrylmaly. Olar, şu haly perişan nesli halas etmek üçin gelýän hakyky mürşitlere ýol bermelidir.

Beýik şahsyýetiň biri şeýle diýýär: “Bir ýaş ýigidiň imansyzlygyny görende, dine ynanýan adamyň ýüregi bedeniniň atomlarynyň sanyça bölek-bölek bolmalydyr...” Ine, hunaba ýuwudýan ýürek şudur. Ýaşlaryň imansyzlyga tarap barýanyny görüp, ine, şular ýaly derdinmeýänler irşad we teblig wezipesine asla mynasyp däldir. Mürşit döwre düşünmeli, emma, ol şol bir wagtyň özünde dünýä aldanmalam däl. Hatda gerek bolsa, ol jennetem ýatdan çykarmalydyr. Ol özüne berlen her wezipäni şu düşünje bilen ýerine ýetirmäge çalyşmalydyr. Ine, şeýtse, Allatagala-da ony üstünlige elter we daşyndaky adamlaram oňa ynanar.

Biz öňem, kime din düşündirilýän bolsa, şol adamy ýakyndan tanamagyň zerurlygyny belläpdik. Hawa, teblig wezipesini ýerine ýetirýän adamyň borçlarynyň birem şudur. Keseli anyklaman, onuň öňüni alyp bolmaýar. Edil şonuň ýalam, kime din düşündirilýän bolsa, ol adamyň nähili keseliniň barlygyny anyklaman, ony bejermäge synanyşmak uly ýalňyşlykdyr. Her dermanyň her bir ýara melhem bolup bilmeýäni hemmä mälim bolsa gerek!

Käbir adamlary bilýärin, olar fabrigiň stanoklaryndan başga zady pikir edenoklar. Olaryň bileni-biteni ykdysadyýet, maýa goýum we agyr senagatyň ähmiýetidir. Bu hili adamlar, adamzadyň bagtly durmuşyny diňe şu ýol bilen dikeldip bolar diýip düşünýärler. Olaryň şu tutumlary Marksyň we Engelsiň pikirlerini, nazarýetlerini gaýtalamakdan ybaratdyr. Häzirki günde, çamalagy çaşan bu nazarýetler özleriniň ýaşamagyny bes etdiler. Ine, şu nazarýetlere gulluk edýän adamlar nädip adamzada dirilik eçilsin? Adamyň akyly ýerinde bolup, nädip beýle ýalana ýüz urýanyna geň galaýmaly. Men aldanandygymyzy boýun almaga namys edýärin. Ýok, ýok! Siz ýaş nesliň ruhy dünýälerini gözden salsaňyz, olary ruhy hörek bilen iýmitlendirmeseňiz we olaryň aňyna ahyret düşünjesini guýmasaňyz, onda guran ýa-da gurjak fabrikleriňizem – hiç zadam ony dogry ýola salyp bilmez. Hawa, şu gödeňsiz, sergezdan nesillere terbiýe berilmese, olar ruhy taýdan doýrulmasa, onda olaryň ruhuny hiç hili fantastiki ýa-da ajaýyp pikirler bilen doýrup bolmaz. Şonuň üçinem, nesilleriň ýaralaryna ykdysady çözgütler bilen em edip boljagyna ynanmak – gaflatyň hut özüdir.

Häzirki gün, döwür bilen aýakdaş gidip bilmäni üçin Yslam dünýäsini kürsä çykaranoklar. Şu wagt, Yslam dünýäsine gürlemäge asla nobat berlenok. Ol diňe diňläp oňmaly bolýar. Ol, bolmanda, aýdylýan geplerden many çykarmagy başarsady. Belki, şonda haçanam bolsa bir gün ol täzeden, gürleýän hem-de sözüni diňledýän liderlik basgançagyna çykyp bilerdi. Emma, ol üşükli diňleýjem bolup bilmedi. Umuman alanyňda, Yslam dünýäsi bulaşdy we bu bulaşyklyk hususy hyzmatlara hem-de özbaşdak döreýişlere-de erbet täsir etdi. Olaram özleriniň işleşýän, gatnaşýan adamlarynyň öňünde arkaýyn gürläp bilmediler. Biziň elimizde, tutuş äleme beýlede dur diýýän we adamzada hakykaty düşündirýän Kurany Mugjyzul Beýan bardyr. Ýene-de biziň elimizde Kurany Kerimi bize iň gowy usulda düşündirýän Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem), ölmez-ýitmez sünnetleri bardyr. Gynansak-da, biz häzire deňiç şulardan peýdalanyp bilmändiris. Ýürek bilen zehin bitewiligine ýetip, edil guwwas ýaly, Kuran ummanyna çümüp bilmändiris. Şol sebäpdenem, biz Kuranyňam, sünnetiňem näme diýýänine düşünip bilemzok. Eger-de biziň bu bolşumyz üýtgemese, onda biz Kuran bilen sünnete hiç haçan düşünip bilmeris we şu döwrüň musulmanlary haosdan asla gözüni açyp bilmezler.

Hawa, dünýä kämilleşýär. Bilim hem-de tehnologiýa gün-günden ösýär. Ýöne käbirlerimiziň diýýän zadymyz özgerýän dünýämiziň ölçegine gabat gelenok. Biz yzda galan üç asyr bilen güýmenip ýörüs. Şu günüň ýaşlary bilen bolsa, asla derdinşemzok. Şonuň üçinem, biziň diýýänimize hiç kim gulak asanok.

g) Döwrüň perspektiwasyndan seretmek

Şu günüň mürşit we mübelligi özüniň düşündirjek meselelerini, ýaşaýan döwrüniň perspektiwasyndan seredip düşündirmelidir. Ol, kime din düşündirjek bolsa, başdan şol adamyň ruhy gurluşyny doly öwrenmeli, soň bolsa onuň beýnisine sünjülýän hem-de awy pürkýän problemalary bilmelidir. Ol aýtjak her bir sözüni şu düşünje esasynda aýtmaly. Şonda, onuň aýdýanlary adamyň ýüregine jüňk bolar. Şu döwrüň ýaş nesilleri gan ýitirýär, biz bolsa olara penselin sanjýarys.

Bular meniň hyýaly pikirim däl-de, Kurany Kerimde we Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) sünnetinde kesgitlenilen meselelerdir.

Kurany Kerim: “Seni ýaradan Rebbiň ady bilen oka!” (Alak, 96/1) diýmek bilen, entek birinji aýatda tekwini aýatlara – ýaradylyş hem-de döreýiş ýaly meselelere ünsi çekýär. Pelsepeçileriň bary, Epikurdan Demokrite çenli, Demokritden Sokrata çenli, Sokratdan Platona çenli, ondanam tä Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) döwründe ýaşap geçenlere çenli, ählisi diýen ýaly, ýaradylyş meselesi bilen gyzyklanypdyrlar we şony öwrenmäge çalşypdyrlar. Diýmek, şol wagtlar adamlaryň ýaradylyş barada, azam bolsa, bilýän maglumatlary bolupdyr. Olaram adamyň bir damja suwdan emele gelýänini we embrionyň ene garnynda dürli etaplar arkaly ösýänini bilýärdiler. Emma, Kurany Kerim şu meselä örän giň perspektiwadan seretdi we adamlara: “Aýt: Ýer ýüzüne aýlanyp çykyň we ýaradylyşyň nädip başlananyna bir serediň!” (Ankebut, 29/20) diýdi. Muny diýmeginiň sebäbi bolsa, häzire deňiç hiç kimiň beşeri ylym hem-de beşeri nazarýetler bilen ýaradylyşyň nädip başlanyny düşündirip bilmeýşidir. Soňam düşündirip bilmez. Hawa, Allatagala bilen delillendirmän, ýaradylyşy asla düşündirip bolmaz.

Kurany Kerim başdan, hiç kimiň düşündirip bilmedik şeýle çylşyrymly meselesiniň üstüni açyp görkezýär. Şeýdip, Kuran tekwini aýatlara-da ünsi çekýär. Tekwini aýatlar – beýik Ýaradanyň gudraty hem eradasy bilen älemiň boýnuna dakylan müň öwüşginli gülýakadyr, syn etmek üçin açylan sergidir we okamagymyz üçin kitapdyr. Ine, biz şu kitaby, şu sergini, şu gülýakany içgin öwrenmelidiris. Biz hadysalara hernäçe akyl ýetirmäge synanyşsagam, Kuranyň görkezen çäginden daşyna çykyp bilmeris.

Tekwini aýatlary nazara alman, adamyny diňe duýgy hem hyýal joşgunlygy bilen aýak üstünde saklamaga çalyşmak ýalňyşdyr. Hak wagyzçylary öz şägirtleriniň ýüregini hem zehinini deň derejede kämilleşdirmelidirler. Şägirtlerini döwrüň talabyna laýyk taýýarlamalydyrlar. Şeýlelikde, ýürek bilen zehiniň arasyndaky baglanşyk asla gowşamaz. Wagt şu baglanşyga zyýan ýetirip bilmez. Bolup geçýän wakalar bolsa, şol baglanşygy kuwwatlandyryp, ynsanyň erk-eradasyny törpülär.

h) Adamyň derejesini bilmek

Kä ýagdaýlarda, biz ýüzlenýän adamymyzyň derejesine özümiz barmaly bolýarys. Diýmek, Hak wagyzçysy diýýän sözüni garşydaky adamyň zehin derejesine baryp diýmelidir.

Şu düşünjäni abstraktlykdan saplamak üçin, şeýle düşündiriş berip bolar. Kime din düşündiriljek bolsa, şol adamyň zehin derejesine baryp düşündirmek – ylahy ahlakdyr. Pygamber Serwerimiz (sallallahu aleýhi wesellem) bolsa bizi Allahyň ahlagyny nusga edinmäge çagyrýar. Kuran başdan-aýak, adamyň akyl ýetirip, düşünip biljek ylahy kelamydyr. Ýagny Allatagala Kurany Kerimde ynsanyň düşünip biljek dilinde gürläpdir.

Hawa, eger Allatagala Kurany Kerimde, Tur dagynda hezreti Musa (a.s) bilen gürleşen kelamy bilen sözlän bolsady, onda biziň oňa düşünmäge güýjümiz ýetmezdi. Kuran diňe genileriň hem-de aýratyn zehinli adamlaryň düşünjek dilinde iberilen bolsady, adamlaryň togsan dokuz göterimi Kurandan peýdalanyp bilmezdi. Emma, beýle däl. Allatagala özüniň beýikligi hem-de rububiýeti (Allatagalanyň her mahluga her wagt, her ýerde mätäç bolan zatlaryny bermegi we olary terbiýelemegi) bilen birlikde, eradasyna laýyklykda adamlaryň ýagdaýyny göz öňünde tutýar we olar bilen şeýdip gürleşýär. Allatagalanyň kelamy diňe Kuran bilen çäklenmeýär. Kim bilýär, Allatagala özüniň beýikligi bilen, gör, nähili äheňde gürläp bilýändir. Ýöne biz şolary bilemzok. Biziň bar bilýän zadymyz şu: Allatagala hemişe özüniň ehadyýet (Allahyň her bir zatda özüniň ýeke-täkligini görkezmegi) hakykaty bilen adamlara, olaryň zehin derejesine görä ýüzlenipdir.

Biz Kurany Kerimde öz derejämizi açýarys. Kuran her kim bilen edil öz derejesinde gürleşýän ýaly. Adamyň zehin derejesi nähili bolsa bolubersin. Her bir adam Kuranyň aýatlarynda öz ruhy ýagdaýyny duýýar. Hawa, her kimem Kurany Kerimi okanynda, ýürekdeş bir dostuň seniň syrlaryňa deňiç bar zadyňy aýdyp berýän ýaly, duýgyny başdan geçirip bilýär.

Bärde geň göresi zat ýok. Bu şeýle bolaýmalam. Sebäbi, Kuran – adamy ýaradan hem-de onuň gursagyna dem salan Allahyň kelamydyr. Allatagala adamy ýokdan bar edipdir. Allah adamy maddy älemde ýasap, oňa gudrat äleminden ruh beripdir. Ne ruh öz daşyna geýdirilen bedenden, ne-de beden öz içine salnan ruhdan habarlydyr. Olaryň ikisinem kim ýaradan bolsa, olary iň oňat tanaýanam şoldur. Ine, Kuranam şol beýik Gudratyň kelamadyr.

Bu ylahy kelamyň her bir sözi adamlary hak ýoluna eltýän çeşmedir. Edil şonuň ýaly, ähli din wagyzçylarynyň Haka çagyrmakda ulanýan usuly öz gözbaşyny Kurandan alyp gaýdýar. Dini wagyz edýän adam Kurana seretmeli we adamlar bilen nädip gürleşmelidigini Kurandan öwrenmelidir.

Kurany Kerimiň dürli derejedäki adamlara ýüzlenýändigi hakykatdyr. Sebäbi, Ol – adamy ähli aýratynlyklary bilen ýaradan we ýugran Allatagalanyň kelamydyr. Şu güne deňiç gelip-geçen müňlerçe alymlaryň derejesini, olaryň Kuran hakdaky pikirleri bilen ölçese bolýar. Sagadat asyrynda-da ýagdaý şeýledi. Sahabalaryň Kurana düşüniş derejesi deň däldi. Olaryň zehin derejeleri dürli-dürli bolany bilen, olaryň hersi özüçe Kurandan peýdalanyp bilýärdi.

Oýlanyp görüň! Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) döwründe ýaşan çarwa arabyň biri gelip Kurany diňleýär-de, ruhuna hem aňyna Kuranyň nuruny siňdirmegi başarýar. Şol döwürde ýaşan we ýazan goşgulary Käbede asylan beýik şahyrlara-da Kuran biçak täsir edipdir. Şeýle şahyrlaryň biri Lebiddir. Ol Kurany diňläninden soň, goşgy ýazmagyny bes edipdir. Hansa atly zenan şahyram Kurana aşyk bolan beýik ynsanlaryň biridi. Hawa, Kuran olaryň dünýäsine şu jähtden aralaşýardy. Şonuň üçinem, olaryň ýüregi hem-de zehini Kuranyň paýhasyndan zerrin bolup doýýardy. Ibn Sina, Ibni Rüşd, Faraby, Ymam Gazaly, Fahreddin Razi, Ebu Hanife, Ymam Şapyg, Ymam Ahmed bin Hanbel, Ymam Mälik we atlary tutulmadyk ýene-de sanardan köp beýik şahsyýetleriň bary Kurana imrinipdir we olar Kuranyň mekdebinden geçipdirler. Diýmek, Kuran olara-da birmeňzeş ýüzlenipdir.

Hawa, Kuran adamyň zehin derejesini her ugurda göz öňünde tutupdyr. Kurandaky her bir söz düşüner ýaly edip aýdylypdyr. Kuran şeýle usullara juda baýdyr. Ony çyn ýürekden diňlän islendik adam Kuranyň sözlerini diňe özüne aýdylandyr öýdýär. Bilim we tehnologiýa gün-günden möwç alyp ösýär, özgerýär. Bilimiň her ugrundan diýen ýaly, biri-birinden güýçli alymlar döreýär. Beýik Ýaradan alym adamlaryň zannyna ukyp guýupdyr. Olar şol ukyplaryny ösdürmek üçin, beýik Ýaradanyň älemde goýan kanunlaryny öwrenip, ussatlyga ýetmelidirler. Şunuň bilen birlikde, olar özleriniň iň esasy diregi, beýik Ýaradanyň ezeli kelamy bolan Kurany ýanlaryndan aýyrmaly däldirler.

Hawa, müňlerçe alymyň zehin derejeleri dürli-dürli bolsa-da, olaryň baram Kurandan peýdalanyp, Kuranyň saýasynda saýalap bilýärler. Himik Kurany diňe özi üçin ýazylan kitap hökmünde diňläp bilýär. Diňe olmy? Elbetde, ýok. Fizik hem, astronom hem, biolog hem, hatda matematik hem, arhitektor hem... Kuranyň aýatlaryna öz dillerinde gürleýäni diňleýän ýaly, düşünip bilerler. Kurany oba hojalykçy okasa, onuň göwnüne, Kuran başdan-aýak oba hojalykdan gürrüň berýän ýaly bolup görünýär. Lukman üçin bolsa, Kurany Kerim keselleri anyklamakda hem bejermekde täze-täze açyşlaryň üstüni açýan, häzirki zaman barlag-gözleg merkezlerinden has ösen, ajaýyp, nurly merkez ýalydyr. Beýleki ylymlar üçin hem şol zatlary aýtsa bolar. Diýmek, ýer sürýän daýhanam, asman jisimlerini öwrenýän alymam Kuranyň diline düşünip bilýär.

Ine, özüniň şeýle özboluşly aýratynlygy bolan Kurandan biz sapak almalydyrys. Kuranda ensiklopedik terzde bilimleriň hersi agzalyp geçilse-de, bu kitap ensiklopediýa däldir. Kuranyň ýeke-täk maksady – adamdyr. Ol adamyň elinden tutup, ony ýerden göge, o taýdanam bakylyga eltmegi maksat edinýär. Ol özüniň şu maksadyna gulluk etmek bilen birlikde, bize adamlary Haka çagyrmagyň usulynam öwredýär. Teblig we irşad wezipesini ýerine ýetirýän adam, Kuranyň şeýle öwüşginini görüp, kimi Hak ýoluna çagyrýan bolsa, şonuň ýagdaýyny, derejesini ünsden düşürmeli däldir. Teblig we irşad wezipesini ýerine ýetirýän adam her bir sözüni şoňa görä diýmelidir. Elbetde, beýtmek aňsat däldir. Emma, bu iň peýdaly hem-de zerur usullaryň biridir.

Agras, goýazy görünjek bolup, pelsepe otarmagy endik edinenler gaty ýalňyşýarlar. Sebäbi, irşad we teblig wezipesinde esasy zat – aýdylýan pikire diňleýjiniň aýdyň düşünmegidir. Bu bolsa, pikiriň mümkingadar düşnükli, sada dilde aýdylmagyna baglydyr. Hawa, her kim düşüner ýaly edip aýtmagy başarmaly.

Häzirki döwrüň ýaşlary dini terminlere hem aňlatmalara düşünenok. Olar bilen ýene-de olaryň düşünjek dilinde gürleşmeli bolýar. Çaga bilen çaga ýaly gepleşilmeýärmi?! Üç ýaşly çaganyň elinden tutup, bile ýöräňde, ädimiňi oňa görä ätmeýärmiň? Çagajygyň diline öýkünip, onuň bilen gürleşmeýärismi? Edil şonuň ýaly, irşad we teblig wezipesinde-de ýüzlenilýän adamyň düşünjesini göz öňünde tutmak hökmanydyr. Çaganyň düşünmejek dilinde gürläp, olara hiç zady öwredip bolmaz.

Ýaş neslimize Yslam dinini düşündirenimizde, Berksonyň, Paskalyň, Platonyň we Deskartesiň pelsepewi sözleri däl-de, Pygamber Serwerimiz hezreti Muhammediň (sallallahu aleýhi wesellem) irşad we teblig usuly zerurdyr. Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) adamlaryň akyl ýetirşiniň dürli-dürli bolýanyny asla ýatdan çykarmaýardy. Onuň aýdýan sözleri her bir adamyň ýüregine jüňk bolýardy. Ol gerek ýerinde çaga bilen çaga ýaly, ýaş bilen ýaş ýaly, garry bilen garry ýaly bolup bilýärdi. Ine, şu ylahy ahlak we şu ýörelge – pygamberleriň ahlak ýörelgesidir. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) bir hadysynda: „Bize – pygamberlere hemişe adamlaryň zehin derejelerine laýyk, olar düşüner ýaly gürlemek buýruldy“, ýene bir hadysda bolsa Pygamber Serwerimiz: „Adamlara akyllaryna görä söz aýdyň“ diýmek bilen, bize teblig we irşad wezipesiniň esaslarynyň birini ýatladýar.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2022 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr