Giriş

Yslam adamy bitewilikde öwrenýär. Yslam dini ýaman gylykly barada „erbetlikden daşlaşdyryjy” metodyny, päk ahlakla bolsa höweslendirmek metodyny ulanýar. Şol sebäpden, Kurany Kerimde we hadysy şeriflerde gorky hem umyt, jennet hem dowzah, rehmet hem gazap, şuňa meňzeş meselelere garalanda, hemişe deň agramlylyk saklanypdyr. Gorkudan ýaňa öz etini özi iýip tükedýän, ysgyn-deramatdan galýan adam ýa-da umyt bilen heşelle kakyp, keýpiçag gezip ýörýän adam – Yslam dininiň gözleýän adam obrazy däldir.

Dini ýaşaýşyň üpjün hem-de dowam edilmegi diňe diniň buýruklary bilen amala aşýar. Bir tarapdan-a, adam özüniň ruhy ýaşaýşyna üns berip, ruhy güýje salgylanmaly, beýleki tarapdanam, diniň jeza beriş buýruklary esasynda öz-özüni göz astynda saklamalydyr. Dogry ýoldan daşlaşmazlyk, sürçüp ýykylmazlyk üçin we ýolda-yzda azaşmazlyk üçin şu çäre hökman gerekdir. Daşyndan seredeniňde, jeza beriş buýruklary ýüzüni egşidip duran ýalydyr. Emma, netijede şolaryň saýasynda gazanyp boljak zatlar hakda oýlananyňda, şu jeza beriş buýruklarynyň, bolmanda, höweslendirme hem stimulirleme buýruklaryça adama bähbitlidigini hem-de olaryň aňyrsynda jenneti gözelligiň barlygyny görse bolýar.

Adamy diňe bir ugurly öwrenýän sistemalaryň bary çöküpdir. Çökmedik sistemalaram häzirki günde, uly tizlik bilen çöküşlige tarap ymtylýarlar. Sebäbi, şol sistemalar hakyky durmuşdan hem-de hakyky durmuş nyzamyndan juda daşdadyr. Şeýle uzaklygyň soňy hem hökmany suratda puç bolaýmalydyr.

Şu jähtden, biz yslamyň buýruklaryna ylahy ahlak perspektiwasyndan seredip, diňe şondan soň netije çykarmaga borçludyrys. Sebäbi, ol ahlak – Kuranda bar bolan ahlakdyr. Biziň esasy maksadymyz bolsa, adamlara Pygamber Serwerimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) terbiýe-ahlagy – iň beýik ahlak bilen terbiýelenmegiň ýollaryny salgy bermekdir. Onsoňam, adam boljak bolsaň, şol beýik ahlaga ulaşmaly dälmi eýsem?!

Yslamyň buýruklaryny başdan, „ Enfüsi (subýektiw) hem-de afaki (obýektiw) ” diýen iki topara bölüp bolýar. Birinji toparda, şahsyň öz içki ruhy dünýäsi babatda, ikinji toparda-da, onuň sosial durmuşda özüni nädip alyp barmalydygy barada, berjaý edilmeli zatlaryň üstünde durulýar.

Başdan, her bir adam özüniň ruhy dünýäsini gözden salmaly däldir. Muny adama iman esaslarynyň hemmesem ündeýär. Allaha, perişdelere, kitaplara, pygamberlere, ahyret gününe we kadere (takdyra) iman eden (ynanan) adam, belli bir derejede özüniň ruhy dünýäsine ser salýandyr. Emma, şu „ser salyşlygy” „salyh amal” diýilýän ybadatlar bilen hasam güýçlendirmeli we her bir adam muny endige öwürmeli. Namaz, oraza, zekat we haj ýaly parz ybadatlaryň ýany bilen „nepil” diýip atlandyrylýan ybadatlar arkaly ruhy dünýäsini kämilleşdirip, içki dünýäsini arçaýan adam, yslamyň buýruklarynyň öz şahsy adyna degişli bolanyny ýerine ýetirdigi bolar. Ýöne yslamyň buýruklarynda „berjaý etmeli” buýruklary bilen birlikde „gadagan ediji” buýruklar hem bardyr. Ýagny, şu buýruklaryň bir ujy jennete, beýleki ujy bolsa dowzaha baryp ýetýär. Başgaça aýdanyňda, yslamy buýruklarynyň bir ujunda sylag-serpaý, beýleki ujunda bolsa jeza bardyr. Ine, bu bolsa deň agramlylygyň hut özüdir.

Galyberse-de, şu meselä beşeri hakykatyň çäginde garalyp geçilmelidir. Allatagala bizi adam edip ýaradypdyr. Ynsan – özüniň ençeme ýaman gylyklarynyň ýany bilen, ençeme gowy häsiýetlere-de eýe, çylşyrymly ýaradylan barlykdyr. Emma, beýleki jandarlarda şu aýratynlyk adamdakyda bolşy ýaly, ýokary derejede däldir. Haýwanlar özleri üçin çekilen araçäkden daşyna çykanoklar. Allah tarapyn juzi erade (ynsana berlen saýlamak hukugy) berilmäni üçin, haýwanlaryň hiç hili jogapkärçiligi ýokdur. Jynlar ukyp babatynda adamdan örän yzdadyr. Şeýtan bolsa erbetlikler bilen şeýle bitewileşipdir welin, ol diňe erbetlik edýän barlyga öwrülipdir. Perişdeleriňem ukyby çäklidir. Çäkli diýdigimiz, olar ynsan ýaly kämilleşip, beýik mertebelere ýetip bilmeýärler diýdigimizdir. Şeýtan-a boýun bolmakdan, perişde-de garşy çykmakdan binesipdir. Adam bolsa, hem şere-erbetlige, hem-de gowulyk-ýagşylyga – ikisine-de şol bir derejede ukyply ýaradylypdyr. Beýiklerden beýik mertebä çykyp bilýänem, azgynlygyň iň edrenjine syrygyp bilýänem – adamdyr.

Yslamyň buýruklary erbetligi ýok ediji häsiýetlidir. Çybynlardan goranmagyň iň täsirli ýoly – batgalygyň ýoguna ýanmakdyr. Ýylan çagajygy ulalyp, äpet kepjebaşa öwrüleninden soň, oňa garşy göreşmegiň nähili kyndygy hemmä mälimdir. Yslamyň buýruklary içgin öwrenilmelidir. Şeýdilse, mesele hasam düşnükli bolar diýen tamamyz bar.

Höweslendirmegiň ýany bilen, çekindirmek, ýagşylygy ýaýmagyň ýany bilen, erbetlikden gaça durulmagy talap etmek, gowy häsiýetdäkilere alkyş aýtmak, erbetlige eltýän faktorlaryň öňünde jeza beriş buýruklary bilen durmak, başgaça aýdanyňda, batgalygy hem-de erbetligi ýok etmek – bularyň bary Yslamyň buýruklarynda maksada ýetmek üçin esasy usullardyr.

Eliňizdäki şu kitapda „Emri bil magruf, nehýi anil münker” diýilýän, ýagny, ýagşylygy ýaýyp, ýamanlygyň öňüni almak meselesine dürli ugurlardan seredip, düşündiriş bermäge çalşarys. Şeýlelikde, başlangyç nokadyň – şu meseläniň Yslamyň buýruklarynyň biridigini hiç haçan gözden salmarys. Ine, şu buýruk kitapda aýdyljak bolunýan pikir-garaýyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu aýdylýanlar „Yslamda teblig etmegiň usullary” atly düşünjä täzeçe seretmäge ýardam berer diýen tamamyz bar.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2022 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr