Kuran bilen ýüregiň gatnaşygy

Kuran bilen ýüregiň gatnaşygy

Yslam dinini wagyz edýän adamyň ýüregi Kurana görä sazlanmalydyr. Kurany Kerimde bu barada şeýle diýilýär: „Bu Kuran, ýüregi Kurana açyk bolanlar üçin hem-de gözüni Kurana dikip, oňa gulak goýanlar üçin nesihatdyr.“ (Kaf, 50/37).

Hawa, Kuran – nesihatdyr, ýatladyjydyr, zikirdir we duýduryjydyr. Kuranyň şu ugurlaryndan peýdalanmak üçin, adamyň ýüregi oňa açyk bolmalydyr. Ýüregiň açyk bolmagy üçin, gözüňi Kurana bakan öwürmelidir, gulagyňy Kurana bakdyrmalydyr. Ine, muňa – bary-ýogu bilen Kurana berilmek diýilýär. Kurana düýrmegiň bilen berilmän, ondan peýdalanyp bolmaýar. Kurana ýürekden ýapyşmaýan adam, onuň gudratyny asla görüp bilmez. Görüp bilmänsoňam, onuň nazarynda Allahyň kelamy bilen beşer kelamynyň arasynda hiç hili tapawut bolmaz. Ine, aň-düşünjesi şular ýaly peselen adam Kuranyň bähbidi üçin hiç zat edip bilmez, etmezem. Şonuň üçin Kurany Kerimde: „Şu kitapda şübhe ýokdur“ diýlenden soň „Ol Allahdan gorkýanlar üçin hidaýatdyr (iman ýoluna girmek)“ (Bakara 2/1-2) diýilýär. Kuran şek-şübhesiz Allahyň kelamydyr. Emma, Kurandan diňe muttakiler (takwa adamlar) doly peýdalanyp bilýärler. Muttaki – şeriýaty fytriýä (Allahyň älem-jahanda goýan kanunlary) iň oňat düşünýän adamdyr. Perwaýsyz adam muttaki bolup bilmez. Beýle adam Kurandan peýdalanybam bilmez. Sebäbi, onuň ýüregi ölüdir.Ýene bir aýatda şeýle häsiýetdäki adamlaryň Allah Resulyna (sallallahu aleýhi wesellem) nähili seredýändikleri suratlandyrylýar. „Olar saňa, ajal depesinden inen adamyň ýüzi nähili solgun bolsa, şeýdip serederler.“ (Muhammet, 47/20). Ine, şeýdip seredýän adam Kurana hem-de Kuranyň wagyzçysy bolan Allah Resulyna (sallallahu aleýhi wesellem) nädip düşünsin? Asla, düşünmez. Emma, kalbyny Kurana görä sazlaýan adam älemiň ýürek urşy ýaly bolup gopýan hadysalary özüniň ýüreginiň urgusy bilen deň eşidip bilýär. Näme üçin? Sebäbi, ol älem-jahan bilen bir göwrä öwrüleni üçin. Hawa, hadysalaryň ýürek urgusyny eşidip bilmeýän adamyň irşad ýolunda üýtgeşik bitiren işi bolmaz. Aslynda, şu aýdylýanlar Kurana bitewilikde seredip bilmek bilen baglanyşyklydyr.

Şu meselä başga tarapdan seredip göreliň! Din wagyzçysy afaki (obýektiw) hem-de enfusi (subýektiw) deliller bilen Kuranyň aýatlaryny sintezlemegi başarmalydyr. Ol şu ugurda üstünlige ýetip bilse, wagyzçylykda-da üstünlik gazanar. Ýogsam, hem özi üçin, hem-de diňleýjileri üçin biderek wagt ýitirmek bolar. Hawa, dini wagyz edýän adam düýrmegi bilen Yslamyň ahlagyna ýugrulmalydyr we ol hemişe-de şu gözel ahlak hem öz üstünligi bilen saýlanmalydyr.

Hakyky kämil musulman afaki hem-de enfüsi delilleri seljerip bilmelidir we ol ýumşak sözli, päk ýürekli, mähirli, tertip-düzgünli bolmalydyr. Şu häsiýetler adamy kämil möminiň derejesine – teblig we irşad wezipesini ýerine ýetirmäge mynasyp derejä çykarýandyr. Başgaça aýdanyňda, kapyryň her bir häsiýeti kapyr häsiýeti däldir, edil şonuň ýaly, möminiň her häsiýetem mömin häsiýeti däldir. Belkem, şu döwürde kapyrlaryň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleriniň aňyrsynda-da olaryň mömine degişli häsiýete eýe bolşy ýatýandyr. Elbetde, biziň ýeňlişe sezewar bolşumyzyň aňyrsynda-da, biziň kapyr häsiýetler bilen hapalanmagymyz ýatandyr. Muňa garamazdan, her bir mömin, mömine degişli bolan häsiýete aňrybaşy bilen ähmiýet bermelidir. Ylaýta-da, diniň wagyzçylary Yslam dinine görelde bolmakda beýleki adamlardan birki basgançak ýokarda durmalydyr. Mysal üçin, musulman adam ýumşak bolýandyr. Ol her kime mähirlidir. Ol özüniň şeýle häsiýetiniň netijesinde, äleme mähriň sallançagy, agzybirlik bosagasy hökmünde garaýar. Mömin adamyň durmuşynda tertip-düzgün bardyr. Şonuň üçinem, onuň her pursady nurludyr, ýagtydyr. Mömin adam wagty bihuda ötürmekligi iň uly ýitgi hasaplaýar. Sebäbi, Resulallah (sallallahu aleýhi wesellem) asla wagtyny biderek geçirmändir. Musulman adamyň öz öýünden daşarda barýan ýeri mesjitdir, ybadat ýerleridir ýa-da adamlary Hak ýoluna çagyrmaga barýan ýerleridir. Onuň ylymdan, bilimden ýüki ýetik bolmalydyr. Ol ýasamalykdan daşda durýandyr. Musulman adam hemişe etjek işini meýilnamalaşdyrýandyr. Ol sebäp bilen netijäniň arasyndaky gatnaşyga doly düşünýändir.

Ýokarda agzap geçişimiz ýaly, häzirki wagtda Günbatar dünýäsi musulmanlara degişli bolan şu häsiýetleri kabul edip alandyklary sebäpli, iň ýokarky nokady eýeledi. Yslam dünýäsi bolsa olara degişli bolan erbet häsiýetleriň hammalyna öwrüldi. Musulman adam mesjide barýarka-da, günbatarlylara degişli häsiýeti ýanyndan goýanok. Günbatarlylar bolsa kilisä gidenlerinde-de, musulmana degişli häsiýetlerini aýyrmaýarlar. Diýmek, häzirki gün Günbataryň özi ýeňiş gazanmandyr. Tersine, olaryň eýe çykan musulman häsiýetleri olary ýeňşe eltipdir. Ýeňlişe sezewar bolanlaram musulmanlar däl-de, Günbatara öýkünip alnan kapyr häsiýetleridir. Şonuň üçinem, biz halas boljak bolsak, ählimiz Kuran bilen bir bitewi göwrä öwrülmelidiris.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2022 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr