Öňden görüjilik we ýaradylyş kanunlary bilen çaknyşmazlyk

Tutanýerli bolmak

Teblig we irşad wezipesini ýerine ýetirýän adam ýaradylyş kanunlar bilen asla çaknyşmaly däldir. Ol özüniň wezipesinde öňdengörüjilige salgylanmalydyr. Adam hakykatlar düşündirilen, kesgitlenen ýaradylyş (tebigy) kanunlaryny asla gözden salmaly däldir. Başgaça aýdanyňda, teblig wezipesinde adamyň ýaradylyşynda bar bolan käbir aýratynlyklar nazara alynmaly we aýdyljak sözler şu ölçegler esasynda aýdylmalydyr. Ýogsam, aýdylan sözler nähili owadan, nähili üýtgeşik bolsa-da, diňleýji tarapyndan makullanmaz. Sebäbi, diňleýän adam şol aýdylanlara ýa düýbünden düşünmez ýa-da toslamadyr öýder.

Şu meseläni hasam giňişleýin düşündirmek gerek. Mysal üçin, her adamda söýgi atly duýgy bardyr. Ine, adamda şeýle duýgynyň barlygyny inkär etmek ýalňyşdyr. Edil şonuň ýaly, adamlara söýmäň diýmegem ýalňyşdyr. Bu hakykata ters gelýär. Hak wagyzçysy adamyň potensialynda bar bolan söýmek atly duýgusyny dogry ýola tarap gönükdirmelidir. Şeýlelik bilen, Hak wagyzçysy adama pany hem wagtlaýyn ýaryň ýerine, ebedi hem baky ýary söýmegi öwretmelidir. Panylyk üçin sarp edilende söýmek atly duýgy adamyň başyna towky bolup inýär. Emma, şu duýgy Allaha gönükdirilende bolsa, adam Hak ýolunda guş bolup uçup bilýär. Diýmek „Söýmäň“ däl-de, „Ebedi hem baky ýary söýüň. Ýa-da her bir barlygy baky ýardan ötri söýüň“ diýmelidir. Ýunus Emräniň dili bilen aýdanyňda: „Ýaradandan ötri ýaradylany söýmek“ diýilýär.

Edil şonuň ýaly, her bir adamda kejirlik duýgusy bardyr. Kä ýagdaýlarda kejirlik sebäpli, adamlar biri-birleri bilen harçaňlaşybam bilýär. Häzirki günde, bar bolan dawa-jenjelleriň aňyrsynda kejirligiň zyýanly täsirleri ýatandyr. Şu duýgynyň hökmürowan bolan ýerinde gahar-gazap, ýok ýerinde bolsa tertip-düzgün bardyr. Daşyndan seredeniňde, şu duýgynyň birnäçe erbet taraplary bar ýaly bolup görünýär. Emma, bu duýgy adama bir maksat bilen berlendir. Mysal üçin, kejirlik – Hak ýolundan dänmezlik üçin juda ähmiýetli dinamiki güýçdür. Hawa, eger-de kejirlik duýgusy bolmadyk bolsady, onda adam sähel kynçylyga çydaman, Hak ýolundan ýüz öwrüp bilerdi. Diýmek, şu duýgy gowulyga tarap ugrukdyrylanda, gowy netijeleri alyp bolýandyr. Adamlara „Kejirligi goýuň“ diýmegiň ýerine „Kejirligiňizi Hak ýolundan aýrylmazlyk üçin ulanyň“ diýmek, elbetde has ýerlikli bolar.

Adamda baky ýaşamak duýgusy bardyr. Emma, adam maddy babatda baky däldir. Adamyň bir başy, birem soňy bardyr. Enäniň garnynda sperma bilen ýumurtgajyň tohumlanmagy esasynda başlanýan ýaşaýşa, heniz başlap-başlamanka, ölüm howpy abanyp bilýär. Hernäme bolsa-da, adamyň gursagyndan ebedi ýaşamak duýgusyny sogrup aýryp bolmaz. Diýmek, şu duýgy oňa beýik maksat üçin berlipdir. Şek-şübhesiz, bu maksat – baky durmuşa eýe bolmakdyr. Adam, baky durmuşa eýe bolasy gelýän bolsa, özüne bagş edilen şu duýgyny dogry ýerde ulanmalydyr. Ýagny, şu duýgy jennetde baky ýaşamak üçin we Allatagalanyň jemalyny görmek üçin peýdalanylmalydyr. Hawa, adam özüniň ebedi ýaşamak duýgusyny hökman şu ugurda herekete geçirmelidir. Ýogsam, bu duýgy adama özüniň çäresizligini, hiç zatlygyny hemişe ýatladýan ejir gamçysyna öwrülýär. Bu ejir gamçysy bilen saýgylanýan adam hiç haçan asuda, rahat ýaşap bilmez.

Wezipä eýe bolmak arzuwy adamyň zandynda bardyr. Adam özüniň goýan maksadyna ýetmek üçin säginmän ýokaryk dyrmaşýar. Ine, adamyň şular ýaly ejiz damary bardyr. Hak wagyzçysy bolsa, adamda şeýle duýgynyň barlygynyň üstüni açmalydyr. Şu duýgy ynsana näme maksat bilen berlen bolsa, adamlar şoňa gönükdirilmelidir. Diňe şonda Hak wagyzçysy adamlara öz sözüni diňledip biler. Hawa, şu duýgy adamlary jennetiň beýik mertebelerine ýetirmäge höweslendirmek üçin berilipdir. Onsoňam, adam beýik ahlaga-da şu duýgynyň saýasynda ýetip bilýändir. Ýöne şu duýgyny ýüze çykarmak, şu duýgynyň güýjüni adamlaryň peýdasyna ulanmak, ýene-de Hak wagyzçysynyň öňdengörüjiligine hem-de aň-düşünjesine bagly bolup durýar.

Hawa, kynçylyga uçramak – şu ýolda ýöreýänleriň ykbalydyr. Beýle bolsa, irşad we teblig wezipesini ýerine ýetirýän adam eýýäm başdan kynçylyga boýun bolmalydyr. Edil nebileriň, syddyklaryň, şehitleriň we ähli salyhlaryň boýun bolşy ýaly. Hawa, ylahy göreşiň gahrymanlary hem hökman şol beýikleriň ýörän ýolundan ýöräýmelidir. Olar beýikleriň gören görgüsini göräýmelidir. Şu ýoldan çykmak – maksatdan daşlaşmak diýmekdir. Maksadyndan daşlaşan adama bolsa, Hak wagyzçysy diýip bolmaz.

Hezreti Nuh (a.s) ençeme asyrlap kynçylyk çekipdir. Hezreti Ybraýymy (a.s) sürgün edipdirler, ony şu ýoldan gidýäň diýip, oda atypdyrlar. Ysraýylogullary hezreti Musa (a.s) gün bermändirler. Hezreti Ýahýa (a.s) iki çapylypdyr. Hezreti Ysanyň (a.s) hiç haçan ýüzi gülmändir. Sebäbi, bu ýoldan ýöremek aňsat däldir, munuň üçin erkiňe erk edip bilmelidir. Ine, bu – göreşleriň iň kynydyr. Şu ykbala boýun bolmaýan, şu ýoldaky kynçylyklara döz gelmeýän adamlar nebileriň ýolundan gidip bilmezler. Olar ahyry bir ýerde ysgyndan gaçýar we büdräp ýykylýarlar.

Haris bin Haris (r.a) gürrüň berýär:

„Kakam bilen Beýtullaha barýardyk. Men o wagtlar çagadym. Beýtullaha golaýlaşamyzda, birgiden adamyň kimdir biriniň daşyny gallap, urup duranlaryny gördük. Kakamdan „Kimi urýarlar?“ diýip soradym. „Ýoldan çykanyň birini“ diýip jogap berdi. Men o wagtlar munuň näme diýmek bolýanyna düşünemokdym. Emma, birsalym soň görsem, taýak iýip oturan adam Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) eken. Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) yzyny üzmän: „Eý, adamlar! „Lä ilähe illallah“ diýiň-de, halas boluň“ diýýärdi.“

Haris bin Harisiň (r.a) çagalykdan hakydasyna siňen hem-de onuň ruhunda öçmejek yzlar galdyran şu zeýilli wakalar Mekge döwründe, Pygamberimizden (sallallahu aleýhi wesellem) başlap ähli musulmanlaryň adaty durmuşlarynyň aýrylmaz bölegine öwrülipdi. Hawa, olaryň her güni şeýdip geçýärdi.

Bir gün Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) üstüne topulyp, ony gara gana bulap gidipdirler. Edil şol wagt Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) gyzy hezreti Patma (r.anha) ylgap barypdyr. Ol gözýaş döküp kakasynyň ýüzündäki gany süpüripdir. Emma, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) şol ýagdaýda-da öz gyzyna göwünlik berip: „Gyzym, aglama! Allah kakaňy harlamaz“ diýipdir.

Ýene bir gün Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) Käbede namaz okap durdy. Ibni Ebi Muaýt diýilýän adam öz kowmunyň iň zandyýaman adamsydy. Ol arkadan baryp, Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) bokurdagyna ýapyşyp, ony bogmaga durdy. Muny eşiden hezreti Ebu Bekir (r.a) o taýa ylgap barypdyr we „Rebbim Allahdyr diýýär diýip näme, ony öldürjekmi?“ diýip, Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) bilen ony aýryşdyrypdyr.

Hezreti Ebu Bekir (r.a) Mekgäniň köçeleriniň bir ýerinde urgudan ýaňa essinden gidip, tanyş-bilişleri ony, kim bilýär, näçe gezek öýüne göterip eltendirler?! Gözüni açyp, açmanka-da, ol „Allah Resulynyň ýagdaýy nähili?“ diýip soraýardy.

Bir tarapda Ammaryň, beýleki tarapda onuň kakasy Ýasiriň, ýene bir tarapda bolsa onuň ejesi Sümeýýäniň (r.anha) bedeni daglanýardy we taryhyň mermer sütünine şu ýoluň ötegçileriniň ykbaly ýazylýardy. Hezreti Bilal (r.a) daşyň astynda „Ehad, Ehad...“ diýip gygyrýan wagty, göýä diýersiň, Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) mynasyp azançysy bolmak üçin synagdan geçýärdi. Ejesi Talha bin Ubeýdullahyň (r.a) elini-aýagyny gandalladyp, ony köçede süýredipdir. Zübeýr bin Awwamy (r.a) düşege dolap ýakypdyrlar. Ine, olar şu ýoldan ýöremegiň jepasyny çekipdirler.

Ýene bir waka. Abdullah bin Hüzafetüs Sehmi (r.a) rimlilere ýesir düşüpdir. Ony ençeme günläp kösäpdirler. Oňa zorluk bilen hristian dinini kabul etdirjek bolupdyrlar. Ahyry bolmansoň, ony öldürmeli diýen netijä gelipdirler. Ol dar agajyndan asylmaga barýarka, boýurganyp aglapdyr. Ondan „Näme üçin aglaýaň?“ diýip soranlarynda, ol: „Walla! Eger şumat kellämdäki saçymyň her bir taryça kelläm bolan bolsady. Şonda men her gün bir başymy Hak ýoluna gurban ederdim. Ine, şeýle mertebä ýetip bilmänime gynanýaryn. Şonuň üçinem, agladym“ diýipdir.

Bir rowaýatda onuň ömür dessanynyň şeýdip baýdaga öwrülendigi gürrüň berilýär. Ikinji bir rowaýatda bolsa, onuň ömrüniň soňky pursatlary şeýle gürrüň berilýär: „Abdullah bin Hüzafe (r.a) dogumlanyp, ýylgyrýan ýüzi bilen dar agajyna tarap ýöreýärkä, oňa syn edýän popuň biri şobada onuň ýanyna barypdyr. Pop esgerlerden onuň bilen görüşmäge rugsat sorapdyr. Ol Abdullah bin Hüzafä (r.a) ýüzlenip: „Oglum! Birsalymdan seni dara asjaklar. Seniň üçin birki minut rugsat aldym. Eger şu wagt saňa hak din bolan hristian dinini düşündirip bilsem, dünýäde horluk görseňem, o dünýäde gowy ýaşarsyň. Belkem, hristian bolsaň, patyşa seniň günäňi geçse-geçerem...“ diýipdir. Abdullah bin Hüzafe (r.a) paýhaslylyk bilen oňa şeýle jogap berýär:

„Eziz atam! Edil şu wagt saňa nädip sagbolsun aýtjagymy bilemok. Eger-de dinimde rugsat berilýän bolsady, seniň eliňden ogşardym. Sebäbi, sen meni ullakan beladan gutardyň. Hiç kime zat düşündirip bilmän, ölüp gitmäge namys edýärdim. Emma, häzir sen maňa puryja berdiň. Eger-de şu birki minudyň içinde saňa hak din bolan Yslam dinini düşündirip bilsem, soň ölsemem, armanly gitmerin. Sebäbi, belkem musulman bolaýsaň, seniň ebedi bagtly durmuşda ýaşamagyňa meniň sebäp boldugym bolar... “ Pop bilen bile bu gürrüňleri diňläp duran adamlaryň bary agyzlaryny açyp galypdyrlar. Sebäbi, onuň Haky düşündirmäge aşykdygyna hiç kim akyl ýetirip bilmändir“.

Hawa, teblig we irşad wezipesini ýerine ýetirýän adamyň ýüreginde Haky düşündirmäge bolan isleg möwç urýandyr. Adamlara ýagtylyk paýlamak onuň ýaşamagynyň esasy maksadyna öwrülmelidir. Üstünlige barýan ýol – kynçylykdan geçýär. Hökmany kynçylyk gutaranyndan soň, erkiňe bagly kynçylyk başlaýandyr. Muňa nähili düşünmeli? Ine, muňa mysal:

Medinäniň gaznasy ýygnalan oljalardan ýaňa dolup-daşýan wagty, Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) öz erkine bagly kynçylygy görýärdi. Käwagtlar, bir hepdeläp diýen ýaly, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) agzyna ýeke lukma-da salmandyr. Ebu Hüreýre (r.a) gürrüň berýär: „Bir gün Allah Resulynyň bagtyýar ojagyna girdim. Görsem, ol oturyp namaz okaýar eken. Namazyny okap bolanyndan soň: „Ýa, Resulallah! Siz ýarawsyzmy?“ diýip soradym. Ol (sallallahu aleýhi wesellem) maňa: „Ýok, Ebu Hüreýre! Men ýarawsyz däl. Ýöne açlyk meniň halys ysgyn-mydarymy aldy“ diýdi. Men aglap başladym. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem): „Aglama, Ebu Hüreýre! Dünýäde açlyk çekenler kyýamat güni agyr ezýete duçar bolmazlar“ diýip maňa göwünlik berdi.“

Ine, dabaraly Yslam dini şeýle durmuş esasynyň üstünde bina edilipdir. Yslam dini gaýtadan ýüreklerde öz tagtyny dikjek bolsa, onda bu tagt ýene-de yslamy durmuşda ýaşaýan erenleriň eginleriniň üstünde dikilmelidir. Ýogsa-da, bu mukaddes iş gep owadanlaýan adamlaryň başarjak işi däldir.

Hezreti Lokmanyň (a.s) öz ogluna, has dogrusy, beýik göreşiň beýik wekilleri bolan ýaşlara aýdan nesihatynda bu hakykata göz ýetirse bolýar. Kurany Kerim hezreti Lokmanyň (a.s) şu nesihatyna ebedi ýörelge hökmünde garaýar we bu ýörelgäni bize şeýle ýetirýär: „Eý, ogul! Namazy bolmalysy ýaly, dürs oka! „Emri bil magruf, nehýi anil münker“ wezipesini ýerine ýetir. Başyňa bela gelende, sabyr et. Elbetde, bular çydam edilmeli kyn işlerdir“ (Lokman, 31/17). Diýmek, aýatda-da aýdylyşy ýaly, namaz okaýanyň, „Emri bil magruf, nehýi anil münker“ wezipesini ýerine ýetirýäniň başyna hökman bela-beter geljekdir. Hawa, bir tarapdan seredeniňde, bular şol bir hakykatyň aýry ýüzleri ýalydyr. Bularyň islendik birini berjaý eden, şu hakykatyň diňe bir ýüzüni, ikisini birden berjaý eden bolsa hakykatyň iki ýüzünem gördügi bolýar. Ana, ol Haka barýan ýoldan ýöreýändir. Şu aýatdaky hakykatyň bolsa üç ýüzi bardyr. Kämil adam bolmak üçin, şol üç ýüze-de birlikde seretmegi başarmaly. Meniň pikirimçe, beýikleriň ýolam şudur. Şonuň üçinem, nebileriň ýoluny ýöretmäge niýet edenler şol bir ýoldan geçmelidir. Başga çykalga gözleýänleriň bar edip biljek işi – wagt öldürmekdir. Şeýle hatarly ýoldan ýöremekden Allaha sygynmalydyrys.

Ýaradylyş kanunlary bilen çaknyşmazlyk, teblig we irşad ýolunda öňdengörüjiligi elden bermezlik, bu wezipede zähmet çekjek adamlary ýakyndan tanamaklyk örän möhümdir. Biz muny öňem belläp geçipdik. Şu meselede, biz ýene-de Allah Resulyndan (sallallahu aleýhi wesellem) görelde almalydyrys. Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) pygamberdigini subt edýän birnäçe aýratynlyklary bardyr. Şolaryň birem, Pygamber Serwerimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) her adamyň ukybyndan gerek ýerinde peýdalanyp bilmegidir. Bu bolsa, Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) adamlary oňat tanap bilýänini görkezýär. Ol (sallallahu aleýhi wesellem) her kime özüniň başaryp biljek işini beripdir. Tutuş ömri boýunça gelen şeýle dogry kararlary, Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) pygamberliginiň iň ähmiýetli delilleridir. Mysal üçin, Pygamber Serwerimiz (sallallahu aleýhi wesellem) Hassan bin Sabiti (r.a) kapyrlara garşy söz çaknyşygynda ulanypdyr. Hassan (r.a) özüniň bentlerini zäherli ok mysaly paýyrdadypdyr. Şeýdip, ol gabadyndaky adamlary gürletmändir. Eger-de Hassan bin Sabit (r.a) söweş meýdanynda ulanylan bolsady ýa-da söweşde ol serkerde bellenilen bolsady, belkem, şygyrlaryň çaknyşygynda üstünlige eýe bolan şol sahaba gylyçly jeňde ýeňlişe sezewar bolardy.

Pygamber Serwerimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) dini ýaýmak üçin iberen adamlary bolsa Musab bin Ümeýr, Muaz bin Jebel, hezreti Aly (r.anhüm) ýaly sahabalardy. Olaram baran ýerlerinde adamlary Hak ýoluna salmak wezipesinde uly üstünlige eýe bolýardy. Emma, şol wezipe Halide berlen bolsady, belkem, ol şu wezipäni doly berjaý edip bilmezdi. Sebäbi, Halid bin Welid (r.a) diýilýän sahaba söweş meýdanlarynda arslanlaryň ýüregini ýarmak üçin ýaradylypdy. Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) hem ony şolar ýaly ýerlere iberýärdi.

Adamlaryň başarnykdyr ukyplaryndan peýdalanmak – Hak wagyzçysynyň iň wajyp aýratynlyklarynyň biridir. Bu hem ynsanyň tebigatyny ýakyndan öwrenmeklige bagly bolup durýar. Adamyň erbet hem gowy taraplaryny görüp, şoňa görä hereket etmeýänler üstünlige ýetip bilmez. Galyberse-de, her adam öz ýerinde ulanylmasa, adam zaýaçylygynyň öňüni alyp bolmaz. Hak wagyzçysy özüniň öňdengörüjiligi bilen şu mukaddes işiň hötdesinden gelýändir. Hak wagyzçysy ýaradylyş kanunyna görä iş alyp barmak bilen, üstünlige ýetip bilýändir.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2022 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr