Tebligde usul hem ýörelgeler

Tebligde usul hem ýörelgeler

Ylym-teblig gatnaşygy

„Emri bil magruf, nehýi anil münker“ wezipesini ýerine ýetirjek adamlaryň ylymdan ýüki ýetik bolmalydyr.

Sebäbi, ylym bilen teblig, şol bir hakykatyň iki ýüzüdir. Din wagyzçysy özüniň uýýan dinini başga birine düşündirmezden ozal, öz dinini kämil öwrenmelidir. Ýogsam, ol din babatda ýalňyşlyk goýberer we daşyndaky adamlary özündenem, dindenem daşlaşdyryp biler. Emma, şu netije, bir tarapdan seredip görseň, adamyň özüniň we beýlekileriň dünýädäki hem ahyretdäki hukugyny basgylamagy diýmekdir.

Ine, bu bölümde ilkibaşda, hakyky manyda ylma nähili düşünýändigimiziň, yzyndanam, teblig-ylym-amal gatnaşyklarynyň üstünde durup geçesimiz gelýär.

Ylym – bütin barlyk äleminde hezreti Adam aleýhissalamyň mihrabydyr. Ylym hezreti Nuhuň (a.s) gämisi ýalydyr. Gämide bolsa ylym Nuhuň (a.s) deňine göterlipdir. Ylym – hezreti Ybraýymda (a.s) dereler ýalydyr. Şeýle bir dereler welin, o taýa ylahy wahyý çabga bolup ýagypdyr. Ylym – hezreti Musada (a.s) Tur dagy ýalydyr. Ýa-da ylym Tur dagynda hezreti Musa (a.s) ýalydyr. Diýmek, älemde duş gelýän her bir zat galypdan durýar. Älemiň özeni bolsa – ylymdyr.

Ylym näme? Ylym – özüňi tanamak arkaly Allatagalany bilmekdir.

Ine, hakyky ylym şudur.

Ýunus Emre:

„Ylym – ylym bilmekdir Ylym – özüň bilmekdir Sen özüňi bilmeseň,

O, niçik okamakdyr?“ diýmek bilen, ylymyň manysyna yşarat edýär.

„Özüni tanan – Rebbini tanar“ diýip aýdylan pähim-parasatly sözi hadys däldir, emma, many taýdan dogry aýdylan sözdür. Kurany Kerimde şu manydaky sözler bardyr: „Olar ýaly bolmaň! Olar Allahy ýatdan çykardy. Allah hem olara özlerini ýatdan çykartdy“ (Haşr, 59/19). Hawa, Allahy ýatdan çykarsaňyz, Allah hem size özüňizi ýatdan çykardar. Özüni ýatdan çykaran adam Allahdan daşlaşar. Allahdan daşlaşan adam öz-özüne ýat bolar we özüni ýatdan çykarar. Şeýdip, betbagtçylyklaryň yzy tirkeşip gider. Ine, şu zeýilli betbagtçylyklaryň girisine düşen adamam soň aňsat-aňsat halas bolup bilmez. Halas bolmak aňyrda dursun, ol başaşak togarlanyp gaýdar.

Galyberse-de, ýaňky aýatdan şeýle many çykarsa-da bolýar: Allatagalany asla unudaýmaň! Ýogsam, Allah sizi öz-özüňizi ýatdan çykarar ýaly eder. Şonda, siz diňe daşky gözellige kowalaşyp başlarsyňyz. Şeýle ýagdaýda siziň gözüňiz gözýetimde eglener. Ýöne siz asla öz-özüňize nazar aýlap bilmersiňiz. „Yslam“ diýersiňiz. Ýöne Yslamy daşardan gözlärsiňiz. „Kuran“ diýersiňiz. Emma, özgeleriň Kuran ýolundan ýöremegine garaşarsyňyz. Maşgalaňyzda, size iň ýakyn adamlar Yslamyň buýruklaryna göz-görtele ters hereket edýän wagty, siz bulary görmedik bolarsyňyz. Ine, şu ýagdaýa düşmezlik üçin, owalbaşdan adam öz-özüni çyndan hasaba çekmeli we günde birnäçe gezek Allatagala bolan ýakynlygyna göz aýlamalydyr. Diýmek, biz daga dyrmaşýan alpinistler mysaly, aýagymyzy basýan ýerimize ýa-da basjak ýerimize örän ünsli seretmelidiris. Tanabymyzyň ujundaky gaňyrçagy ýere mäkäm sançmalydyrys. Sebäbi, goýberjek iň ýönekeýje säwligimiz biziň janymyza howp salýandyr.

Hawa, ybadat edilýän ýerde, mesjitde, hatda Käbede hem-de Rawzada adamyň özüni ýatdan çykarmagyna näme diýmeli? Gynanç bilen bir zady boýun alasym gelýär. Bu ýerlerde-de özüni ýatdan çykaranlaryň sany juda köpdür. Eý, Allahym! Beýle-de bir gaflat bolar oguşýa?!

Ylmyň ýeke-täk maksady bardyr. Olam – „marifeti ilahiýe (Allahy tanamak) hem-de muhabbeti ilahiýe (Allahy söýmek)“ atly hasyllary bermekdir. Ýüreklerde Allaha bolan söýgini oýarmaýan hem-de jennet nygmatlaryna güwä geçýän ruhy eşretleri açmaýan ylym maksadyna ýetip bilen däldir. Muňa garamazdan, maksadyna ýeten ylym duýgularymyzyň aby-haýýat suwudyr. Onsuz ýaşamak, onsuz bolmak – ruhy ölümdir. Galyberse-de, Kuranda hem-de hadyslarda magtalyp, öňe sürülýän ylmam – ine, şu ylymdyr. Biziň esasy temamyz ylym dälem bolsa, ýeri gelende, ylyma degişli birnäçe aýat bilen hadysy ýatlap geçesim gelýär.

„Aýt: Asla, bilenler bilen bilmeýänler deň bolarmy?“ (Zümer, 39/9).

Adamyň elinden tutup, ony Allatagala eltýän ylym bilen, adamy barlag-gözleg merkezlerinde gabaýan ylym deň bolarmy? Teleskopyň başyndaky astronomyň nazaryndan hem-de niýetinden tutup, ony nurly basgançaklar bilen Allaha eltýän ylym bilen, onuň gözüni ýyldyzlara hem-de galaktikalara baglaýan ylym, heý-de deň bolarmy?! Has dogrusy, şeýle dürli nazara eýe adamlary biri-birleri bilen deňäp bolarmy? Kitaplaryň dünýäsinde ýerzemin syçanlaryna meňzäp gybyrdaklap ýören hem-de bütin ömrüni kitaplara düşündiriş ýazmaga bagş eden alymsumaklar, ýagny, Kuranyň aýdyşy ýaly, ardyna kitap bökderilen mallar bilen, ýeke setir okap kepderiler ýaly asmanda perwaz urýan hem-de her pursatda üýtgeşik ruhy lezzetden zerrin doýýan kämil ynsan deň bolarmy? Meniň pikirimçe, bularyň arasynda „Hiç zat“ bilen „Bar zadyň “ arasyndaky tapawutça tapawut bardyr. Allaha eltýän ylym „Bar zatdyr“. Ýoluňdan azaşdyrýan ylym bolsa „Hiç zatdyr“.

„Allaha mynasyp derejede hormat goýýanlar – alym bendelerdir “ (Fatyr, 35/28). Şu aýatda ylmyň hem-de alymyň öwüp arşa çykarylýandygy mälimdir. Ýöne, olar özleriniň terbiýesi bilen bile agzalypdyr. Ýagny, ylym bilen Allaha hormat goýmak – adamyň terbiýesi bolmalydyr. Elbetde, her bir ylmyň özüne görä agramy bardyr. Şonuň üçin, Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) hakyky alymlar nebileriň mirasdüşeri diýip aýdypdyr. Hawa, ýer ýüzünde üýtgemeýän hakykaty ýalňyşsyz görüp bilýän adamlar bar bolsa, olar – nebilerdir. Biz bolsa, hakykatlaryň içki ýüzüne diňe nebileriň goýup giden ýagty çyralarynyň saýasynda baryp bilýäris. Pygamberiň saýasynyň aşagyna girmän, adam hakykaty tapyp bilmez. Belki, adam yhlas edip, hakykata golaý zatlaryň üstünden baryp biler. Emma, üýtgemeýän hakykata diňe nebileriň yzyna düşüp baryp bolýar. Şonuň üçin, ýer ýüzünde Allahyň ýoluny ýöredijiler – nebilerdir. Nebilerden soň bolsa Allahyň ýoluny ýöredijiler – salyh bendelerdir. Onsoňam, Kurany Kerimde ýeriň mirasdüşerleri diýip, salyh bendelere yşarat edilýär. Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) ýokarda agzalan sözi bilen şu aýatyň aňladýan manysynyň arasynda baglanşygyň barlygyny aýdyň görse bolýar. Ýagny, ýer ýüzüne halyf bellenilen salyh bendeler, nebileriň ýoluny ýörediji alymlardyr. Nebi – hakykaty düşündirijidir. Diýmek, islendik adam hakykaty düşündirip bilse, ol nebiniň ýoluny ýörediji bolýar.

Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) alymyň beýik mertebesini düşündirende, şeýle deňeşdirme aýdypdyr: „Alymyň abidden (kän ybadat edýän) beýikligi, meniň sizden dereje taýdan iň aşakda durýanyňyzdan beýikligime meňzeýär. “

Hawa, ybadat edýän adamyň ylmy ýok bolsa, ol ýoldan çykyp bilýär. Ýoldan çykmak – adamyň Allahyň dergähinde eýe bolan mertebesine baglylykda üýtgeýär. Käbir adamlar bar, olar sähel salymlyk Allatagalany hem-de Allatagala bolan ýakynlygyny gözden salsalar, bu olar üçin ýoldan çykmak diýmekdir. Has dogrusy, olar şu ýagdaýy ýoldan çykmak hasaplaýarlar. Emma, nebiniň ýoluny ýöredijiler bolan alymlar hiç haçan Allahy gözden salmaýarlar we olar öz-özlerini hasaba çekip durýarlar. Nebiniň ýol ýöredijisi bolan alymlar hemişe sak durýarlar we päsgelçilikleri ruhy howanyň güýji bilen ýeňýärler. Edýän ybadatyny bilip ýerine ýetirýän hem-de her meselä akyl bilen çemeleşýän alym, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) sahabalardan nähili beýik bolsa, aň etmän ybadat edýän adamdan şunuň ýaly beýikde durýandyr. Aslynda, beýle diýmek, bulary deňeşdirmek mümkin däl diýmekdir.

Bu meseläniň ýene bir tarapy bardyr. Pygamberiň ýoluny ýörediji kämil ynsan Pygamberimizden (sallallahu aleýhi wesellem) gaýdýan şöhleleriň hiç birini sypdyrmaýar. Ol günden gelýän radiasýa şöhlelernii özüne sorýan ägirt ulgam mysaly, özüne ehadiýet şöhlelenmesiniň üsti bilen gelýän hem-de jemaly jilweler hökmünde kabul edilýän, rehmet bolup üstüne ýagýan nijeme mukaddes yhsan bar bolsa, olaryň ýeke zerresini hem harlaman ýüregine siňdirjek bolup jan edýär.

Bu, şol bir wagtyň özünde alymyň Allaha hormat goýýanyny görkezýär. Ol şeýtmek bilen, özüni doldurýar. Şeýdip, yzygiderli öz-özüni dolduryp durýan adam ýüküni düşürmelem bolýar. Ine, ýük düşürmek diýmek – onuň ruhuna siňen nury, rehmeti we beýleki hakykatlary halka ýaýmak diýmekdir. Elbetde, onuň ýerine ýetirjek şeýle amalynyň gadyr-gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmaz. Şonuň üçin, ybadat edýän adam öz ybadatynda näçe çuňlaşsa çuňlaşybersin, onuň ybadatyny kämil ynsanyň nusgasy bolan alymyň amaly bilen deňäp bolmaz. Galyberse-de, adam özüniň bilýän zadyny hökman ýerine ýetirmelidir. Muny etmeýänlere Kurany Kerimde şeýle agyr sözler aýdylýar: „Olardan bir topar bardyr. Bilselerem, Haky gizleýärler“ (Bakara, 2/146).

Hawa, olar bilýärler, ýöne edenoklar... Edil kosmosdaky gara deşikler ýaly, daşaryk hiç hili ýagtylyk göýberenoklar. Ýa bolmasa, hiç kim olaryň ýagtylyk gorlaryndan peýdalanyp bilenok. Olar asla Gün ýaly bolup bilenoklar. Gün – bir görseň ýylylyk berýän ojakdyr, bir görseň ýagtylyk çeşmesidir, bir görseňem, reňkleriň joşgunydyr. Gün ýerdäki gülleriň başyny sypaýar we öz güllerine – planetalara-da ýagtylyk iberýär. Öz ýagtylygyny kosmosdaky gara deşige öwren betbagt adamlary özleriniň garaňky dünýäleri bilen ikiçäk goýup, Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) temamyza degişli bolan ýene bir hadysyny agzap geçesim gelýär.

„Kim ylym öwrenip, soňam ony gizlese, ahyretde onuň agzyna otdan agyzdyryk salnar.“

Bu mübärek sözleriň manysy aýdyňdyr. Kim bir zat öwrenip, şol öwrenen zadyny töweregine ýaýmasa, başgaça aýdanyňda öwrenibem öwretmese, sözi hem-de ahlagy bilen adamlara görelde bolmasa, hakykatyň tarapdary bolubam, Haky düşündirmese, şeýle uly etmişiň jezasy hökmünde ahyretde onuň agzyna otdan agyzdyryk salýarlar. Şu hadysda käýinç hem-de aýyplama äheňi bardyr. Sebäbi, agyzdyryk diňe malyň agzyna salynýar. Bu bolsa, ylmyny gizleýän adamyň haýwana meňzedilmegi diýmekdir. Hawa, Allatagala adamy „ahseni takwimiň“ (Allahyň adamy iň kämil barlyk edip ýaratmagy) syrlaryna eýe bolar ýaly edip ýaradypdyr. Ol adam bolsa munuň ähmiýetine düşünmändir. Şeýdip, ol özüne bagş edilen, ony haýwandan tapawutlandyrýan duýgynyň, aň-düşünjäniň, zehiniň gadyr-gymmatyna düşünmän, şu berlen nygmatlara şükür etmändir. Ine, şular ýaly adama berlen nygmatlaryň yzyna gaýtarylyp alynmagy, gör, nähili adalatly karardyr. Siz özüňiz oýlanyp görüň!

Ylym hem-de teblig, şol bir hakykatyň iki ýüzüdir. Amal olaryň ikisinde-de hökmany şertdir. Ine, şularyň üçüsini biri-birinden aýralykda göz öňüne getirip bolmaz. Adam bilýäni bilen amal etse, bilýän zadyna hormat goýdugy bolýar. Rebbini tanaýan adamyň Rebbine gulluk etmezligi diňe bir gadyrbilmezlik bolman, şol bir wagtyň özünde äsgermezlikdir, körlükdir hem-de kerlikdir. Ylaýta-da, imana hyzmat etmegi boýun alan adamlaryň gulluk borçlaryny sowuk-sala alyp barmagy, Yslam dinine daşarky duşmanlardan has uly zyýan ýetirýär. Günbatarlylaryň Yslamy durmuşlaryna ornaşdyrmadyk musulmanlary göreninde özlerini alyp barşy hem-de diýýän sözleri, ýalňyşmaýan bolsam, şu garaýşymy doly sülä getirýändir.

Musulman bolan bir iňlisden, „Özüň musulman bolsaňam, beýleki iňlisleriň bary birlikde näme üçin Yslam dinine geçmeýär?“ diýip soralýar. Oňa: „Iňlisler syýasatlary bilen dünýäni dolandyrýan, akylly adamlar ahyry“ diýilýär. Musulman iňlis hiç zat jogap bermän, sorag beren adamyň elinden tutup, ony golaýdaky bir mesjide eltýär. Mesjit harabaçylykdan enaýy däl eken. Mesjit dini kämil derejede durmuşyna ornaşdyrmadyk adamlardan doly eken. Iňlisiň bar beren jogaby şu bolupdyr. Ol diňe şu mesjidi hem-de içindäki adamlary görkezip oňupdyr. Bu şeýle diýmek bolýar: günbatar adamsy durmuşa ornaşdyryp bolmaýan, ýaşap bolmaýan dini hem ideologiki ynançlary ret edýär. Onsoňam, biz haçan içki-daşky birligi saklap, ýürek bilen zehin bitewiligini gorap, ýürekden Kurana ýapyşýan, ahlagy Yslam dinine ters gelmeýän hem-de adamzady hak ýola eltýän jemagat bolup olaryň öňünden çykan bolsak, olar şobada Yslam dinine geçipdirler we geçerlerem.

Hawa, günbatar adamsy näme üçin öz dinini doly bilmeýän, Rebbini tanamaýan, kitabyny öwrenmeýän, zordan duran bir jemagata goşulsyn? Günbatar adamsy – terjibä hem-de musulmanyň kalbynyň, zehininiň gurluşyna seredýär. Bir gezek uludan dem alanda, müňlerçe ahy-perýat ýaňlanýan... Gijeleri tehejjütli, dilleri bolsa mydama doga-senaly... Wagtyny asla bihuda geçirmezlige jan edýän... Her pursatyny gymmatly işler bilen doldurýan kämil ynsanlara ähmiýet berýär olar. Eger-de Yslam dinine uýýan adamlar şular ýaly bolup bilsediler, günbatarlylar Yslam dinine ylgap gelerdiler. Şeýle bolmany üçin, netije-de erbet bolýar. Häzirlikçe, olar bizden daşlaşdylar.

Gepiň gysgasy, Yslam – iman bilen amaly birleşdirlip, bitewileşdiren ylahy ulgamdyr. Yslam dininiň bir ujy – ynanmakdyr, beýleki ujy bolsa – ynanýan zadyňy amal edip, herekete öwürmekdir. Kimdir biriniň ýerine ýetiren amalyny, ybadatyny gürrüň bermek erbet iş däldir. Beýle hekaýatlar adamlara sapak berip bilýär. Emma, diňe şular bilen çäklenip, şol amallary ýerine ýetirmezlik hem-de gaýtalamazlyk, musulman adamyň beýleki adamlara täsirini gowşadýar. Yslam dini diýmek, diňe öwlüýäler hakdaky rowaýatlary gürrüň bermek ýa-da öwlýüler hakdaky rowaýatlary diňlemek diýmek däldir. Yslam – rowaýatlarda gürrüň berilýän öwlüýäleriň durmuşyny gönüden-göni öz durmuşyňa ornaşdyrmakdyr. Yslam – iman hem-de amal diýmekdir. Ony şeýdip göz öňüne getirmeýänleriň yslamy hyzmatlar hakda söz açmagy hebesdir.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2022 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr