Kaza we takdyr kitaplarynyň ýazylmagy

Kaza we takdyr kitaplarynyň ýazylmagy

Geljekde bolup geçjek zatlaryň öňünden ýazylmagy we wagty gelende, ýazylanlaryň ýüze çykmagy kaza hem-de Takdyra degişli ylahy ýazgytdyr. Hadysalaryň emele gelen pursatynda ýazga alynmagy, adamyň edýän işiniň ýazylýandygyny görkezýär. Gije-gündiz ýazgy lentasy dakylgy duran ýaly, biziň ömrümiziň her sekundy ýazylyp alynýar.

Ymamy-mübinden (Takdyr sahypalary) göçürlip alnyp, Kitaby-mübine ýazylan kitap bardyr. Ýagny, Kurany Kerimde: „Edýänleriňizi bilýän keremli perişdeler“ (Infitar, 82/11-12) diýilýän, perişdeleriň ýazýan kitaby – Kitaby Mübindir.

Bu aýat bize şuny düşündirýär: „Her adamyň eden işlerini boýnuna sararys. Kyýamat güni öňüňizden çykjak bu kitaby açyk ýagdaýda görersiňiz“ (Isra, 17/13) diýen aýatda-da aýdylşy ýaly, o dünýäde sorag-jogap hem şol kitaba – Kitaby-mübine görä boljakdyr.

Diýmek, daşky görnüşe eýe bolmadyk bir ylmy kitap bardyr. Oňa Lewhi-Mahfuz diýilýär. Ýene-de perişdeleriň ýazýan, daşky görnüşi bar bolan bir kitap bardyr. Adam näme eden bolsa, edenleriniň baryny perişdeler öz kitabyna ýazyp alýar. Aslynda, şu kitaplar deňeşdirlende, olar harpma-harp biri-birine meňzeýändir. Ýagny, ynsan özüne öňden nähili ýazgyt ýazylan bolsa, şonam ýerine ýetirendir. Ýöne, öňden ylmy beden eýe bolan kitabyň, daşky bedene öwrülmegine biziň erkimiz sebäp bolýandyr. Sebäbi, ikinji kitap biziň erkimizi nazara alyp ýazylandyr.

Hasap güni ynsanyň nirä – jennetemi ýa dowzaha girjegi karar edilende, iki kitabam deňeşdirilip, bir karara gelinýär. Kitaplar deňeşdirlende, perişde: „Men şulary ýazdym“ diýer, Allatagala-da bir kitap görkezer-de: „Menem onuň etjek ähli zadyny bilenim üçin, şuny ýazypdym“ diýer. Şol ýerde, iki kitabyňam deňdigi görler. Ýagny, şu kitaplaryň biri perişdäniň, beýlekisem Allahyň elindedir. Şol perişde Allatagala tarapyn: „Kiramen-katibin“ diýlip atlandyrylypdyr. Olar beýik mertebeli perişdelerdir. Olar hiç haçan erbetlige ýanaşýan däldir. Şeýle päk perişdeleriň ýazýanlary bolsa, kaza hem Takdyryň ikinji tarapydyr.

Hawa, Allah başdan ähli hadysalaryň çyzgysyny çyzypdyr. Şeýlelikde, ähli hadysalara ylmy beden geýdirlipdir. Soňam, Allah özüniň gudraty hem-de eradasy bilen şol ylmy bedene daşky bedeni geýdirýär. Näme ýazylan bolsa, ynsanam şony bolşy ýaly ýerine ýetirýär. Şondan soň, ynsanyň eden işlerini perişdelerem ýazýar.

Indi bolsa, şu meseläni bir aýat bilen düşündirmäge çalşaýyn. „Kasam bolsun. Biz Zikirden soň Zeburda şeýdip ýazdyk: Ýer ýüzüne meniň salyh bendelerim mirasgär bolar“ (Enbiýa, 21/105).

Zikir öwüt ýa-da nesihat diýmekdir. Ýa bolmasa, şu ýerde Zikir sözi Töwrat manysynda-da gelip bilýär. Has giňişleýin alanyňda bolsa, Zikir sözi „Lewhi-Mahfuz“ diýmekdir. Diýmek, aýata şeýle düşündirse bolýar: Biz başda Lewhi-Mahfuzy ýazdyk. Beýleki pygamberlere iberen kitaplarymyzda-da, Lewhi-Mahfuzdan göçürip: „Ýer ýüzüne meniň salyh bendelerim mirasgär bolar“ diýip ýazdyk.

Ýeriň hakyky we uzak wagtlaýyn hökümdary diňe salyh bendelerdir. Beýlekileriň hökmürowanlygy ýyldyrymyň ýanyp-sönüşi ýaly, gysgadyr. Ýer ýüzünde yzygiderli täzelenme hem-de döwrebaplaşma bilen häkimýetini dowam etdirip biljek diňe salyh bendelerdir. Lewhi-Mahfuzda bu aýdylanlar kanun hökmünde ýazylypdyr. Soňam, şol kanun Lewhi-Mahfuzdan göçürlip alnyp, Zebura ýazylypdyr. Hawa, hezreti Dawudyň eline berlen Zeburda şeýle ylahy kanun bardyr.

Ýer togalagynyň gündogarynda hem günbatarynda dörän, Allahy gazaplandyrýan sistemalar, her ýerde ösüp boý alan Faraon ýaly hötjet adamlar belli bir döwürlerde döwran sürüpdirler. Bu Lewhi-Mahfuzda we Zeburda ýazylan, Kuranda-da agzalýan kanuna ters däldir. Sebäbi, ýokarda agzalýan miras – uzak wagtlyk häkimiýetdir. Wagtlaýyn häkimýetleriň döremeginiň hikmeti bolsa, olar musulmanlaryň özlerini dürsemegine, musulmanlaryň badyny gowşatmazlygyna itergi berýärler. Ylahy kanun şeýledir. Şu kanuny hiç kim üýtgedibem bilmez.

Ýaşan döwründe kimiň salyh ahlagy bar bolsa ýa-da beýlekilere garanyňda salyh ahlak kimde kän bolsa, Ýer togalagynyň eýesi hem ol bolar. Ýöne salyh ahlagy käwagt bir mesjide baryp-gaýtmak diýip göz öňüne getirýän bolsaňyz, ýalňyşarsyňyz. Salyh ahlak diýmek – tutuş ömrüň dowamynda pygamberiň ahlagy bile ahlaklanmakdyr. Şu ahlaga: materiýanyň hem hadysalaryň diline düşünmek, adam bilen älemiň arasyndaky gatnaşyga akyl ýetirmek girýär. Ýene-de şu ahlaga eýe bolan adamlar içki dünýälerine serenjam bermek bilen birlikde, daşky dünýä – tebigata syn edibem Allahy tapyp bilýär. Şeýlelikde, bakylyga ýetip bilen ynsan doly manysyndaky salyh ahlaga-de ýetip bilýändir.

Kanuna garşy gidýänler, hiç kime sala salman, diňe öz diýenlerini dogry hasaplaýanlar hiç haçan aýatda agzalýan häkimýeti esaslandyryp bilmezler. Günüň dogmagy bilen, olar gözedürtme garaňkylykda ýol aljak bolýandyklaryna hökman düşünýär. Şeýdip, olar öz ýalňyşyny boýun alýarlar. Hawa, adam eziz ýaradylypdyr. Bir gün, ol hökman öz ýoluny tapýar. Tersine bolanda, şu ylahy kanun dogry däl bolýar. Emma, Allatagala: „Bir kowum özüni üýtgetmese, Allah hem olary üýtgetmez“ (Rad, 13/11) diýýär.

Ýene bir ylahy kanun muny doly delile getirýär. „Allahyň ýaradanynda üýtgeşiklik bolmaz“ (Rum, 30/30).

Allatagala eziz halky zelil içre goýmaz. Bir halk başa täç edilýän wagty, Allah ony aýak asdynda basgylatmaz. Emma, halkyň özi üýtgese, Allah olary üýtgeder. Bu pozitiw hem otrisatel manyda-da şeýledir. Diýmek, başda „Özüňizi goraň!“. Özüňizde çuňlaşyň! Öz-özüňizi açyş ediň! Eger-de ýer ýüzüni eýeleýji bolasyňyz gelýän bolsa, başda özüňizi ýeňip geçiň. Köňül dünýäsiniň ýeňijisi bolmadyk adamyň başaran işi bolmaz.

Allah günälerden daş durýan hem-de yhsan syryna (Allahy görýän ýaly ybadat etmek) ýeten adamlar bilen biledir. Şu syra düşünýänler Allahyň gorag astyna girýärler. Yhsan syry näme diýmek? Yhsan syry – Allahy görýän ýaly ybadat etmek aňyýetidir. Yhsan syry – kalbyň nurudyr, duýgularyň çuňalmagydyr. Yhsan syry – kişiň men-menligiň guly bolmakdan halas bolup, ruhuň çuňkluklaryna aralaşdyrýan duýga eýe bolmagydyr. Beýleki ynsanlaryň ýüregini eýelemek üçin, başda özüňi ýeňip geçmeli. Bu hem salyh ahlaga eýe bolmak diýmekdir.

Gürrüňiň esasy hörpüni üýtgetmäliň! Biziň esasy meselämiz Allatagalanyň şuňa meňzeş kanunlarynyň Lewhi-Mahfuzda üýtgemeýän hatlar bilen ýazmagydyr. Ýöne şu mesele juda ähmiýetli bolany üçin, Takdyra düşünmek çäginden aşman, temamyza degişli bir aýaty agzap geçesim gelýär: „Allah araňyzda ynanyp, salyh amaly ýerine ýetirýänleri, olardan öňküleri halyf belleýşi ýaly, olaram halyf bellär. Allah olar üçin saýlan dinini doly durmuşa geçirip bolar ýaly ýagdaýa getirjegine, olaryň gorkularyny ynama öwürjegine söz berendir.“ Çünki, olar Maňa gulluk edýär we hiç bir zady maňa şärik hasaplamaýarlar. Mundan soň, iňkär edýän adamlar, ine, olar ýoldan azaşanlaryň hut özleridir“. (Nur, 24/55).

Allah iman edip, salyh amaly ýerine ýetirýänlere söz berýär. Bu söz – sözünden dänmesi mümkin bolmadyk Allahyň sözüdir. Ol beren sözünde durýandyr. Ol bar zada hökümini ýöredýändir. Diýmek, iman edip salyh amaly ýerine ýetirýänleri Ýer ýüzüne halyf bellejekdigine lebiz edýän Allah (j.j), hökman lebzinde durar.

Şonda, jemgyýetçilik durmuşynyň jylawy siziň eliňize geçer, ykdysady durmuş siziň saýaňyzda täzeden düzeler, şahsy hem-de maşgala terbiýesine täzeden jan girer... Hawa, şonda tutuş jahany siz dolandyrarsyňyz. Söze siz nokat goýarsyňyz. Tegelek stollaryň daşyna jemlenip, dünýäni öz aralarynda bölüşýänler mundan beýläk bir karara geljek bolsalar, sizden rugsat almaly bolar. Siziň buýrugyňyz esasynda dünýä gülgüzara öwrüler. Taryhda bolşy ýaly, siz ýene-da başyňyza täç geýersiňiz. Patyşalar siziň gapyňyzda gulluk etmegi özlerine iň uly bagt saýar. Sebäbi, şol gün Ýer ýüzüne Allatagalanyň bellän halyfy siz bolarsyňyz...

Siz muny hyýalbentlik hasap etmäň! Geçmişde salyh ahlaga eýe bolanlaryň bary, şeýle beýik derejelere çykypdyrlar. Sebäbi, ylahy kanun ähli zaman hem zemini öz içine alýandyr. Siz salyh ahlaga eýe bolan günüňiz, hökman şol netijä ulaşarsyňyz.

Diýmek, ýazmagyň iki görnüşi bardyr. Birinjisi, Lewhi-Mahfuza ýazylýanlar. Her bir zat Lewhi-Mahfuzda ylmy maglumat hökmünde ýazylýandyr. Ikinjisi bolsa, emele gelen hadysalaryň ýeke-ýekeden ýazylmagydyr. Ikinji kitap bolsa Lewhi-Mahfuzda ýazylanlaryň amala aşmagy bilen ýüze çykýar. Adamyň öz erki bilen eden işlerine özi jogapkärdir.

Şu aýat iki kitabam bile agzap geçýär: „Elbetde, ölüleri direldýän, eden işlerini hem-de yzlarynda goýup gidenlerini ýazýan Bizdiris. Her bir zady bir kitapda aç-açan sanandyrys“ (Ýasin, 36/12).

Ynsanyň ýerine ýetirýän ähli amallary, onuň öz yzynda goýup gidýän haýyr işleriniň bary ýeke-ýekeden ýazylýar. Ine, bu ikinji kitapda ýazylýandyr. Emma, bar zat öňden ylmy maglumat hökmünde ýazylgydyr. Aýat hem bize şony düşündirýär.

Lewhi-Mahfuzda her bir zat ýazylandyr. Lewhi-Mahfuzda ýazylman galan zat ýokdur. Şu aýat muny aýdyň düşündirýär: „Ýerde ýöreýän haýwanlar we ganaty bilen uçýan guşlar hem siziň ýaly bir ymmatdyr. Kitapda biz hiç bir zady kem goýmadyk. Olar Reblerine dolanyp barar“ (Enam, 6/38).

Tefsir alymlarynyň bir bölegi bu aýatda geçýän Kitap sözüni Kuran diýip düşünipdirler. Emma, tefsir alymlarynyň köpüsi aýatda geçýän Kitap sözüne Lewfi-Mahfuz diýip düşündiriş beripdirler. „Allah bardy we hiç bir zat ýokdy. Hyýal hem-de pikir bolmany üçin, ýokluk hakda pikir öwürmegem ýokdy. Allahyň arşy ma:nyň üstündedi. (Rahmanyň arşy efir maddasynyň üstündedir, dogrusyny Allah biler). Allah Zikirde her bir zady ýazdy. Soňam, şol ýazylan kitap esasynda-da älemi ýaratdy...“

Birinji kitabyň yzyndan, erk bilen edilýän işlerden düzülen ikinji kitap gelýär. Her bir zat döreýiş tertibine görä ýazylýar. Ine, şu kitap Takdyryň ikinji ýüzüni emele getirýär.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr