Ýaradylyş kanunlarynda hedaýat

Kaza we takdyr kitaplarynyň ýazylmagy

Her barlyk ylahy kanunlaryň esasynda özüne çyzylan ýoldan ýöreýär. Muňa başgaça, „Ylahy gönükdirme“ diýseňem bolýar.

Adamyň ene garnyndaky embriýologiki ösüşi hem „Ylahy gönükdirme“ esasynda emele gelýär.

Tutuş janly-jandarlaryň özlerine çyzylan ýoldan çykmaýandygy häzirki gün hemmä mälimdir. Muny her kim bir hili atlandyrýar. Materialistler muňa „Instinkt“ ýa-da „Tebigatyň güýji “ diýýärler. Wyždanyna gulak goýýan adam bolsa, tutuş älem-jahany ylahy güýjüň dolandyrýandygyna arkaýyn göz ýetirip bilýär. Onsoňam, töwhid delilleriniň arasynda „Hedaýat delili“ aýratyn bir mowzuk hökmünde öwrenilýär. Tebigatda ajaýyp düzgün-nyzamyň barlygy, janly-jandarlaryň özlerine çyzylan ýoldan çykman, öňlerine goýlan maksada ymtylmagy – bular Allahyň barlygyna we onuň birdigine delildir.

Zerrelerden planetalara çenli, ýagny, ýadronyň daşynda aýlanýan elektrondan asman giňişliginde hereket edýän ýyldyzlara, galaktikalara we ähli asman jisimlerine çenli – bar zat ylahy güýjüň saýasynda öz wezipelerini gyşarnyksyz ýerine ýetirýärler. Her bir zat Allahyň hoşallygyny gazanmak üçin, özüne çyzylan ýoldan asla çykmaýar. Her bir zat özüne bellenilen maksada sary barýar.

Towuk ýumurtga basyrýar. Ol ýumurtgadan jüýje çykýança sabyr bilen garaşýar. Aç-suwsuz galsa-da, towuk özüniň basyryp oturan ýumurtgalaryny taşlap gidiberenok. Çykjak jüýjelerden towugyň habary barmy? Towuk näme üçin bu kynçylyklara döz gelýär. Biz jogabyny bilýäris. Allatagala ony şeýdip ýaradypdyr.

Jüýjä näme diýjek? Wagty dolanynda, ol özüniň ýumşak çüňki bilen ýumurtganyň gabyny deşip, daşaryk çykýar. Hawa, ýumurtganyň daşynda, ýumurtganyň içinden has gowy ýaşaýşyň barlygyny ol nireden bilýärkä? Näme üçin jüýje ýumurtgadan çykmaga howlugýar?

Ýaňy doglan çaga ejesini emýär. Çaga entek dünýä inmänkä, enäniň göwsüne süýt indirýän kim? Ikinjiden, çaga o taýda süýdüň barlygyny hem-de süýt emmegiň usulyny kim öwredýär? Bäbejige kim ýol görkezýär? Ine, şu we şuňa meňzeş sowallaryň baryna berip boljak ýeke-täk jogap bardyr. Olam – bularyň ylahy gönükdirmek arkaly bolup geçmegidir.

Kurany Kerim garşy-garşy bize ylahy gönükdirmäni ýatladyp durýar. Ine, şol aýatlaryň käbiri:

1. „Rebbiň bal arysyna ylham etdi: Daglarda, agaçlarda we taýýarlanylan keteklerde hin edin. Dürli hasyllardan iý, soňam Rebbiň görkezip, miýesser eden ýollaryndan git“ (Nahl, 16/68).

Hawa, ara bal ýasamagy Allah öwredipdir.

Allah ara bal ýasamagy buýurýar. Olara daglarda, agaçlaryň köweklerinde hem-de keteklerde ýaşamak buýrulypdyr. Ary hem şol buýrugyň esasynda öýjük ýasamagy öwrenýär. Öýjügiň gurluşynda ulanylan geometriki hasaplary arylar nireden bilsin?! Diýmek, arylara geometriýa ylmy wahyý bilen öwredilýär. Ary gülden-güle gonup, nektar ýygnaýar. Şunuň bilen birlikde, ary uçuşyň dowamynda yzyny tapmak üçinem üýtgeşik usullardan peýdalanýar. Ol uçup geçen ýerine yşarat goýýan ýaly, yzyna şol bir ýoldan gaýdyp gelýär. Ahyrsoň, ary güllerden ýygnan nektaryny getirip öýjüklere doldurýar.

Ketekde-de aýajyp düzgün-nyzam saklanýar. Hawa, bu ýerde-de ylahy gönükdirme aç-açan göze ilýär. Hawa, ary ketegindäki ýaly tertipli iş alyp barmak üçin, güýçli dowletiň dolandyryş sistemasy ýaly sistema gerekdir.

Ketegiň ýolbaşçysy ene arydyr. Sanlyja erkek arysy ene aryny tohumlandyrmakdan başga iş etmeýär. Beýleki arylar bolsa, arman-irmän işleýärler. Olar şu sistemada özlerine düşýän işi birkemsiz ýerine ýetirýärler.

Ýumurtga taşlama döwri gelende, ene ary ähli petekleriň agzyna ýumurtga taşlaýar. Elbetde, ketekdäki sanly erkek arylaram ýaradylyşda bar bolan öz wezipelerini ýerine ýetirýärler. Erkek arylar öz işlerinden dynanyndan soň, olara edere iş galmaýar. Şonuň üçinem, olar ketekde parazit hökmünde diňe bal iýmek bilen meşgul bolýarlar. Ene ary şol erkek arylaryň birki sanysyny goýup, galanyny öldürýär. Ölmän galan erkek arylaryň bolsa, geljek ýyl peýdasy degýär.

Erkek arylaryň parazit hökmünde ýaşamagyna rugsat berilmeýşi ýaly, nätanyş bir arynyň hem ketege girmegine rugsat berilmeýär. Şeýle berk tertip-düzgüniň ýany bilen ketekde arassaçylygam saklanýar. Güllerden nektar ýygnap, ketege gaýdyp gelen arynyň üstü-başy arassaçylyk düzgünlerine laýyk gelmeýän bolsa, mysal üçin, teniniň bir ýerine palçyk degen bolsa, o aryny şu ýagdaýda içerik göýbermeýärler. Ýa bolmasa, ary ketekdäki kanuna garşy gidýän bolsa, onam şobada ketekden çetleşdirýärler.

Kellesi kinniwanja bolan ara bulary kim öwredýärkä? Elli million ýyl öň ýaşap geçen arylaryň ýasan baly bilen şu günki arylaryň balynyň arasynda hiç hili tapawut ýokdur. Bal arysy ewolýusiýa ösüşini başdan geçirmändir. Ary ýaradylanda, öz ugrundan alym edilip ýaradylypdyr. Ol öýjügini alty burç edip salýar. Üçburç ýa-da dörtburç edip salanok. Hawa, saçagymyzy bezeýän ary balynyň haýsy etaplardan geçip bala öwrülendigi hakda oýlanyp görüň! Şonda siz, her etapda wahyýnyň sesini eşidersiňiz. Hawa, biz wahyýnyň sesini eşiden ýaly bolýarys, ýöne arylar wahyýny, ylhamy ikuçsyz eşidýärler. Olar Allahyň gönükdirmegi esasynda öz wezipelerini ýerine ýetirýärler. Arynyň bitirýän şeýle ummasyz işini, eýsem, ylahy gönükdirme bilen düşündirmän, näme bilen düşündirjek? Hawa, Allah aryny şeýdip ýaradypdyr. Ary hem öz ýaradylyş maksadyna gulluk edýär.

Gepiň gysgasy, ara bal ýasamagy Allah öwredipdir. Ene ara, erkek arylara we beýlekilere aýry-aýry wezipe paýlap berenem Allahdyr. Allah ene aryny ýolbaşçy goýup, beýlekileriň hem oňa boýun bolmagyny isläpdir.

2. Garynja-da Allahyň ylhamyna eýe bolupdyr: „Ahyry garynjalaryň ýaşaýan jülgesine baranlarynda bir garynja: Eý, garynjalar! Hiniňize giriň. Süleýman we onuň ordasy, bilmän, sizi depeläýmesin diýdi“. (Neml, 27/18) aýaty bize muny düşündirýär.

Garynja şu sözi nädip aýtdyka? Elbetde, garynjanyň hem özüne mahsus dili bardyr. Garynjalaram öz aralarynda bir tüýsli habarlaşýarlar. Häzirki döwürde, zoologlar şony öwrenýärler. Garynjalaryň üstünde şeýle barlagam geçirlipdir:Iki sany garynja hini bar. Olaryň biri kiçiräk garymyň beýle ýüzünde ýerleşýär. Hinleriň birinden alnan garynja beýleki hine taşlanýar. Sähel salym dowam edýän böwşeňlikden soň, dostlaryny ýitiren garynjalar ary sürüsi ýaly bolup, hinlerinden çogup çykýar. Olar beýleki hine tarap hereket edip başlaýarlar. Garynjalar garymyň üstüne atylan taýakdan ýöräp geçip, beýleki hine hüjüm edýärler. Sizden sorasym gelýär. Şu garynjanyň ýitenini beýleki garynjalara kim aýtdyka? Garynjalary öwrenýän alymlar muny şeýle düşündirýärler: Beýleki hine taşlanan garynja öz ýoldaşlaryna elektromagnetiki tolkunlary iberipdir. O garynja elektromagnetiki tolkunyň üsti bilen ýoldaşlaryna özüniň haýsy koordinatda ýerleşýändigini aýdypdyr. Şunuň netijesinde, olaram ony halas etmäge gelipdirler.

Diýmek, garynja-da gürleýär. Allatagala hezreti Süleýmana (a.s) garynjalara berlen dile düşünmäni öwredipdir. Şonuň üçinem, hezreti Süleýman, aýatda aýdylşy ýaly, garynjajygyň öz dostlaryna duýduryş berenini eşidip, myssa ýylgyrypdyr. Hezreti Süleýman (a.s) çäksiz yhsana mynasyp boldum diýip Allaha şükür edipdir.

Garynjalar respublikan sistema çalymdaş bir sistema bilen edara edilýärler. Garynjalaryň bary öz hinlerine iýmit ýygnaýar. Ýaltalyk edýän ýeke garynja-da ýok. Göterýän ýüki özünden agyr bolsa, ol haýal etmän, dostuny kömege çagyrýar. Agyr ýük köplük bolup göterilýär we hine eltilýär. Olar ýazda durman işleýärler. Ahyram, gyş üçin iýmit ýygnap bolansoňlar, olar hinlerine girip, derwezäni ýapýarlar.

Käbir ýagdaýlarda olaryňam işi oňman bilýär. Ýygnalan däne yzgarly toprakda çüýremek bilen bolýar. Şonda, däneleri hinden çykaryp, güne sermeli bolýar. Garynjalaram şony edýär. Däneler guranyndan soň, täzeden içerik salýarlar. Ýöne däneleriň gögerýän wagtlaram bolýar. Şonda, olar dänäni ikä bölüp aýyrýarlar. Eger-de, iki bölünen däne ýene-de gögerjek bolsa, ony ýene-de ikä bölýärler. Şeýdip, olar dänäni özleriniň peýdasyna ulanyp bilýärler. Eger-de dänäniň ösmegine ýol berseler, onda şol dänäniň olara hiç hili peýdasy degmez.

Garynja bularyň baryny kim öwretdikä? Akylsyz bir jandara kim beýle tälim berdikä?

Hemişe bolşy ýaly, biziň jogabymyz ýene-de anykdyr. Garynja şeýle ýaşamagy ylham eden Allahdyr. Olara Allahyň ylhamy ýol görkezýär.

Ebu Hureýre (r.a) bir hadysy rowaýat edýär. Allah Resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: „Pygamberleriň biri jülgeden geçip barýarka, dem-dynjyny almak üçin bir agajyň saýasynda oturypdyr. Onuň oturan ýeri garynjanyň hini eken. Bir garynja ol pygamberi dişläpdir. Olam nämäniň dişlänini bilmän, şol garynja hinini ýakdyrypdyr. Şonda, Allatagaladan oňa şeýle duýduryş gelipdir: „Bir garynja dişledi diýip, irginsiz Allahy tesbih edýän bir ymmaty ýakýaňmy?!“

Görşüňiz ýaly, garynjalar hem bir ymmatdyr. Olar biziň bilmeýän dilimizde Allatagala tesbih aýdýarlar.

Hakimiň Müstedrek atly eserinde rowaýat edilýän ýene bir hadysda Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýýär: „Hezreti Süleýman ýagmyr dogasyna çykypdyr. Ol çaga-çuga diýmän, adamlaryň baryny üýşürip alyp gidip barýan eken. Mundan daşary, her kim öýündäki mal-garasynam ýany bilen sürüp alyp gidipdir. ( Doga ediljek ýerde çyny bilen her kim ýalbarmalydy, goýun-guzular mäleşmelidi, Allahyň rehmetini çagyrmak üçin her kim öz dili bilen dileg etmelidi). Hezreti Süleýman adamlaryň öňüne düşüp barýarka, ýerde bir zada gözi ilipdir. Arkanlygyna ýatan ulurak bir garynja başyndaky antennalaryny el mysaly ýokaryk galdyryp, öz dili bir zatlar pyşyrdaýardy. Hezreti Süleýman üns bilen diňläpdir we garynjanyň şeýdip dileg edýänini eşidipdir: „Allahym! Men seniň mahluklaryňdan bir mahluk. Seniň berjek ryzkyňdan artyk zat islämok. Eger suw iberseň, bizi suwladygyň bolar. Şonda, biz yrsgal taparys. Başga näme diýeýin? Mundan artyk bizi köseme, bize suw iberersiň ýa-da biz şeýdip heläk bolup gideris“.

Hezreti Süleýman garynjanyň pyganyny eşidip, daşyndaky adamlara şeýle diýipdir: „Indi yzyňyza dolanyň! Siziň dilegiňizden başga bir dileg sebäpli Allah ýagmyr ýagdyrar“.

Garynja Allahyň gönükdirmegi esasynda dileg edýärdi.

3. Kurany Kerim haýwanlaryň ähli görnüşiniň öz aralarynda bir ymmatdygyny aýtmak bilen, Takdyryň şu tarapyna ünsi çekýär: „Ýerde ýöreýän haýwanlar we ganat ýaýyp uçýan guşlar hem diňe siz ýaly bir ymmatdyr. Kitapda biz hiç bir zadyň kemini goýmadyk. Olar soň Reblerine jemlenerler“ (Enam, 6/38).

Ebu Dawudyň rowaýat edýän bir hadysynda Pygamberimiz (s.a.w): „Eger itler bir ymmat bolmadyk bolsady, olary öldüriň diýip buýrardym“ diýipdir. Hawa, itler özbaşyna bir ymmatdyr.

Käbir guşlaryň nesli tükenýär diýip alymlar howsala düşýärler. Sebäbi, her bir barlygyň ekologiki deňagramlykda öz ýeri bardyr. Şol jandaryň tükenmegi, bu deňagramlygyň bir ýeriniň gowşandygyny görkezýär. Her bir barlyga şeýle ekologiki deňagramlykda orun eýelemegi kim öwretdikä? Allah ähli janly-jandara näme etmelidigini görkezýär. Biz jandarlardaky instinkte şu garaýyş bilen seredýäris.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr