Taryhy wakalar bilen teblig we heläkçilik

Taryhy wakalar bilen teblig we heläkçilik

„Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesine taryhda heläk bolan kowumlar hem-de olaryň heläk boluş sebäpleri babatyndan seretse bolar. Şu jähtden seredenimizde, ilkibaşda şeýle aýratynlyk göze ilýär: Dine ynanýan halklaryň dowamaty şu iki ýörelgä esaslanýar. Şu iki ýörelge halkyň ykbalyny kesgitläp bilýär. Meselä isle položitel tarapdan seredeliň, isle otrisatel – tapawudy ýok, netije ýene-de birmeňzeş bolar. Halkyň içinde „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesi galjaňlyk bilen ýerine ýetirilýän bolsa, Allatagala şol halky ýa-da jemagaty heläklemez. Halkyň içinde azam bolsa, şu mukaddes wezipäni ýerine ýetirýän adam bar bolsa we olar ýanbermezek, ýeňilmezek bolsalar, Allah şol halky-da heläklemez. Meselä poližitel tarapdan seredilip, şulary aýtsa bolar. Elbetde, meselä otrisatel tarapdan seredip, derňemekligem mümkindir. Hawa, eger halkyň içinde „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini ýerine ýetirýän adam ýok bolsa, Allatagala şol halky heläklär. Halkda şu wezipäni ýerine ýetirýän birnäçe gahrymanlar bolup, duşmanlaryň azgynlygy olary basyp alyp biljek derejä ýeten bolsa we ol gahrymanlar özleriniň ýeňlenini boýun alan bolsalar, Allatagala, onda-da o halky heläklär. Ýeri geleninde, meseläniň şu tarapyny aýatlaryň ýagty çyrazlarynyň astynda düşündirmäge çalşaýyn. Şuny başdan aýdasym gelýär, islendik bir halkyň ýitip gitmeginiň öňüni alyp biljek „Ýyldyrym sowujy“ – dine ynanýan adamlaryň esaslandyran ojaklary bilen şu mukaddes wezipäniň ýerine ýetirilmegidir. Hawa, islendik halk şeýle girdapdan diňe şu zeýilli agyr zähmetler bilen halas bolup biler. Ine, birnäçe mysal:

A) Hezreti Nuh (a.s)

Hezreti Nuh (a.s) ömürboýy Haky teblig edip geçipdir. Emma, onuň kowmy her gezek inkär bilen oňa garşy çykypdyr. Oňa ezýet baryny beripdirler. Şol wagt oňa ynanýan adam juda az bolupdyr. Ýagdaý şeýle beterleşipdir welin, hezreti Nuh (a.s) ýeňlendigini boýun alypdyr we Allatagala elini açyp dileg edipdir, Alladan kömek sorapdyr. Pygamberiň dilegi, elbetde, ret edilmez, edilmedem. Kurany Kerimde şu waka giňişleýin düşündirilýär: „Şu buta çokunýanlardan öň Nuh kowmy-da bendämizi inkär edip, „dälidir“ diýipdi we onuň ýoly kesilipdi. Olam „Men ýeňildim, maňa kömek et“ diýip Rebbine ýalbarypdy. Bizem şondan soň asman gapylaryny guýulýan suwa açdyk. Ýer ýüzünde çeşmeler çogdurdyk. Şeýlelikde, iki suw-da bellenen ölçegde tapyşdy. Ony agaçdan ýasalan, myh bilen çüýlenen bir gämä mündürdik. Kowmy tarapyndan inkär edilen Nuha peşgeş hökmünde beren gämimiz biziň göz astymyzda ýüzýärdi. Ant içýärin, biz o gämini ybrat hökmünde goýduk. Henizem, sapak alýan ýokmy? Meniň gazabym hem-de duýduryşym nähili eken? “ (Kamer, 54/ 9-16).

Hawa, hezreti Nuh (a.s) nübüwwet berlen pygamberleriň biridir. Onuň başynda pygamberlik täji bardy. Ol özgäniň däl, diňe Allahyň gullugyndady we adamlary Allaha gulluk etmäge çagyrýardy. Emma, kowmy oňa: „Mežnun“ diýýärdi. Aslynda, olaryň şeýle diýmegi pygamberiň imanynyň kämildigini görkezýär. Sebäbi, şol halkda jemgyýetçilik durmuşynyň deňagramlylygy üýtgäp, bar gymmatlyk ölçegleri çepbesine öwrülipdi. Beýle bolansoň, elbetde, pygamber olaryň ölçegine görä, „Mežnun“ bolýandyr. Ol beýik pygamber, öz halkyny başdan-aýak dogry ýola saljak bolýardy. Beýle adam, elbetde, beýlekileriň arasynda ýepbeklenäýmelidir. Şonuň üçin, Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) bir hadysynda, bir musulmana mežnun diýilýän bolsa, onuň kämil imanlydygy aýdylýar.

Hezreti Nuhuň (a.s) halky ony diňlemeýär we ol elini açyp Rebbine ýalbaryp: „Rebbim! Men ýeňildim. Maňa kömek et!“ diýipdir. Allatagala-da şol azgyn halky suwa gark etdi. Allatagala asmandan hem-de zeminden suw goýberip, olaryň baryny gark edip, heläkledi. Belki-de, bu Atlantis medeniýetidir. Belki-de, başga bir medeniýetdir. Şol azgyn halk isle Atlaniki ummana, isle başga bir deňze gark edilen bolsun, tapawudy ýok. Bolan waka şeýledi: Olaryň başynda bir pygamber bardy. Ol pygamberem her pursatda „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini ýerine ýetirýärdi. Emma, ol medeniýet suwa gark bolýar. Sebäbi, ol pygamber ýeňlenini boýun alypdyr.

Aýatda olaryň hem-de hezreti Nuhuň (a.s) ýagdaýy gürrüň berlenden soň, ýagny, Hezreti Nuhuň (a.s) kowmy suwa gark bolup, onuň özüniň bolsa gämi bilen halas bolşy aýdylandan soň, şeýle sorag berilýär: „Ybrat-negama alýan ýokmy?“

Hawa, ýeri geleninde, şeýle sözleri goşasym gelýär: „Sart harabalyklaryndan ybrat alýan ýokmy? Bergamanyň galyndylaryndan ybrat alýan ýokmy? Ýokmy? Troýadan sapak aljak ýokmy? Hawa, bular adamlara sapak dälmi?“ diýesim gelýär. Ýer ýüzünde ýüzlerçe harabaçylyklar... olaryň hersi bir kowmuň soňuny görkezýär. Bulardan ybrat aljak ýokmy?

B) Hezreti Salyh (a.s)

Hezreti Salyhyň (a.s) kowmy-da öz pygamberini inkär edipdir. Allatagala bolsa, öz gudraty bilen olara bir düýe iberipdir we şol düýä el degrilmezligini isläpdir. Emma, gynansak-da, olar akmaklyk edip, şol düýä el uzadypdyrlar. Birbada, „Näme üçin düýäni ellemeli dälmiş“ diýip, biz bu aýdylanlara akyl ýetirip bilmän bileris. Adamlaryň her döwürde bir hili jogapkärçiligi bolupdyr. Namaz, agyz beklemek, zekat... şeýle jogapkärçilikleriň bir görnüşidir. Edil şunuň ýaly, şerap içmezlik, zyna etmezlik, para almazlyk hem musulmanyň berjaý etmeli jogapkärçilikleriniň biridir. Ine, şeýle jogapkärçilikleriň bolşy ýaly, şol döwürde-de „düýäni ellemezlik“ hem bir jogapkärçilik bolupdyr. Ine, hezreti Salyhyň (a.s) kowmuna şeýle jogapkärçilik ýüklenipdir we olar synagdan geçip bilmändirler. „Şems” süresinde bu waka şeýle gürrüň berilýär: „Semud kowmy azgyn bolany üçin, Allahyň ilçisini inkär etdi. Olaryň iň betbagty düýäniň damagyny çalmak üçin öňe çykanynda Allahyň pygamberi olara: „Allahyň şu düýesine we şu düýäniň suw hakyna el degirmäň“ diýipdi. Emma, olar ony ýalançy hasapladylar we şol düýäniň damagyny çaldylar. Şondan soň, Rebbileri-de günäleri sebäpli olaryň üstüne azap baryny ýagdyrdy we olary ýer bilen ýegsan etdi“ (Şems, 91/ 11-14)

Semud kowmy öz pygamberleri hezreti Salyha (a.s) boýun egmän, garşy gideninde, hezreti Salyh (a.s) olara diňe söz bilen nesihat edipdir. „Oňa el degirmäň“ diýipdir. Sebäbi, şol düýä el degirmek diýmek başyňa belany satyn almak diýmekdir. Emma, kowmy oňa gulak asmandyr. Päli azanyň biri baryp, şol düýäniň damagyny çalypdyr.

Aslynda, her döwürde-de şeýle bolupdyr. Küfüre baştutanlyk edýän biri döräpdir we beýleki adamlaram topar-topar bolup onuň yzyna düşüpdir. Dürli döwürlerde biziň dinimize erşenlerem, ine, şu zeýilli belany satyn alypdyrlar. Şeýlelik bilen, beýik döwletiň ahyry perişan bolupdyr. Kurana el uzadylypdyr we beýik döwlet ýykylmaga başlapdyr. Has soňlar bolsa, kişiler üýtgäpdir, emma, şol öňki ýagdaý gaýtalanypdyr. Käbäni şyltaklanlar, Zemzem suwuny hapalanlar her döwürde-de bolupdyr we bolaram...

Semud kowmundan bozgak adamyň biri öňe çykdy. Ol Pygamberiň: „Duruň, bes ediň“ diýen sözüne gulak asman, düýäniň damagyny çaldy. Şeýdip, şol ýaman işi edenleriň hem-de olara garşy çykman ümsüm duran adamlaryň ahyry perişan boldy. Allatagala olary paýhynlady we ýagşyny ýamandan saýlaman, ählisini geçmişiň gumuna gardy. Olaryň bedeni bela-betere sezewar bolşy ýaly, at-abraýlary-da aýak astyna alyndy. Kä ýagdaýlarda bela-beter bedene degmän, adamyň köňül dünýäsini weýran edip bilýär. Şeýle bela, adaty belalardan has erbetdir. Ine, häzirki döwrüň belalarynyň köpüsem şu hilidir. Çakym çak bolsa, başbozarlygyň şu derejä ýetmeginiň sebäpleriniň biri-de şu bolsa gerek. Sebäbi, adamlar özlerine geljek bela-beterden habarsyz.

Süräniň soňunda: „Allah şeýdip gazaplanmagyň ahyryndan gorkmaz! (Sebäbi, Allatagala asla nähak iş etmez)“ (Şems, 91/15) diýilýär. Sebäbi, Ol mülk eýesidir. Ol öz mülkünde islänini eder.

Şu aýatlar bize bir zady düşündirýär. Hezreti Salyh (a.s) ýeňlişe sezewar bolupdyr we ol sözüni diňledip bilmändir, Allatagala-da (j.j) şol kowmy heläkläpdir. Şol kowmy ýer ýuwdan ýaly edipdir. Sebäbi, Allatagala tutuş älemi, esasan adamy „Beýik Ýaradany bilsin, tanasyn” diýip ýaradypdyr. Dünýä şonuň üçin bar bolupdyr. Ynanýan adamlar ýeňlende bolsa, şu hikmete şikes ýetýär. Allatagala-da şol döwrüň adamlaryny jeza berýär, käwagt bolsa, ýokardaky mysalda bolşy ýaly, olary ýer ýuwudan ýaly edýär. Bu ylahy kanun hiç haçan üýtgemez.

Ç) Hezreti Lut (a.s)

Hezreti Lut (a.s) hem „golaýymyzda“ diýen ýaly, bize juda ýakyn ýerde dünýä gelýär. Hezreti Ybraýym (a.s) bilen döwürdeş, bu beýik ynsanyň kowmunda „Liwata“ diýilýän, henize deňiç adamzadyň görmedik günä işleri edilýär. Ine, bu beýik pygamber ertirden agşama çenli şu günä garşy göreşýär.

Şeýlelikde, bir gün hezreti Lutuň (a.s) öýüne ýaş ýigdekçeleriň keşbinde perişdeler gelipdir. Azgyn kowum şobada hezreti Lutuň (a.s) öýüne bakan ýumlugypdyrlar. Olar baryp, özleriniň niýetini bildirýärler. Hezreti Lut (a.s) ýalbaryp diýen ýaly: „Meni myhmanlarymyň öňünde utandyrmaň“ diýipdir. Ol hatda olara öz gyzlaryny-da nikalap berjek bolupdyr. Emma, olar ony diňlemändirler. Şol betpäl adamlar: „Bize seniň gyzyň derkar däl. Sen biziň näme isleýänimizi gowy bilýäň“ diýip jogap beripdirler.

Hezreti Lut (a.s) uludan demini alyp: „Käşgä size ýetjek güýjüm ýa-da arkamy daýap biljek daýanjym bolsady“ (Hud, 1/78-80) diýipdir. Onuň arkadaýanjy bardy. Emma, ol kyn ýagdaýa düşeni üçin şeýle diýýärdi. Ahyry, ýaş ýigdekçeleriň keşbindäki perişdeler özleriniň perişdediklerini aýdypdyrlar. Ine, şonda soň hezreti Lut (a.s) demini dürsäpdir.

Kurany Kerimdäki şeýle uzyn kyssadan käbir bölekler: „Ilçilerimiz Lutuň (a.s) ýanyna baranlarynda baranlarynda, ol gynandy we onuň kejebesi darykdy. „Bu çetin gündür“ diýdi. Lutuň kowmy onuň ýanyna ylgap diýen ýaly bardylar. Olar öňdenem erbet iş edýärdiler. „Eý, kowmum! Ine, bular meniň gyzlarym. (Olara öýleniň). Olar siziň üçin has päkdir. Allahdan gorkuň! Myhmanlarymyň öňünde meni masgara etmäň! Araňyzda akyllyňyz ýokmy?“ diýdi. Olar bolsa: „Gyzyň bilen işimiziň ýoklugyny sen gowy bilýärsiň. Sen biziň näme isleýänimizi bilýärsiň ahyry“ diýdiler. Lut (a.s): „Käşgä, size ýetjek güýjüm ýa-da arkamy daýap biljek daýanjym bolsady“ diýdi. Perişdeler: „Eý, Lut! Biz Rebbiň ilçileridiris. Olar saňa azar berip bilmezler. Gijäniň bir wagty maşgalaň bilen ýola çyk. Aýalyňdan başga hiç kim yza galmasyn. Dogrusy, olaryň başyna geljek zat onuň-da başyna geler. Olaryň heläk boljak wagty säher wagtydyr. Säherem golaý dälmi näme? “ diýdiler. Buýrugymyz geleninde, olary ýer bilen ýegsan etdik. Olaryň üstüne Rebbiň gatyndan alamatlandyrylan topbak-topbak gaty daş ýagdyrdyk. Bu ýagdaý zalymlardan hiç haçan daş bolmaz“ (Hud, 11/77-83).

Hawa, Sodom Gomore heläk boldy we şu halk Lut kölüniň çuňlugynda ýeriň düýbünde çökdi. Emma, bu jeza diňe Lut (a.s) kowmuna degişli däldi. Her döwrüň zalymlary şeýle jeza görýändirler.

Ine, Pompeý munuň iň aýdyň mysaly. Ol taýda hakykaty düşündirýän hristianlar bardy. Emma, olaram ýeňlipdiler. Ol ýeriň halky şeýle bir azgyndy welin, Allatagala Wezuwidan zogdurylan lawa bilen ol taýyny mazarlyga öwürýän wagty, olar bireýýäm öli janlardylar. Olaryň käbiri deňziň kenaryna gaçypdyrlar. Ägirt kül seňňeri gelip, olary şol ýerde küle öwrüpdir.

Gelejek nesiller ybrat alsyn diýip Allatagala şol taýyny gadymy ýadygärlik hökmünde galdyrypdyr. Häzirki gün, Pompeýden galan diwarlarda haýasyzlygyň aňrybaşyny görüp bolýar. Zynanyň mekany bolan şol ýerde henizem oýlandyryjy şekilleri görse bolýar. Hawa, Allatagala olaryň baryny adamzat ybrat-nemaga alsyn diýip galdyrypdyr. Akyl eýeleri şolara seredip, sapak almalydyr.

D) Başgalar...

Hezreti Luta (a.s) ynanmaýan halka gazaply darap, olara umumy kanun bilen jeza beren beýik Gudrat, taryhyň dowamynda başga halklara-da şol hökümini ýöredipdir. Mysal üçin, Endülüsde sekiz asyrlap ýaşan ajaýyp musulman medeniýetinde içki agzalalyklar dörep başlapdyr. Şeýlelikde, Ferdinand öz gylyjy bilen şol medeniýeti ýykypdyr. Musulmanlar Endülüsi taşlap gaýtmaly bolanlaryna aglaşýardylar. Emma, aglanjak wagt bireýýäm geçipdi. Has dogrusy, olar aglanjak zada däl-de, başga zada aglaýardylar... Tuleýtulada şol döwürden galan hammamlara seredip aglamaly wagty we özlerini diri saklaýan gymmatlyklary öz elleri bilen ýykandyklaryna aglamaly wagty, olar söweşde wepat bolanlar üçin aglaýardylar.

Abbasitler döwletini ýykanam şu ruhy göýdüklikdir. Emewi döwletem şeýdip ýykylypdyr. Seljuklar döwletem keýpi-sapada ýaşamagyň soňunyň nirä barýanlygyny görüpdir. Osmanly döwletem şu sebäpden berbat bolupdyr. Dolmabahçe köşgüne gireniňizde, diňe bezegler üçin 16 tonna altynyň sarp edilendigini eşidip, haýranlar galarsyňyz we şol köşgüň diwarlarynda ägirt döwletiň ýumrulşynyň sahnasyny görüp bilersiňiz. Bu ylahy kanundyr. Bu kanun asla üýtgemändir, üýtgemezem.

Mundan beýläk, Rim imperatorlygynyň ýumrulyşyndan başlap tä Sasaniler döwletiniň agdarylmagyna çenli, ondan aňyrda Müsür döwletiniň ýykylmagyna çenli ähli taryhy-etnografiki ýadygärlikleri şu ýörelge esasynda öwrenip göräýiň. Islendik bir ýerde Allatagalanyň ady ýatlanmaýan bolsa, Allatagala düşündirilmeýän bolsa, onda Allah şol ýeri gyrgyna salýar. Sebäbi, ol ýeriň bolanam bir – bolmanam. Kyýamatam şonuň üçin gopaýmasa. Möminler ýeňlişe sezewar bolanynda we azgynçylyk öňe geçeninde, ana, şonda Allatagala (j.j) tutuş Ýer togalagyny weýran edýär. Sebäbi, şondan soň dünýäniň barlygy manysyz diýmekdir.

Hawa, Kurany Kerim diline düşünip bolmaýan kitaba öwrülen bolsa, onda bela-beteriň saýasy biziň üstümize düşdi diýmekdir. Eger şonda-da weýrançylyk ýok bolsa, bu Allahyň çäksiz rehmetinden gaýdýandyr. Hezreti Ebu Bekir (r.a) zol-zol Allahyň çäksiz Rahmanyýeti hakda oýlanyp, özünden gidýärdi. Ol „Sen nähili halymsyň, Allahym“ diýýärdi. Hawa, Allatagala halymdyr (Günäkärleri jezalandyrmaga güýji ýetip durka, ony etmän, olara mylaýymlyk bilen garaşyk edýän we jezalaryny soňa goýýan). Allah günä iş kylana garaşyk edýär. Emma, günäkär Allahyň gazabyna duşansoň asla gutulyp bilmez. Oýlanyp görüň! Allatagala özüni bize „Rahman we Rahym“ diýip tanadýar. Beýle bolsa, biz ony tanamalysy ýaly tanamaly. Biz Allahyň Rahmandygyny we Rahymdygyny bilip, Oňa yhlas bilen ybadat etmelidiris. Kämil imana eýe bolup, adamlara Allaha barýan ýoly görkezmelidiris.

Owaly bilen, mömin kişi ynamdar, ähtibarly adamdyr. Ondan hiç hili zyýan gelmeýär. Musulmanlaryň bar ýerinde adamkärçilik bolaýmalydyr. Olaryň saýasynda jemgyýetçilik durmuşynda asudalyk saklanmalydyr. Musulman adamyň tutuş adamzadyň öňünde özüni alyp barşy şeýledir. Ol dine ynanýan adamlar bilen has içgin gatnaşyklary saklaýandyr. Şonuň üçin, ol Allatagaladan (j.j) hem-de Resulallahdan (sallallahu aleýhi wesellem) gaýdýan gymmatlyklary bar kişä düşündirmelidir. Ol bir tarapdan, öz halkyny, döwletini ösdürmek üçin zähmet çekse, beýleki tarapdan, öz halkyny dürli zyýançylyklardan goramak üçin örän oýlanşykly hereket edýär. Ine, şu wezipäni ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýanlar, özlerine serpaý hökmünde berilýän „Möminlik“ adyndan ýüz öwürýändirler.

Hawa, musulmanyň her hili ýagdaýda ýerine ýetirmeli wezipesi bardyr. Öý, oba, welaýat, halk we tutuş adamzat onuň elindäki nur bilen ýagty gelejege ulaşmalydyr. Hiç kim onuň elindäki nura düşünmese-de, Hak wagyzçysy asla öz wezipesine sowuk-sala garamaz. Sebäbi, kimdir biriniň ruhy hörekden kesilmegi onuň üçin ullakan ýitgidir.

Şol bir wagtyň özünde, küfüriň hem-de azgynçylygyň öňi alynmasa, horluk gören diňe kapyrlar ýa-da azgynlar bolmaz. Musulmanlaram şu weýrançylykdan nesibesini alar. Diýmek, musulman adam, bolmanda, şulary göz öňünde tutup, „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini ýerine ýetirmelidir. Ol umumy betbagtçylyklaryň ýüze çykmagyna ýol bermeli däldir.

Bu barada Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) bir hadysynda şeýle diýilýär: „Allahyň buýruklaryny ýerine ýetirýän bilen ýetirmeýän – gämide syýahat edýän iki topar adama meňzeýär. Olaryň bir-ä ýokarky gatda, beýlekisi bolsa aşak gatdadyr. Aşakda bolýan adamlar suw aljak bolanlarynda, ýokardaky doganlaryny biynjalyk etmejek bolup: „Biz öz ýerimize suw çekeris“ diýip gäminiň düýbüni deşmekçi bolsalar, ýokardakylaram muňa hiç zat diýmeseler, iki gatdakylaram suwa gark bolarlar “

Aslynda, Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) şu sözleri meňzetmedir. Muňa mantyk ylmynda „Mysallaryň deňeşdirilmegi“ diýilýär. Ine, şu ýerde Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) bize örän ähmiýetli bolan jemgyýetçilik meselesini mysal arkaly ýönekeýleşdirip düşündirýär. Bu mysalda gämini deşmekçi bolýanlar birbada, özleriçe dogry hereket edýän ýalydyrlar. Emma, ahyrda ýüze çykjak netije bolsa, asla gowulyga meňzänok.

Şu hadysdan şeýle netije çykarsa bolýar. Dünýä – hezreti Nuhuň (a.s) gämisi ýaly bir gämidir. Bütin adamzat, isle-isleme şol gämä münüpdir. Sebäbi, bu dünýäde her kim Ýer üstünde ýaşaýmalydyr. Gepiň gysgasy, biziň syýahat edýän gämimiz ýekejedir, iki sany däldir. Bizi şu gämä mündüren beýik Gudrat, gämide ýaşamagyň kanunlaryny goýupdyr. Hiç kimiň şol kanuna garşy gitmäge haky ýokdyr. Bu, her kimiň şahsy durmuşy üçinem şeýledir.

Biziň ýaşap ýören gämimizi aýap saklamak, ony suwa gark bolmakdan goramak biziň ählimiziň borjudyr. Biz şu gämä münenimizden, eýýäm egnimize şeýle jogapkärçilik ýüklenipdir. Özgäniň işine goşuljak däl diýip, özümizi hem-de millionlarça adamy heläkläp biljek işlere ýol berip bilmeris. Kim gämini deşjek ýa-da jemgyýetçilik durmuşyna zyýan ýetirjek bolýan bolsa, onuň bilen göreşmelidiris. Diýmek, biz bir tarapdan, ýamanlygyň, jemgyýetdäki ýylana, içýana barabar erbetligiň öňüni alyp, adamzady şolaryň awusyndan goramalydyrys. Beýleki tarapdanam, „magruf“ diýip atlandyrylýan gözel ahlak bilen hem-de ýagşy işler bilen şol jemgyýeti bezemelidiris. Galyberse-de, zanny düzüw adamlaryň emele getiren jemgyýeti her hili erbetlikden daşda durýandyr. Emma, gynansak-da, bu aýdylanlar meseläniň diňe bir tarapydyr. Meseläniň beýleki tarapy hakda aýdylmaly bolsa, jemgyýetde gowy zatlaryň köpelmegine amatly şertler döretmelidir. Ine, biziň halk öňündäki borjumyz şudur. Bu mukaddes borçdur. Mukaddes bolşy ýaly, onuň kynçylygam bardyr.

Hakyky imany kalbynda duýan adamyň, elbetde, ýagşylyk edesi gelýändir. Ol beýleki adamlary şu eşretli-sapaly durmuşa çagyryp, olara öz kalbyndaky duýgulary açyp görkezmek isleýär. Mömin – başdan-aýak ýagşylyk edýän adamdyr. Ol bahar howasyndan dem alýan bolsa, özgäniňem şol howadan dem almagyny, beýlekileriň hem şol lezzetden ganmagyny isleýär. Onsoňam, mömin diýmek – özgäni Hak ýoluna saljak bolup, özüni gaýgyrmaýan adam diýmek dälmidir? Hawa, islendik adamyň köňül dünýäsine iman nury gireninden soň, ol adam nädip bir ýerde durup bilsin?! Ine, şonuň üçin, mömin öýme-öý, köçeme-köçe, dükanma-dükan aýlanyp, özüne syrdaş agtarýar. Ol diňe şeýtmek bilen ýaşap bilýär. Ajalyň ýetýänçä kalbyndaky imany eşrepi deýin aýap saklajak bolsaň we gabra iman bilen girjek bolsaň, bir ýerde durman, adamlara hakykaty düşündirmelisiň. „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini ýerine ýetirmeýän adamyň gabyrda nähili ýatjagy näbellidir. Diýmek, mömin, iň bolmanda, özüni gutarmak üçin bu mukaddes wezipäni ýerine ýetirmelidir.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2022 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr