Iman hem-de nifak babatda teblig

Iman hem-de nifak babatda teblig

Mömin – hakyň hem-de hakykatyň hatyrasyna iň ýakyn töwerekden başlap, tutuş jemgyýete ýagşylyk etmegi öwredýän adamdyr. Bu – onuň möminliginiň aýdyň netijesidir. Bir tarapdan, onuň elinden hem-de dilinden hiç bir adama zeper ýetmeýäni üçin, şeýle netije ýüze çykýar. Beýleki tarapdan, ähli musulmanlar, hadysda aýdylyşy ýaly, bir göwre ýalydyr. Bedeni emele getirýän agzalaryň islendik birinde näsazlyk ýüze çykanda, tutuş bedende agyry döreýär. Edil şonuň ýaly, agzalaryň ýekän-ýekän sagdyn bolmagy tutuş bedeniň sagdyn bolmagyna getirýär. Diýmek, musulmanlaryň birek-biregiň derdi-aladasy bilen ýaşamagy, olar şatlananda şatlanyp, gynananda gynanmagy onuň ahlagynda bardyr. Hawa, olar bir beden ýalydyr. Mömin kişi adamlaryň dowzaha eltjek ýollardan gitmegine biperwaý garap bilmez. Şonuň üçinem, adam mömin bolsa, hökman „Emri bil magruf, nehýi anil münker“ wezipesini berjaý edäýmelidir. Ine, şu hakykaty ýatladyp, Kurany Kerimde şeýle diýilýär: „Mömin erkekler we mömin aýallar biri-birleriniň hossarydyr. Olar ýagşylygy ýaýyp, ýamanlygyň öňüni alýarlar. Namaz okap, zekat berýärler, Allaha hem-de Pygamberine boýun bolýarlar. Ine, Allah olara rehmet eder. Allah, şübhesiz, güýçlüdir, häkimdir“ (Toba, 9/71).

Hawa, isle erkek adam, isle aýal maşgala, ähli musulmanlar biri-biriniň dostudyr. Şu dostlugyň mizemezligi üçin, olar Allahyň halan işlerini ýaýyp, Allahyň halamaýan işlerinden bir-birlerini daşlaşdyrmalydyrlar. Dost dosty bilen, ýogsam nähili bolsun?!

Emma, mömin şu işleri edeninde, özüni-de ýatdan çykarmaly däldir. Ol ilkibaşda Yslamy özüne siňdirmeli, Yslamy öz tebigatynyň aýrylmaz bölegine öwürmelidir. Mömin adam namazyny dogry okamaly, zekatyny doly bermeli we her ýagdaýda Allaha hem-de Pygamberimize (sallallahu aleýhi wesellem) boýun bolmalydyr. Jemgyýeti düzýän adamlaryň her biri şeýle ahlaga eýe bolsa, jemgyýet öz-özünden düzeler, düzgün-tertibe girer. Şonda ol jemgyýeti Allahyň rehmeti gurşap alar we onuň töwerek-daşynda ylahy howa bolar.

Ine, şu beýik mertebäniň edil tersi bolan munapyklar Kurany Kerimde şeýle suratlandyrylýar: „Munapyk erkek adamlar we munapyk aýallar biri-birlerine meňzeýär. Olar ýamanlygy ýaýyp, ýagşylyga böwet bolýarlar we olar gysgançdyrlar. Olar Allahy ýatdan çykardylar. Şol sebäpden, Allah-da olara unutmak bilen jogap berdi. Dogrusy, munapyklar fasyklaryň ( Allahyň buýruklaryna garşy gidýänler) hut özüdir“ (Toba, 9/67).

Görşüňiz ýaly, aýatda munapyklara dost diýip ýüzlenilmändir. Olaryň birek-birege meňzeýändigi aýdylýar. Sebäbi, munapyklarda dost diýen düşünje ýokdur. Olary bir-birlerine baglaýan ýeke-täk zat, olam – bähbitleridir. Öz bähbitlerine dyrnak ýalyjak zyýan ýetäýdigi, olar öz aralarynda garpyşýarlar. Şonuň üçin, aýatda juda jaýdar hem-de ajaýyp beýan bilen olaryň ruhy ýagdaýy açyk görkezilipdir.

Munapyklaryň ýene-de bir meňzeş häsiýetleriniň biri bolsa „Olar ýamanlygy ýaýýarlar“. Ähli gowulyklar olaryň ýanynda erbetdir. Halkyň mukaddes hasaplaýan zatlaryna olaryň edil allergiýasy bar ýalydyr. Sebäbi, olaryň zannynda arabozarlyk, bozgaklyk bardyr. Içi-daşy birmeňzeş bolmaýan adamyň baryp biljek derejesi-de – arabozarlykdyr. Kuranda aýdylşy ýaly, olar dowzahyň iň düýbüne talapkär betbagtlardyr „Ýok, ýok. Olar haýwan däl. Haýwandanam pesdedirler“ (Araf 7-179). Şu söz olaryň galybyny doly çyzýar.

Şonuň üçin, musulmanlar öz jogapkärçiliklerini birkemsiz berjaý edip, şeýle gözgyny ýagdaýdan goranmalydyrlar. Goranmak üçin bolsa, birek-biregi yzygiderli ýagşylyga çagyrmaly we birek-biregi ýamanlykdan daşlaşdyrjak bolmaly. Musulman adam erbetlikden gaça durşy ýaly, özüne ýakyn adamlaryň-da erbet ýola uçramagyny islemeýär. Musulmanlar özlerini hem-de tutuş jemgyýeti gaflat ukusyndan oýarmagyň aladasy bilen ýaşamalydyr. Hawa, ine, şu häsiýetler, ýokarda-da belleýşimiz ýaly, musulman adamyň aýrylmaz häsiýetleriniň biridir.

Galyberse-de, asuda-parahat jemgyýeti döretmek üçin, erbetligiň kökünden ýoguna ýanmalydyr. Ýogsam, başda kiçi ýaly bolup görünýän erbetlik, soň wagtyň geçmegi bilen şeýle bir ulalýar hem-de şeýle bir örňeýär welin, käbir ýagdaýlarda ol tutuş halka, tutuş adamzada howp salýan gyrgynçylyga öwrülip bilýär. Jemgyýetçilik näsazlyklary köplenç ähmiýet berilmeýän ýönekeý erbetliklerden ýüze çykýar. Şu jähtden taryha ser salanymyzda, jemgyýetçilik taýdan çüýremeleri görse bolýar. Şu zeýilli çüýremeleriň taryhy analizini görkezmek üçin, şu hadysy agzap geçesim gelýär.

Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) şeýle diýýär: „Ysraýylogullaryna jemgyýetçilik taýdan çöküşlik şeýdip gelendir. Bir adam beýleki bir adamyň erbetlik edýänini görüp: „Eý, pylany! Bu işi terk et, bu saňa halal däldir“ diýerdi. Ertesi gün ol adam gelip görse, ýene-de ýaňky adam şol günä işi goýmandyr. Emma, ol şonda-da onuň bilen dostlugyny kesmeýär. Onuň bile oturşyp, bile iýip-içýärdi. Şeýlelikde, Allatagala(j.j) olaryň ýüreklerini biri-birlerine sürtdi“. Soň, Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem): „Ysraýylogullaryndan küfüre girenler Dawudyň hem-de Merýem ogly Isanyň dili bilen näletlendiler. Munuň sebäbi, olar pygamlerine boýun bolman, öte gidýärdiler. Olar biri-biriniň eden erbetliklerine garşy bolmaýardylar. Olaryň edýän işi, gör, nähili erbet işdi “ (Maide 5/78,79) aýatyny okap şeýle diýdi: „Ýok! Allahyň adyndan ant içýärin. Ýagşylygy ýaýyp, ýamanlyga garşy durmalysyňyz. Siz hökman zalymyň elinden tutup, ony hak ýoluna salmalysyňyz“. Bu ýerde, erbetlige ýol berýän Ysraýylogullaryny agzamak bilen, möminlere şeýle ýagdaýdan daş duruň diýiljek bolýar. Şeýle erbetlige baş goşmazlyk üçin, musulmanlara duýduryş berilýär. Onsoňam, şeýle wakalaryň jikme-jik agzalmagynyň hökman hikmeti bolaýmalydyr.

Bu wakany şeýdibem analizläp bolýar: Nähilidir bir erbet iş edilipdir. Bir adam erbetligiň öňüni aljak bolup, erbet işi edene „Beýtme“ diýipdir. Şeýdip, başda erbetlik eden adama duýduryş berlipdir. Emma, erbetlige garşy göreşýän adam öz wezipesini tutanýerli hem-de dowamly alyp barmandyr. Ol erbetlikden ýüz öwürmeýän adamyň öňünde özüniň ruhy päkligini saklap bilmändir. Netije-de bolsa, ol erbet adam bilen duz-emek bolup, dostlugyny dowam etdiripdir. Ýürekden ýekirmek – adamda imanyň barlygynyň iň soňky alamaty bolup durýan wagty, ol adamda şular ýaljagam hereket bolmandyr. Ahyrda bolsa, öňünde hiç hili böwet bolmany üçin, ýaňky erbetlige jemgyýetiň içinde ornaşmaga mümkinçilik döräpdir. Şonuň üçinem, Allatagala olaryň ýüreklerini bir-birine sürtüpdir. Şeýlelikde olaryň ýürekleri bir-birine deň bolupdyr. Allatagala olaryň arasynda goşmaça sürtülmeler döredip, olary toparlara bölüpdir.

Hawa, Allahy iňkär edýän ýahudylaryň ýürekleri biri-birine sürtülip, ýürekleri deňlenipdir we olar hak ýolundan daşlaşypdyrlar . Bir döwürde ýahudylaryň hristian dünýäsinden görmedik görgüleri galmandyr. Has irräk, olar ençeme asyrlap Wawilonda gul bolup ýaşapdylar... Ýene bir döwürde bolsa, olar Şabur tarapyndan erbet ezýetlere sezewar bolupdyrlar. Taryhda hiç bir wagt olaryň baýnan ýeri bolmandyr. Olar öz aralarynda „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini ýerine ýetirmändikleri üçin, şeýle horluk görüpdirler. Şu mukaddes wezipäni taşlanlary üçin, olaryň ýüreginde agzalalyk pitneleri möwjäpdir. Ine, Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) şeýle wakany gürrüň bermek bilen, öz ymmatyna şu ýalňyşlygy gaýtalamazlygy ýatladýardy we jemgyýet bolup çökmezligiň ýollaryny öwredýärdi. Ýeri geleninde, iki sözlem bilen bolsa-da, mowzugymyzdan daşary bir zady belläp geçesim gelýär. Hezreti Musanyň (a.s) döwründe Ysraýylogullarynyň bir bölegi ylalaşykly ýaşap bilmändirler. Şonuň üçinem, olary ýola salmaly bolupdyr. Häzirki döwürde ýahudylar ýasama arkalaşyk bilen şu derejä ýetdiler. Olar özleriniň taryhy dinamikalaryna eýe çykmak bilen, döwlet gurmagy başardylar. Eger-de olar öz taryhy gymmatlyklaryndan daşlaşyp, içgi agzalalyklara ýol berseler, onda olar ýer ýüzünden ýitip giderler. Aslynda, ýahudylar öz dinlerini ýoýýanam bolsalar, häzirki günde olar üstünliklere eýe bolýarlar. Munuň sebäbi bolsa, olaryň Allah tarapyn iberilen dinlerine hormat goýmaklarydyr.

* * *

Yslam taryhynda teblig wezipesiniň möminiň şygary bolandygyna şaýatlyk edýän köp wakalar bolupdyr. Olaryň birini şu ýerde agzap geçesim gelýär. Bu waka hezreti Ebu Bekir (r.a.) bilen baglanyşyklydyr. Hezreti Ebu Bekir (r.a) bir gün özüni diňläp oturan adamlara şeýle diýýär: „Eý, iman edenler! Siz özüňize serediň. Eger-de siz dogry ýolda bolsaňyz, haýsydyr bir azgyn adam size zyýan berip bilmez...“ (Maide, 5/105). Siz şu aýata ýalňyş düşünýärsiňiz. Sebäbi, men Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) şeýle diýenini eşitdim: „Köpçülikde günä iş edilýän bolsa, olaryň arasynda adamlary günäden daşlaşdyryp biljeklerem öz wezipesini ýerine ýetirmeýän bolsa, onda olaryň üstüne Allahdan belanyň gelmegi gutulgysyzdyr. “

Hawa, ýokardaky aýatda „Başgalar bilen işiňiz bolmasyn. Siz diňe özüňiz bilen boluň!“ diýilmeýär. Gaýtam, tersine, şu aýatdan „Beýleki adamlar öz aralarynda agzynlyk hem-de bozgaklyk hakda gürrüň edýän wagty, sen özüňi ýatdan çykarmaly däl“ diýen manyny çykarmaly. Aslynda, şu aýatda her kimiň öz-özünden hasap soramalydygy nygtalýar. Ine, şu düşünjäni delillendirmek üçin hezreti Ebu Bekir (r.a) şu aýata iň gowy düşünýän adamlaryň biri hökmünde Allahyň Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) bir hadysyny aýdýar.

Şu mowzuk bilen baglanşykly Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) ýene-de köp hadyslary bardyr. Olaryň käbirini belläp geçesim gelýär:

Tirmiziniň rowaýat edýän bir hadysynda Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) şeýle diýipdir: „Ýa „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini berjaý edersiňiz ýa-da Allah size azap iberer. Iberensoň, dileg edersiňiz, emma, dilegiňiz kabul bolmaz.“

Tirmiziniň rowaýat eden ýene bir hadysynda, ýokardaky sözler bolşy ýaly gaýtalanýar we oňa şeýle goşmaça girizilipdir: „... Allah başyňyza şerir (haýyrsyz) adamlary musallat eder. Soň, siziň araňyzdan haýyrly adamlar dileg etse-de, olaryň dilegleri kabul bolmaz“

Şerirler – bisowat, gepe-üýne düşünmeýän, dine-ygtykata uýmaýan, kitaby-pygamberi bilmeýän we ähli mukaddeslikleriň üstünden gülýän, gadyrbilmez adamlardyr. Allatagala olary haýsy halkyň başyna musallat edip inderen bolsa, şol halk gaýdyp aýaga galyp bilmez. Allatagala möhlet berýär, ýöne Ol (j.j) asla perwaýsyz däldir. „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesine sowuk-sala garamagyň jezasyny-da gaýra çekip bilýär. Emma, şol möhlet dolup, jeza berilmegiň wagty gelende, Allatagala adamlaryň ýakasyndan mäkäm ýapyşýar we olara temmi berýär. Ine, şol jezalaryň bir görnüşi-de – halkyň başyna şerirleriň geçmegidir we olaryň zorluk-sütem bilen halky dolandyrmagydyr. Muňa-da, ýene musulmanlaryň özi günäkärdir. Boljak iş bolansoň, haýyrly adamlar mesjitleri doldurany bilen, olar doga-dileg edip, Allaha ýalbarsalar-da, ertirden tä agşama çenli gözýaş döküp, namaz okasalar-da, ýene-de şol jeza wagty dolman, olar aýak üstüne galyp bilmezler. Bu – ylahy kanundyr. Ylahy kanuny bolsa hiç haçan üýtgedip bolmaz.

Siz şu aýdylanlar bilen ýaşaýşyň ähli etaplaryna seredip görseňiz, taryhdan şu güne çenli birmeňzeşlikleriň gaýtalanýanyna göz ýetirersiňiz. Häzirki ýagdaýymyz hem, şu taryhy gaýtalanmanyň bir bölegidir. Mesjitlerde okalýan doga-dilegler, adamlaryň el açyp ýalbaryşy, aglaýşy we ahy-pyganlar... bular beýik diwanda kabul edilmeýän bolsa, muny diňe biziň eden etmişimiziň jezasy diýip düşündirip bolar. Etmişimiz bolsa – mukaddes wezipäniň ýatdan çykarylmagydyr ýa-da şol wezipäniň bolmalysy ýaly ýerine ýetirilmezligidir.

Hawa, şol etmişimiz bizi Allahdan daşlaşdyrdy... Aslynda, biz ýagşylygy ýaýyp, ýamanlygyň öňüni almak üçin ýaradylypdyrys. Biziň ýaradylyş maksadymyz şudur. Özüni Hak ýoluna bagş edenler... Esasy maksadynyň ýerine jenneti-de goýmaýanlar... Jennete giräýeninde-de, şol ýerde-de mümkinçilik döredigi, Allahy düşündirip, jennetiň ähli nazy-nygmatlaryndan geçip bilýän... Ýa-da mümkin bolsa, dowzah zebanilaryna-da Haky düşündirmek üçin dowzaha girmekden gaýtmaýan... Ine, beýik ruhlar şulardyr. Hawa, olaram özleriniň ýaradylyş maksatlaryna – şu mukaddes wezipä perwaýsyz garasalar, dünýäniň başyna injek her hili bela-betere, betbagtçylyga garaşybermelidir. Mundan soň, diňe el açyp, dileg edäýmek galýar. Dilegleriň kabul bolup-bolmajagyny diňe Allah bilýär. Sebäbi, şu derejä barmak diýmek, bir tarapdan ýok bolmaga ymtylyş diýmekdir. Ana, şol gün diýseň gowgaly gün bolar. O gün rehmetiň ýüzi nikaplydyr, gazabyň ýüzünden bolsa nikap syrylandyr.

Yslam dünýäsiniň häzirki gözgyny ýagdaýyny görüp bilseňiz, ýokarda aýdan zatlarymyň barysyny aýnada gören ýaly bolarsyňyz. Hawa, Allahdan, pygamberden we kitabullahdan üzňe nesillere we olary ýalňyş ýola iteklänlere... Hawa, ruhy hem-de ýüregi goparylyp aýrylan, diňe garyndyr içgoşlardan ybarat mahluga öwrülenlere... Kellesiz adamlara, harlanan wagta, üzülen halkalary bilen düşnüksiz hala getirilen taryha... Ine, şulara seretseňiz, ägirt halklaryň nireden nirelere yňdarylyp gidendigini görersiňiz we haýygarsyňyz. Indi, bidöwletleriň dolandyrýan beýik, emma, bagtsyz halklary şerirleriň girisinde alaçsyzlyk bilen azap çekýär. Hany, Käbede edilen dileglere näme boldy? Näme üçin mesjitlerde dökülen gözýaşlaryň nepi degenok? Bu zatlar biziň etmişimiziň jezasy bolman, näme bolsun. Guýa nireden gaçan bolsaň, şol ýerdenem çykyp bolýar. Biz mukaddes wezipäni terk etmek bilen, şeýle hala geldik. Diýmek, şu ýagdaýdan diňe o wezipäni ýerine ýetirmek bilen halas bolup bileris. Başgaça aýdanyňda, iň güýçli dileg – o wezipä ýapyşmakdyr. Şonuň üçinem, diňe dilden aýdylýan dilegler ýeterlik däldir. Elbetde, ol dilegleriň hem adamyň ahyreti üçin peýdasy bolar. Emma, dünýewi peslikden halas bolmagyň ýoly „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini ýerine ýetirmekdir.

Hawa, başda belläp geçişim ýaly, halkyň içinde ýa-da köpçülikde ýagşyzada adamlar bolup biler. Ol adamlar ruhy ýaşaýyşlary bilen Allaha juda golaý durubam bilerler. Emma, şol köpçülikde „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesi ýerine ýetirilmeýän bolsa, onda Allatagala şol halky ýer bilen ýegsan eder. Şonda, o halk Allahyň gazabyndan asla halas bolup bilmez.

Allatagala, birnäçe adam günä iş etdi diýip, tutuş halka jeza bermez. Birnäçe sandan çykan adam gün iş etdi diýip, bütin adamlardan hasap soralmaz. Emma, „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini ýerine ýetirmäge gurbaty bolup, ýamanlyga garşy döşüni gerip, „Rebbimiz Allahdyr“ diýip biljek adamlar döremese, ana, şonda umumy halka jeza berler. Ahmet bin. Hanbel Pygamber Serwerimizden (sallallahu aleýhi wesellem) şu hadysy rowaýat edýär: „Allah käbir adamlaryň günä iş etmegi zerarly hemmä jeza bermez. Emma, olar öz aralarynda erbetlik edilýänini görüp, şonuň öňüni almaga güýçleri bolubam, muny etmeseler, ana, şonda olar jeza sezewar bolarlar.“

Şu aýatda-da bu barada şeýle diýilýär: „Araňyzda diňe zalymlara degip galmajak pitneden ägä boluň we Allahyň gazabynyň güýçlüdigini biliň!“ (Enfal, 8/25).

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2022 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr