Teblig we şahs-jemgyýet gatnaşygy

Teblig we şahs-jemgyýet gatnaşygy

Allahyň Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) bir hadysynda: „Musulman şeýle adamdyr, onuň elinden hem dilinden hiç kime zyýan ýetmez“ diýipdir.

Bu hadysdan şeýle netije çykarsa bolýar: Musulman adam hiç kimiň zadyna, abraýyna, namysyna, mertebesine bahylçylyk etmez. Ol adamlaryň janyna howp salyjy işe baş goşmaz.

Aýalyň dinde mährem (utanç) hasaplanýan agzalaryny diňe adamsynyň ellemäge haky bardyr. Diýmek, bir bigänäniň ol aýal bilen gatnaşygyna nädip dogry diýip bolar? Aýalyň açyk tenini görkezýän geýimleri geýmegi aslynda onuň öz günäsidir. Emma, onuň şeýle halda geýinmegi, nätanşyň oňa seretmegine tutaryk bolup bilmez. Meselelere şeýle inçelik bilen çemeleşýän musulman adam, bagyşlaň welin, seretmekden öte, dinde uly günä saýylýan haram işe ýanaşyp bilermi?

Men ýolda-yzda atanlykda harama gözi düşäýse, şol günäni ýuwmak üçin, pul sadaka berýän we toba edýän ýaşlary bilýärin. Esasan-da, her bir musulman adam ahlak taýdan şeýle bolmalydyr. Sebäbi, musulman adam – elinden hem dilinden hiç kime zyýan ýetmeýän adam diýmekdir.

Hawa, musulman adam kimdir biriniň ýekeje lukmasyna-da el gatmaz. Eger-de onuň ýanynda ummasyz gyzyl bar bolsa we şol gyzyllar oňa amanat goýlan bolsa, onda ol şol gyzyllaryň ýekeje gramyndanam peýdalanmaz. Hatda peýdalanmagy oýuna-da getirmez. Sebäbi, oňa her kim ynanýar. Yslam jemgyýeti şeýle adamlardan düzülen jemgyýetdir. Musulman jemgyýeti hiç kime zyýan ýetirýän däldir. Ýokarda agzalan hadysyň manysyny tersinden alyp göreliň. Kapyr adam – onuň elinden hem dilinden her kime zyýan ýetýän adamdyr. Adamzat şu gün şular ýaly adamlardan näçe gorksa-da, azdyr. Sebäbi, olaryň hijisine-de ynanyp bolmaýar. Galyberse-de, taryhy hadysalar munuň janly şaýadydyr. Emma, musulmançylyk adamyny ýagşylyklar bilen bezeýäni üçin, musulman adamyň ahlak hem ruhy ýagdaýy beýleki adamlardan tapawutlanýar. Bu şeýle bolmalam. Sebäbi, musulman jemgyýetiniň gapysy islendik görnüşdäki ahlaksyzlyk üçin ýapykdyr. Musulmanlar dinde halanmaýan zatlardan gaça durýarlar. Şonuň üçinem, musulmanlardan emele gelen halk ýa-da millet, garaňky arzuwlaryň guly bolan halklara elbetde, meňzemez. Musulmanlar töwerek-daşlaryna hemişe ylahy howany ýaýýarlar. Hawa, başda şeýle bolmaly. Soňam, bu ahlagy başga ýerlere eltmeli. Ynha, musulmanyň birinji borjy...

Diýmek, şeýle diýse bolar: Başdan her kim şu wezipä eýe çykmalydyr. Ondan soň, jemgyýet möçberinde bu wezipä ähmiýet berilmelidir. Elbetde, nurana adamlaryň bir ýere jemlenmegi bilen ajaýyp jemgyýet emele gelýändir. Şeýle emele geliş bolsa, diňe bir adamlary däl, eýsem giden halklary özüne bendi edýär. Ine, şu umumy hakykaty iň aýdyň görnüşde subut edýän mysallaryň biri-de Nejaşynyň musulman bolşydyr.

Nejaşy Hebeşistanyň (häzirki Efiýopiýa) hökümdarydy. Ol döwletiň baştutany bolup otyrka, musulmanlar ondan hemaýat sorap gelýärler. Ol musulmanlary goldaýar we olara öz ýurdunda ýaşamaga rugsat berýär. Wagtyň geçmegi bilen ol musulmanlaryň özüni alyp barşyndan, hüý-häsiýetinden täsirlenip, olaryň gursagynda ýanyp duran iman bilen hakykat ýoluny tapýar we Allah Resulyna (sallallahu aleýhi wesellem) boýun bolýar. Bu – musulmanlaryň Nejaşyň köşgünde „Emri bil magruf ” (Ýagşylygy ýaýmak) wezipesini ýerine ýetirmek bilen alan netijeleridir. Nejaşa ýüzlenip aýdylmaly sözler musulmanlaryň öz durmuşlaryndan syzylyp çykany üçin, Nejaşy musulman bolýar. Nejaşy diňe bir olaryň gürrüň berýän zatlaryna aňk-taňk bolman, eýsem musulmanlaryň ruhlaryna siňen musulmançylygyň nähili gözel ahlagy emele getirýäninem görüp, haýranlar galypdyr.

Nejaşynyň Pygamberimize (sallallahu aleýhi wesellem) ýazan hatynda başdan-aýak edebiň yzy görünýär. Hatyň: „Allah Resulyna Nejaşydan“ diýip başlanmagy, ýagny, Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) beýikligini ykrar edip, şol günki däbe görä, onuň adynyň başda ýazylmagy we ýazylan hatyň mazmuny, Nejaşynyň ruhunda nähili uly özgerişlikleriň bolanlygyny görkezýär. Her bir sözünde edebiň öwüşgini bar bolany üçin, ol haty okadygyňça okasyň gelýär.

Ol hatynyň bir ýerinde şeýle diýipdir: „Ýa Resulallah! Isleseň häzir baraýyn. Isleseň, şu ýerde galyp, öz halkyma dogry ýoly görkezeýin...“. Ýene bir gün bolsa, ol hasratly ýüregini gürledip: „Käşgä, patyşa bolmagyň ýerine, Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) ýanynda hyzmatkär bolan bolsadym“ diýipdir.

Ine, musulmanlardan birtopar adam Nejaşyny şeýle üýtgedip bilipdirler. Sahabalaryň yslamy durmuşy hem-de olaryň dahanyndan dökülýän dürdäne sözler, Nejaşyny düýbünden başga adama öwrüpdir. Bu wakany gürrüň berýänler şeýle diýýärler: „Mekge musulmanlary sygdyrman başlady. Hiç kim öz janyndan, malyndan, namysyndan arkaýyn bolarly däldi. Ine, şonda Hebeşistana hijret etmäge rugsat berildi. Ol taýa hijret edildi we hebeşistanlylar musulmanlary mähirli garşy aldylar. Hebeşistanda olara eziz myhman ýaly hezzet-hormat etdiler. Ýöne Mekgäniň müşrikleri olary dünýäniň hiç bir ýerine sygdyrmajak bolup urunýardylar. Müşrikler öz aralarynda maslahatlaşyp, Hebeşistana bir delegasiýa ibermeli diýen netijä gelýärler. Delegasiýanyň ýolbaşçysy edip, gelejegiň uly sahabalaryndan, syýasat ylmyndan geni bolan Amr bin As bellenýär. Olar Nejaşyny musulmanlaryň garşysyna küşgürmelidiler. Nejaşy bolsa musulmanlary goldamakdan ýüz öwürmelidi. Şeýlelikde, musulmanlaryň umydyna ýene bir urgy degmelidi.

Hökümdar uzak wagtlap olary diňläp oturdy. Mekge müşrikleri atybilen töhmetlerini atdylar. Olar Nejaşa täsir etjek bolýardylar. Emma, Nejaşy ýagşylygy bilýän adamdy. Ol özüne sygnan adamlary beýle ýalan-ýaşryk gepler zerarly ýurdundan çykaryp bilmezdi. Özüniň şu pikirini Kureýşden gelen delegasiýa aýdypdam. Musulmanlaryň näme diýýänini eşitmän, bu meselede belli-külli karara geljek däldigini ol kureýşlilere duýdurypdy. Ahyry musulmanlar köşge çagyryldy. Olara Jafer bin Ebi Talib (r.a) ýolbaşçylyk edýärdi. Mekgäniň iň atly-abraýly adamlaryndan bolan Jafer Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) kakasynyň agasynyň ogludy. Ol hezreti Alynyň (r.a) uly agasydy. Musulmanlar söz aýdyjy hökmünde ony saýlapdylar. Olar agzybirdiler. Göýä diýersiň, bir göwre ýalydylar.

Hökümdaryň huzuryna girýän adam baş egerdi. Beýtmek, şol döwrüň däbidi. Emma, musulmanlar patyşa baş egmediler. Sebäbi, musulman adamyň Allahdan (sallallahu aleýhi wesellem) özgä sejde etmegi dogry däldir. Olaryň bu bolşuny görüp, müşrik delegasiýasynyň göhi gelipdi. Müşrikler „Häzir Nejaşy baş egmediler diýip gaharlanar-da, olary kowup goýbär“ diýip oýlaýardylar. Emma, Nejaşy ýokarda-da belleýşimiz ýaly, juda paýhasly adamdy.

Nejaşy musulmanlara birnäçe sorag berdi. Jafer jogap berdi: „Biz sowatsyz taýpadyk. Serhoş ediji içgiler içişýärdik, humar oýnaýardyk, zyna edýärdik, adam öldürýärdik. Erbetlikleriň baryna bulaşyp görýärdik. Emma, ýekeje-de ýagşy iş etmezdik. Allah bize pygamber iberdi. Ol bizi her dürli erbetlikden çykardy-da, diňe ýagşy işlere tarap gönükdirdi...“

Jafer ýene-de kän zatlary gürrüň berdi. Nejaşi onuň aýdýanlaryny üns bilen diňleýärdi. Nejaşy ondan hezreti Isa hem-de hezreti Merýem barada näme bilýändiklerini sorady. Jafer (r.a) oňa Merýem süresini okap berdi. Şol aýatda aýdylýanlar Nejaşynyň ýüreginiň taryna kakypdy. Ol agysyny saklap bilmän, horkuldap aglamaga başlady. Ahyry, ol duran ýerinden aşak egildi-de, ýerden inçejik, seredeniňde zordan görüp bolýan kiçiräk bir çöpjagaz aldy-da, taryh sahypasynda ebedi galjak şu sözleri aýtdy: „Allahdan ant içýärin! Siziň pygamberiňize iberilenler bilen hezreti Isa (a.s) iberilenleriň arasynda şu çöp ýaljagam tapawut ýokdur...“

Hawa, tapawut ýokdy. Sebäbi, ähli pygamberlere gelýän wahyýlar şol bir çeşmeden gaýdýardy.

Nejaşy müşrikleri getiren sowgatlary bilen bile yzyna gaýtardy. Ol musulmanlara hemaýat kömegini ýetirjekdigini aýtdy. Sebäbi, musulmanlar bilen gysga wagtlyk duşuşsa-da, olaryň bihal däldigine göz ýetiripdi. Ine, şeýdip, olam musulman bolupdy.

Hawa, gaýtadan başa dolanyp barmaly bolsa, şu mukaddes wezipä her kim özi ýapyşmasa, ajaýyp jemgyýetiň döremegine garaşmak manysyzdyr. Sebäbi, şahs bilen jemgyýetiň arasynda aýrylmaz baglanyşyk bardyr. Jemgyýet adamlardan durýar. Ahlak gymmatlyklary bilen özüni bezän adamlardan durýan jemgyýetem ahlakly jemgyýet bolýar. Bir tarapdan, şahslar öz abraý-mertebelerini nädip saklamaly bolsa, jemgyýetem edil şonuň ýaly, öz abraý-mertebesini goramalydyr. Ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, adamyň eýe bolan ahlagy ezeli bolmaýşy ýaly, edebi hem däldir. Bu ýerde „Keýnunetden” (soň şu ýagdaýa gelmek) söz açylýar. Şol sebäpden, ýetilen ahlak derejesiniň saklanmagy üçin, şol ahlaga ýetirýän şertleriň dowamlylygy hökmanydyr. Bu meselede nebilerdan başga hiç kime güwä geçilmändir. Allatagala ylahy ylmy bilen olaryň gelejekde ýetjek mertebelerini bilipdir we ylahy peşgeşler bilen has öňünden olary sylaglapdyr. Diýmek, nebilerden galan adamlar nähili beýik bolsa bolubersinler, olar gazanan hem-de ýeten mertebelerini her wagt gorap saklamaga mejburdyrlar. Pygamberleriň (sallallahu aleýhi wesellem) mertebesi bolsa Alla tarapyn gorag astyndadyr.

Şu ýerde şeýle netijä gelesimiz gelýär. „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesiniň şahsy hem-de jemgyýeti eltýän mertebesi, ýene-de „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini dowam etmek bilen saklanýandyr. Ýogsam, kem-kemden yza gidişlik başlar we jemgyýet öz-özünden çökmek bilen bolar. Şeýle ýitgä sezewar bolmazlyk üçin, ruhy hörek hiç haçan unudylmaly däldir. Bu bolsa „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini ýerine ýetirmek bilen mümkindir. Başgaça aýdanyňda, şu mukaddes wezipe hem ýaşaýyşdyr, hem-de ýaşaýşy emele getiriji şertdir. Belki-de, şeýle bir emmasy bar bolany üçin, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) käbir adamlardan biýat alanynda ( Pygamberimize (sallallahu aleýhi wesellem) boýun bolmak) ýa-da adamlaryň biýatyny kabul edeninde, olara „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini ýerine ýetirmek şertini goýupdyr. Mysal üçin, Jerir bin Abdullah el Bejeliniň (r.a) biýatyny Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) şu şert bilen kabul edipdir. Ol sahaba bize bu wakany şeýle gürrüň berýär:

„Men Allah Resulyna (sallallahu aleýhi wesellem) biýat etdim. Menden käbir şertleri ýerine ýetirmäge söz bermegimi sorady. Namaz okamaly, zekat bermeli we öňüňden çykana nesihat bermeli.“ Beýle diýmek „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini berjaý etmeli bolarsyň diýmekdir.

Galyberse-de, şu mukaddes wezipe adama beýleki ybadatlaryň haýryndan peýdalanmaga ýardam berýär. Sebäbi, „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini ýerine ýetirýän adam, özüni şu wezipä bagş eden gahryman tutuw başdan şu wezipäni ýerine ýetirmek bilen, haýyr ýoluna urugýar. Şeýdip, ol islendik haýyr işe ýönelmäge ukyply hala gelýär. Ol nebileriň berjaý eden we nebileriň ýaşamaklarynyň manysy bolan şu işi, işleriň iň kynyny ýerine ýetirýär. Elbetde, onuň beýikligem şol derejede bolar.

Kurany Kerimde hezreti Lokmanyň (a.s) öz ogluna beren maslahatlary barada aýdylýar. Şol ýerde-de şu mukaddes wezipä üns çekilýär. „Eý, balam! Namazyňy bolmalysy ýaly dogry oka, „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini berjaý et, saňa erşen belalara-da sabyr et. Elbetde, bular işleriň iň kynydyr“ (Lokman, 31/17).

Şu ýerde-de görşiňiz ýaly, hezreti Lokman öz ogluna başda namaz okamagy, soňam „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini berjaý etmegi ündeýär. Ol öz perzendine şeýle diýjek bolýan ýaly: „Oglum! Namaz okamaýan adamyň jihady-da bolmaz. Beýleki ybadatlaryň kabul bolmagynyň birinji şerti namazdyr. Şonuň üçin, sen ilki bilen Allaha bolan gulluk borjuňy doly berjaý et. Soň bolsa, gursagyňdaky şol güýç bilen daşyňdaky adamlary ýagşylyga çagyr, olary ýamanlykdan daşlaşdyrjak bol! Sen bu işiň başyna baranyňda, elbetde öňüňden her hili päsgelçilikler çykar. Bela-beterleri, kynçylyklary diňe sabyr edip ýeňip bolýanyny unutma!“. Hawa, islendik ideala gulluk edýän adam üçin kynçylyk hem-de päsgelçilikler nätanyş zat däldir. Tersine, gaýtam, olar garaşylýan hadysalardyr. Bu hemişe-de şeýle bolupdyr. Şu mukaddes iş diňe beýik ynsanlara eýgerdýäni üçin, onuň sogabyny-da diňe Allatagala berýändir. Ine, şular ýaly beýik işler olary ahyretde beýikleriň derejesine çykarýar. Beýik ynsanlar şu dünýäde hökman agyr-kyn günleri görmeli bolupdyrlar. Olar şonda-da barça kynçylyga döz gelmegi başarypdyrlar.

Şu wezipäniň ähmiýetini we şol bir wagtyň özünde onuň agramyny Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) bir hadysynda şeýle beýan edýär: „Ymmatymyň iň haýyrlysy, nadanlaryň arasynda jihad edip, bela-betere sezewar bolanlardyr.“ Ýene bir hadysam şu meseläni delile getiriji ähmiýete eýedir. „Adamlaryň jepasyna döz getirip, olaryň arasynda bolan mömin, adamlardan daşlaşyp, olaryň jepalaryna çydam etmeýän adamdan has köp ýeňiş gazanar“

Hawa, ruhy göýdük jemgyýetiň içinde ýaşap „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini berjaý etmek, bir gyra çekilip, özüňi ybadata bermekden has haýyrlydyr. Eger-de şu mukaddes wezipe şahsy ybadatlardan has ýokarda durmaýan bolsady, onda Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) öýünden çykman, hemişe ýürek aýnasyny Allatagaladan gelýän tejellilere öwürmek bilen meşgul bolardy we adamlaryň arasyna goşulmazdam. Eger-de şu wezipe beýleki amallardan, esasan-da uzletden (terkidünýälik) has haýyrly bolmadyk bolsady, onda Pygamberimize (sallallahu aleýhi wesellem): „Eý, pürenjegine bürenen Nebi! Ýeriňden tur we adamlary inzar et (ýamanlykdan daşlaşdyr!)“ (Müddessir, 74/1,2) diýilmezdi. Hawa, din durky bilen nesihatdyr. Din „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesiniň hut özüdir. Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) sahabalaryna şeýle buýrupdyr. Ol (sallallahu aleýhi wesellem): „Din – nesihatdyr“ diýende, sahabanyň biri: „Kimiň üçin nesihatdyr?“ diýip sorapdyr. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) oňa: „Allah üçin, Kitap üçin, Pygamber üçin, musulmanlaryň ymamlary üçin we ähli musulmanlar üçin“ diýip jogap beripdir.

Diýmek, mömin arman-irmän Allatagalany düşündirmeli we onuň iň uly aladasy Allahy düşündirmek bolmalydyr. Ol ýürekden şu işe özüni bermelidir. Beýik Biribary düşündirip bilmese, onuň şol gün işdäsi kesilmeli we ol gijesi bilen çirim etmän çykmalydyr. Şeýdip, ol şol güni ýaşaldy hasap etmeli däldir. Onuň üçin iň uly aladalaryň biri-de Allah Resulyny (sallallahu aleýhi wesellem) düşündirmek bolmalydyr. Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) şu mukaddes göreşiň ýolunda gören jepalaryny gürrüň berip, dine ynanýan adamlaryň Ondan (sallallahu aleýhi wesellem) görelde almagyny ýola goýmalydyr. Musulman Allatagalanyň oňa hat, nama hökmünde iberen Kurany Kerimini adamlara düşündirmelidir. Sebäbi, Kurany Kerimi hak ýoluny görkeziji kitapdyr.

Biziň abraý-mertebämiz, şu mukaddes kitaba nädip eýe çykyşymyza baglydyr. Biz taryha salgylanyp, muny arkaýyn aýdyp bileris. Haçan-da musulmanlar Kurany Kerimi öz gujagyna berk gysanynda we onuň hökümlerini ruhuna siňdirmegi başaranynda, olar hemişe-de çür depä çykypdyrlar. Kuran üns merkezinden gaçanda welin, bar zat weýran bolupdyr.

Ýeri geleninde, ýürek hasratymy beýan edesim gelýär. Hasrat diýdim. Sebäbi, bu zatlar barada oýlanamda, men hakykatdanam, ünjä batýaryn.

Häzirki döwrüň musulman adamsy kitabullahyň diline düşünmeýär. Kuran bir tarapda, olaram beýleki tarapda. Kurana bolan ýakynlyk diňe ýasamalyk bilen çäklenipdir. Käbirleri Kurany Kerimi bilinden aşakda tutup göterýän hem goýýan adamlara: „Kuran hemişe göbekden ýokarda saklanmalydyr“ diýip duýduryş berýärler. Dinde beýle buýruk ýokdur, bu diňe Kurana bolan sylag-hormatyň alamatydyr. Gynansak-da, şeýle adamlaryň durmuşy Kuranyň ahlagy bilen hiç hili gabat gelmän bilýär.

Dünýäde ýaşap ýörkä, Kurany arassa mata orap, soňam ony okajagam bolman, ýokarrak bir ýere galdyrýan adam ahyretde şoňa görä jogapkärçilige çekiler. Kurana eýe çykmaýan, ondaky aýdylýan zatlary berjaý etmegi ömrüniň manysy hasaplamaýan adama, nähili derejä eýe bolsa bolubersin, ahyretde jeza berler.

Netijede, her bir adam şu mukaddes wezipäni özbaşdak ýerine ýetirmek bilen näçe adamyň hak ýoluna girmegine sebäp bolan bolsa, olaryň barysynyň gazanan sogaplaryna barabar sogaby özem gazanýar. Bu şeýle diýmek bolýar: aýdaly siz kimdir birine namaz, oraza, zekat ýa-da irşad ýaly meseleleri düşündirdiňiz. Ol adamyň şu amallary berjaý etmegine sebäp bolduňyz. Şundan soň, ol adam haýyr iş bilen nähili sogap gazansa, size-de şol sogap ýazylýar. Sebäbi, „Bir haýra ýol görkezmek – ony ýerine ýetiren ýalydyr“ diýen söz Pygamberimiziňkidir (sallallahu aleýhi wesellem).

Galyberse-de, siziň irşadyňyz bilen ýola giren kişiniň beýleki adamlara hak ýoluny görkezmek bilen gazanan sogaby size-de ýazylýar. Ine, şu ýolda edilen ýönekeýje amal adama şeýle ummasyz sogaplary gazandyryp bilýär. Bu-da „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesiniň nähili ähmiýetlidigini görkezýär. Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) hadyslarynyň birinde: „Kim gowy çygyr açsa, açan çygrynyň bir esse sogaby bolşy ýaly onuňkydyr“ diýmek bilen, şu hakykata ýene bir tarapdan seredýär. Hawa, hadysda aýdylyşy ýaly, ol adamyň açan çygryndan ýol alyp gidenler kim bolsa bolaýsyn, ha ýakyn garyndaşlary, ha-da oňa nätanyş adamlar – üýtgeýän zat ýok.

Sebäbi, gowy çygyr açylsa – dini tarapdan seredeniňde jemgyýetçilik durmuşymyzyň jansyz bir bölegine jan girse, biz dünýeden gitsegem, amal depderimiz hemişe açyk galýar. Aslynda, beýleki haýyr işlerini-de şeýdip deňeşdirip bileris...

Ýene bir zady ýatdan çykarmaly däl. Bir gün ählimiz agaç ata mündürlip, garaňky çukura barmalydyrys. Üstümize gum sürüp, baş ujumyza-da daş dikerler. Dostuň, doganyň, jigiň, söwer ýaryň, eneň-ataň, kimiň bar bolsa, olaryň bary seni şol ýerde taşlap gaýdarlar. Emma, seniň açan gowy çygryňdan gelýän sogaplar çabga bolup üstüňden guýlar. Şeýdip, seniň mazaryň nura gark bolar we o dünýäň ýap-ýagty bolar. Şeýle ýagdaýda, seniň teniň ölenem bolsa, dünýäde sepen tohumlaryň babatda sen dirisiň we bu babatda kyýamata çenli ýaşarsyň. Oýlanyp görüň! Hezreti Muhammediň (sallallahu aleýhi wesellem) ebedi äleme göçeli bäri on dört asyrdan gowrak wagt geçipdir. Muňa garamazdan, ýer ýüzünde onuň ýaly diri, Onuň ýaly her gün sogap depderiniň sahypalarynyň bary başdan-aýak açylyp, asla ýapylmaýan başga adam barmy? Pygamberimizden (sallallahu aleýhi wesellem) soňam, mertebesine görä, jemgyýetçilik binýadyna altyn kerpiçler goýup gidenler bolupdyr. Şu mukaddes işiň häzire deňiç millionlarça hyrydary bolupdyr we olaryň bary nämä sebäp bolan bolsalar, şonuň sogabyny alypdyrlar. Allatagalanyň rehmeti, ine, şular ýaly çäksizdir. Adama diňe şol rehmete barýan ýoldan ýöräýmek galýar.

Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) bir hadysynda: „Her kimiň amal depderi ajal bilen ýapylar, möhürlener. Emma, murabytynyň (ýürekden Allaha baglananyň) amal depderine kyýamata çenli sogaplar ýazylyp durar“ diýýär.

Hawa, „murabyt“ – özüni hak ýoluna bagş eden, öz idealyndan başga hiç zat hakda oýlanmaýan adamdyr. Watanyna howpuň girip biljek ähli gapylaryny ýapmak – ol adamyň ömrüniň manysydyr. Şunuň bilen birlikde, ol özündäki gory hem-de bereketi adamlara geçirmegi iň uly borç hasaplaýar. Ynha, şeýle adamyň amal depderi hiç haçan ýapylmaz. Onuň amal depderi sogap taýdan gün-günden ulalar, giňär. Onsoňam, Yslam taryhynda nijeme adamlar bolupdyr, olar müňlerçe tohum sepibem, ýekeje-de nahal görüp bilmän, dünýeden ötüpdirler. Emma, şeýle adamlaram bolupdyr, olaryň sepen tohumy elli ýyl soň gögeripdir we bar ýer ala-ýazlyga öwrülipdir. Ine, bularyň barysynyň sogaby, ol adamlaryň gabyrlaryny nuruň öýjügine öwürýändir. Hawa, Allatagala olaryň amallaryny bereketlendiripdir, olary gabryň pitnesinden gorap saklapdyr we olaryň mazaryna nur ýagdyrypdyr. Diýmek, ol adamlar diňe maddy, beden taýdan ölüpdirler. Olar sogap babatda henizem ýaşap ýörler. Hatda, ol adamlar şeýle mertebä ýetip bilmedik käbir diri gezip ýören adamlardan has diridirler.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2022 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr