Takdyr bilen erk bir-birine gapma-garşy däldir

Takdyr bilen erk bir-birine gapma-garşy däldir

Aslyna seredeniňde, adamyň erki bilen Takdyryň arasynda hiç hili gapma-garşylyk ýokdur. Adamyň erki bilen Takdyr hemişe egin-egne ýanaşyp durandyrlar. Ynsan sogap iş edip jennete, günä iş edibem dowzaha girýär. Ine, şu wakanyň Takdyryň dili bilen Allah tarapyn tassyklanmagy, bir tarapdan Takdyryň ynsanyň erkini elinden almaýandygyny görkezýär. Diýmek, adamda ony haýra, sogaba hem-de jennete iterýän, ýa bolmasa tersine, ony erbetlige, günä işe hem-de dowzaha eltýän nähilidir bir güýç bardyr. Şol güýjem ynsanyň Takdyrynyň esasyny emele getirýär. Ine, bu güýç – erkdir. Şonuň üçinem, ynsanda erkiň bolmagy, Allahyň ýazýan Takdyryna päsgel berip bilmez.

Biziň her bir hereketimiz üçin şeýle pikir etse bolar. Mysal üçin, elimizi ýokaryk galdyrjak bolanymyzda, hiç hili fiziki näsazlyk ýok bolsa, arkaýyn elimizi galdyryp bilýäris. Gürläsimiz gelse, arkaýyn gürläp bilýäris. Şu hereketleri ýerine ýetirmäge güýjümiziň ýetmegi, bizde erkiň barlygyny görkezýär. Siz muňa isleseňiz erk diýiň, isleseňiz jüzi-erk diýiň. Ony nähili atlandyrsaňyzam, netije üýtgemeýär. Ynsanda erk diýilýän güýjüň barlygy ikuçsyzdyr.

Takdyryň manysyny düşündirjek bolaýyn. Göýä diýersiň, Allatagala ynsana şeýle diýýän ýaly: „Men seniň öz erkiň bilen haýsy wagtda, nähili ugra ýörejegiňi bilýärin. Şonuň üçinem, seniň kysmatyňa şeýle diýip ýazdym“. Ine, bu Takdyrda ynsan erkiniň hasaba alynýandygyny görkezýär.

Hawa, barlygy ýaradan Allahdyr. Ýöne ynsan erkiniň ara goşulýan ýerinde, Allatagala ynsanyň öz erkini nirede ulanjagyny bilensoň, şoňa görä-de onuň Takdyryny ýazýar. Diýmek, Takdyr ynsan erkini aradan aýyrman, gaýtam ony goldaýar. Başgaça aýdanyňda, Takdyr ynsanyň erkinem öz içine alýar. Bu bolsa, Allatagalanyň ynsan erkine ähmiýet berýändiginiň alamatydyr.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr