Takdyr ylymyň bir görnüşidir

Takdyr ylymyň bir görnüşidir

Takdyr – Allatagalanyň ylmynda närseler üçin ýazylan meýilnamadyr. Bir zady bilmek – şol zady döretmek diýmek däldir. Mysal üçin, siz müňlerçe binanyň taslamasyny ýadyňyzda saklasaňyz, ýüzlerçe farbrigiň önümçiligini ýokarlandyrmagyň üstünde işleseňiz, bularyň hijisem siziň ýadyňyzda durany sebäpli döräbermez. Olaryň döremegi üçin erk hem gudrat gerekdir. Ýogsam, hyýalyňyzda çyzgysyny çyzan binaňyzy ýa-da fabrigiňizi diňe siz bilersiňiz. Siz hyýalyňyzda şolaryň içinde aýlanarsyňyz. Emma, sähel ünsüňiz sowlanda, olaryň bary zym uçan ýaly bolar. Hatda hyýalyňyz başga ýana gideni üçin, siz şol zatlaryň pikirinem etmedik ýaly bolarsyňyz.

Ýene bir gezek ýatladasym gelýär. Takdyr – ylmyň bir görnüşidir. Ylym bolsa hemişe anyk maglumatlardan durýandyr. Şonuň üçinem, biziň näme etjegimizi, erkimizi nirede ulanjagymyzy Allatagala bilýär we şoňa görä-de biziň ýazgydymyzy ýazýar. Beýik Biribaryň ylmy çäksizdir, onuň ylmy ähli zady gurşap alandyr.

Otlyny göz öňüne getirip görüň. Otlynyň iki stansiýanyň arasynda geçmeli ýoly bellidir. Otly hereket etmänkä, onuň haýsy sagatda nirä barjagy öňünden hasaplanýar. Ine, şu bilinýän maglumata görä otlynyň hereket ediş rejesi düzülýär. Bu mysaly biziň meselämiz bilen deňeşdirenimizde, muňa „Takdyr“ diýip bolar. Elbetde, elimizdäki maglumat otlyny herekete getiren mejbury güýç däldir. Ýagny, otly özüniň hereket ediş rejesi sebäpli, aýdylan wagtda aýdylan ýere baranok. Belki-de, otly şol wagtlarda şol ýerden geçýäni üçin, şeýle reje düzülendir. Başgaça aýdanyňda, otlynyň Takdyrynda bu şeýdip ýazylypdyr. Sebäbi, ylym anyk maglumatlardan durýar. Gelejekde nähili boljagy bilinýär we şoňa görä-de ýazgyt ýazylýar.

Allatagalanyň ylmy bolan hem boljak ähli zady görýändir. Onuň ylmynda, sebäp bilen netije, başlangyç bilen ahyrky nokatlar – bary biledir we olaryň ählisi ýekeje nokada sygdyrlandyr. Şonuň üçinem, Allahyň ylmynda baş-soň diýen zat ýokdur. Ýagny, Allatagalanyň ylmy her bir zady, ähli taraplary bilen gurşap alandyr. Beýik Biribar, ine özüniň şeýle beýik ylmy bilen ynsanyň ýazgydyny ýazýar. Diýmek, bu ýazgytda ynsanyň öz erki bilen etjek işlerem ýazylandyr.

Adamyň edýän her bir işi öňden bäri Lewhi-mahfuza ýazylan zatlardyr. Soňy bilen ynsanyň boýnuna dakylan Takdyry, ana, şol Lewhi-mahfuzdan göçürlip alnypdyr.

„Her ynsanyň amalyny boýnuna saradyk“ (Isra, 17/13) aýaty hem bize şu hakykaty ýatladýar.

Hawa, ynsanyň etjek her bir zady öňünden ýazylypdyr. Ynsan diňe özi barada ýazylany ýerine ýetirýär. Ýöne, ynsanyň etjek işi öňünden bilneni üçin, oňa Takdyr ýazylypdyr. Maňlaýyna ýazylanlar ynsany mejbur ediji güýç däldir. Adamyň boýnundan asylan Takdyr depderi, adamyň eden işlerini ýazýan perişdeler tarapyndan ýazylan depderiň ýanyna goýlanda, her kim öz Takdyryna ýazylanlary ýeke-ýekeden berjaý edenindigine göz ýetirer. Soňam, Allatagala şol depderi ynsana okadar we şol depdere görä ynsandan hasap soralar.

Ýeri geleninde, ýene-de bir zady belläp geçesim gelýär. Ruh meselesi bilen içgin gyzyklanýan adamlar ruhuň adamyň ekiztaýydygyny aýdýarlar. Ruh abstrakt bedene eýedir. Şol bir wagtyň özünde, ruh bilen içgin gyzyklanýan adamlar ruhuň çuňluklarynda ynsanyň ykbalynyň ýazylandygyna-da ünsi çekýärler. Şol sebäpden, olar ruhuň ýerine ýetirýän käbir funksiýasyna düşünilende, adamyň başyndan geçiren zatlaryny belli bir derejede anyklap biljekdiklerini aýdýarlar. Onsoňam, maddy närseleriň aňladýan manylaryny öwrenýänler eliň içindäki çyzgylardan, Takdyryň tende şöhlelenşi hökmünde adamyň başyna geljek zatlaryň käbirini aýdyp bilýärler. Hatda öňdengörüji, dury pikirli beýik şahsyýetler adamyň ýüzüne seredip, onuň maňlaýyna ýazylanlaryň käbirini okabam bilýärler. Bular gaýyby bilmek diýmek däldir. Sebäbi, olaryň pikiriçe, Takdyryň syrlary yşaratlar arkaly ynsanyň teninde şekillendirilipdir. Hakyna seredeniňde, gaýyp diňe ýokarda agzalan ynsan bedenindäki yşaratlar bilen çäklenmeýär. Şol yşaratlara düşünmeýän adam üçin aýdylanlaryň gaýypdan habar bolup eşidilmegi mümkin. Bu aýdylanlar „Gaýyby Allahdan başga hiç kim bilmez“ diýilýänine ters gelýän däldir.

Sagadat asyrynda-da Allahyň ynsan bedenine ýerleşdiren yşaratlaryna, alamatlaryna seredip, Takdyry okaýanlar bolupdyr. Şol wagtlar, muny edýäne „Kaif“ diýer ekenler.

Pygamber Serwerimiz (s.a.w) bu ylma garşy däl eken. Bir gezek Onuň (s.a.w) özi Usame bin Zeýd (r.a) bilen Zeýd bin Harisäni (r.a) kaife görkezipdir. Zeýd Pygamberimiz (s.a.w) tarapyndan azatlyga çykan guldy. Usame bolsa Zeýdiň ogludy. Emma, Usama kakasyna garanyňda akýagyzdy. Şonuň üçinem, halkyň arasynda her hili gybatlar ýaýraýardy. Pygamberimiz (s.a.w) bir gün olaryň ikisem ýatyrka üstlerini örtdi. Olaryň diňe aýaklary açykdy. Getirlen kaifem ýatanlaryň kimligini bilenokdy. Kaif olaryň aýaklaryna seredip: „Bu aýaklar bir-biri bilen baglanşykly“ diýdi. Allah Resuly (s.a.w) begenip, hezreti Aýşanyň (r.anha) ýanyna barypdyr-da, bu habary eşitdiripdir. „Usame Zeýtdendir, ýa, Aýşa!“ diýipdir. Pygamber Serwerimiz (s.a.w) bu ýerde kaif getirmek bilen, halkda adygan hem-de jemgyýetçilik durmuşynda aýratyn orun eýeleýän şu hünäri halkyň garaýşyna kybap bir delil hökmünde ulanypdyr. Kaifiň aýdanlary bilen Onuň (s.a.w) özüniň bilýänleriniň arasynda hiç hili tapawut ýokdy. Şonuň üçin, Ol (s.a.w) kaifiň aýdanlaryny halka ýetirmek isleýärdi.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2022 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr