Erkiň hyzmaty

Erkiň hyzmaty

Biz ynsanyň erkine barlyk nazary bilen garamzok. Ehli-sünnet wel-jemagat diýilýän hem-de musulmanlaryň ygtykady meseleleriniň agramly böleginiň başyny çekýän düşünjä görä, bu şeýledir.

Bizi emele getirýän beden agzalarymyzy ýeke-ýekeden sanap, olaryň barlygyny kabul edýäris we olaryň Allah tarapyn ýaradylandygyny boýun alýarys. Mysal üçin, meniň kelläm bardyr. Şonuň üçinem, oňa barlyk nazary bilen seredilýär. Kellämiz Allah tarapyn ýaradylypdyr. Burnum bar, onam Allah ýaradypdyr. Aýaklarym, ellerim, gözlerim bar we bularyň baryny Allah ýaradypdyr. Ýöne erk barada beýle diýip bolmaz. Hawa, biziň erkimiz bardyr. Erkiň daş keşbi bolmany üçin, ol ýaradylan däldir. Şonuň üçinem, biz erke barlyk nazar bilen garap bilemzok. Bar bolmadyk zatlar – ýaradylmadyk zatlardyr. Ýöne şolary diňe Allah bilýändir. Başgaça aýdanyňda, bar bolmadyk zatlaram ylmy keşbe eýedirler. Ýöne, olar gudrata ýugrulan däldirler. Eger tersine bolan bolsady, ýagny, erkimizem beýleki beden agzalarymyz ýaly, daşky keşbe eýe bolsady, ana, diňe şonda jebrilik (mejburylyk) ara goşulardy.

Biz Allah tarapyn mejbury ýaradylypdyrys. Beýik Biribar bizi bizden soraman ýaradypdyr. Allatagala erkimizem edil şeýdip ýaradan bolsady, onda biz öz etmişlerimiziň hiç birine jogap bermeli bolmazdyk.

Elbetde, şeýle bolanda, hiç kim ýagşylyk etdim diýip sogaba garaşybam bilmezdi. Sebäbi, her bir iş erbedem bolsa, gowam bolsa, zoraýakdan edildigi bolardy. Hakykatda welin, beýle däldir. Ynsanyň erki gönüden-göni bar edilip ýaradylmandyr. Belki-de, erke hyýaly keşp berlendir. Geometriýada çyzylýan hyýaly çyzyklar mysaly, erkiň hem hyýaly keşpleri bardyr. Ine, şular ýaly barlygy, şular ýaly keşbi hiç zat bilen ölçäp bolmaz.

Ynsan erkiniň hiç hili agramy ýokdur. Ine, erk şular ýaly hyýaly barlyga eýedir. Hernäme bolsa-da, Allatagalanyň ýaratmagy ynsanyň erkine baglydyr. Adam öz borjuny berjaý etmeli, ýagny, özüniň isleýän zadyna ymtylmaly. Şonda, Allatagala-da oňa isleýän zadyny berýär. Diýmek, Allatagalanyň ýaradyşy barlygyny göz bilen görüp bolmaýan, ynsany özüniň maksadyna ymtyldyrýan – erke bagly bolup durýar. Ine, erk şu ýerde uly ähmiýete eýe bolýar.

Geliň, muny hasam ýönekeý mysal bilen düşündireliň! Elimizdäki taslamanyň binanyň salynmagyna hiç hili täsiri ýokdur. Siz şol taslamany her gün ýanyňyzda göteriň, gözüňizi aýyrman oňa seredip duruň, näme etseňizem, binanyň boýy ýeke santimetrem galmaz. Ine, bu jähtden seredeniňde, arhitektoryň çyzan taslamasynyň hiç hili ähmiýeti ýokdur. Ýöne siz haçanda binany salmaga girişseňiz, ana, şonda bu taslama aýratyn gymmata eýe bolýar. Sebäbi, taslamasyz binany salyp bolmaýar. Ynsanyň erkem şol taslama çalym edýär. Edil şol taslama ýaly, ynsanyň erkem hyýaly çyzgylardan ybaratdyr. „Şahsy erk“ diýip atlandyrylýan şol taslamanyň göterýän manysyny durmuşa geçirjek gudrat bolsa – Allatagalanyň ýaratmagydyr. Emma, üns berýän bolsaňyz, Allahyň ýaradyşy şu taslama esasynda amala aşýar. Onsoňam, erkiň şular ýaly hyzmaty bar bolany üçin, ynsan öz eden işine jogap bermeli bolýar.

Allatagala erkimize seredip biziň isleýän işimizi ýaradýandyr. Şonuň üçinem, biz käbir zatlaryň ýaradylmagyna sebäp bolýarys. Eger-de biz ýagşy işleriň ýaradylmagyna sebäp bolsak, onda bize serpaý ýapýarlar. Ýok, eger-de ýamanlyga sebäp bolsak, onda bizi jezalandyrýarlar. Görşüňiz ýaly, örän möhüm hem-de uly netijeler diňe şol hyýaly çyzygyň, hyýaly nazarýet bolan – erkiň daşynda aýlanyp durandyr. Diýmek, ynsan hiç bir zada mejbur edilenok. Ýaradýan Allahdyr. Emma, Allah ynsanyň her bir işini onuň erkine baglylykda ýaradýar. Ynsan şu ýerde dogry pikir etmegi başarmaly. Ol Takdyr bilen erkiň arasyndaky deňagramlylygy saklap bilmelidir. Takdyr mowzugynyň düşünmesi kyn meseleleriniň biriniň gyrasyndan girdik. Şonuň üçin, bu mowzugy birnäçe mysallar bilen düşündirmäge çalşaýyn:

Siz elektrik togy bilen işleýän ullakan mehanizmiň düwmesine basýarsyňyz. Bu mehanizmi ýasanam siz däl, başga biri. Kimdir biri şeýle bir sistema düzüpdir welin, siz düwmä basanyňyzda, diýeli tutuş dünýä ýagtylýarmyş. Siziň düwmäni basmak ýaly, ujypsyzja eden işiňiz sebäpli dörän ullakan netijäniň arasynda laýyk gatnaşyk ýokdur. Bu ýerde sebäp bilen netijäniň arasynda ullakan tapawut bardyr. Bir tarapdan seretseň, bu pygamberleriň mugjyzalaryna meňzeýär...

Beýleki tarapdan, bu aýdylanlary biziň fiziki dünýämiz bilenem deňeşdirip bilersiňiz. Ine, bir lukmaň hekaýaty! Diýeli, siz: „Nahar iýdik“ diýýärsiňiz. Menem: „Ýok, nahar iýemzok. Allah bize nahar iýdirdi“ diýýärin. Belki-de, siz Allaha bolan hormatyny görkezjek bolup şeýle diýendir öýdýärsiňiz edýänsiňiz. Emma, siz bu meseläni has içgin öwrenseňiz, meniň aýdanlarymyň dogrulygyna düşünersiňiz. Nädip içgin öwrenip bolar diýýäňizmi? Ine, serediň:

Bir döwüm çöregi agzyňyza salýaňyz. Şol çöregi bize kim berdi? Çörek çörek bolýança, haýsy etaplardan geçipdir? Günüň şöhlesi oňa nädip iýmit bolupdyr? Toprak ony nädip idedip ýetişdiripdir? Siz şony kimiň suwy bilen suwardyňyz? Siz şoňa kimiň howasyny berdiňiz?

Soňam, agzyňyza salan şol çöregiňiz başga bir mehanizme girýär. Lukma bogazymyzdan aşak geçeninden soň, bolup geçýän hadysalardan ne habarymyz bolýar, ne-de biz şony saklap bilýäris. Öz erkimiz bilen nahary siňdirjek bolsadyk, onda kä wagt dilimizi dişlärdik, käwagtam aşgazanymyzy işletmegi ýatdan çykarardyk. Käwagt bolsa aşgazanymyzy işletmekden ýadap, içegelerimize üwelmedik zatlaram ibererdik. Muňa garamazdan, lukma agzymyza giren badyna, ýa bolmasa, çöregi gören badymyza agzymyz suwjarmaga başlaýar. Agzymyza salýan lukmamyzyň görnüşine görä, birnäçe kislotalar bölünip çykarylýar. Bölünip çykarlan turşynyň mukdary agzymyzdaky lukmanyň ululygyna görä üýtgeýär. Lukmaň mukdaryna hem-de görnüşine garamazdan, şol bir mukdarda turşy bölünip çykarylsady, onda adam ýaşap bilmezdi. Diýmek, turşy bölüp çykaryjy mäzler agzymyza salan lukmamyzyň eredilmeginiň kynlygyna ýa-da aňsatlygyna baglylykda özüniň işeýşini üýtgedýär.

Aşgazanyň işi hasam çylşyrymlydyr. Aşgazanam öz etmeli işini birkemsiz ýerine ýetirýär. Soň, onkibarmak içegeleri bilen bagyr öz wezipelerini ýerine ýetirýärler. Bagryň üç ýüze golaý funksiýasy bardyr. Emma, bökdençsiz işleýän içimizdäki şeýle fabrikden hijimiziňem habarymyz ýok. Bu fabrigiň üýtgeşik goham ýok. Soň, içegeler işe girişýär. Kapillýarlar arkaly iýmiti sormak hem-de damarlara geçirmek içegeleriň wezipesidir. Zyýanly maddalar bilen peşew ýollarynyň dykylmazlygy üçin, böwrekde süzülme prosesi bolup geçýär. Böwrek öz funksiýasyny ýerine ýetirýän wagty, özüniň gol astyndaky işgärleriniň ýarysyny işledýär, beýleki bölegini bolsa ätiýaçda saklaýar. Soň bolsa, uly-kiçi täretleriň çykmagyny ýeňilleşdirjek işleri ýola goýulýar. Iýmiti agzymyza salanamyzdan soň, garnymyzda bolup geçjek proseslerden habarly bolsagam, biz şol işleriň hiç birini öz erkimiz bilen edemzok. Olaryň baryny Allatagala ýaradýar. Geliň, meselä ýene-de gaýdyp geleliň. „Nahar iýdim“ diýseň dogry bolýarmy ýa-da „Allah iýdirdi“ diýsek? Ýöne, biz göçme manyny aňladýan: „Nahar iýdik“ diýen sözleri kän ulanýarys. Eger-de sözleri doly manysynda ulanmaly bolsa „Allah iýdirdi“ diýmelidiris.

Ine, meselä şu jähtden seredenimizde, erkimiz bilen edýän işlerimizde-de şol bir ýagdaýyň gaýtalanýanyny görýäris. Şonuň üçin, bu mysallary mugjyza meňzedýärin. Şu meňzetmelerdäki umumy meňzeşlik – mysallaryň ikisinde-de sebäp bilen netijäniň arasynda laýyk gatnaşygyň saklanmaýşydyr. Bu şuňa meňzeýär: ägirt uly köşgi göz öňüne getiriň, şol köşgüň ýanynda-da bir garynja duran bolsun. Biri: „Bu köşgi şu garynja saldy“ diýse, ine, şu aýdylan söz sebäp bilen netijäniň gatnaşygy kadasyna görä ynandyryjy däldir. Pygamberleriň görkezen mugjyzalaram şeýledir. Şonuň üçinem, mugjyzalar pygamberleriň pygamberligine delildir. Beýle geň-taň zatlaryň bir adamyň elinden gelmegi mümkin däldir. Şonuň üçinem, biz „Mugjyzalar pygamberlere Allah tarapyn iberlendir“ diýýäris. Aslynda-da şeýledir. Ine, şeýle aýratynlyklar sebäpli, biziň hyýaly çyzgylardan ybarat bolan erkimize bagly işlerde-de ýagdaý üýtgemeýär.

Mysal üçin, Pygamber Serwerimiz (s.a.w) eli bilen yşarat edýär we Aý ikä bölünýär. Ýene bir ýerde Onuň (s.a.w) barmaklary suw akýan on sany çeşmä öwrülýär. Bolup geçen şu netijeleri, daşyndan göräýmäge sebäp ýaly bolup görünýän materiýa bilen baglanyşydyrmak asla mümkin däldir. Edil şonuň ýalam, erkimiz bilen edýän her bir işimize „özümiz edýäris“ diýmegem ýalňyşdyr. Her bir zady ýaradan Allahdyr. Kurany Kerim „Sizem, işleriňizem Allah ýaratdy“ (Saffat, 37/96) diýip, bize şu hakykaty ýatladýar. Bu meseläni kabul etmek din tarapdan zerurlykdyr

Pygamber Serwerimiz (s.a.w) şu zerurlyga yşarat edipdir we Hak ýolundan çykarjyjy pikirlere gulluk edýänleri bu ymmatyň „Mejusileri (Otparazlary)“ diýip atlandyrypdyr. Iki Jahan Serweri (s.a.w) „Her ymmatyň mejusileri bardyr. Bu ymmatyň mejusileri bolsa „Takdyr ýokdur“ diýýänlerdir“ diýipdir. Sebäbi, olar haýryň hem şeriň Allahdan gelýänine ynanmaýarlar we adama öz edýän işiniň ýaradyjysy hökmünde garaýarlar. Takdyry iňkär edýänlere „Kaderiýe“ diýilýär. Häzirki günde, „Kaderiýe“ diýip Mutezile mezhebine aýdylýar. Olar häli-häzirlerem özleriniň dowamatyny saklap gelýärler.

„Jebriýe“ mezhebiniň agzalary bolsa „Adamyň edýän işlerinde özüne degişli hiç hili funksiýa ýokdur“ diýen düşünjä gulluk edýärler. Emma, ýokarda-da belleýşimiz ýaly, bu düşünje-de ýalňyşdyr. Ähli-sünnet mezhebi bolsa, iki mezhebiňem hakykatlaryny alyp, orta ýoly saýlapdyr. Bu ýol öte geçmekden hem-de bärden gaýtmakdan saplanandyr. Edýän işimizi ýaradýan Allahdyr. Emma, isleýän, talap edýän bizdiris. Diýmek, bizem jogap bermelidiris. Ine, ähli-sünnetiň garaýşy budur.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr