Ynsanyň erki we Allahyň islegi

Ynsanyň erki we Allahyň islegi

Ynsan hernäçe erkin bolsa-da, buýruk hem-de erk Allahyňkydyr. Allahdan bidin çöp başy gymyldamaz. Allah islemese, hiç bir närse döräp bilmez. Ol islemedik bolsady, şu gün ne zaman bar bolardy, ne-de zemin. Ol ýaradan zatlarynyň barlygyny yzygiderli dowam etdirmedik bolsady, ähli zat ýer bilen ýegsan bolardy.

Ýoklugyň gujagyna barlyk dürlerini seçen Allahdyr, ýoklugyň gat-gat garaňkylygynda gök gapylaryny açan Allahdyr, älem-jahany okalsyn hem-de syn edilsin diýip kitap, sergi mysaly düzgüne salyp, soňam olara ýagtylyk eçilen Allahdyr.

Çeşmeler, çaýlar Allahyň buýrugy bilen çasly akýandyrlar. Daşlar, gaýalar Allahyň buýrugy bilen bölek-bölek, kül-uşak bolýandyr we tohumlara gujak açýandyrlar... Dereler, jülgeler Allahyň buýrugy bilen begres bürenip, ýerdäkilere hem gökdäkilere ýylgyryp seredýändir.

Ýer ýüzi her ýyl Allahdan gelýän mymyk şemal bilen başdan-aýak jennete öwrülýär... Bag-bakçalar birnäçe gezek hasyla durýarlar... Guşlar, guşjagazlar jürküldeşýär, janly-jansyz her bir zat ynsan ýüregini heýjana salyp, Allahy zikr edýärler.

Uç-gyraksyz älemde hiç kim Allahyň mülküne şärik bolup bilmez. Ýer ýüzi, çeşmeler, çaýlar we ägirt deňizler Onuň rehmetinden bir damjadyr. Janly-jansyz barlyklaryň bary Allahyň hazynasynyň diňe bir zerresidir. Onuň nygmatlaryny sanamaga san ýetmez we diňe Oňa şükür edilýändir. Görýän ähli zadymyzy Allah bize yhsan edipdir. Edil şonuň ýaly, adam oglunyň eli bilen döreden haýyrlaram, gowulyklaram Allahyňkydyr. Imanly ýüreklere ynanç guýýanam Allahdyr. Beýik danalara ahlagy, hikmeti öwredýänem Allahdyr. Ýagtylyga barýan ýollary görkezenem Allahdyr. Allaha arka tutunman çekilýän zähmetleriň bary hebesdir. Allahyň gorag astynda bolmadyk hasylam wagtlaýyn salgymdyr.

Allahyň razylygy üçin iman hyzmatyny berjaý etmek – ybadat etmek bilen deňdir. Ine, şeýle bereketli ybadat Allahyň goldawy bilen ulalýar, ösýär we şu hyzmata berlenleriň iki dünýäsinem abat eýleýär. Ýogsam, biderek hyýallaryň yzyna düşüp bir ýere barybam bolmaz, syratdan geçibem. „Men etdim, men ýasadym, men ýol salgy berdim“ diýip uly gürlemek – şeýtanyň hyňranmasyr.

Kiçi zada uly işler etdirip, Faraonyň (Pyrgunyň) köşgüni garynja weýran eýleden Allahdyr. Älemiň her künjeginde Allahyň mülküniň baýdagy pasyrdaýandyr. Şol baýdagyň saýasyna sygynmaýanlar uly zyýana galarlar. Ýer-gök Allahyň hökümine boýun egýändir. Elimiz-aýagymyz, ýüregimiz, gözümiz-gulagymyz, dilimiz-dodagymyz, Allahyň çäksiz mülkünde kinniwanja bir et bölejigidir. Bularyň bary Allahyňkydyr. Edil şonuň ýaly, şol zatlardan alynýan hasyllaram, peýdalaram Allahyňkydyr. Allatagala bize şeýle duýgy organlaryny bermedik bolsady, onda biz nädip „agzymyz-burnumyz, gözümiz-gulagymyz“ diýip bilerdik?! Zähmet çekenimiz bilen, Allatagala biziň üçin hasyl ýaratmasady,onda biz özümiziňki diýip ýören şol zatlarymyzyň näçesine eýe bolup bilerdik?! Dünýä Allahyň buýrugy bilen öz okunyň daşynda aýlanyp durandyr. Ýer ýüzi Allahyň jomartlygy bilen dolup-daşyp durandyr.

Şol sebäpdenem, barlygyň ýaradylmagynda Allaha şärik goşmak – geçirip bolmajak, erbet naýynsaplykdyr. Nygmatlaryň hem yhsanlaryň aňyrsynda Allahyň rehmet elini görmezlik – şirkdir.

Eý, Rehmeti Soňsuz! Şeýtanam seniň rehmetiňden umydygär boljakmyş. Şeýle çäksiz rehmetiň hormatyna: „Men, men...“ diýýän gadyrbilmezleriň hem-de edepsizleriň gözlerindäki perdäni aýyr! Olaryň ýüregini ýumşat! Seniň döreden eserleriňe haýrangalyjylyk bilen seredýänlere jilwäňi görkez. Manysyz ýaşap ýörenleriň ýüreklerine imanyň nuruny sal!

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2022 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr