Beýniniň we teniň serkerdesi ruhdur

Ynsanda her biri bir döwlet edaralary ýaly işleýän 60 trilýon öýjük bardyr. Olaryň ählisine höküm edýän we hemmesini dolandyrýan serkerde – ruhdur.

1. Bedende häkimem, onuň ýesirem ruhdur:

Ruh içine giren jisimde dirilik alamatlary görüner. Ruh çykyp gidende-de merkezden dolandyrmak bozular, ten hereketini togtadar we islenmäge başlar. Tendäki öýjükler dargar we çüýrär. Diýmek, ruh bir jöwherdir. Beýni, beýleki organlar, duýgular we tutuş bedeniň hereketleri şol jöwheriň işidir. Ruh ynsanyň bedenindäki ähli ýerine, beýniniň bar merkezine, aýry-aýry bölümlerine, hemme organlara häkimlik edip, olara dirilik berer. Akyl, kalp, zehin we duýgulary herekete geçirer. Oňa baglanmalaryň birinde kemçilik dörese, şol organ işlemesini goýar. Mysal üçin, nerw sistemasynyň ruh bilen baglanşygy bozulsa, ysmaz ýaly keseller dörär. Ruh merkezine tarap barýan baglara jynlar we ş.m.-ler aralaşsa dälliremek ýaly gysga möhletli keselerem ýüze çykyp biler. Rabbyndan gelen bela we betbagtçylyklaryň, keselleriň we fiziologiki bozulmalaryň öňünde bedene hökmüni ýöredýän ruh çäresiz, tussag hala düşer. Aslynda ol özüni bar eden Gudrat-y Çäksize daýanmadyk wagty eli-goly bagly bir ýesirdir.

2. Beýni nerw öýjükleriniň täsiri bilen işleýär:

Beýniniň işlemegi nerw öýjüklerindäki biohimiki reaksiýalara baglydyr. Bu reeaksialar barada bar bilýänimiz olaryň elektrohimiki häsiýete eýedigidir. Biziň bilişimize görä, elektrik akymlar bilen dürli hüjrelere eltilýär. Munuň netijesinde bölünmek ýa-da birleşmek bolup geçýär. Kä molekulalar ýokaryk galdyrylsa, käbiri peseldilýär. Elektronlar alynýar-berilýär. Netijede, organlara elektrik akymy barýar we hereket ýüze çykýar.

Janly bedende her alty aýdan ähli öýjýker doly çalyşýar. Ganda her sekuntda on müň öýjük ölüp, olaryň ýerine täzeleri döreýär. Bir öýjükde her sekuntda on iki birleşmek bolup geçýär. Bu sagatda ortaça kyrk bäş müň birleşme emele gelýär. Ýagny, biz munuň netijesinde hemişe bir durkumyzda däldiris. Könelen köýnegimizi çalşyp durşumyz ýaly, hemişe etimizi-bedenimizi hem çalşyp durýarys.

Beýnide reaksidan öň käbir maddalar bardyr. Bu maddalaryň reaksiýa girmegi bilen organlara barýan elektrik akymynyň täsiri bilen kararlar ýerine ýetirilýär. Hemişe üýtgäp duran maddy eller hem bu kararlary berjaý edýär. Eger meselä daşyndan görnüşine görä garasak we tenimize degişli organlar öz kararlaryna görä hereket edýär diýip kabul etsek, ähli hukuk düzgünini bulam-bujar ederis. Çünki, beýle ýagdaýda bu günki ýöreýän hukuk sistemasy ýatyrylyp, ýerine başga bir sistemanyň getirilmegi gerek bolar. Isleseňiz, islendik kaziýet zalyna hyýaly gezelenç edeliň. Ol ýerde bolup geçýän gürrüňe we alynan karara gulak asalyň:

Kazy günäkärden soraýar:

- Bu jenaýaty haçan etdiň?

- Bir ýyl mundan öň.

Karar belli. Günäkär bagyşlanar we kazy karary okar:

- Edilen jenaýatyň üstünden bir ýyl geçipdir. Şol wagt mäşäni gysan barmakdaky ähli öýjükler, hatda günäkärlenýäne degişli ähli öýjükler çalşypdyr. Jenaýaty ýerine ýetiren asyl ganhoryň jezalandyrylmagy mümkin bolmany üçin, aýyplanýanyň aklanmagyna karar edýärin.

Elbetde, Ýer ýüzünde beýle kanunyň ýokdugy üçin, kararyň haýsy maddalara esaslanyp çykarylandygyny aýdyp bilmeýäris.

Isleseňiz ýene bir hyýaly kazyýetde jenaýatda aýplanýanyň şeýle sözler bilen hukuk goraýjy, höküm çykaryjy agzalara garşy gidişini eşideris:

“Hawa, jenaýat edilipdir. Emma bu jenaýaty eden ne men, ne-de başga biri. Çünki, bir gezek maňa jenaýat etdiren beýnimdäki bir bölek elektrik akymynyň we reaksiýalaryň döreden molekulalary we maddajyklardyr. Üstesine-de jenaýatyň edilenine sekiz aý bolupdyr. Öýjüklerimiň hemmesiniň üýtgändigi hormatly kazyýete mälimdir. Şonuň üçin sekiz aý mundan öňki menden asla hiç zat galmady. Bu sebäpden başga öýjükleriň eden bir jenaýaty üçin bu bigünä öýjükler aýplanyp bilinmez. “Hiç kim başga biriniň eden günäsi üçin günäkär däldir” diýlen hakykata görä, meniň bigünädigim subutdyr...”

Indi jenaýat edeniň ruhdygy kabul edilmese, şunuň ýaly aklanmak laýyk dälmidir? Ganhor öýjükler bir wagt syra gadam basypdyrlar, ýerlerine gelen bigünäleriň bolsa hiç zatdan habaram ýok. Onuň ýaly bolsa olarda günä-de ýok. Bar, bir hata boldy we olar jezalandyryldy diýeliň. Munuň üçin jeza alty aýdan uzaga çekmeli däldir. Çünki, alty aýyň içinde olar öler, ýerine bigünäler geler. Hawa, ynsany diňe madda hökmünde göz öňüne getirseňiz, işiň iç ýüzi we hakyky tarapy bir bolar. Emma ynsan maddadan ybarat däldir. Hadysalarda asyl işi edýän, ähli beden we duýgular bilen baglanyşykly sistemany we bedeni merkezleri dolandyrýan, olary öz baştutanlygynda saklaýan ruhdur. Beden diňe ruhuň guralydyr. Şonuň üçin jeza-da ruha berilýändir.

Ynsany tutuşlygyna maddadan ybarat görüp, onuň duýgy, düşünje ýaly ähli magnawy taraplaryny beýniniň işi hasaplasak, onda pensiýa çykmaga-da hakymyz ýokdur. Bir ýyl işlemek ýa-da alty aý zähmet çekmek bilen pensiýa çykyp bolmaýar. 25 ýyl işlän biri 25 hatda 50 gezek bedenini çalşan bolsa, 50-ä köpeldilen pensiýa hakyny hiç kime berip bolmaz. Bar, pensiýa çykdyňyz diýeliň, pensiýa çykanyňyzdan bir ýyl geçenden soň, pensiýa haky almaga hukugyňyz ýokdur. Çünki işläp pensiýa çykan siz bir ýyldan soň siz dälsiňiz. Geliň, iň gowsy, çykgynsyz ýagdaýlary bir ýana goýalyň-da, pensiýa hakyny üýtgäp duran bedenimiziň içindäki üýtgemeýän ruha bereliň.

3. Ynsan diňe maddadan ybarat bolsady, onda onuň her ýyl başga ene-atasy bolmaly bolardy:

Ynsan diňe üýtgäp duran öýjüklerden we maddadan ybarat diýlip kabul edilende her ýyl täze bir ene-ata edinip durmaly bolmarysmy? Emma biziň üçin enemiz hemişe şol bir enemizdir. Çünki, öýjükleri her alty aýdan çalşyp dursa-da, üýtgemeýän tarapy bilen, hawa, ol beýik ruhy bilen hemişe “Jennet dabanynyň aşagynda bolan” enemizdir. Ene-atalyk, perzentlik we dogan-gardaşlyk üýtgäp duran madda we öýjüklere däl, üýtgemeýän ruhlara daýanar.

4. Ynsan diňe maddy barlyk bolsady, onda onuň ahlagy, häsiýeti we ukyplary üýtgän öýjükleri bilen birlikde üýtgärdi:

Öýjüklerimiz üýtgände ahlagymyz, häsiýetimiz, ukyplarymyz, prinsiplerimiz, endiklerimiz, pikir-düşünjelerimiz, duýgularymyz, ylym-bilimimiz, dereje we şöhratymyz näme üçin üýtgemeýär? Eger, bular madda bilen bagly bolsady üýtgän öýjüklerimiz bilen birlikde başgalaşmak manysynda üýtgärdi.

Ençeme ýyldan soň gören bir dostumyza “hiç üýtgemänsiň” diýýäris, emma ol alty aýda bir gezek üýtgedi. Onda onuň üýtgemedik ýeri niresi? Belki, ahlagy üýtgän däldir? Üýtgänem bolsa, onuň ahlagy ýokary galandyr, ýa-da pese gaçandyr. Umuman, gazanylan erbet ýa-da gowy ahlak gowy bişip ornaşan bolsa, aňsat-aňsat üýtgemez. Endiklerimizem şeýledir. Ýogsa, ynsan madda bilen bagly bolan bolsa, ýylda bir ahlagyny üýtgetmezmidi?

Ýyllar bäri gazanylan el endigi we ösen bir ukyp näme üçin öýjükler bilen birlikde her ýyl üýtgemeýär? Bir ukybyň kämilleşmegi üçin ýyllar boýy azaply zähmet çekmeli bolýar. Eýe bolunan bir senetkärlik, ussatlyk, hatdatlyk, ussaçylyk we ş.m. hünärler näme üçin unudylmaýar?

Şahsy pikir we düşünjeler öýjükleriň üýtgemegine bagly bolman wagtyň geçmegi bilen üýtgäp biler. Emma wahyý we sünnetden gözbaş alanlar kyýamata çenli üýtgemez. Edil şonuň ýaly, her adamyň özüne görä berk we üýtgewsiz diýip kabul eden prinsipleri aňsat üýtgemez, goý, öýjükler üýtgese üýtgäbersin, olar bir durkuna galar. Onda, prinsipleri kesgitleýän we düşünjeleri berkidýän haýsy güýçdür?

Ylym arkaly öwrenilen bilimleriň käbiri wagtyň geçmegi bilen unudylsa-da, her ýyl belli wagtda üýtgemek we täzelenmek bolup geçmez. Bir derejä ýeten, doktor ýa-da professor bolan birine “Öýjükleriň üýtgedi, indi seniň alymlyk derejäňem, bilimiňem galmady, oturan wezipäňi terk et” diýip bilermisiňiz?

Ynsanyň öwrenen bilimini, edinen ahlagyny we endiklerini täze öýjüklere öňküler öwredýärmikä? Köne öýjükler ölüp gidip barýarka, “wesýetlerim” diýip, himiýanyň deňleme formulalaryny, kosmosyň syrly ýoluny, lukmançylygyň akyl ýetirip bolmajak älemlerini we fykh ylmynyň fetwalaryny... täze ýaradylan öýjükleriň beýnisine guýýarmyka?

5. Adamlardaky meňzeş öýjükler we beýni işleýişine garamazdan, akyl, irade, aň-düşünje we pikir tapawutlylyklary onuň irginsiz üýtgeýän öňjüklerine berilmez:

Ähli adamlarda belki, birmeňzeş öýjüklere we beýni işleýiş prinsipine garamazdan, her kimiň akylynyň, iradesiniň we aň-düşünjesiniň dürli derejededigi, ynsan arasynda çuň pikir we düşünje tapawudynyň bolmagy, ylym-bilim we ukyplaryň arasynyň ýer bilen gök ýaly üýtgeşiklik, beýnidäki molekulalardan we üýtgäp duran öýjüklerden hasaplanyp bilinermi? Şol bir şertlerde işleýän, şol bir matany dokaýan enjamdan birmeňzeş matalar çykar. Dokma fabrikasynda sement öndürilmez, himiýa laboratoriýasynda çörek bişirilmez. Onuň ýaly bolsa, beýni kärhanasyndanam birmeňzeş önümler çykmaly. Emma, adamlar nähili dürli-dürli. Diýmek her bir adamy öz ýaradylyşyna mahsus kylan diňe ruhuň aýratynlygydyr. Beýni we onuň işleýşi meňzeşdir, emma serkerdeleri dürlidir. Tutuş adamzatda umumy kanuna görä, öýjükler üýtgäp, täzelenip dursa-da, adamdan adama dürli pikir we ukyplar diňe ruhdan gelip çykýan faktorlar sebäpli üýtgeşikdir.

6. Ynsanyň duýgy-düşünjesi bilen çuň hakykatlara tarap perwaz etmegi we ruhy we dünýewi oýlanmalar bilen kämilleşmegi, Esma-i ilahini akyl ýetirmäge gaýrat etmegi, irfan we ytagat nury bilen iman köşgüni gurmaga çalyşmagy-da, ondaky molekulalardyr madde bilen düşündirilmez:

Ynsanyň dünýä we ondaky hadysalaryň çäksiz ajaýyplyklaryny duýmagy, olary many eleginden geçirip, täzeden gadyr-gymmatyny bilmegi, käte bir söz ýa-da sözlem bilen kitaplara sygmajak hakykatlarynyň çuňluklaryna tarap ganat germegi, dünýewi oýlanmalar bilen täze-täze açyşlara ýetmegi, magnawy taýdan çuňlaşyp, has giň älemleriň gözýetimine aralaşmagy, bir älemden ýola çykyp, müňlerçe älemde syýahat etmegi, syýahatlarda gazanan irfan we ytagat nury bilen iman köşgüni gurmagy... hawa, bulary haýsy molekulalar bilen düşündirip bolar?

Eşidýän müň dürli seslerimizi, dadan munça lezzetlerimizi, seýran edýän gözelliklerimizi, süýji, ajy, gözel, betnişan, bet, hoş diýýän görnüşlerimizi, söýmek, begenmek, hoşal bolmak, tisginmek, gorkmak, eşret duýmak, puşman etmek, joşmak we tolgunmak ýaly duýgy we magnawy işlerimizi nädip öli molekulalara degişli edip bileris?

Käte ynsan şeýle bir ruhy hala eýe bolýar, giňligine garamazdan, goja dünýä dar, ýürekgysgynç görner. Her kim, hatda tutuş älem-jahan matama bürenen ýaly bolar. Käte-de ol şeýle hala düşer – öýünde dört diwaryň arasynda özüni jennetde ýaly duýar, çagalaryny, öý-içersini, goňşularyny, hatda ähli zady unudyp biler. Şeýle bir pursatlar bolar – ýyldyzlary, galaktikalary merdiwan edinip, asmana göteriler gider. Käte-de bir stoluň başynda bir bulguryň ýa-da köçede bir garaýşyň täsiri bilen peslerdenem pese düşer, şeýle bir düşer welin, çukurlar, çuňluklar ýalpak bolar. Adam gynanar, aglar, derd-u azaplaryň içinde towlanar ýa-da begener, güler, lezzet alar, dünýä sygmaz. Ýalňyz galar, süläň gabygynda bogular... bir mesjit ýa-da gül gunçasy ýaly dostlarynyň arasyna barar, bu gezek başyndaky bulutlaryň syrylmagy bilen özem bir nowça gül bolar. Bulary näme bilen beýan etjek, molekulalar bilenmi?

7. Ýadaýan ruhmy ýa-da ten?

Öz älemine mahsus işlerinde, saparlarynda, arşy älemlerde ganat ýaýyp, kalp bilen birlikde ähli inçeliklerini işledip, Allahyň (j.j.) öňünde haldan-hala geçýän ruh ýadar. Soňra ýene şu äleme dolananda şerigat kanunlarynyň çäginde inçe ýakynlyklar arkaly ýadawlygyny ýeňledip biler. Bu meseläniň bir tarapy, mundan başga-da bir tarapy bardyr. O-da şudur:

Aýdalyň, günüň dowamynda 8-10 sagat işläp ýadadyňyz. Işiň ahyrynda biri alňasak gelip, sizi juda begendirjek ýa-da (Allah görkezmesin) gaty gynandyrjak habary getirdi. Beýle ýagdaýda nädersiňiz? “Dur, bir azajyk dynç alaýyn, ýadadym” diýermisiňiz ýa-da ähli zatdan öňe düşen wakanyň täsiri bilen ýadawlygy unudyp, hadysanyň bolan ýerine tarap ylgarmysyňyz? Elbetde, ikinjisini edersiňiz. Indi bu ýerde bedeniň ýadawlygyna garamazdan, dynç haldaky kim? Hawa, käte agyr bir hadysa sebäpli adamyň iki-üç gijelesini uklaman geçirýän wagty bolýar. Meselem, size Soltan Fatihiň ýa-da hezreti Hamzanyň (r.a.) gelenidigini habar berseler, ýadawlyk ýa-da ukusyzlyk sizi saklap bilermi? Indi ýöräre haly galmadyk bedeni birden dikeldip, höwes bilen ýöredýän we ýadaw benini işe girizen näme?

Agyr söweşlerde din üçin, Watan üçin başyny goýmaga taýyn esgeriň aýlap gözüni ýummadyk wagtlary bolupdyr. Olar iki-üç kişiniň göterip bilmeýän güllelerini egnine alyp we duşmana tarap zyňar ekenler. Ten ýadaw, emma ruh ähli güýç-kuwwaty bilen aýak üstünde.

8. Öýjüklerimiz yzygiderli üýtgäp dursa-da, ýüz keşbimiziň üýtgemeýändigi her kimiň özüne mahsus ruhuň bardygyny görkezer:

Diwarlaryň daşynyň üýtgeýşi mysaly, öýjüklerimiz hemişe täzelenip dursa-da, ýüz keşbimiz – gaşymyz, gözümiz, burnumyz, agzymyz, beden gurluşymyz haýsy düzgüne görä üýtgewsiz, şol bir bolşuna galýar? Bir urgy ýa-da ýara netijsinde barmagymyzyň hamy soýulsa-da barmak yzlarymyz galýar? Ol nädip özüni gorap bilýär? Häzir alymlar adamlary tanamakda barmak yzlarynyň yzysüre “Her kimiň gözüniň gurluşam diňe özüne mahsusdyr” diýip, gözlerem ulanmaga başladylar. Bular her adamyň özüne mahsus ruhunyň bardygyny we Allahyň (j.j.) gudraty bilen ruhuň adamyň ýüzüni, barmak we göz gurluşyny goraýandygyny görkezmeýärmi?

9. Ýüz ruhuň üýtgemeýän aýnasydyr:

Ýüz üýtgemeýän ruhuň aýnasy bolany üçin, özem üýtgemez. Hawa, ýüz ynsanyň ruh älemine açylan penjiredir. Ýüzüňiziň ýygyrtlary synçy adama siziň nähili gymmatly ruhuňyzyň bardygyny, nähili gymmatlyklara eýe kişidigiňizi bildirer. Adamyň fiziologik gurluşy, ýüzi onuň ruhunyň daş görnüşiniň eşigi ýalydyr.

Siz bir gürrüldini beýan etmek üçin “gürrüldi” sözüni ulanýarsyňyz – “sözüň labzy, owazy manynyň galybydyr” diýlen hakykata ünsüňizi çekmek isleýärin. Edil şonuň ýaly, bedenimize, ýüz keşbimize ýerleşdirilen çyzgylar, “hatlar” hem teniň içinde ýerleşýän ruhuňyzyň we häsiýetiňiziň galybydyr. Parasatly, bu işiň syryny bilýän adam ýüzüňize bakyp, gymmatyňyzy aňyp biler. Hawa, ýüz ýaradylyşa degişli ýazgylar bilen ýazylan kitap ýalydyr.

Psihologlar adamyň elýazmasynyň, hatda üsgürip-sümgürinmesine çenli onuň häsiýetini açýandygyny aýdýarlar. Bu temada şeýle bir anyk kanunlar aýdylypdyr welin, bir adamyň ýüzüne seredenimizde doly bolmasa-da, ortaça nähileräk adamdygyny aňlamak bolar.

Ýüz sypatyny opersiýa etdirip, ýörite üýtgeýänler hem ýaradylyşynyň öňünde günä iş edýändir. Olar beýle edip, ruhlary bilen bolan baglanşygy bozýarlar, üstesine-de garşysyndakylary aldaýarlar. Bu nukdaýnazardan mesele üstünde durulanyna degýändir.

10. Emr äleminden gelen ruhuň maddy älem bilen gatnaşyk gurmagy, Şehadet Älemine (şu dünýä) degişli el, gol, dil we göz ýaly maddy araçyllar arkaly mümkindir:

Her makam (mertebe, dereje) belli bir ýüze çykmalary islär. Emr äleminden gelen ruhuň maddy älem bilen gatnaşyga girmegi üçin maddy araçylara zerurlyk bardyr. Çünki, barlyk we hadysalara gatnaşyk açmakda diňe ruh ýeterlik däldir. Bedeniň ýeke özüniň Mysal Älemi bilen gatnaşyga girip bilmeýşi ýaly, içinde ýaşaýan sebäpler äleminde-de ruh el, gol, gulak, dil, göz, aýak ýaly maddy sebäpkärlere mätäçdir.

Ruh merkezi baglaşdyryjy wezipesini ýerine ýetireni üçin, bu organlaryň birinde dörän bir hassalyk sebäpli ol organa degişli bag ruha birikdirilmedik ýagdaýynda arada aragatnaşygyň ýoklugy sebäpli ony işledip bilmez. Meselem, özi bilen beýniniň sag tarapyna buýruk berýän bag aýrlan bolsa, aragatnaşygyň bozulandygy sebäpli ysmaz keseli döräp biler. Netijede, ruh şol tarapa höküm edip bilmez. Beýniniňem ýeke özüniň edip biljek zady ýokdur.

Beýniniň üstünde geçirlen ylmy barlaglaryň netijesinde, birnäçe onuň böleklerinde oýarylmagy bilen käbir tagaşyksyz hereketler alynanam bolsa, bular bir iligem ildirip bilmejek manysyz hereketlerden aňry geçmeýär. Bu edil pioninonyň klawişalaryna basyşdyryp, notasyz, manysyz, ugur-utgasyz ses çykaran ýalydyr. Şol sebäpden, many-mazmunly hereketi amala aşyrmak üçin beýni iradeli we aň-düşünjeli bir barlyga, ýagny ruha mätäçdir.

Esasan, gözi gördürýän beýni däl, ruhdur. Beýni diňe bir guraldyr. Göz ýumukka düýşümizde nähili görýändigimizi düşündirdik. Düýşden başga-da ýumulan gözler bilen nädip görüp boljakdygyna birnäçe mysal getireliň:

Mysalymyz ýene Orsýetden, ýagny madda aňyrsyny inkär eden gödek bir dünýäden bolsun. “Rossiýada taňra dönüş” atly kitapda beýan edilşine görä, 1962-nji ýylda, Nižnyý Tagil şäherinde doktorlar Roza atly bir gyzyň gözlerini daňyp, tejribeler geçiripdirler. Gyzyň barmaklarynyň ujy bilen görüp, reňkleri aýyl-saýyl edip we ýazgylary okap bilýändigine olar şaýat bolupdyrlar.

Italiýada Pesawo hassahanasynyň müdiri prof. Lambrozo kitabynda şeýle ýazýar: “14 ýaşly bir näsag gyz bardy. Nerw tutgaýy tutanda onuň ne gözi görýär, ne-de burny ys alýardy. Bularyň ýerine burnunyň ujy we sol gulagynyň ýumşak eti bilen görýärdi, hat okaýardy, topuklary bilenem arkaýyn ys alyp bilýärdi.”

Bir dostumyz şeýle gürrüň berdi: “1989-njy ýylyň 29-njy ýanwar güni Germaniýa telewideniýesiniň ARD birinji kanalynda bir mediumy görkezdiler. Uly bir zalda dürli-dümen zatlar goýlan stollaryň başynda geýnüwli adamlar otyrlar. Sahnada gözi gara lenta bilen daňylan bir aýal we onuň kömekçisi bir erkek kişi. Olaryň ikisiniň elinde-de mikrofon bar. Gözi daňylgy medium bir oturgyçda otyr. Onuň kömekçisi bolsa, zalda stollaryň arasynda aýlanyp her kimiň ýanyna barýar we stoluň üstünde goýlan naharlary, başga-da görünýän zatlary soraýar. Medium uzakda oturan ýerinden, gözleriniňem daňylgydygyna garamazdan, soraglara iň kiçijik zatlaryna çenli giňişleýin jogap berýärdi. Meselem, ol adam zalyň aňrybaşyndaky stolda nämeler bardygyny soraýar. Ol aýalam sanamaga başlaýar: “Gyrmyzy burmaly bir hrustal şemdanda şem ýanýar. Ýanynda şeýle-şeýle tabagyň içinde şular ýaly naharlar bar. Soňra şular, şular...” Kömekçisi oturanlaryň biriniň elindäki açary alyp: “Bu näme?” diýip soraýar. Medium arada 100-150 metr uzaklyk bardygyna, gözleriniňem, aýdyşymyz ýaly, daňylgydygyna garamazdan, “Bir “Wolkswageniň” açary” diýip jogap berýär. Haýran galaýmaly, beýle aralykdan kiçijik açary, onuňam nämäňkidigini bilýär. Kömekçisi aýala arkasyny öwürip, bir gapjygy eline alyp, onuň nämedigini soraýar. Aýal gapjygyň reňkini, briliantlar bilen bezelendigini, onuň içinde nämeleriň bardygyna çenli ýeke-ýeke aýdýar. Gapjygy açyp görenlerinde onuň aýdanlarynyň dogrugy görünýär.”

Hawa, göz daňylgyka görýän näme? Ruh beýni sistemasy bilen birlikde beýleki ähli organlaryň baş dolandyryjysydyr. Emma dolandyryp bilmegi üçin bu älemde ýörgünli bolan sebäplere we organlara mätäçligi bar. Bu zerurlyk hem sebäpler halkasynda we belli ölçegdedir. Aýdalyň, göz onuň üçin, bu Şehadet Älemine (şu dünýä) seretdiren bir penjiräniň wezipesini ýerine ýetirýär. Ol ýapylsa-da ynsan ýene şol işi başarmak üçin, başga penjireler tapyp biler. Bu medium ýogalaryňky ýaly başarnyk ýa-da Allahyň (j.j.) islegi bilen ruha bu ukyby peşgeş bermegidir.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2022 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr