Düýşler

Beden hereketsiz ýatyrka, düýşde gezýän, görýän we gürleýän kim? Gije geler, uklarsyňyz. Gabaklaryňyz ýumular, gulaklaryňyz eşitmez, eliňiz tutmaz, aýagyňyz ýöremez. Ýanyňyza biri gelip gürleşse ne ony görersiňiz, ne eşidersiňiz. Siziň görýänleriňizden, başdan geçirýänleriňizdenem ol bihabardyr. Irden turup ertirlik edineniňizde agşamky gören düýşüňiziň täsirindesiňiz. Begenersiňiz, tolgunarsyňyz. Muny ýakynlaryňyza gürrüň beresiňiz geler. Bu isleg, bu begenç nireden gelýär? Bularyň ählisi ruhuň begenji, joşgunydyr.

1. Düýşüň hakykaty, görnüşleri we ruhuň düýşde geljegi görmegi:

Uka çümen adam deňze ýa-da kosmos boşlugyna çümüp giden adam ýalydyr. Ol ýa gözleri daňylgy çümer we hiç zat görmän yzyna dolanyp geler, ýa-da ýany bilen alyp giden oýnawaçlary bilen meşgul bolar, olaryň täsiri bilen başga hiç zat görüp bilmez ýa-da, deňiziň hoş, ýakymly tolkunlarynyň aşagynda suwuň, balyklaryň ýalpyldysyna we asmanyň syrlar bilen örtülen hereketlerini synlap, olary öz dünýäsine alyp gider. Ine, düýşlere bu kategoriýalaryň içinde seredip geçeris.

Käbiri bardyr diňe uklanyny we oýanyny biler – edil gözi daňylgy ýalydyr, hiç bir zat görmän yzyna dolanyp geler.

Käte duýgy-düşünjeleri oýarýan hadysalar, bolup geçen tolgundyrjy wakalar we köp oýlanyp, gaýtalamak sebäpli küýüňe ornan meseleler, ukyda düýşe girer. Täzelikde söweşden dolanyp geleniň, gije gygyryp oýanmagy şuňa mysal bolup biler.

Hassalyk, birahatlyk, ruhy kesellemek we fytry bozuklyk sebäpli görülýän düýşler bardyr. Duzly nahar iýip ýatanyň özüni kölüň başynda görmegi, gaharly ýatanyň düýşünde uruşmagy, aýşy-eşret bilen meşgullanyp ýöreniň şoňa meňzeş zatlary görüşi mysaly. Bir adamyň hemişe düýşe bil baglamagy, düýş görjek bolup ýatmagy, hyýallara gitmegi, piläň içindäki gurçuk ýaly düýşüň içinde ýatyp, diňe şonuň ýorgutlary bilen hereket etmegi düýş görmek hassalygyna uçramagyň alamatydyr.

2. Oraşan düýşler:

Küý edilmedik we bir hassalyk sebäp bolmadyk, hyýallara gidilmän, arassa, dury duýgular bilen garaşylmadyk wagt görlen düýşler oraşandyr. Edil pygamberleriň, welileriň we salyh gullaryň düýşi mysaly. Dine ynanýan-ynanmaýan adamlaram şeýle düýşleri görüp biler.

Oraşan düýşler Allah (j.j.) tarapyndan lutf edilen buşluk, höweslendirmek, ylham we ýol görkezmek bolup biljekdigi ýaly, duýduryş we ybrat manysynda dogry ýola ugrukdyrjy hem bolup biler. Bu ýerde gürrüňini has köp etmek isleýänimiz ruhuň ösendigini we uludygyny beýan edýän geljek bilen baglanşykly düýşlerdir.

Bu düýşler gitjegimize hiç hili şübhe edilmeýän gabyr we ahyret älemlerinden şu dünýämize syzylyp gelýän tolkunlardyr. Bäş duýgynyň içinde ýaşaýan dünýämiz ýapylyp, oýalygymyza degişli bolan mehanizmler ulanyşdan çykar. Ruhy bu dünýä bilen baglanyşdyrýan simler üzülip, ýerine gaýyby älemler bilen gatnaşyk başlanar. Netijede, şu dünýä üçin ýapylan penjireler mysal älemine açylan ýaly bolar. Açylan penjireden mysal älemi bilen baglanyşykly görnüşler bilen birlikde, magna we hakykat simwollary, berzah äleminden şöhlelenýän görnüşler, ýüregiň syzýan şekilleri we geljege degişli hadysalar geler. Muňa görä, düýşlere ynsany bu älemden başga älemlere äkidýän özboluşly syrly ulaglar ýa-da wagtyň geçelgeleri diýip bolar.

Meselä başga bir tarapdan garap göreliň: Her bir zadyň ýaradylmagyndan owal bir üýtgemeýän asly bardyr. Ýagny, Ylahy ylymda her bir zadyň üýtgemeýän bedeni bardyr. Soňra bular gudrat we irade bilen jismi äleminde ýaradylar. Bu arada, ýagny üýtgemeýän aýnalar bilen maddy älemiň arasynda uly rol oýnaýan ýene bir araçyl älem bardyr. Muňa mysal älemi diýilýär, ýagny temessüller älemi diýýäris. Maddylykdan aýrylan, wagtlaýyn jeset bagyndan halas bolan bir ruh bedenini doly terk etmän, mysal älemine tarap uçmaga başlar. Ol äleme galanda, madda degişli ölçeglerden çykyp, başga ölçeglere girýär. Bu ölçegleriň içinde geljek, häzirki we geçen zamanlar biri-birine garyşar. Ruh ol ýerde ähli geçen we geljek zamanlary görüp biler. Iki ýylyň Gadyr Gijesini bir pursatda görüp, iki Gurban baýramyny bir gezekde başdan geçirip biler. Bir tarapdan ýigriminji asyrdaka, şol bir wagtda Pygamber Serwerimiziň (s.a.w.) döwrüni ýaşap, özüni sahaba duýup biler. “Bu nähili beýle?” diýmäň! Meselem, dört tarapynam dag gurşap alýan bir obada ýaşaýan adam diňe daglary görer. Ol adam uçara münse diňe bir daglaryň depesini däl, obasyny, başga-da birnäçe obany görüp biler. Düýşde-de edil şonuň ýalydyr. Trans halynda ruhuň taýy aýrylyp, mysal äleminiň ölçegine girip, şeýle zatlary duýup biler.

Ine, şeýdip, mysal äleminden düýşleriň arada durmagy bilen adam kino görýän ýaly geçeni we geljegi bir wagtda görüp biler. Bu görnüşler käte aç-açandyr, durudyr – şonuň üçin düşünmesi aňsatdyr. Käte bolsa, simwollar şekilinde görner. Muňa ýorgut hem düşündiriş gerek bolar. Meselem, mysal äleminde görlen bir damja suw hakykatda almadyr. Mysal äleminde gören hapaňyz bu älemde mal-baýlyk diýmekdir. Eger hapa özüňiziňki bolsa halal mal, size degişli däl bolsa haramdyr. Mysal äleminde sizi ata mündirseler bu, maksadyňyza ýetjekdigiňizi aňladar. Şonuň üçin, takdyryňyz bolup biljekdigi üçin, düýşüňizi derrew özüňiz ýorjak bolmaň. Ruhy halyňyzy bilýän, seredişiňizden many çykarmagy başarýan we ýüz ýygyrtlaryňyzdan täleýňizi okaýan hikmetli adamlara ýorduryň.

3. Oraşan düýşler bilen baglanşykly käbir mysallar:

Prof. Seýýid Kutup tefsirinde şeýle ýazýar: “Amerikadakam düýşümde Kairdäki aýal doganymyň gyzynyň gözünde, görmegine päsgel berip biljek derejede gan gördüm. Ýazan hatyma gelen jogapda hakykatdanam, onuň gözüniň içiniň ganandygy we lukmanlaryň em edendigi ýazylýardy.”

Öwliýa Çelebi “Syýahatnamasynda” şeýle beýan edýär: “Dördünji Mehmediň gyzy Kaýa Soltan düýşünde atasy Soltan Ahmedi jennetde görýär. Soltan Ahmet Kaýa Soltana: “Gyzym, täze mesjit gurulanda etegim bilen daş daşadym, Rabbymam meni jennete saldy. Senem gel” diýýär. Şol wagt onuň ýanyndaky doganoglany Mustafa bolsa: “Kaýa üçin beýle howlukma, bir gyzy bolsun, soň gelsin” diýýär. Atasy şu niýet bilenem “El Fatiha” diýip, elini ýüzüne ýetirýär. Kaýa Soltan hakykatdanam, gyzy dünýä inende, ýaş üstünde ýogalýar.”

Orsýetde neşir edilen “Taňra dolanyş” atly kitapda-da ýokardakylara meňzeş hadysalar we düýşler gürrüň berilýär. Ostrowskiý atly bir ýazyjynyň ejesi bäş ýyl öňünden Germaniýanyň Orsýetiň üstüne çozjakdygyny, düýşünde söweş pursatlaryna çenli görendigini aýdypdyr. Muny gazetler geň habar hökmünde neşir edipdir.

Bir dostumyzyň aýaly ýary gije dünýeden ötýär. Mundan hiç kimiň habaram bolmaýar. Irden çagalar Kur’an öwrenmek üçin mesjide ýygnananlarynda 12-13 ýaşlaryndaky bir oglanjyk: “Men agşam dostumyň ejesiniň ölenini gördüm. Bu dogrumy?” diýip soraýar.

Bir gelin özi ýaly başga bir gelin bilen ene bolmaga garaşýarlar. Olaryň biri beýlekisine “Ilki seniň çagaň bolar” diýýär. Jorasy: “Nireden bilýäň?” diýip soranda “Düýşümde ikimiz biledik. Bir hyrka ýere düşdi, ony sen alyp geýdiň” diýip jogap berýär.

Şol aýal atasynyň bir diwara söýelen merdiwandan ýykylyp aýagyny döwdürişini görýär. Aradan bir aý çemesi geçenden soň: “Hajy atamyz mesjidiň diwaryny bejerýärkä merdiwandan ýykylyp aýagyny döwdürdi. Häzir keselhana ýatyr” diýilip ýazylan hat gelýär.

Ýene-de şol aýal daýysynyň stoluň başynda sapança bilen atylyp öldürilişini düýşünde görýär. Aradan dört ýyl geçenden soň bu düýşüň oraşan ekendigi belli bolýar.

Geçen asyryň başlarynda Niels Bohr düýşünde Güni we Güne tanaplar bilen örklenen planetalary görýär. Oýananda bular bilen atomlaryň gurluşynyň arasynda meňzeşligiň bolup biljekdigine düşünýär.

Himýaçy Kekule düýşünde atomlary we ýylan ýaly bir şekiliň görnüp, guýrugyny agzyna salyşyny görýär. Oýananda gidrokorbonatyň halka şekilindäki formulasyny açýar.

Elias Howe hernäçe kelle döwse-de, tikin maşynynyň iňňesini açyp bilmeýärdi. Ol ahyry gije düýşünde bir wagşy taýpanyň eline ýesir düşýär we gynalan wagty olaryň elinde ujy göz şekilinde deşilen naýzalary görýär. Ol oýanandan soň, ujy deşikli kiçijik “naýza” ýasaýar.

Yene-de şular ýaly ençeme mysallary getirip bolar. Bularyň her biri ruhuň syrly äleminden gelýän yşyklar mysalydyr.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2022 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr