Sebäpler, tebigat we öz-özýnden döremek

Sebäpler, tebigat we öz-özýnden döremek

1- Sebäpler we säwlikler älem-jahany döredip bilmez:

Säwlik kanunyň gapma-garşylygydyr. Kanun belli we dowamly baglanşygy görkezer. Onda plan, programma, düzgün, tertip bardyr. Säwlik – tötänligiň, garaşylmadyk we gözegçiliksizligiň adydyr. Ylym bolsa, hemişe kanunlar bilen meşgul bolar, tötänligi hasaba almaz. Ylymy we kanunlary tötänlik bilen bir hatarda goýmak uly ýalňyşlykdyr.

Aýdanlarymyzy has-da berkitmek üçin, birnäçe mysala ýüzleneliň:

Bir adamda altmyş trilion öýjük we her öýjükde bur miliona ýakyn proteýin bar. Bir proteýiniň öz-özünden döremegi üçin 10 derejeden ýokarda 160 sany nolluk bilen ýazylýan ähtimallyk gerek. Hiç bir sebäp ýok ýerinden bu ähtimallaryň biriniň tötänleýin bolup geçmegi bolsa, ýene şol dereje mümkin däldir.

2- Älem-jahan öz-özünden döräp bilmez:

“Hökman bar” diýmek – “bolmazlygy mümkin däl” diýmekdir. Mundaky “hökman” sözüniň maksady wüjubdyr. Barlygy wajyp bolandan başga her barlyk mümkinlik halkasyna degişlidir. Mümkinlik bolsa, bolup-bolmazlygy deň derejede diýmekdir. Barlygyň wajyp bolmagy şol bir wagtda bakylygy zerur eder. Emma älem-jahanda bar bolan her barlyk tamamlanmaga, gutarmaga tarap barýandyr. Diýmek, ýokdan bar edilen barlyklaryň hiç biriniň wüjudy wajyp däldir. Wüjudyň wajyp bolmazlygy ony mümkine degişli eder. Münkin bolsa, ýaradana mätäçdir. Mätäç bolunan ýaradan bilen mätäjiň deň bolmagy hebes gürrüňdir. Ýaradylmaga mätäç bolany ýaradan hiç wagt madda we maddy zadyň hilinden bolup bilmez. Ony ýaradan wüjudy wajyp bolan Allahdyr (j.j.).

Başga bir tarapdan madda şol bir wagtda özüni ýaradan güýç bolsa, onda ol güýç we kuwwat häzir nirä gitsin? Ebedi bolmadyk güýjüň ezeli bolmajagy-da aç-açan bellidir. Onuň ýaly bolsa, barlykdan aňyrda ähli barlyga höküm edýän ezeli we ebedi bir Zat bardyr, Ol hem Allahdyr (j.j.).

3- Tebigat we tebigatyň kanunlary Ýaradan bolup bilmez:

Kanun bilen kanuny ýöredýän deň däldir. Tebigatyň kanunlaryny ýene tebigatyň kanunlary goýup bilmez. Başga aýtsak, tebigatyň özünde ýok zady başgalara bermegi mümkin däldir. Üstesine, ynasanda bar bolan müňlerçe duýgularyň hiç biri tebigatda ýokdur. Onuň ýaly bolsa, tebigat özünde ýok zady nädip ynsana bersin? Bu akylsyz gürrüňi haýsy akyl kabul edip biler?

Özünden has kämili ýaratmaýan daş, toprak, howa, ýylylyk we ýagtylykdan ybarat bolan tebigat, nädip ynsany ýaratsyn?

4- Towhytda aňsatlyk bardyr:

Ähli barlygy bir zada bermek, bir zady tutuş barlyga bermekden has aňsatdyr. Bir zerräniň ýaradylmagy üçin tutuş älem-jahan gerekdir. Tutuş älem-jahany ýaratmaýan ýeke zerränem ýaradyp bilmez. Çünki, barlygyň arasynda biri-birine zerurlyk, berk baglanşyk bardyr.

Dolandyrmak taýyndan tutuş goşuny bir serkerdäniň ygtyýaryna bermek has aňsatdyr. Tersine, bir kişini goşunyň sanyça serkerdeleriň ygtyýaryna bermek işi we dolandyryşy kynlaşdyrmakdyr.

Tutuş älem-jahany Hak Tagala degişli etmek bilen bir zerräniň ýaradylmagyny Onuň bilen baglanyşdyrmagyň arasynda tapawut ýokdur. Meseläniň jeminde-de şol bir netije gelip çykar, ýagny, bir zerräni kim ýaradan bolsa, tutuş älem-jahany ýaradanam Oldur. Has düşnükli edip aýtsak, ýaradylyşyň zerresi bilen ählisiniň, mikroby bilen läheňiniň, damjasy bilen derýasynyň, bölegi bilen bütewiliginiň arasynda tapawut ýokdur. Tutuş älem-jahany ýaratmadyk zerrä, läheňi ýaratmadyk mikroba, derýany ýaratmadyk damja, bütewini ýaratmadyk bölege eýe bolup bilmez, höküminem ýöretmez.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2022 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr