Tebigat, tebigatyň kanynlary we sebäple r eýelik ediji we ýaradyjy bolup bilmez

1- Kanun we sebäpler madda bolany üçin bardyr:

Kanundyr sebäpler madda bilen bardyklary üçin maddadan aýry akyla gelmez. Madda bolmasa ýok bolup gidýän kanundyr sebäpleri maddanyň esasydyr ýaradyjysy hasaplamak, aldawçylyk we dealektiki taýdan boş gürrüňdir. Maddany we hereketleri döreden kanundyr sebäpler däldir. Gaýta tersine, kanundyr sebäpler maddadan we onuň hereketinden döreýär.

Ýyldyzlar, planetalar öz ýollarynda we belli bir deňagramlylykda aýlanyp durýar. Emma Nýutonuň açandygy üçin, olar ýollaryny sähelçe-de üýtgetmän aýlanmaýarlar. Belki, soň ýaradylandyklary we şol ýola salynandyklary üçin şol çygyrdan çykmaýarlar. Nýutonuň we beýleki alymlaryň edýäni bolsa, älem-jahana madda bilen birlikde goýlan kanuny açyp, oňa bir at bermekden ybaratdyr.

2- Kanunlar we sebäpler mümkinatdandyr

Kanunlaryň we sebäpleriň bolup-bolmazlygy deň derejede münkindir. Barlyklary madda bilen baglydyklary üçin, maddany gurşap alýan şertler olara-da degişlidir. Madda sebäpsiz döremeýän bolsa, sebäpdir kanunlaram sebäp bolmasa döremez. Bu mümkin bolmagyň zerury netijesidir. Şonuň üçin sebäpleriň ýaradyjy bolmagy barada asla gürrüň bolup bilmez. Çünki, onuň özi ýaradylmaga mätäçdir.

3- Kanunlar we sebäpler soň dörändir. Şol sebäpden, ebedi bolmadyk ezelem bolup bilmez

Bu sözümiz sebäpdir kanunlara-da degişlidir. Bir soň dörän başga bir soň dörän tarapyndan ýaradylandyr diýip pikir etmek bolsa, teselsüli (halkaryň biri-biriniň yzyna düzülmegi) kabul etmek bolar. Teselsül bolsa, batyl düşünjedir.

Kanundyr sebäplerem edil madda ýaly, ýokluga tarap barýandyr. Alymalar maddanyň dargamagyna, ýyldyzlaryň pytrap gitmegine we kyýamatyň gopmagyna sebäp boljak birgiden sebäpleri aýdýandyrlar. Soňy bolan, ýykylyp, dargap gitjekler ýaradyjy bolup bilmez.

4- Kanunlardyr sebäpleriň barlygy başga sebäplere mätäçdir

Bar bolmaklaryna hut özleri sebäp bolmaýan we şonuň üçin bir netije bolan kanundyr sebäpler halka görnüşinde hemişe başga sebäplere mätäçdir. Halkalaryň gutarnyksyz uzap gitmegi mümkin däldir. Ol mejbury bir nokada baryp durar. Mesele has düşnükli bolar ýaly, şu mysaly getireliň: agajyň gögermegine sebäpkär şänikdir. Onda şänige sebäpkär näme? Towuk sebäpkär hökmünde ýumurtga baglydyr, emma ýumurtga nämä bagly? Ýa-da alma sebäplerde güle, pyntyga, güldür pyntyk şaha, dargta, köke olaram şänige, şänik topraga, toprak özüni düzýän elementlere, ýylylyga, ýagta, howa, dünýä we dünýäniň belli bir ölçegdäki meýline mätäçdir. Şeýdip gidip otursak, Ýeriň dartyş güýjüne çenli barar, emma şonda-da sowallar gutarmaz, “onda, ol nämä?” diýen sorag çykar durar. Emma bu bir nokada baryp durmalydyr. Ine, şol nokadam başlangyç bolany üçin iň ilkinji sebäpdir. Elbetde, ol hem “onda ol kime?” diýip soralmajak bir Zat bolmalydyr. Ýogsa, her sebäbe bir ilahylyk bermeli bolarys, bu bolsa, san-sajaksyz bolup bilmejek zady kabul etmekdir.

5- Kanunlar we sebäpler şertli zatlardyr

Käbir kanundyr sebäpler şertli we hyýalydyr. Ýokarda agzap geçen kanunymyz Ýeriň dartyş güýjüni mysal alalyň. Bu at diňe bolup geçen bir ýagdaýy aňlatmak üçin goýlandyr. Ýogsa, gözüň bilen görüp, eliň bilen tutup, laboratoriýada öwrenip bolýan bir zat däldir. Görülip-duýulýan diňe netijelerdir. Ýagny, kanunlar diňe bar diýlip kabul edilen şertli, asylsyz güýçlerdir. Tohumdaky ösüş kanuny, suwuň galdyrmak kanuny, DNK-daky şifr kanuny we magnitdäki özüne çekmek kanuny – hemmesi şolaryň hilindendir. Şol bada akylyňa şu sorag gelýär: Hakyky bardygy bolmadyk, hyýaly we görünmeýän bir güýç, ýagny kanundyr sebäpler nädip ägirt uly, toplum-toplum milionlarça tonna agramyndaky asman jisimlerini şeýle inçe hasaplar bilen deň ölçegde we deňagramlylykda haýran galdyryjy görnüşde dolandyryp bilýär? Görmezligi inkäre sebäp edinenler bu hyýaly kanundyr, şertli sebäpleri barlygyň döremegine ilkinji sebäp hökmünde kabul edipdirler. Olar ýaradyjylyk güýji Hak Tagalada görmän, sebäplerden gözläpdirler. Muňa düşünje we pikir hökmünde däl-de, düşünjäniň çüýrükligi hökmünde garap bolar.

6-Kanunlar we sebäpler mätäç bolan beýleki kanunlardyr sebäplere daýanyp, netijeleriň emele gelmegine sebäp bolarlar:

Kanunlardyr sebäplere ýokdan bar etmek güýji berlen däldir. Bir öýjügi döreden ähli kanundyr sebäpleri bir ýere jemläp bolar, emma olardan diri öýjügi emele getirip bolmaz. Şeýle-de, gaýta-gaýta aýdyşymyz ýaly, bir janly zadyň döremegi üçin, müňlerçe sebäpleriň belli bir düşünjede we ölçegde jemlenmegi gerekdir. Şonda-da bu iş hut sebäpleriň özüniň edip biljek işi däldir...

7- Kanunlardyr sebäpler bilen netijeleriň arasynda hiç hili meňzeşlik we deňlik ýokdur

Kanundyr sebäpler juda ejiz, güýç-kuwwatsyz, ýeňil, pakyr, ylymsyz we erksizdir. Emma olaryň netijesi, tersine, ýokary derejede kämil, nepis, gymmatly we ähmiýetlidir. Diýmek, sebäpler bilen netijeleriň arasynda sebäp-netije baglylygy görünse-de, meňzeşlik we deňlik ýokdur. Elli kilo agramyndaky bir adamyň bäş ýüz kilolyk daşy göterşi, bir çaganyň barmagyna dakan ýüpi bilen bir awtobusy süýreýşi ýaly geň galdyrar. Edil şonuň ýaly, daş-töweregimizi gurşap alan ähli barlyk we hadysalara sebäp-netije deňeşdirmesi nukdaýnazaryndan baksak, ullakan tapawudy, aklyňy haýran etjek deňsizligi göreris. Meselem, barmagymyzy kompressoryň ýerine ulanyp, daşdyr gaýalary ýarmak islesek, barmagymyzy ýaralamakdan başga netije almarys. Çünki, barmagymyz bilen gaýa daşlarynyň gatylygynyň arasynda ýakynlyk ýokdur. Emma, kijik ösümlikler ýüpek ýaly inçejik we näzik damarlary bilen gaýanyň daşyny iki ýarar. Çilimiň kagyzyndan ýuka ýapraklar güýçli yssa döz geler, gök öwsüp oturar. Miwesi, güli we şahalary bilen bir mähnet agajyň programmasyny özünde saklaýan şänigiň ýönekeýligine we kiçijikligine bakyň. Iň kämil ýaradylan ynsany ähli akyly we ukyplary bilen birlikde tohum halynda özünde saklaýan we şerigatda hapa kabul edilendigi üçin degen ýeriniň ýuwulmagy hökman edilen spermalar hakynda oýlanyp görüň. Datly we lezzetli şeker düwünçegine meňzeýän injir agajynyň miwesini we ol miwäniň agajyna görä nähilli kiçijikdigini ybrat nazary bilen synlaň. Hawa, şular ýaly, birgiden zatlary synlap, kanunlardyr sebäpleriň ol täsin ejizligine hem ýönekeýligine garamazdan, hemişe haýran galdyryjy netijeleri berýändigine akyl ýetireris. Beýle kämil we täsin netijeleriň esasy, gözbaşy, bar edeni we ýaradany bu gymmatsyz, ýönekeý, ejiz we wagtlaýyn kanundyr sebäpler bolup bilmez.

Üstesine, sebäpleriň özünde ýok sypaty başgalara bermegi asla hyýala-da gelmez. Az salymdan ýok bolup gidişini görüp durkaň, ynsandaky bakylyk duýgusyny bir damja gymmatsyz, pis suw bilen baglanyşdyrmak akylsyzlyk däl-de, näme?!

8- Kanunlar we sebäpler gapma-garşylyklarynyň bolmagyna mätäçdikleri üçin ýaradyjy bolup bilmezler:

Kanunlar we sebäpler ýaradyjy bolup bilmezler, çünki, gapma-garşylyklary bardyr. Aslynda, älem-jahanda her bir zadyň gapma-garşylygy bar. Bir tarapdan dünýädäki zat gapma-garşylygy bilen tanalýar. Dartmak-iteklemek, az-köp, yssy-sowuk, gözel-bigörk, gije-gündiz, maddy-ruhy – hemmesi garşylygy bolany üçin bilinýär. Tanalmagy üçin gapma-garşylygyna mätäçler bolsa, ýaradyjy we ýaradan bolup bilmez.

Senetkär sungatynyň jynsyndan däldir. Öýi salan ussa bilen öý birmeňzeş jynsdan bolup bilmez. Ýogsa, bir zadyň hem barlygy, hem ýoklugy ýaly, mantyksyz, baglanşygy bolmadyk boş söze aldanylyp azaşylar.

9- Käte ähli sebäpler jemlense-de, netije bolmaz, käte-de, sebäpler ýüze çykmanka, netije görner:

Bu netijäniň döremek güýjüniň sebäbe bagly däldigini görkezýär. Bularyň ählisi, edip etmezlikde erk-ygtyýaryň öz hawly (güýji) we kuwwatynda bolan Zaty äşgär edýän aýratynlyklardyr. Ol Zat hem diňe Allahdyr (j.j.).

10- Sebäpleriň arasynda iň ýokary derejelisi we ukyplysy bolan ynsanyň mätäçlikleri ebedilige çenli uzalyp gidýärkä, ygtýary ýoga ýakyndyr

Barlyk we hadysalar ynsanyň hyzmatyndadyr. Ol akyl, düşünje we erk-iradesi bilen iň saýlama barlykdyr. Muňa garamzdan, iň ejiz, iň hor we iň mätäjem ýene ynsandyr. Käte bir mikropdanam ýeňilip, iň kiçijik sebäbiň öňünde-de durup bilmez. Zerurlyklary, mätäçligi ebedilige çenli uzap gider, emma elinden gelýän ygtyýary ýok diýerlikdir. Indi gymmaty, zanny we esasy şeýle ynsan haýsy sebäbe ýalbarsyn? Tükeniksiz zerurlygyny kimden dilesin? Üstesine, ähli sebäpleriň içinde iň ýokarda duranam özi bolsa.

Hawa, onuňam elini açyp, ýüz tutjagy bardyr. Ol – sebäpleri gudrat elinde, edil tesbih monjuklary ýaly, aýlap-dolap duran Allahy Tagaladyr (j.j.).

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2022 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr